19:13 Hytaý diwary | |
Bir kinofilmden soñky oýlanmalar
Teatr we kino sungaty
HYTAÝ DIWARY "Ýolum Hytaý diwary, derýa, gaçy-böwetdir..." Baýram Jütdiýew. Dünýäniñ ýedi täsinliginiñ biri hasaplanýan Beýik Hytaý diwary baryp-ha b.e.öñki 475-221-nji ýyllarda gurlupdyr. Ol kosmosdan hem synlap bolýan adamzadyñ döreden iñ ajaýyp ýeke-täk taryhy ýadygärligidir.[1] Umumy uzynlygy dokuz müñ metre golaýlaýan diwaryñ gurluşygy bir müñ ýedi ýüz ýyllap dowam edipdir. Käbir çeşmeler Hytaý diwarynyñ Oguz handan we türki halklardan, hususanam biziñ ata-babalarymyz bolan hunlardan goranmak üçin gurlandygyny öñe sürse[2], käbirleri duşman kowumlardan goranmak hut Oguz hanyñ gurdurandygyny orta atýar.[3] Şeýle-de Zülkarneýiniñ (ýa-da Oguz hanyñ) diwary Kap daglarynda äjit-mäjit diýlen nägehan kowumdan ýa-da başga saýýaralylardan goranmak maksady bilen gurdurandygyny hem aýdýarlar.[4] Biz Hytaý diwary hakyndaky bu makalamyzda bu ýarym fantastiki çaklamalaryñ birini dogry hasaplap, beýlekisini ýalana çykarjak bolma pikirimiz ýok. Tersine, biziñ pikirimiz bütindünýä taryhynda aýratyn yz galdyran şeýle gigant desganyñ biziñ halkymyz bilenem dahylly ýeriniñ bardygyna ünsüñizi çekmekden ybarat. Hatda arap we ýewropa taryhçylary has öte geçip, ýokardaky çaklamalaryñ birinjisine gol ýapypdyrlar we türkleri äjit-mäjit hasaplapdyrlar. Hatda katolik we prawoslaw ruhanylary Osmanly türkmen imperiýasynyñ Ýewropadaky ýaýylyşyndan howsala düşüp, sowatsyz halkyñ añyna "türkler - äjit-mäjitlerdir" diýen çüýrük düşünjäni guýmaga çalşypdyrlar. Diwar gurmak, şäherlerdir obalaryñ daşyna gala salmak - diñe bir Hytaýa däl, gadymy dünýäniñ taryhynda ýaşan halklaryñ köpüsine mahsus. Mysaly daşdan gözlemek gerek däl. Aleksandr Makedonskiniñ basybalyjylykly ýörişlerinden soñ grek-makedon agalygyndan halas bolansoñ Türkmenistanyñ çäkleri Selewkitler döwletiniñ düzümine birikdirilipdir. Selewkit patyşasy Antioh I Soter Makedonskiniñ Merwde guran alty sany goranyş galasyny gaýtadan abatlamak bilen çäklenmän, tutuş Merw oazisiniñ daşyna uzynlygy 230 km-e çenli uzaýan gorag diwaryny gurdurypdyr.[3] Edil Hytaý diwary bilen bäsleşip bilmese-de, taryhçy alymlarymyzyñ tagallasy bilen ýüze çykarlan bu diwaryñ galyndylary daşary ýurt syýahatçylaryny haýrana goýýar. Gala, diwar - bu ony guran halkyñ "gyzyl çyzygy" hasaplanypdyr we munuñ üstünde nijeme gandöküşikli uruşlar bolup geçipdir. 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasynyñ üstünde bolan deñ bolmadyk söweşde türkmenleriñ şol döwrüñ iñ gowy ot açyjy ýaraglary bilen dişine çenli ýaraglanan basybalyjy rus goşunyna garşy görkezen deñsiz-taýsyz gahrymançylygy muña iñ soñky mysallaryñ biridir. Ýurdunyñ daşyna diwar aýlap "goranmak" däbi taryhyñ çañly sahypalaryna siñip galan zat däl. Hernäçe geñem bolsa, özleriniñ dünýäñ başyna inen iñ uly howpdugyna garamazdan, "duşmandan goranmak" bahanasyna duwlanyp ABŞ-nyñ Prezidenti Donald Trampyñ görkezmesi bilen ABŞ-Meksika araçägine diwar çekilendigini köpler bilýänem däldir. Käbir ýerlerde bu zerurlyga-da öwrülip duruberýär. Mysal üçin, Türkiýe respublikasy arap ýurtlaryndan gelýän bosgunlardyr her tüýse giren terrorçylardan, serhede howp salýan beýleki ýagdaýlardan goranmak maksady bilen Siriýa bilen araçäkleşýän ýerleriniñ birnäçe kilometrine diwar galdyrdy. Narkotiki maddalaryñ bikanun söwdasy boýunça Meksikanyñ dünýäde iñ öñdäki orunlary eýeleýändigine seredenimizde, onda D.Trampyñ-da gaty bir bimamla däldigini görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan düşünenimizde, döwletleriñ daşyna aýlanan tikenekli simleriñ hem birwagtky galalaryñ, goranyş diwarlarynyñ simwolikk dowamydygyna göz ýetirmek kyn däl. Geñ zat: ynsan ynsandan goranýar. Bu haçana çenli dowam ederkä? Ýa bulam Haýyr bilen Şeriñ hemişelik dowam edip gelýän göreşiniñ bir bölegimikä?!. 2016-njy ýylda düşürilen "Hytaý diwary" kinofilmine tomaşa edeniñde ynsanyñ ynsandan goranmagynyñ hiç haçanam soñlanmajakdygyna, gaýtam mundan beýlägem barha möwjejekdigine yşarat edýär. Aslynda kinofilmde hytaýlylar ýurduñ bir künjüne düşen meteorit nägehany arkaly Ýere inen başga saýýaraly mahluklara garşy uruşýarlar. Emma, meniñ pikirimçe kinofilmiñ dili şertli dil. Sebäp diýseñ, halkyny ezip-horlaýan rehimsiz bir hökümdara göz görkezmek üçin Hudaý äpet bir meteoriti onuñ depesinden inderýär. Meteorit bilen bile Ýere başga saýýaraly mahluklaram inýär. Kinofilmde janlandyrylan ol mahluklar daşyndan göräýmäge dinozawrlara hem meñzemän duranok. Ýalmawuz jandarlaryñ iýmiti-de adam. Olar inen daglarynda her altmyş ýyldan bir gezek oýanýarlar we Hytaý diwarynyñ arkasynda ýaşaýan adamlaryñ üstüne çozuş edýärler. Özem her oýananlarynda öñkilerinden has akylly, has paýhasly bolup oýanýarlar. Bu bolsa, adamlary olaryñ garşysyna has ykjam ýaraglary oýlap tapmagyna, has ykjam tilsimleri ulanmagyna getirýär. Kinofilme şu pikir bilen tomaşa edende, adam añynyñ ösüşiniñ çäksizdigine, ýöne onuñ hiç haçanam bu mümkinçiligi diñe sap parahatçylygyñ we gülläp ösüşiñ bähbidine ulanyp bilmejekdigini görüp bolýar. Ummasyz çykdajylar çykarylyp düşürilen kinofilme jemi 150 million dollara golaý pul harçlanypdyr. Alysdaky watanyna - Ýewropa partlaýjy däri äkitmekçi bolýan söwda kerweni ilki garakçylaryñ, soñra näbelli jandaryñ hüjümine uçraýar we olardan diñe Wilýam Garin (Oskar baýragynyñ eýesi Met Deýmon janlandyrýar) we Pero Tawor (Pedro Paskal janlandyrýar) diri galýar. Iki ýoldaş soñ hytaýly esgerleriñ eline düşýär. Olar ýolda özlerine hüjüm eden gorkunç mahlugyñ her altmyş ýylda oýanyp Hytaý diwaryna hüjüm edýän "taoti" atly güýçli we akylly jandardygyny hem-de olaryñ täze çozuşynyñ golaýlandygyny bilýärler. Wilýam Garin öñem ispanlara garşy franklaryñ, franklara garşy germanlaryñ hasabyna urşup ýören hakyna tutma urşujy bolansoñ, ýolda çozmagyna garaşylýan jandaryñ elini kesip galandygy üçin hytaýly ýurt goraýjyjylaryñ hatarynda taotilere garşy uruşmaga göwünjeñ bolýar. Emma galada öñden bäri bendilikde saklanýan angliýaly goja ser Ballard (Willem Dafo) we Pero Tawor mahluklar bilen söweşiñ gyzyşan wagty soraglap gelen harytlary bolan däriden mas ýüklenip gaçmagy makul bilýär. Emma Gariniñ söweşden gaçmagy namartlyk hasaplandygy üçin olar öz ildeşlerini öldürdim edip taşlap gidýärler. Ýolda goja Ballard Perony hem paýu-pyýada goýup, därileri we atlary gaçyp gidýär. Emma goja uzaga gitmeýär. Onuñ öñünden çykan we däriniñ nämedigini bilmeýän garakçylar ýanyp duran oda därili haltalary oklaýar. Netijede garakçylaram, Ballardam şol duran ýerlerinde "asmana uçýarlar". Kinofilmiñ şu epizody uzak ýolda saña hemra bolan adama hyýanat etseñ, nähili betbagtçylyga uçraýandygyñy sapak alarlyk derejede suratlandyryp berýär. Çöregi bitin galan Perony bolsa ýene hytaýly esgerler ele salýar. Wilýam Gariniñ hem kömegi bilen taotileriñ soñuna çykan Wang (Andi Law) onuñ öñünde iki ýol goýýar: ýa-ha özüni taşlap giden Perony almaly, ýa-da därini. Wilýam ýene-de geçirimlilik edýär we özüni ölüme terk edip giden ýoldaşyndan ýüz döndermeýär. Wilýam dogry saýlaw edendigi üçin Wangyñ göwnünden turup, därini hem alyp, watanyna dolanýar... Elbetde, bärde meniñ ünsümi çeken kinofilmiñ iniñi üýşendiriji fantastiki epizodlary bolmandy. Men şol maksat bilen filmiñ sýužetini gysgaça gürrüñ bermedim. Ondaky epizodlaryñ we personažlaryñ sözleýän aforizma mynasyp sözleri-de däl meñ ünsi çekmekçi bolýan esasy zadym. Aslynda eýýäm arañyzda bu kinofilme tomaşa edenleriñizem az däldir. Ýöne bärde başga bir zat bar: Gurluşy we uzynlygy, asyl durkunda biziñ günlerimize çenli saklanyp galyşy taýdan edil Hytaý diwaryna bäs edip bilmese-de, gadymylygy we baý taryhy tarapdan Hytaý diwaryndan birjigem pes oturmaýan gadymy Merw diwarlary hakynda-da şeýle kinofilmleri döredip boljaklygydyr. Muny biziñ kinomatografiýaçylarmyz başarjakmy, ýa başarmajakmy, ýa bolmasa kinomatografiýa sektory has ösen ýurtlaryñ režissýordyr prodýuserleri amala aşyrjakmy... ony bilemok, hemmäñize mälim nebagyryjylykly ýagdaýlary orta atyp, şo babatda artykmaç zat aýdasymyzam gelenok. Ýöne kinofilmiñ sýužetinden zyýada onuñ Hytaý diwaryny mazamlaýandygyny, munuñ bolsa Hytaý ýaly owadan ýurda syýahat etmegi arzuwlaýan jahankeşdeleriñ gözüni gamaşdyrýandygyny görmezlik mümkin däl. Bu bolsa kinomatografiýa ýaly has täsirli serişdeleriñ üsti bilen makedon patyşasy A.Makedonskiniñ gurduran alty galasyny, selewkit patyşasy Antioh I Soteriñ Marynyñ daşyna aýladan 230 km-lik diwaryny, şeýle-de ýurdumyzyñ beýleki taryhy ýadygärliklerini bütin dünýä wagyz etmegiñ nädeniñde hötdesinden gelip boljakdygyny we munuñ asla kyn zat däldigini bize açyk-aýdyñ äşgär edýär. ■ Salgylanylan çeşmeler: [1]http://www.kitapcy.ga/news/hezreti_pygamberimizin_turkmen_egindesleri_we_yslamyn_ilkinji_sehidi_bolan_turkmen_zenany/2019-04-08-6421 [2]https://ylymly.com/2019/03/20/beyik-hytay-diwary/ [1]http://www.kitapcy.ga/news/hezreti_pygamberimizin_turkmen_egindesleri_we_yslamyn_ilkinji_sehidi_bolan_turkmen_zenany/2019-04-08-6421 [3]http://www.kitapcy.ga/news/dunyanin_gadymy_diwary/2019-05-19-6978 [4]http://www.kitapcy.ga/news/kosmoslylaryn_dini_ynanjy_barmyka/2019-04-26-6660 [3]http://www.kitapcy.ga/news/dunyanin_gadymy_diwary/2019-05-19-6978 ■ Giñişleýin maglumat üçin seret: [1]http://www.kitapcy.ga/news/turkmen_harby_taryhy_hunlaryn_beyik_oguz_turkmen_dowleti/2019-01-19-4711 [2]http://www.kitapcy.ga/news/terrakota_ursujylarynyn_tasin_syry/2019-04-18-6540 [3]http://www.kitapcy.ga/news/owazan_cynma_cyn_daglar_asasy/2019-01-20-4726 [4]http://www.kitapcy.ga/news/turkmenin_cyn_macyndaky_taryhy_cesmeleri/2019-01-09-4559. Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||