16:13 Iki ene / hekaýa | |
IKI ENE
Hekaýalar
Şäheriň çetindäki kiçijik hassahanada iki sany ene ýatyrdy. Olaryň biri garaýagyz, beýlekisi akýagyzdy. Olaryň ikisiniň hem ogul bäbegi boldy. Oglanjyklar bir günde doguldy. Eneleriň ikisi-de örän bagtlydy. Olar öz ogullarynyň geljegi barada hyýal ýüwürtdiler. — Men öz oglumyň tanymal adam bolmagyny isleýän — diýip, akýagyz ene dillendi. — Dünýä belli sazanda ýa-da ýazyjy, ýa-da asyrlara barabar ýaşajak sungat eserini döredýän heýkeltaraş, ýa-da alysdaky ýyldyzlara tarap uçýan älem gämisini gurujy inžener... Ynha, şeýle bolanda ýaşanyňa degýär. — Men bolsa oglumyň mährem enesini, dogduk öýüni hiç wagt ýatdan çykarmaýan, watanyny söýýän gowy adam bolup ýetişmegini isleýän. Her gün çagajyklaryň kakalary ýaş eneleriň ýanyna körpelerini görmäge gelipdirler. Olar ogullarynyň naşyja ýüzlerine uzak wagtlap seredip oturypdyrlar, şonda olaryň gözlerinde mähir, bagt uçganaklapdyr. Soňra olar aýallary bilen oturyp, uzak wagtlap nämedir bir zatlar barada pyşyrdaşyp gürleşipdirler. Täze doglan çagajyklaryň sallançagynyň başynda, elbetde, çagalarynyň geljekki bagty hakynda arzuw edipdirler. Aradan bir hepde geçensoň, ýanýoldaşlary aýallaryny we ogullaryny öýlerine alyp gidipdirler. ... Aradan otuz ýyl geçipdir. Şäheriň gyrasyndaky şol hassahana ýene-de iki sany aýal geldi. Olaryň biri garaýagyz, beýlekisi akýagyzdy. Olaryň saçlaryna kümüş gyraw düşüpdir, ýüzlerini ýygyrt basypdyr, ýöne aýallar edil otuz ýyl mundan ozalkysy ýaly örän owadandylar. Olar bir-birini gören badyna tanadylar. Olaryň ikisini hem otuz ýyl mundan öň ogul bäbegi dünýä inderen otagynda bejergi almak üçin galdyrdylar. Olar öz durmuşlary barada gürrüň berdiler. Olaryň ikisiniň hem şatlykly günleri-de, gaýgyly günleri-de bolupdy. Olaryň ýanýoldaşlary frontda Watan ugrundaky söweşde wepat bolupdylar. Ýöne näme üçindir, öz durmuşlary barada gürrüň etseler-de, ogullary barada dymdylar... Ahyrynda, garaýagyz ene sorady: — Seniň ogluň kim bolup ýetişdi? — Meşhur sazanda — diýip, akýagyz ene buýsanç bilen jogap berdi — ol häzir şäherimizdäki iň uly teatrda çykyş edýän orkestre dirižýorlyk edýär. Ony hemmeler sarpalaýar. Ýogsa-da, sen oglumy tanaňokmy? — diýip, akýagyz ene sazandanyň adyny aýtdy. Elbetde, garaýagyz ene ony gowy tanaýardy, bu at hemmelere tanyşdy. Golaýda ol bu sazandanyň daşary ýurtlardaky üstünlikleri hakynda-da okapdy. — Aýtsana, seniň ogluň haýsy hünäre eýe boldy? — diýip, akýagyz ene sorady. — Saňa düşnükli edip aýtsam, gallaçy bolup işleýär — obada mehanizator, ýagny traktorçy we kombaýnçy, maldarçylyk fermasynda-da işlemeli bolýar. Ir bahardan tä güýzüň ahyryna çenli, ýeri gar büreýänçä oglum ýer sürýär, bugdaý ekýär, hasyl ýygnaýar we ýene-de ýer sürýär, ekýär, ýene gaýtadan hasyl ýygnaýar... Biz bu ýerden ýüz kilometrlikdäki obada ýaşaýarys. Oglumyň iki sany çagasy bar — oglanjyk üç ýaşynda, gyzjagaz bolsa ýakynda dünýä indi... — Näme diýseňem, bagt senden sowa geçipdir. Seniň ogluň ýönekeý, hiç kimiň tanamaýan adamy bolup ýetişipdir — diýip, akýagyz ene aýtdy. Garaýagyz ene hiç hili jogap bermedi. ...Hassahana ýerleşenine heniz bir gün geçmänkä, garaýagyz enäniň ogly ony görmäge obadan geldi. Ene şol pursatda dünýädäki ähli zady ýadyndan çykardy. Ol öz ellerinde oglunyň güne garalan güýçli we berdaşly gollaryny saklap ýylgyrýardy. Enesi bilen hoşlaşyp durka, ogly ötünç soraýan şekilde torbasyndan bir hoşa üzüm, bal, ýag çykaryp, kiçijik stoluň üstünde goýdy. «Sag-aman gutul, eje!» — diýip, onuň alnyndan öpdi. Akýagyz enäni görmäge hiç kim gelmedi. Agşam otagyň içini tümlük gaplap alanda garaýagyz ene düşekde pikir öwrüp ýatyşyna çalaja ýylgyrdy, akýagyz ene bolsa: — Bu wagt oglumyň konserti bar. Eger konserti bolmadyk bolsa, ol hökman gelerdi... — diýdi. Ikinji gün garaňky düşmeziniň öňýany garaýagyz enäniň uzak obadaky gallaçy ogly ýenede ejesini görmäge geldi. Ýene-de ol oturgyçda uzak wagtlap oturdy. Şonda akýagyz ene häzir ekin meýdanlarynda gyzgalaňly möwsümdigini, gije diýmän, gündiz diýmän işlenilýändigini eşitdi. Gitmezinden öň ogly getiren ary balyny, almasyny stoluň üstünde goýdy. Bagtdan ýaňa garaýagyz enäniň ýüzi ýagtylyp, ýygyrtlary ýazylyp gitdi. Akýagyz enäni görmäge bolsa hiç kim gelmedi. Agşam zenanlar dymyp ýatdylar. Garaýagyz ene ýylgyrdy, akýagyz ene bolsa goňşy ýatalgadaky zenanyň eşiderinden gorkup, ýuwaşlyk bilen uludan dem aldy. Üçülenji gün diýlende, Gün batmazynyň öňýany garaýagyz enäni görmäge ýene-de ogly geldi. Enäniň ogly bilen üç ýaşlyja garagözelek agtyjagy hem geldi. Ogludyr agtygy enesiniň düşeginde oturdylar. Garaýagyz enäniň gözlerinde bagt uçganaklaýardy, ol has ýaş görünýärdi. Akýagyz ene bolsa garaýagyz enäniň agtygynyň düýn kakasy bilen onuň kombaýnynda ýarym günläp bugdaý orandygy barada enesine berýän gürrüňlerini ýüregine agram salyp diňledi. — Men hem kombaýnçy boljak — diýip, oglanjyk aýtdy. Enesi bolsa onuň ýaňaklaryndan taýly gezek öpdi. ...Iki ene bir aýlap hassahanada ýatdylar. Garaýagyz enäniň uzak obadaky gallaçy ogly her gün onuň yzyndan geldi hem-de mähirli perzentlik ýylgyryşyny getirdi. Asyl, görlüp oturylsa, enesi oglunyň ýylgyryşlaryny synlap sagalýan eken. Akýagyz enäni welin görmäge hiç kim gelmedi. Şeýlelikde, bir aýdan soň garaýagyz ene sagalypdyr, ony öýüne goýberipdirler, akýagyz enä bolsa lukmanlar ýene-de bejergi almak üçin hassahanada galmalydygyny aýdypdyrlar. Garaýagyz enäniň yzyndan ogly gelipdir. Ol gyzyl bägüllerden boglan birnäçe çemen getirip, lukmanlara we şepagat uýalaryna sowgat edipdir. Hassahanadakylaryň ählisi şatlykdan ýylgyrypdyrlar. Wasiliý SUHOMLINSKIÝ, ukrain ýazyjysy Rus dilinden terjime eden: Aýnabat ATAÝEWA "Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy | |
|
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |