20:21 Imperializmiñ masgaraçylykly sahnasy | |
IMPERIALIZMIÑ MASGARAÇYLYKLY SAHNASY!..
Goşgular
Oýlamañ siz, Kenara urulanlar Gark bolan gäminiñ paty-putusy Oljasy däl olar, Adam balasy! Medeniýetiñ gelip ýeten utanjy. Gynanma sen, günäsizje çagajyk Adamzat unutmaz hiç haçan seniñ Başyñdan geçiren hasratlaryñy... Señ isleýşiñ ýaly däldir bu dünýä, Synlamak neneñsi gorkuly düýşdür. Neresse çagalañ ençe-ençesi Geçir dyrnaklarñy, Dişiñ bilen goparyp zyñ gapdala Seni gurşap alan demir torlary Özüñe ýol arça!.. Ýene janyñ örtenmänkä, ýanmanka, Çümsene çuñlugy gulaç-gulaçlap. Çümübilşiñçe çüm! Deñizler ýurdunyñ sessiz-sedasyz Goltugynda hezil edip dynjyñ al… Düşek bolsun saña ýumşajyk gumlar, Köpükli tolkunlar sallançagyñdyr. Saña süýji düýşler, şirin ukular Suwotlary sypasyn señ teniñi Degirmesin kimse saña elini… Balyklar ogşasyn gül ýañagyñdan Injiler bezesin saçyñ taryny. Sylmasyn harasat, joşgunly gaýlar, Ýüreklere tegmil goýan yzyñy… Şemal sesi hoş ýaksa-da, uzakdan Gözüñi, gulagyñy aç dört tarapa Näçe mazlum çaga näçe duzakdan Näçe rehim-şepagatsyz dünýäden Näçe... ★★★ Gadyrly okyjylarym! Inji Germenlileriñ goşgy setirleri wyždanlara ok bolip çümýär. Çünki çagalar aglaýar, çagalar ölýär, çagalar… Neresse, biri-birinden owadan, naşyja, betbagt, ak kagyz ýaly arassa we bigünä çagalar… Emma duruñ! Kenara gelip urulan olaryñ diñe jansyz bedenleri däldir... Üns berip seredenler, ýitip giden adamkärçiligi görerler kenarlarda duran!.. Bu neresse çagajyklardan birini yzyna dolap bilermi heý, imperializmiñ guýrugyna dañylan gorkunç hasaplar?.. Ugur DÜNDAR. 05.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |