22:57 Informatikada käbir amaly işleriň ýerine ýetirilişi | |
INFORMATIKADA KÄBIR AMALY IŞLERIŇ ÝERINE ÝETIRILIŞI
Ylym we tehnologiýa
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek barada mekdep mugallymlarynyň öňünde uly wezipeler goýdy. Häzirki sanly ulgama geçilýän döwürde okuwçylaryň kompýuterden oňat baş çykarmagy wajypdyr. Şoňa laýyklykda informatikadan geçilýän her bir sapagyň täsirli, ýatda galyjy derejede geçirilmegi zerur bolup durýar. Bu babatda 8-nji synpda informatikadan okuwçylara birnäçe amaly işleri ýerine ýetirmekde käbir kynçylyklar ýüze çykýar. Käbir okuwçylaryň bir öwredilen zada wagt geçensoň, ýadyna salyp bilmän durýan wagtlaryna seýrek hem bolsa, gabat gelinýär. Bu kynçylygy aradan aýyrmak üçin okuwçylaryň öňi bilen syçanjygy dolandyrmagyň usullaryny oňat bilmegi we menýular setirinden zerur buýrugy gözläp tapmagy başarmagy zerurdyr. Geliň, öňi bilen syçanjygy dolandyrmagyň usullaryny ýatlap geçeliň. Syçanjyk, esasan, bäş usul bilen dolandyrylýar. 1. Çep düwmäni bir gezek basmak. 2. Çep düwmäni iki gezek basmak. 3. Çep düwmäni dowamly basmak. a) Çep düwmäni dowamly basyp garalamak, oňa başgaça tapawutlandyrmak ýa-da belgilemek hem diýilýär. b) Penjiräniň çäklerini üýtgetmek. ç) Penjiräni göçürmek. 4. Sag düwmäni bir gezek basmak. 5. Tigirçegiň kömegi bilen ýazgyny aşak-ýokaryk süýşürmek. • Okuwçy "Nusgalamak” (Kопировать) işini şeýle yzygiderlikde ýerine ýetirýär: 1. Okuwçy okuw kitabyndan azyndan 3-4 sözlemi göçürip ýazýar. 2. Syçanjygyň çep düwmesini dowamly basyp, bir sözlemi tapawutlandyrýar. 3. ”Главная” menýusynyň ”Буфер обмена” gurallar toplumynyň ”Kопировать” buýrugyna syçanjygyň görkezijisini eltip, çep düwmäni basýarys. 4. Nusgalanjak sözlemiň geçirjek ýerine kursory düşürýäris. 5. ”Главная” menýusynyň ”Буфер обмена” gurallar tolumynyň ”Вставка” buýrugyny saýlap alyp, çep düwmäni basýarys. Elbetde, okuwçy üçin bulary doly ýazmak zerur däl. Ol depderine diňe gysgaça şeýle bellik edýär: • Kopirawat (nusgalamak) (CTRL+ С) 1. Tekst, syçanjyk 3 (a), "Главная” "Копировать”; 2. Kursory düşürmeli, "Главная” "Вставить” • Вставка (kesip aýyrmak we çalyşmak) 1. Tekst, syçanjyk 3 (a), "Главная”, "Вырезать’’ 2. Kursory düşürmeli "Главная”, "Вырезать’’; Формула (resminama formula goýmak) 3. "Вставка” "Символы” ,"Формулы” Resminama tablisa goýmagy, olary maglumat bilen doldurmagy ýerine ýetirmek üçin okuw kitaplaryndaky maglumatly tablisalardan peýdalanmak bolar. Şunlukda bu işleriň ýerine-ýetirilmegi okuwçylaryň kitap bilen işlemek endikleriniň ösmegine we ýatdan saklamak mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam edýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |