15:48 Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine | |
ILÝA ERENBURGYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE
Goşgular
![]() Kämahal tekjede ýatan kitaby Ele alyp okaýaryn gijeler. Munda döwrüň şagalaňy, şohy bar, Munda döwrüň gam-gussasy, gohy bar. Beýik adamlaryň ömür beýany, Içigara, kümsükleriň zyýany. Agyň gara, garalaryň ak bolşy, Boýna syrtmak atylanyň nalyşy. Namart kaýsy, merdan kaýsy bilinmez, Bu bir iş wagtydyr heňňam eglenmez Diýilýän döwürde ýanyp-bişeniň, Hem başyny belent tutup ýaşanyň Söhbetinden ýadamaýaň, irmeýäň, Men her gije hakykaty diňleýän. Ýigriminji asyr, niçikdir tabyň? Ýigriminji asyr, azdymy gäbiň?! Ýigriminji asyr, sen niçik zabun? Hem diýdim asyra: “Sen niçik mährem! Sen melhem, Sen ylham, Hem şirin zyban, Eý, ajap zaman” Hakykatyň gözleginde sergezdan, Bolup ýer ýüzüne aýlanan kişi, Belki, Pyragy deý saýlanan kişi, “Hakykatym!” diýip, jan çeken adam, Hakykat tapmady, ham eken adam. Barybir şere däl, uýup çyn söze, Şeýdip, hakykaty goýupdyr bize... 01-03.05.2024. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |