21:41 Iudanyñ "Injili" | |
IUDANYÑ "INJILI"
Taryhy makalalar
Isa Iudanyň özüne dönüklik etjekdigini aýtdy • Täsin tapyndy hakda habar Şweysariyanyň Bazel şäherindäki "Maecenas" atly gadymy Sungatlar gaznasy 2005-nji ýylda haýran galdyryjy habary jemgyýetçilige ýaýratdy. Alymlar bu yerde gadymy kopt ýazgysyndaky. "Iudanyň Injilini" öwrenmäge girişdiler. Fransiýanyň "Le Temps" gazeti munuñ yzysüre ýaýradylan bu täzeligiň erteki ýaly bolup eşidilse-de, ylahyýetde uly özgerişlik döretjekdigini nygtapdyr. Gazet häzire çenli adamzat tarapyndan dönükligiň nyşany hökmünde ýazgarylyp gelnen ludanyň ýazgysynyň 62 sany köne papirus kagyz böleginden ybaratdygyny habar beripdir. Müsüriň taryhyndaky gadymy kopt dilinde ýazylan ýazgy hazir fransuz, nemes we inlis dillerine terjime edilýär. Terjime etmek işine belli hünärmen, Ženewa uniwersitetiniň professory Rudolf Kasser hem gatnaşypdyr. Alymlar ýazgynyň 70 göterimini dikeldip biljekdiklerine ynanýarlar. Maecenas şweýsar gaznasynyň direktory Mario Roberti ýazgynyň häzir köne ýazgylary dikeldýän ussahanalaryň birinde öwrenilýändigini habar beripdir. "Iudanyň Injili" ylmy düşündirişler bilen bile 2006-njy ýylda, hristianlaryň Pasha baýramçylygyna gabatlap neşir edildi. - Biz öňünden anyk maglumat berip bilmeris - diýen, şonda Roberti şeýle diýipdir: - Ýöne onda hristian dininiň esaslarynyň käbirini yraň atdyryp biljek zatlar bar. Diýseň düşnükli ýazgy. Megerem, Watikanyň ýerzemininde bu ýzga dahylly käbir zatlaryň saklanýan bolmagam mümkin. Emma Älem-jahan buthanasy bu barada dymýar. • Golýazmanyň taryhy Hünärmenler tapyndynyň grek dilindäki asyl nusgadan terjimedigini, özem 3-nji asyra - 4-nji asyryň başlaryna degişlidigini aýdýarlar. Gymmatbaha tapyndy Orta Müsüriň mylaýym howa şertlerinde, şeýle hem gadymy koptlarda Hudaýyň ady ýazylan ýazgylary ýok etmegiň gadagan edilendigi üçin oňat saklanypdyr. Ol geçen asyrda ele salnypdyr. Näbelli müsürli ony Şweýsariýa beripdir, ýazgy ol ýerdenem ABŞ-a düşüpdir. Bu ýerde ony 20 ýyllap sandykda, gulp astynda saklapdyrlar. Birnäçe gezek elden-ele satylyp, Iudanyň Injili ahyry ýene Şweýsariýa düşýär. Ony 2001-nji ýylda "Maecenas" gaznasy satyn alýar. Barlag işleri tamamlanandan soň, ýazgyny Kairdäki Kopt mirashanasyna bermegi maksat edinýärler. • Hakykatdanam, apostol dönükmidi? Isa pygamberiň şägirdi Iuda Iskariot isaýy taglymatyna görä, dönük bolmaga buýrulan, soňam ynsaby horlap, özüni asan apostoldyr. Alymlaryň arasynda bu apostol tarapyndan ýazylan Injiliň bardygy hakdaky hyşy-wyşylar öňem ýok däldi. Iudanyň dönükliginiň Isanyň edermenligi üçin zerur bolandygy hakdaky ilkinji çaklamalar irki wagtlarda döräpdi. Meselem, kabylçylaryň dini-pelsepeçilik akymy Iudanyň dönükligini Isa tarapyndan höküm edilen beýik borç hökmünde wagyz edýärdi. Orta asyrlarda örç alan şeýle äheňdäki garaýyşlar biziň günlerimizde-de ýaşaýardy. Iudanyň şahsyýeti köpleri, hususan-da ýazyjylary, kinoçylary özüne çekýärdi. Mysal üçin, Iuda hakda meşhur ýazyjy Borhes "Iudanyň dönükliginiň üç düşündirişi" atly eser ýazypdy. Lion Feýhtwanger atly jöhit ýazyjysy "Moskwa, 1937" atly kitabynda Stalin bilen bagly şeýle wakany ýatlaýar. - Siz, jöhitler - diýip, Stalin maña ýüzlendi: - Iuda baradaky ölmez-ýitmez rowaýaty döretdiňiz. "Hristianlar geljek Pasha baýramyna çenli Iuda baradaky rowaýaty däl-de, hakykaty okap bilerler" diýip, "Le Temps" fransuz gazetiniñ 2005-nji ýylyñ ahyryndaky sanlarynda hanar berlipdir. Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |