00:29 Iriziji geldi | |
IRIZIJI GELDI
Publisistika
Geçen hepde ABŞ-nyñ käbir ştatlarynda, mer (meriñ kömekçisi, baş prokuror, mejlis) saýlawlary geçirildi. Ses sandyklary açyldy welin, Amerikanyñ agzy uçuklady... Tegelek bir ýyl öñ - 2020-nji ýylyñ 3-nji noýabryndaky saýlawlarda taryhynyñ iñ uly ses sany bilen üstün çykan demokratlardyr Baýden bular ýaly gysga wagtda nädip şunça ses ýitirdikä! Wirjiniýadan mysal bereýin: Geçen ýyl ştatdaky prezident saýlawlarynda Baýden 54.4%, Tramp 44.2% ses aldy. Aratapawudy 10 utukdy. Meriñ kürsüsini Trampyñam goldaýan respublikançy tüçjary Glenn Ýangkin eýeledi! Ýene bir saýlaw Nýu-Jersi ştatynda boldy: Kürsiniñ eýesi üýtgemedi, demokrat mer Fil Mýorfi ýene öñdeligi elden bermedi. Emma. Geçen ýylyñ prezident saýlawlarynda bu ştatda demokrat Baýden 57.4%, respiblikan Tramp bolsa 41.4% ses aldy. Tapawut 16%. Demokratlar 50.8%, respublikanlar 48.8% ses aldy. Aratapawut 2 utuga çenli düşdi… Bir ýylyñ içinde näme-nämeler boldy-da, demokratlaryñ sesi bular ýaly derejede peseldi? Köp pikir soralşyklaryñam ýalñyşandygyny aýdaýyn. (Hemişe ýazyp gelýärin: hususanam telefon arkaly geçirilen jemgyýetçilik pikir soralşyklaryñ ýalñyşma ähtimallygy güýçli.) ABŞ-nyñ munisipialet başlyklarynyñ saýlawlarynda-da şuña meñzeş netijeler ýüze çykdy. Nämüçin? • ORTA GÜNDOGAR DÄL, ORTA SYNP Demokratlaryñ halk köpçüliginden alýan goldawy 2020-nji ýylyñ prezidentlik saýlawlaryndan şu günki güne çenli döwürde iñ pes derejesine düşdi. Muña, şübhesiz, dowam edýän pandemiýanyñam ykdysadyýete ýetirýän täsiri bar. Baýden häkimiýetiniñ infrastrura we sosial howpsuzlyk bukjalaryny häzirem mejlisden geçirmezliginiñ-de saýlawlaryñ netijesine täsir edendigi aýdylýar. Şeýle bir mesele bar, bu Türkiýedäki käbir partiýalary-da ýakyndan gyzyklandyrýar: Demokratlaryñ saýlaw strategiýasy... Amerikan zähmetkeşleri kyn günleri başdan geçirýär: işçileriñ iş taşlaýyşlary (grev, забастовка) bar. ABŞ-da ýigrimi ýyl bäri orta synp çekişmesi bar. "Orta Gündogar däl, ort synp" diýip häkimiýete gelen demokratlar bu babatda (Owganystandan çykmakdan başga) oñyn ýeke ädim ätmedi. Munuñam üstesine amerikan orta synpy girdejiden ýeterlik paý almazlygynyñ sebäbini göçegçilerden görüp durka, demokratlar saýlaw strategiýasyny etnos syýasatynyñ üstünde gurdy. Demokatlaryñ syýasy nutuklaryny diñe şäherli intellektuallaryñ we akýagyz bolmadyk etniki toparlaryñ meselelerine gönükdirmegi amerikanlaryñ orta synp gatlagynyñ akýagyzlarynyñ nägileliklerini üstüne çekip başlady. Gürrüñsiz, dünýäniñ hemme ýerinde bolşy ýaly ABŞ-da hem milletparazlyk-bölünişikçilik häzirem wawwaly jemgyýetçilik meselesi bolmagynda galýar. Özem diñe şu meselä üns berip, beýleki problemalary görmezlige salmak orta synply we pes düşewüntli akýagyz saýlawçylaryñ nägileligini döredýär. Saýlawlaryñ bu topary öz meselelerine häkimiýetiñ biparh garaýar diýip oýlaýar. Meseleleriñ ykdysady köklerini görkezmegiñ we çözmegiñ deregine demokratlaryñ bar bilen-biteniniñ etnos syýasaty bolmagy giñ gatlaklarda otrisatel garşylyklary döredýär. • DÜÝP MAKSAT Milletara deñsizligiñ düýp sebäbi ykdysadyýet. Düýp tankydy sosial deñsizligi döreden neoliberalizme däl-de, neoliberalizmiñ (işçiler synpy ýaly) oppozisiýany bölmek üçin durmuşa geçirýän salt etnosyñ üstünde syýasat ýöretmek jemgyýetçilikde umytsyzlyga ýol açýar. Bu ýagdaý partiýalary-da çykgynsyz ýagdaýa salýar. Ykdysady kynçylyklary çözsün diýip (ilatyñ 15%-ni düzýän) garaýagyz Obamany häkimiýete getirenler dertlerine çäre tapman baý işewür Trampa ýöneldi we yzyndan (ilatyñ 20%-ni düzýän) katolik Baýdeni saýlady! Amerikan halk köpçüliginiñ millet-mezhep tapawudyna parh edip durmaýandygy görnüp dur, mesele ykdysady! Mydama ýazyp gelýärin: populist syýasat sizi diñe belli bir wagta çenli häkimiýetde saklap biler. Hem elbetde, Türkiýäniñem uly düýpli öwrülişikleri üpjün edip biljek maksatnamasy bolan partiýadyr partiýalara mätäçligi bar. Şuny-da goşaýyn: Türkiýede milletçilikli, dini, jynsy bölünişikler ýokmy? Heý bolmazmy, bar. Emma.... Zol-zol muny agzap duranyñ bilen mesele çözülenok, gaýtam tersine, giñ gatlaklarda "meniñ meseläm ýokmy näme" diýen ýaly nägilelikleriñ döremegine sebäp bolýar. ABŞ-dan mysal bereýin: afro-amerikanlara "gulçulygyñ öweztölegi" ýaly talaplar, pes we ortagürp gazançly akýagyzlaryñ nägileligine sebäp bolýar. Munuñ sebäbi olaryñ köpüsiniñ jynsparaz boldugyndan däl-de, maddy sebäplerden gözbaş alýar... Her dürli bölünişige-agzalalyga garşy göreş edeñde adamlaryñ bizar-peteñini çykarmazlyk-irizmezlik lazym! Çünki: edeniñ tersine bolup, ýarany gorjalama ýa-da duşmançyk döretme ýaly ýaramaz ýagdaýlary ýüze çykaryp bilýär. Adamlaryñ başyny-gözüni aýlamazlyk lazym: Maksat - neoliberalizmiñ döredýän ähli deñsizliklerini ýok etmek bolmalydyr. Soner ÝALÇYN. "SOZCÜ" gazeti, 11.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||