12:05 Iñ populýar talaşgär | |
IÑ POPULÝAR TALAŞGÄR
Publisistika
ABŞ-Günbatar üçin ýygynçaklaryñ halaýanyna laýyk kagyz ýüzündäki iñ populýar talaşgärdi: Ýurduñ ilatynyñ ýarpysyny düzýän etniki topardandy... Atasy lukman, kakasy gurluşyk inženeridi. (Eje tarapyndan añyrsynyñ Türkiýäniñ günorta-gündogaryndan göçüp giden maşgaladandygy öñe sürülýär.) Oksfordyñ uçurymydy: pelsepe, syýasat, ykdysadyýet ugrundan okady... (Dört uýasy-da ýokary bilimlidi. Özünden uly bir uýasy birnäçe ýyllap BMG-de işledi. Beýlekileri lukman, işewür we pedagog.) Dünýä kubogyna mynasyp bolan toparyñ kapitanydy... Ejesiniñ adyna "Shaukat Khanum Memorial Trust" haýyr-sahawat guramasyny guran perzentdi... Ýurdunyñ ilkinji düwnük hassahanasyny guran haýyr-sahawatçydy... Garyp ýaşaýan obalara tok çekdirmek üçin "Bir million jany aýdyñlatmak" maksatnamasyny durmuşa geçirdi... UNICEF-niñ ýörite wekilidi... "Guardian", "Independent", "Telegraph" iñlis gazetlerinde makala ýazan tanymal sport žurnalistidi. BBC-de kommentatorlyk hem etdi... Talyplara "rol-model" (nusgalyk) bolsun diýip Bradford uniwersitetine rektor bellendi. Ýurdunda-da bu uniwersitetiñ garamagynda Namal kolležini gurdy. Ýazyjydy. Awtobiografiýasy bilen birlikde alty kitaby bar... Gelşiklidi. Aýal-gyzlaryñ höwes edýän erkegidi, pleýboýdy. Iñlis elitasynyñ iñ jalataý adamlarynyñ biridi. Aristokrat-asylzada aýal-gyzlar bilen gezdi. Şeýle-de: Angliýanyñ iñ baý adamlaryndan Ser Jeýms Goldsmith gyzy Leýdi Jemima Marsell bilen nikalaşdy. Iki ogly boldy: Suleman Isa we Kasym. Žurnalist Reham Khana öýlenip, dokuz aý ýaşaşdy. Üçünji gezek tasawwuf mugallymy Buşra Bibi bilen nikalaşdy. Kimiñ gürrüñini edýänimi çaklan bolsañyz gerek: Päkistanly lider Imran Han... "Time" amerikan žurnalynyñ dünýäniñ iñ täsirli 100 adamynyñ sanawyna saýlap alan we kagyz ýüzünde Günbatar-ABŞ üçin iñ gowy model bolup görünen Imran Han wagty gelende näme sebäpli häkimiýetden düşürildi? Jogaplar üçin onuñ syýasy karýerasyna göz aýlamakda peýda bar: • SYÝASATA ILKINJI ÄDIM Imran Han Ziýa ül Hak, Nawaz Şarif dagynyñ halk deputatlygy teklibinden ýüz öwürdi. Çünki ol Hindistandaky musulmanlaryñ lideri, şahyr, filosof Muhammet Ykbalyñ we eýranly "sosialist musulman" Ali Şeriatynyñ fanatydy. Ýurduñ gurujy lideri Muhammet Aly Jinnahyñ ideologiýasyna esaslanyp, Päkistany täzeden gurjagyny aýtdy. Adalat hereketi partiýasyny (“Pakistan Tehreek-e-Insaf") gurdy. 1995-nji ýylyñ 25-nji noýabry. Tama edişi ýaly bolmady, 1997-nji we 2002-nji ýylyñ saýlawlarynda partiýasynda özünden başga saýlanan bolmady. (Görşüñiz ýaly, syýasatda populýarlyk hemişe ýol almaýan eken!) Şol döwür häkimiýet Benazir Buttonyñ Halk partiýasy bilen Ziýa ül Hakyñ "Musulmanlaryñ bileleşigi" konserwatiw partiýasynyñ arasynda geldi-gitdi durdy. Imran Han "korrupsiýanyñ öñüni alar, syýasy mafiýalaryñ soñuna çykar" umydy bilen döwlet agdarlyşygyny gurnan Perwez Müşerrefe goldaw berdi. Soñra aralaryna tow düşdi, öý tussaglygyna alyndy. Gaçdy. Ele düşdi. Tussag edildi. Oksfordda bile okan kursdaşy we az salym ham-çam bolşan (flirt edişen, gezen) Benazir Bhutto öldürildi. Ok geçirmeýän awtoulagda gezip başlady. Päkistanyñ syýasy taryhyndaky bular ýaly jikme-jiklikleri bir gyra goýup, esasy meselämize üns bereliñ: ABŞ-Günbatar ýygy-ýygydan Londondaky "Chatham House" ýaly "düşünje klublarynda" çykyş etmäge çagyrylýan Imran Jany nämüçin agdardy? Soragyñ jogaby üçin şu maglumatlary-da dykgatyñyza ýetireýin: • GARŞYLYK GÖRKEZDI Imran Han oppozision iş alyp baran döwrïnde ondan garaşylmadyk çykyşlary etdi. Käbir mysallary bereýin: - Päkistany ABŞ-nyñ liderligindäki terrorizme garşy uruşdan çekjekdigini, parahatçylyk üçin iş alyp barjakdygyny mälim etdi. "Terrorizme garşy göreş" bahanasy bilen ABŞ-nyñ her pursatda topraklaryny uçarmansyz dolandyrylýan strebiteller bilen bombalap durmagyny ýazgardy. - Päkistanyñ goşunynyñ Yrakdan çekilmegini isledi. - Taliban bilen düşünişmegi öñe sürdi. ABŞ-ny Päkistan Talibanynyñ lideri Hekimullah Mesuty öldürip, parahatçylyk üçin edilýän tagallalary sabotaž etmekde aýyplady. Hökümeti NATO guramasyna garşylyk görkezmäge çagyrdy. - Hökümetiñ "fundamentalist musulmanlar" diýip, iki medresä hüjüm edip, 84 talyby öldürmegine gazaply garşylyk bildirdi. Ylymly garaýşy sebäpli "Taliban Han" lakamyny aldy. - Beýleki bir tarapdan Talibanyñ şaýy-ysmaýyly musulmanlary gaýrymüslimlikde (musulman dällikde) aýyplap, zorlukly din üýtgetmelere niýetlenen ýaragly çozuşlaryna garşy çykdy. - Ýurdunyñ sebäp bolan zulumy sebäpli Bangladeşiñ halkyndan ötünç sorady. - Hindistanyñ we Päkistanyñ arasyndaky Kaşmir welaýatynyñ üstündäki oñuşmazlygyñ dawa-jenjelsiz çözülmegini öñe sürdi. - Şaýy musulman Şeýh Nimrä ölüm jezasynyñ berilendigi sebäpli Eýran bilen Saud Arabystanynyñ arasynda çykjak bolan çaknyşygyñ öñüni almak üçin tagallalary etdi. Uzatmaýyn. Netijede: 2018-nji ýylyñ 18-nji awgustynda Imran Han premýer-ministr boldy. Ýeri, näme boldy-da birden ABŞ-Günbataryñ ýyldyrymlaryny üstüne çekdi? Her syýasatçy ýygynçaklaryñ göwnüne ýarajak sözlerini aýdýar. Asyl mesele nämedi? Jogaby ertire galdy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 12.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |