0
Jyn diýilýän zat barmyka aslynda? Dogrusy, soňky döwür jynly mowzuklara kän gabat gelsem-de, gatybir gyzyklanyp okamadym. Beýle diýsem, awtorlaryň, ýazarlaryň zähmetine kembaha garamak däl-de, herkimiň öz halaýan temalary bolýar. Ýöne, jyn diýilende kiçkäm olardan gaty gorkýardym. Ýagny, 6-7 ýaşly döwrümizdi. Jynly-döwli multfilmleri, kinolary, ertekileri kän diňläp-görenimdenmi, bilemok. Jyna bolan gorkaklyk düýgy çagalykda mende hem döräpdi. Şol döwrüň telewideniýesi jynly ertekileri aýdyp, çagalary gyzyklandyrýandyrys öýdüp pikir edýändirler, emma welin çagalarda gijelerine gorky gaplaýardy. Ýekeje mysal, öz başymdan geçen zat:
Bolsam, 6 ýada 7 ýaşlydyryn. 4 jaý beýlämizdäki goňşymyzdan hergün agşam 1 litr sygyr süýdüni alardyk. Sygyrlar gün ýaşmazdan öň gelerdi. Süri gelen badyna ejem maňa bankany elime tutdurardy-da, "bar oglum, Ogulgözel gelnejeňlerden süýt äkel" diýip ugradyp göýbärdi. Barsam şol wagt gelnejem sagyma başlar, sagýan mallaram 5-6 sany bar. Gowy garaňky düşensoň işini soňlardy. Boldugam, yzýany derrew bankamy süýtden dolduryp öýüme ugradardy. Ine şonda, şol tüm garaňky köçäni geçmek meň üçin iň gorkunç ýeridi. Ýogsa daşam däl, üç jaý geçsem öýüme barýan welin, gorky hem birýandan. Şol, ertekilerdäki jyn öňümden çykyp alyp gidäýjek ýaly, iýip gidäýjek ýaly, şeýlebir gaty gorkup öýe zordan gelýärdim. Bir gezegem, elim süýtli barýarkam, öňümden gaty uzyn gara adam çykdy. Ol maňa garşy tarap ýöräp gelýär. Ýene yzyma, Ogulgözel daýzalara tarap ylganymy bilýän. Olaň deňlerinde çyra bardy, howuzlarynyň arkasynda gizlenip oturdym. Ol gara geçip gitdi. Obamyzdaky Durdy uzyn diýilýän adamy zordan tanap galdym. "Onuň boýy iki metrden geçýär" diýip oba adamlary gürrüň ederdiler. Garaz, hergün garaňkyda süýt äkelemde öz ýanymdan müň kötelli ýoldan geçip gelýärdim. Şeýle ertekileri çagalara gürrüň bermek nämä gerek, çaganyň aňynda gorky döredip. Biz ol wagtlar ertekin nämedigine düşünýäsmi, erteki diýilse hakykatdyr öýdüp düşünýäs.
Wag, ola çagalyk diýeli, arada, birki ýyllykda şol jynlaň ýene pidasy bolmazmyň...) Işden gelsem öýlänara, öýdäki: "doganoglanym toý edýär, görnüp gaýdaýyn" diýip, ýatymlyk atasy öýüne gidipdi, çagalaram alyp. Menem nan-çaý edinemsoň telewizora güýmendim. Ýadawlyk basmarlandyrda, ymyzganypdyryn. Esli wagt ýatypdyryn. Gijäň birwagty oýandym. Gözümi açyp, gözümiňem ilki açyp göreni telewizrde bolup duran kino boldy. Çyrada öçük. Diňe ekranyň ýagtysy. Ekranda gözüm düşen zat: guýy ýaly birzatdan çogdam-çogdam saç çykyp ügraýar. Men oňa ilki suwdur öýtdüm, guýy çogýandyr öýtdüm. Ýarymukuly o wagt. Saçdygyna soň göz ýetirdim. Ýaňky zat güýüdan çykdy-da, gaty eýmenç ýüzüni galdyrdy welin, tas janym bokurdagyma gelipdi. Ýüzleri myrtar-myrtar, gözlerem bulançak, agzyndan gan sarkyp duran aýal göni gözüme seredýär. Zähräm ýarylana döndi, ukudan şobada açyldym. Turup çyrany ýakmana gorkýan. Sagada seretsem gije 3-iň ýary. Näme bolsa şo bolsuna salyp, usullyk bilen lampyçkany ýakmaga ýönelenimem şol, aýagymyň aşagynda "jyyyyyyyk" edip birzat gygyrdy, atylyp honda düşdüm. Onýança, daşardaky işik gürpüldäp ýapyldy. Hasyr-husur çyrany ýakdym. Näm bolandyr öýdýäňiz. Aýagymyň aşagynda jygyldap giden zat, gyzjagazymyň jyk-jyk gurjagy bolsa nätjek. Bassaň, jyyyk edip ses edýändir, tüýdüklije. Eýwandaky işigem ýeliň badyna ýapylypdyr. Çyksam harasat başlapdyr, maý aýlary bolansoň. Gorkana goşa görner diýleni. Kinonam aýryp başga kanala geçirdim. Beeeý, şol gün uzak gije ýatyp bilmedim, biynjalyk bolup. Telewizirda, nirde adamy kän kanala geçirip ýatdym, şular maňa ýoldaş bolaýjak ýaly. Öýde ýeke özüm. Irden tursam, agzyma uçuk gaýnapdyr. Nähili gorkunç kinolary tapýalar adamlaram. Nämä geregaý şol. Ana, şonda hem ýene bir gezek gorkupdym. Şondan bäri jynlara bolan ýigrenç duýgusymy, başga zatmy, bilemok. Jynly mowzuklara girmänimi gowy görýän.
|