12:03 Iki frontuñ esgeri | |
IKI FRONTUŇ ESGERI
Edebi makalalar
Her bir belli ýazyjy-şahyryň döredijiliginde haýsydyr bir zehinli ýazylan eseriň, belli döredijilik döwrüniň, belli bir temanyň ony özgelerden tapawutlandyrýandygy, şonuň bilen hem şol söz ussadynyň döredijiligine belli bir kesgitli häsiýet berýändigi düşnüklidir. Bu barada gürrüň edilende, türkmen edebiýatynyň wekillerinden hem ençeme mysallary getirmek bolar. Frontçy ýazyjy, harby ýazyjy, harby temada işleýän ýazyjy ýaly häsiýetli alamatlar biziň edebiýatymyzda soňky ýyllarda has köp aýdylýar. Şol edebi gürrüňlerde yhlasly prozaçy Aşyr Nazarowyň ady hem hormat bilen tutulýar. Bu häsiýetnama edebi jemgyýetçiligiň, okyjylar köpçüliginiň ykrar etmesidir. Döredijilik meýdanyna žurnalistlikden gelen Aşyr Nazarow bu ykrar etmäni harby kasamyna wepalylyk bilen çekýän zähmeti arkaly gazandy. Bu barada onuň söweş hem durmuş ýoly köp maglumatlary berýär. 1943-nji ýylyň aprelinde ýazylan «Frontçy türkmenleriň türkmen halkynyň hatyna jogaby» şeýle setirler bilen jemlenýär: Ýaşa, halkym! Ýaşa, Watan, Partiýam! Ýene size bu gün kasam edýäris. Bir elde awtomat, bir elde galam, Şu hata gol çekip, jeňe gidýäris. Starşiý leýtenant şahyr Annaguly Mämmetgulyýewiň goşgy bilen ýazan şol taryhy hatyna ikinji bolup gol çeken, şol wagt «Watançylyk urşunyň ikinji derejeli» hem «Gyzyl Ýyldyz» ordenleri bilen sylaglanan kapitan Aşyr Nazarowdy. Hut şol günlerden bärem Aşyr Nazarow mukaddes kasamyna wepaly bolup, galamynyň ujuny ýylsaýyn ýiteldip gelýär. Uruş tamamlanýança wagşy duşmanyň üstüne iki ýarag bilen hüjüm edip, Beýik Ýeňşe uly goşant goşdy. Parahatçylykly ýyllarda öňki esger ýazyjy şol temadan ezber bolup ýetişdi. Bu hem onuň döredijiligini kesgitleýän esasy alamatlaryň biri boldy. Aşyr Nazarow hem, ençeme galamdaş ýoldaşlary ýaly, edebiýat meýdanyna, ýatlaýşymyz ýaly, žurnalistlikden geldi diýsek, dogry bolar. Žurnalistlige-de oba habarçylygyndan gelen Aşyr Nazarow öz obalaryndaky – Mary raýonynyň Mülkburkaz obasyndaky mekdebe 12 ýaşynda baryp, sowat öwrenýär. Mary şäherindäki mekdep-internatda okap, doly däl bilim alýar. Eýýäm şol ýyllarda durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadan, çylşyrymly durmuş meselelerini seljermegi başarýan ýaş ýigit täze durmuşyň jarçysy bolup zyýankeşleri paş edip, üstünlikleri wasp edip respublikan gazetlerde öz habarlary bilen çykyş edýär. Mekdebi tamamlan badyna hem ony 1935-nji ýylda «Mydam taýýar» gazetine işe çagyrýarlar. Az wagtdan soň hem, 1940-njy ýylyň ýanwarynda goşun gullugyna gidýänçä, ol «Ýaş kommunist» gazetiniň ilki daýhan ýaşlar bölüminiň müdiri, soňra jogapkär sekretary bolup işleýär. Bu ýyllar onuň üçin uly döredijilik mekdebi boldy. Geljekki ýazyjy ökdelerden tälim aldy. Belli ýazyjylaryň görelde mekdebini geçdi. Aşyr aganyň «Halypalar» kitabyny okanyňda, onuň şol geçen mekdebine göz ýetirmek kyn däl. Şol ýyllar hem geljekki prozaçy ownukly-irili goşgulardyr hekaýalar bilen edebiýat älemine ädim urup başlady. Uly derýalaryň hem ownuk çeşmelerden başlanyşy ýaly, Aşyr aganyň döredijiligi hem şol ownuk çeşmelerden başlandy. Şeýle bolansoň, söweşjeň esger «Bir elde awtomat bir elde galam» diýip kasam etmäge doly haklydy. Şol kasamam öz ýerine düşüpdi. Aşyr Nazarow harby gullugyny dowam edip ýörkä faşizm leşgeriniň garşysyna ilki duranlaryň biri boldy. Şeýlelikde, ol Watançylyk urşunyň ilkinji günlerinden tä soňky pursatlaryna çenli söweş meýdanynda boldy. Ol ençeme agyr söweşlere gatnaşdy. Frontçy ýazyjy Günorta-Günbatar, Don, Stalingrad Woronež, Kalinin, 1 – 2 Pribaltika, 2-nji Belorus frontlarynda duşman bilen ýaka tutuşdy. Ýowuz pursatlary başdan geçirdi. Polşany, Germaniýany faşistik zulumdanhalan etmäge gatnaşdy. Edebiýatçy, žurnalist esgeriň syýasy düşündiriş işlerindäki guramaçylyk talanty-da barha kämilleşýär. Şol döwürlerde Aşyr Nazarow politruk, komissar, diwiziýanyň syýasy bölüminiň instruktory, batalýon komandiriniň syýasy işler baradaky orunbasary ýaly gulluklary ýerine ýetirýär. Onuň «Suratlar» hekaýasyny okanyňda, ýazyjynyň geçen harby söweşjeň ýoluna kemsiz göz ýetirmek bolýar. Duşmanyň ýumrulan galasynyň eteginde goş haltadaky suratlary çykaryp synlaýan esger frontçy ýazyjynyň prototipi bolup göz öňüňde dikelýär. Okyjyda oňa uly hormat oýanýar. Politruk A.Nazarowyň birwagtky orunbasary urally esger, häzirki general-maýor Wasiliý Iwanowiç Polygalowyň «Maryýskaýa prawda» gazetine ýazan haty, «Krasnaýa Zwezda» gazetinde çap etdiren «Biziň politrugymyz» makalasy ýazyjynyň nähili hormata mynasyp bolanlygyna doly şaýatlyk edýär. Bu geçilen söweş hem syýasy mekdep geljekki ýazyjynyň harby prozasy üçin «çig maldy». Şol ýygnalan materiallaryň arasynda ýazyjynyň özi hem polat ýaly taplandy. Aşyr Nazarow harby kasamyna wepaly bolup, Sowet Ýaragly güýçlerine biregne 16 ýyl hyzmat edip, ýönekeý esgerlikden podpolkowniklik derejesine çenli ýol geçdi. Gullugyň soňky ýyllarynda Türküstan harby okrugynyň «Frunzeçi» gazetiniň jogapkär sekretary bolup, şol wezipeden hem otstawka çykdy. Ýok, ol otstawka çykmady. Diňe harby lybasyny çalyşdy. Işiň formasyny üýtgetdi. Aşyr Nazarow ideologiýa frontunyň, edebi frontuň hemişelik söweşjeň, wepaly esgeri bolmagynda galdy. Aşyr Nazarow žurnalist-ýazyjylygyny şu güne çenli işeňňirlik bilen dowam etdirip gelýär. Ol «Sowet Türkmenistany», «Edebiýat we sungat» gazetlerinde jogapkärli wezipelerde bolanda-da, Türkmenistan radiosynda, telewideniýede edebi-drama redaksiýalara ýolbaşçylyk edende-de şeýle boldy. Aşyr aga juda ýadawsyz hem işeňňir adam. Ol nirede işlese-de žurnalistikany, jemgyýetçilik işlerini, edebi döredijiligi utgaşykly alyp barýar. Özüne buýrulan, degişli bolan işi ertä goýýan adam däl. Biz bu zatlary köp ýyllaryň tanyşlygy arkaly belet bolanymyz üçin nygtaýarys. Ol nähili işler bilen meşgullansa-da, çeper döredijiligi bir pursat hem ýatdan çykarmaýar. Aýratyn hem harby watançylyk temany. Başda belleýşimiz ýaly, onuň harby ýazyjy adyny almagy-da hut şonuň üçindir. Geçilen ummasyz uly harby ýoluň materiallary şu güne çenli onuň prozasyna hyzmat edip gelýär. Aşyr aga şu usul bilen maksatly menzillere ýetdi. Ýazyjy bu temadan onlarça oçerklerdir hekaýalar bilen birlikde «Hatarly gadamlar», «Gan bilen der», «Soldat sarpasy», «General» ýaly çeper prozanyň talaplaryna hemme taraplaýyn jogap berip bilýän powestleri döretdi. Onuň bu eserleri biziň edebiýatymyzda soňky ýyllarda Beýik Watançylyk urşy temasynyň işlenilişine önjeýli goşant boldy. Okyjylarda, ýaş nesilde faşizme ýigrenç, ýeňiji sowet adamyna çäksiz söýgi hem hormat, mähriban Watana buýsanç döretmekde bu eserleriň belli bahasy ýokdur. Dokumentallyk Aşyr Nazarowyň prozasynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Onuň dokumental hekanlaryndaky gahrymanlar-da, «Hatarly gadamlardaky» razwedkaçy, Şöhrat ordeniniň üç derejesiniň kawaleri, parahat günleriň zähmet pälwany Ahmet Annadurdyýew-de, «Soldat sarpasyndaky» Sowet Soýuzynyň Gahrymany Pena Rejebow hem onuň batareýasynyň gaýduwsyz batyrlary-da, Watançylyk urşunyň legendar gahrymany, biziň ildeşimiz Ýakup Kulyýew-de Watan öňündäki uly hyzmatlaryny Aşyr Nazarowyň kitaplarynda täzeden dowam etdirýärler. Kiçi çinli esgerlerden Sowet Soýuzynyň ilkinji Gahrymany bolan Gurban Durdy hakda köp ýazyldy. Goşgular kitaby, poemalar, powest, hekaýadyr oçerkler neşir edildi. Ol hakda drama eseri sahnada goýuldy. Göräýmäge, täze bir zat bolmajak ýaly. Emma Aşyr aganyň meselä çemeleşiş öz ýoly – gahrymanyň iki edermenligini utgaşykly beýan etmegi, täze durmuş epizodlary, täze çözgütler bilen gahryman hakda täze eser emele getirdi. Bu beýik adamkärçilik hem gahrymançylyk barada eseriň ýazylyşyna meniň özüm gözli şaýat boldum. Men Aşyr agany tanaýşym ýaly, Gurban Durdyny hem ýakyndan, onda-da has ýakyndan tanaýardym. Onuň bilen bir howluda, gadymy Köşi bagynda goňşy bolup ýaşaýardym. Aşyr aga Gahryman bilen öňden tanyş bolmagyna garamazdan, şol eserini ýazýan wagtlary olara «atyň tezegini» guratman gatnaýardy. Özüni hakyky iş formasynda alyp barýardy. Gahrymanyň keşbinden gözüni aýyrman, göýä ony ilkinji gezek görýän ýaly, juda mähirlilik hem duýgurlyk bilen synlaýardy. Garaz, lükgesi bilen «işiň içindedi». Şeýdibem eseriň ilkinji nusgalary emele geldi. Men ony elýazma görnüşinde-de okapdym, Gurban Durdynyň söweş hem gahrymançylyk ýoluny görkezýän manyda ol ilki bilen «Prut kyssasy» ady bilen «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edildi. Soňra has kämilleşdirip, «Edermenlik» atlandyrdy. Ýazyjynyň «Edermenlik» eseri biziň edebiýatymyzyň hrestomatiýa eserleriniň biri boldy. Frontçy ýazyjynyň döredijiliginiň agramly bölegini harby-watançylyk temasynyň tutuşy ýaly, ol eserleriň esasy ideýa-mazmuny sowet halklarynyň doganlyk-dostlugyny, internasional agzybirligini beýan etmäge niýetlenendir. Ýatlanan hekaýadyr powestler bilen birlikde ýazyjynyň «Walýa–Walentina», «Nikola», «Türkmen dogany Maksimenko», «Kapitan», «Duşuşyk», «Weteranlar» ýaly ençeme hekaýalary gönüden-göni bu mukaddes ideýa ýugrulandyr. Bu bolsa diňe Aşyr Nazarowyň eserleriniň bezegi bolman, faşizmiň ýumrulan galasynyň üstünde Ýeňiş baýdagyny diken sowet halklarynyň beýik doganlygynyň edebiýatymyzdaky ýadygärligidir. Ýazyjynyň şeýle mazmunly eserleriniň ençemesi bütinsoýuz okyjylaryna-da ýetirildi. Onuň Moskwada «Sowetskiý pisatel» neşirýatynda çap edilen «Gün nury» kitaby, Gazagystanda, Azerbaýjanda, şeýle hem Bolgariýada neşir edilen eserleri şeýle häsiýetlidir. Aşyr aga «Generalyň ogullygy», «Atalar hem agtyklar», «Dury çeşmeler» kitaplary bilen çagalar prozasyna hem öz goşandyny goşdy. Dramaturg Güseýin Muhtarow bilen bilelikde ýazan, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda goýlan «Ýakup Kulyýew» dramasy, «Durmuş mukamy» telespektakly onuň bu ugurdan hem ukyplydygyny kepillendirdi. 1942-nji ýylyň gyşynda okopda arza berip, Kommunistik partiýanyň hataryna giren kommunist Aşyr Nazarow onuň hatarlarynda bir kemsiz hyzmat görkezip, abraýly ýol geçdi. Partiýa oňa nähili ýumuş buýursa-da, onuň hötdesinden abraý bilen geldi. Ol haýsy edarada işlese, kommunistler ony sekretarlyga saýladylar. Soňky on üç ýylyň dowamynda Aşyr aga TSSR Ýazyjylar soýuzynyň partiýa guramasyna ýolbaşçylyk edip geldi. Ol hemişe kommunist ýazyjylaryň, köpçüligiň ynamyny ödemegi başardy. Aşyr Nazarow Türkmenistan Kompartiýasynyň XXIII gurultaýyna delegat bolup gatnaşdy. Biz Aşyr agany talapkär halypa, aladaçyl terbiýeçi hökmünde tanaýarys. Ol hemişe ýaşlaryň, okyjylaryň arasynda. Kommunist ýazyjy 22 ýyl gowrak mahalbäri TSSR Ýazyjylar soýuzynyň apparatynda işlemek bilen, ýazyjylary terbiýelemäge, edebiýat işini guramaga uçursyz köp zähmet siňdirýär. Agyr söweş ýollaryny, çylşyrymly durmuş hem döredijilik ýoluny geçen Aşyr Nazarowyň görkezsi hyzmatlary Watanyň ençeme orden-medallary bilem bellenildi. Respublikanyň Ýokary Sowetiniň Hormat hatlaryna mynasyp boldy. Ýazyjy «Respublikanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly adyň hem indi ençeme wagt bäri eýesi. Žurnalist, publisist-dokumentalist ýazyjynyň galamy häzir hasam ýiteldi. Mähriban partiýamyzyň metbugat işine, çeper söze aýratyn ähmiýet berýän şu günlerinde – aýanlygyň, demokratiýanyň, täzeden gurmagyň aýgytly ýola düşen döwründe, Aşyr Nazarowyň hem orny öň hatardadyr. Onuň bizi ýene-de täze-täze eserler bilen begendirjekdigine uly umydymyz bar. Noýabr, 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |