03:19 Janserek -6: romanyñ dowamy | |
ALTYNJY BAP
Romanlar
Rahmanyň kalbyna terkidünýälik aralaşdy. Alaşasyny baglaryna mähetdel, ilden öňürti gara öýüň törüne geçip süýndi. Agahanyň ýanyna barmady. “Mensizem bolan wakany aýdyp bererler” diýdi. Ganhor sözüni eşitmek hemişe Rahmana ýakymsyzdy. Häzir weli, bu söz onuň kalbyna gara ýel ýaly haplap urdy. Ol eýýäm iki adamyň ganyna galdy, ol özüne “ganhor” diýdi. Hydyram ganhor. Buýruk bilen öldürýän adamlara-da ganhor diýýärler. Ýöne olaryň bahanasy bar. Hydyrdan sorasaň, “Men ganhor” diýmez, “Agahanyň buýrugyny berjaý etdim” diýer. Agahandan sorasaň weli, “Men öldüremok, diňe öldüren ganhordyr” diýip per bermez. “Buýrugy ýerine ýetirdim” diýmäge onuňam haky bar. Olaryň bahanasy gönümel. Gönümel zada bolsa, hemişe bahym ynanýarlar. Ýene aralykda çykgynsyz güne düşen Rahman. Oňa hiç kim gös-göni “at” diýip buýruk bermedi ahyry! Özi atdy. Rahman töwerekde özüne ynanjak adam görmedi. Asmanam ynanmaz, “Sen ganhor” diýer. Ölüm diýen zadyň öňünde özüňi aklajak bolmakdan aýylganç zat ýok ekeni. Gyzgyn bedene ýara düşende, awusy birbada bildiribem baranok, hakyky azar soň ─ beden sowanda başlanýar. Häzir Rahman şol azary duýdy. Ol Agahanyň sözleri bilen uzak günki bitirilen işi agramlap gördi. Agahanyň sözleri ony ägirt uly zadyň aladasy bilen ýola salypdy, “gaplaňy gözlegin” diýipdi. Hany gaplaň? Üç sany naçar maşgalany guýa getirdiler. Indem, hudaýýolyň süňkünden hantama bolup ýatan it ýaly, her nöker şolary goltugyna gysmagyň arzuwyndadyr. Eýsem Agahan nämäniň pikirini edýärkä? Rahmanyň atan okuny aklamaga delil taparmyka?.. Gapyny depdiler, sokma gabsalar tärime degip, yzyna serpildi. Rahman bosagada gupbaly gyzy görüp, laňňa ýerinden galdy. Oňa çenli gyzyň ýagyrnysyndan itiberip, şark-şurk gapyny ýapdylar. Aýak sesi howlukmaç daşlaşdy. Rahman iç işikde ýeňini dişläp duran gyzyň sandyraýan göwresini gördi. “Bu Agahanyň işidir” diýdi. Nämä ýorjagyny bilmän, janserek bolup galdy. ─ Geç o taýyk... özüňi bir dürse... Gyz gap dula geçip, çommalyp oturdy-da, iki elini ýüzüne tutup, hünübirýan aglady, has dogrusy, eňredi. Rahman alada galdy, nädip köşeşdirjegini bilmedi. Onuň adyny tutasy geldi. ─ Hatyja ─ diýdi. ─ Beýtme-le, käşgä, men saňa bir zat diýen bolsam... Baý-bow, görýän weli, sen goýarly däl-ow. Okuw diýdi, ýene gör diýdi, derde ulaşyp ýörsüňiz. Ilden çykmaly däl-de, il bilenjik bolubermeli. Allanäme öýüňiziň dulunda oturmaly halyňyza... goý-how, jan dogan, goý! Aglajak bolsam, menem sen ýaly möňňürip oturmaly, derdim özüme ýetik. Rahmanyň bu gyza Asman hakda gür beresi geldi. Kämahal dertli adam ikinji adamyň derdini eşidende, özüniňkini ýatdan çykaraýýar. Ol ilki daş çykyp, öýüň töweregine esewan boldy, gara görmedi. Gün ýaşypdyr, goňşy öýüň tüýnüginden tüsse çykýardy. Içerden messaýy hümürdi eşidildi, Agahan gür berýärdi. Agyldan nökerleriň galmagaly geldi. Rahman bir goltuk odun alyp, öýe girdi. Pelteli çyrany otlap, ojakda ot ýakdy, tüňçäni goýdy. ─ Çaý iç, ýüregiň düşüşer. Joralaň nirede, goňşy öýdemi? Iki dyzyny gujaklap, bir gysym bolup oturan göwre ýene siltenip-siltenip gitdi. Bu sapar sessiz aglady. ─ Hudaýy çagyr, Hatyja. Hergiz Hudaýy çagyrgyn. Okuw okadybersinler, ýazyp-pozmany bileniň bilen erbetlik edeňok, öwren. Biz ýaly bisowada nepiňiz deger, ýöne Hudaý bilen işiň bolmasyn. Hol-ha, Gaýratam “Men hudaýsyz” diýip, gygyryp ýör, bolmaz-a beýdip ýörmek. Şuraň adamy bolaňda näme? “Biziň Hudaýymyz ─ adam” diýýä, öz gulagym bilen eşitdim, bolmaz-a beý diýmek. Birniň-ä adyny tutdy? Ýadymda galmanam gowy zat. Adamdanam bir Hudaý bormy-aý? Muhammet pygamberem Hudaý däl-ä, ýogsa, nähili gudratly, sadagasy boldugym!.. Birem, hergiz, sargadygym bolsun, başyňa neneňsi kyn iş düşse-de, heýç, küpür gepleýji bolmagyn. Häzir, ynha, saňa agyrdyr, ýöne sargydym: kalbyňy päk tut, Gudraty Güýçliň ýoluna çigit ýalyja-da şübhe etmäweri. Wagtal-wagtal özümde-de bolýa, baý-baý, soňunyň jezasy çekerden çökder boljak ekeni. Hatyja şübhe bilen Rahmana garady. Gyzyň gabaklary pökgerip, tutuş ýüzi ýellenipdir. Rahman çaý demläp, Hatyjanyň öňünde goýdy. Ýumruk ýaly tikeç gandy bölüşdirdi. Gowurmaly merweri süýşürip: ─ Iý, iý, Hatyja ─ diýdi. ─ Utanýan bolsaň-a, daş çykjak. Hatyja eňegini dyzyna diräp oturyşyndan gymyldamady. Gupbasyna ojakdaky ýalnyň suraty düşdi. Rahman onuň käsesine çaý guýdy. ─ Aňry bak-da içibersene... Häk, Asmanyň gerek ýeri!.. Ýogsa, olam seň ýaly hötjet, ýöne seň diliňi tapardy. Şura hökümeti sizi biraz aýnadaýdy öýdýän?! Aýnatdy-la! Asmana: “Ýör ─ diýdim. ─ Obada galma” diýdim, etmedi. Hä diýmänem ogly bolmaly. Menden başga hossaram-a ýok. Şura şuradyr-da, öz derdem özüne ýetik. Onsoňam, ogul meňki, heleý meňki, şuraň näme işi barmyş? Şura akylly bolsa “bar, äriňden galma!” diýmeli. ─ Rahman gyzmaçlyk edenini duýup, birden sesini tapba kesdi, badyna gyzgyn çaý owurtlap, dilini ýakdy, “wäk” diýmdi. ─ Okuw diýleni bilenem-how, obany taşlap gaýdybermek bolmaz-a. Entek erkekler bir okasyn. Erkekden öňe düşmek gelşenok, men-ä gelşenok diýjek. Rahmanyň bereketli ýüzündäki sadalyk, sözlerindäki içgin äheň bu adamyň ýüregindäki päkligiň buşlukçysy hökmünde Hatyjanyň kalbyna ornady. Ol ýygy-ýygydan gabak astyndan oňa garap başlady. ─ Aý, sen-ä iýeňogam, içeňogam, Hatyja. ─ Iýesim gelenok. ─ Iýesiň gelmände näme?.. Agzyň degse, iýer otyrsyň-da... Hatyja, o hälki gelniň ady nämedi? ─ Mähri. ─ Gowy maşgala ekeni, mert ekeni. Baý-baý, aklym haýran! Ýetişmedi, Durdyny atmadyk bolsalar, walla, äriniň öňünde özüni öldürjekdi... O gelni atan men, Hatyja. ─ Rahmanyň dolmuş ýüzi hamyr ýaly ajady. Gönümel gaşlary biri-birine golaýlaşyp, maňlaýy ýygyrt atyp daraldy. Kuwwatly eňegi sallanyp, dodaklarynyň arasynda dörän açyk aýtym garalyp göründi. Başyndaky köneräk gara silkmesini penjeläp aldy-da, gapdalynda goýdy, iki öwre tapbatlady. Göreçlerinde ot ýandy. ─ Çydamadym, walla, ynanyň şuňa! O gelniň adyna Mähri diýdiňmi? Maňa weli, Asman bolup göründi. Men o görgüliň islänini etdim dälmi? Hatyja, jan dogan, dogry eden bolsam, “dogry” diý, bolmasa-da, ýüzüme: “Sen ganhor” diý... Hatyja jogap bermän aglady. ─ Aglama, aglama, Hatyja, gözýaşdan peýda ýok. Saňa kömegim ýetäýse diý. Elimden gelenini etjek bolaýyn. Olaryň meni synajak bolýan bolmaklaram ähtimaldyr... Gelin olara gerekdi ahyry! Nejisler daýymdan çekinýäler, ýogsa dagy meni aç itiň öňüne atylan süňke dönderjekler... Başarmasam, käýinmegin, Hatyja... Saňa degmezler, goý, aglamasana... Al, iý-iç, gurbatyňa gel. Hatyja gaýta-gaýta başyny atdy. ─ Bolýa, bolýa... iýjek... häzir iýjek... ─ Arkaýyn iý, adam ogly gapydan gelmez. Men daşarda... doýýançaň iý, çekinme. Rahman çaý içim salymdan dolanyp geldi. Hatyja merweriň agzyny ýapypdyr, çaýly käse boş dur, saçagy ýygnapdyr, özem öňküsi ýaly dyzyny gujaklap, çugutdyryp otyr. Aglamasyny goýupdyr, ýüzi ýagtylan ýaly. Şonda-da ol Rahmana ätiýaç bilen garady. ─ Iýdiňmi bir zat? ─ Iýdim, çaýam içdim. ─ Şeý diýsene... men-ä ynanjaňdyryn, näme diýseň, ynanaryn weli... ─ Waý-eý, iýdim-ä... Hatyja gyssanjyna käse-çäýnegi, merweri ýerinden gozgaşdyrdy, soňam ýylgyryp goýberdi. Duluklarynda çukanajyk göze ildi, bada-badam ýitip gitdi. Gam-gussanyň örtügini ýaryp çykan şöhle-de ýitdi. Rahman şojagaz ýylgyrma-da minnetdar boldy, näme bilen onuň öwezini doljagyny bilmän durşuna, birden: ─ Gel, men saňa gömme nan edip bereýin, Hatyja ─ diýdi. ─ Ýok! ─ Onda işlekli? ─ Ýok-la, ýok... Gyzyň gözlerine ýene gorky dolandy. ─ Bolýa, bolýa, edemzok, hiç zadam edemzok. Beh, men-ä gowy bolarmyka diýýän weli... Meňki hemişe şeýle-dä. Asmana näme gerek, şol düşünse boljagam weli... Bu zatlara düşünme-de, düşünjegem bolma-da, gowusy, goýnuň yzynda entede ýör diýsene. Duz ursun, mal bilen gowy dil tapyp bolýar, bu adam diýen zatdan Hudaý saklasyn. Eýýäm ýarym aýdan geçdi, obanam göremok, Hatyja, o zat guruldymy? “Kolhoz” diýdimi, nämemi? ─ Ýok entek. ─ Hatyja, sen bolmasa, biraz gyşaraý. Gyz gorky bilen öwran-öwran başyny ýaýkady. ─ Otur, otur, diýmedigim. Sen maňa çigit ýalyjagam ynanaňok, Hatyja, şeýle gerek? Hatyja oda garap, agyr oýa batdy. Dumanlap duran gözlerinden ýaş syzylyp çykdy. Rahman üçin ol ýaş ynjan ýürekden syrygyp gaýdýan awy-zerzawyň arassa görnüşidi. Eger ony şu dertden halas edip bilse, Rahman Hudaýyň öňündäki günäsini ýuwaryn öýtdi. “Häzir maňa Alladan başga düşünjek ýok” diýdi. Il ýatyp, it uklanda, Agahan assa basyp, öýüň daşyna öwrüm etdi, gaýta-gaýta ardyndy. Rahmanyň bedenine gowuşgynsyzlyk aralaşdy, höwesi gaçdy. “Eýýäm ol meniň matlabymy aňaýdymyka?” diýip pikir etdi, ýöne daş çykmady. Agahan gapyda säginip dursa-da, Rahmany çagyrmaga ejap eden ýaly, uzak eglenmän gitdi. Goňşy öýüň gapysy açylyp, derrewem ýapyldy... Rahman Hatyjany gyz lybasynda alyp çykmaga çekindi, tärimden asylgy köne telpek bilen uzyn dony oklap: ─ Geý ─ diýdi. Içine galpyldy düşen gyz ýumuşçy çaganyň çalasynlygynda diýleni berjaý etdi. Rahman sapançasyny göterdi. Olar it-guşa bildirmän, guýynyň oýundan çykdylar. Barybir Rahman ynjalmady, göwnüne bolmasa, yzlaryna düşüp gelinýän ýaly boldy durdy. Hatyjany çöketlik bilen ýola salyp, özi bolsa bir meýdan garaşmagy makul bildi. “Eger olar meni öňden aňtap ýören bolsalar, onda hökman ilki bilen öýi barlarlar” diýip pikir etdi. Oýüň gapysy açylsa-da, Rahman ony görmelidi. Çyrany söndürmän gaýdanyna ol indi begendi. Hatyjanyň çybşyldysy guma siňenden soň, töweregiň ümsümligini bozan bolmady, öýüň gapysynam açmadylar. Guýynyň oýy telim adamyň hesretini, şatlygyny, öýkesini garaňkynyň astynda gizläp ýatyrdy. Rahmanyň gözüne ol möýüň kerebi bolup göründi. Näme-de bolsa, üç gyzyň birini alyp çykanyna-da şükür etdi. Kalbyna ýeňillik aralaşdy. Bu ýeňillik oňa hemişe aýratyn lezzet berýärdi. Ol bu ýeňilligi Allanyň öňünde eden ýazygy üçin jeza çekenden soň ýa-da haýyr iş eden pursatynda başdan geçirerdi. Ýaz ýagşynyň tozany ýatyryp, töwerege tämizlik berşi ýaly, olam şol pursat özüni arassa hasap ederdi. Rahman Hatyjanyň yzyndan ýetip, onuň bilen bile gitdi. Ahyry, golaýdaky oba azaşman barar ýaly ýola ugrukdyryp: ─ Indi men galaýyn, Hatyja ─ diýdi. ─ Men siziň adyňyzam bilemok-da. ─ Men ýalyň adyny biljegem bolmagyn, Hatyja. ─ O görgüliler nägüne düşdükä?.. ─ Başarsam, olara-da kömek etjek bolaryn, Hatyja. ─ Taňryýalkasyn, dogan! Hatyja gitdi. Ol Rahmanyň kalbyndaky ýeňilligem özi bilen alyp gitdi. Rahman girdap ýaly garaňky gije bilen galdy, töweregiň ümsümligi gurşun bolup, onuň gerdeninden basdy. * * * Rahman Gün doganda guýa dolanyp geldi. Ondan öňi bilen Hatyjany soradylar. ─ Ony görmersiňiz indi. ─ Hä, ýere girdimi? ─ Hawa, ýere girdi. Hydyr Agahandan öňe düşüp: ─ Gaçyrandyr ─ diýip gygyrdy. ─ Eger gaçyran bolsaň, seni içaly hasap edýäs, boluber Agahanyň ýegeni. Rahman alňasamady, elindäki telpek bilen dony orta taşlady. ─ Şulary egnine sokup gaçypdyr, daş çykamda... Ol sözüni dowam etmän dymdy. Ýalan sözlemek oňa agyr düşdi. Ýogsa, gaýdyş ýolda aýtmaly sözlerini jemläpdi, nämeden başlap, nämede gutarmalydygyna çenli jikme-jik anyklapdy. Kimiň nähili sowal berjeginem kesgitläpdi. Ol ýalňyşmady. Onuň güman eden soraglarynam berip başladylar, emma Rahman oýlanyşy ýaly ýalan sözläp bilmedi. Çyna berimsiz ýalan söz iňňän owadan bolmalydy. Sözleýän adam bolsa, beýlekileriň öňünde aýdýan pikirine ynanýandygyny görkezmegi başarmalydy. Aýdýan deliliniň ýerliksizdigini birinji bilen Rahmanyň özi duýdy, şonuň üçinem diline badak atylan ýaly, üzlem-saplam gepledi. Iň ýamany, ýüzüni galdyryp bilmedi. Gaýratyň aýdan sözi ýadyna düşdi. “Seň bir gowy häsiýetiň bar: ýalan sözläňde ýüzüňi galdyryp bileňok”. Birden, özüniň ýalan sözläp bilmeýänine gahar etmän, Gaýratyň mamla bolandygyna gahar etdi. Nätjegini bilmedi. Ýalan sözüň arasynyň bölünmeli däldigini, pikirlenmäge maý berseň, diňleýjini şübhelenýän adama öwürjekdigini bilenokdy. Ol ýalan söze endik etmändi. Ýöne “onam başarmaga kişi gerekdigini” duýdy. Duýansoňam, alaçsyz dymdy. Emele gelen agyr ümsümlik oňa düýpsüz guýy bolup göründi. Ol özüni şol guýa atylan daş hasap etdi. Nirä düşjegi, haçan düşjegi näbellidi. Şol zerarlam özüni artykmaç horlaman, iň soňa goýan sözüni çaltrak aýdyp dynmakçy boldy: ─ Ýasy depäň öňünde mazar bardyr ─ diýdi. ─ Bolmasa... gidiňde görüp geläýiň. Hydyr ýangynly jogap berdi: ─ Görmän näme?.. Göreris! Häziriň özünde gidýäs! Günortana çenli Rahmanyň ýalan sözländigi hemme kişä aýan boldy. Aýdylan ýerdäki tümmek gumuň aşagyny barlap görseler, ne gabyr bar ekeni, ne-de gyzyň jesedi. Rahman gidenlerden oňly habara garaşmasa-da, mazar diýlenden soň, tümmegi açarlar öýtmändi, “mazar” diýen sözüň mukaddes manysy el urmakdan olary saklar öýdüpdi. Onuň howatyr eden zady başgady, yz çalarlar diýip gorkýardy. Hydyr bilen gidip gelen üç atly bu wakany tükeniksiz zada öwürdi. Olaryň hersi öz häsiýetine görä gürrüň berýärdi. Biriniň gahardan ýaňa owurtlary çişýärdi, ikinjisi iňňän gizlin syry habar berýän ýaly, her sözi töwerekden ätiýaçly aýdýardy. Üçünji nöker üçin bu waka baryp ýatan tomaşady. Ol Rahmanyň sadalygyna gülüp, soňam: ─ Akmak, kimi aldajak bolduň diýsene! ─ diýip, aýratyn äheň bilen özleriniň ýeserdigini nygtaýardy. Olaryň bolşundan Rahman çekinmedi, gaýta ýalan sözüň howpundan dynansoň, kalbynda ýeňillik duýdy. Indi düşündirmegem gerek bolmaz, indi, gowusy, geplemän oturmakdyr. Ol diňe: ─ Gaçyrdym, ynsabym çatmady ─ diýdi. Agahan kynlyk bilen dymdy, özüne zor saldy, ýogsa agzyndan paýyş sözüň çykmagy ähtimaldy. Onuň gözlerinden ýalyn çykdy, şol ýalnyň arasynda Rahman howur aldy. Özüniň ykbaly hakda entek daýysynyň ýakymsyz çözgüde gelmändigini Rahman bir alamatdan bildi: ol ýylgyranokdy, ol ýylgyrdygy ─ gutardy! Ol entek ýegeni babatda näderejede aldananlygyny, şol aldawda özüne degişli günäniň mukdaryny kesgitlejek bolýardy. Ol düýnki bigünä Rahman bilen gaşynda häzirki oturan etmişli Rahmany deňeşdirip, şol tapawudyň alamatlaryny ýegeniniň daş sypatyndan gözleýän ýaly, dikanlap seretmegini dowam etdirdi. Ol Hydyryň “Rahman ─ içaly” diýen sözüne ynanmasa-da, oňa “seňki nädogry” diýmedi. Gaýta “Hydyryň ýerinde özüm bolan bolsamam şeý diýerdim” diýdi. Ol Rahmanyň etmişine ynsaplylyk diýjeginem, samsyklyk diýjeginem bilmedi. “Beýle ynsaply bolsa, Aýazy, düýnki gelni atmazdy” diýdi. Iki ölüm Agahanyň umydyny asmana göterse, häzirki ýagdaý ony duýdansyz pylçap ýere urdy. Agahan dura-bara: “Bu adamyň ýüpüne odun çykamak kyn bolaýmasa...” diýen pikire geldi. Bu pikir ýegenini ondan daşlaşdyrdy. Ýegeniniň daşlaşmagy bilen ol özüni ýalňyz saýdy. Iň ýamanam ─ ol iki ýoluň çatrygynda galdy. “Hydyr dagymy ýa-da Rahmanmy?” diýen sowala jogap bermelidi, özem häzir, şu ýeriň özünde jogap bermelidi. Rahmany saýlamak gülkünçdi. Ol öz etmişi bilen daýysyny şeýle bir agyr ýagdaýda goýdy weli, heý goýaý! “Akmak, seniň ynsabyňdan Hydyr gönenýär. Ol seniň ynsabyňdan saňa ajal ýasap berer! Sen adam ömrüniň gorpuň gyrasynda goýlan daşdygyndan habaryň ýok. Sen goýnuň yzynda gezeniň üçin, beýniňem goýnuň beýnisine öwrülip gidipdir”. Agahan bu pikirini söz bilen däl, garaýşy bilen aýtdy. Rahman nökerleriň ýanynda daýysyny dili kelte edenini bilýärdi. Indi Hydyr oňa has golaýlaşar. Hydyr aýylganç adam. “Rahmany Hatyja bilen bir öýde galdyrmaly” diýenem şoldur. Ol eýýäm Agahanam oýunjaga öwürmäge ýetişendir. Bu ýerde esasy söz Hydyra degişli. Hydyr Rahmany atmaly diýdi. Nökerleriň aglabasy ony bada-bat goldady. Agahan sesini çykarmady. Muňa närazylyk manysynda düşünen Hydyr ony yrmak üçin azara galdy. Şol gyzyň gaçyrylmagy bilen iň degerli şaýat şura hökümetine gowuşdy. Şu günden şeýläk olar özlerini ölüm jezasyna höküm edilen adam hasap etmeli, säwlik bilen ele düşen pursatlarynda bada-bat atylmaly adamlar. Bu delil Hydyryň talap eden jezasyny Agahan üçin çökder görüp, häliden ikirjiňlenip duran nökerlere-de ot berdi. Olar biragyzdan “Atuw!” diýip gygyrdylar. Rahman tisginmedi, kemteresinden, başynam galdyrmady. Agahan oňa: ─ Her döwrüň öz kada-kanuny bar ─ diýdi. ─ Rahman, bularyň gara çyny. Ýalbaryp gör, ötünç sora. ─ Bu adamlara söz zaýalaman, daýy. ─ Ýalbarmasaň, bir oka tabşyrarlar, janyňy jähenneme ýollarlar! ─ Edenime ökünemok, ýalbarman. Agahan: “Adatça, ejiz adamlar ýaşamagy birinji orunda goýýarlar ─ diýip pikir etdi. ─ Rahman ejiz däl ekeni. Mertlik adam üçin tapylgysyz zat”. Rahman: ─ Daýy, meň sargydym bar ─ diýdi. ─ Aýt. ─ Asman öňem-ä bilýändir weli, ýene bir ýatladylaýsa... Ogluma kakam pakyryň adyny dakmalydyr. Birden gyzymyz bolsa, ejemi ýatlasyn, “Ejegyz” goýsun. Eger ynjydan bolsam, razy bolsun, men razy. ─ Ýagşam bir söz tapdyň. Agahan ýaşajyk gyzy Rahmanyň ýorganyna salyp, utuş ederin öýdüpdi. Indi görüp otursa, onuň hilesine Hydyr elini çoýýar. Çaky, ol Agahanyň ýegenini daýysyndan öňräk tanapdyr. ─ Sen meni ýüňsakgal etdiň. ─ Her kimi Hudaý bir tüýsli ýaradýar, daýy. Obadan gaýtmaly däl ekenim, iň bolmanda, ýurduňy saklardym. ─ Ýurt galdymy?! ─ Bular seňem başyňy iýerler, daýy. ─ Şony bilýän bolsaň... Agahan yzyna döndi, bu ölümi özüne ýitgi saýdy. Rahmany atuw meýdanyna alyp çykdylar. Ol ölümiň gutulgysyz başyna inendigini duýdy. “Jesedimi bir oba ýetirseler” diýdi. Birdenem, “Düýnki pakyrlary ýygnadylarmyka?” diýen pikir kellesine geldi. “Ýygnandyrlar, hormat bilen jaýlandyrlaram. Olar duşmanyň elinden öldüler”. Rahman kimiň elinden ölýär?! Rahman kemsindi. Çöl henize deňiç onuň howuny basmandy. Kyn ýagdaýlarda ýeke galanda-da ugur tapardy. Çölde her bir adamyň öz ýodasy bar, şol ýoda-da ony alyp çykmaly diýen pikir bilen ýaşardy. Häzir weli, ol öz ýodasyny tapjagyna ynanmady. “Eger çopan taýagy bilen gelen bolsam tapardym” diýdi. Bu sapar ol ýarag göterip geldi, gan dökdi. Gum depeleri barha beýgelip, asmana dalaş etdi. Rahmanyň göwresi ýere ýetdigi, şol depeleriň astynda ýiter gider. Türkmenler mazar näçe çalt ýitse, şonça-da gowy görüpdirler. Ýitmedik mazarlary taşlap, göçüp gitmek çarwalara kyn düşüpdir. Rahman biarz ölýär, goý, onuň mazary ýitmesin. Adamyň mazaryny gözýaş ezmese, bu onuň dünýäden betbagt ötendigini aňladýar. Eger asmandan ýagmyr ýagsa, Allanyň ýalkadygy. Rahman depesinde arassa asmany gördi. Alla ony ýalkamaz, onuň eli gana batdy. Onuň ölümine diňe Asman gözýaş eder. Ol dünýäde Asmanyň barlygyna, onuň ýaşajakdygyna şükür etdi. Ölüm hemme zady düzlär, Asmanyň kalbyndaky gahar-kine Rahmanyň ölüminden soň ajy ökünje öwrüler. Şeýle boljagy, elbetde, ýakymly, ýöne Rahman ony görmez. Şonuň üçinem, goý, onuň mazary ýitmesin. Ýürek derdini mazar başynda aýan etse, Asmana-da ýeňil düşer... Ony agylyň günorta ýüzündäki alanyň öňünde duruzdylar. Ol töweregindäki nökerleriň arasynda Agahan bilen Hydyry görmedi. “Olarsyz meni atyp bilmezler” diýdi. Agahan gelmese-de, Hydyr geler, Hydyr hökman geler, Hydyrsyz bularyň gyzygy bolmaz. Rahman olaryň ýüzlerini asyp, dymyp duruşlaryny tukat gördi. Olar ýap-ýaňyja-da ar almagyň keýpi bilen serhoşdylar. Olaryň gaýratly bedeni towy gaçan ýüpe döndi. Ýene biraz garaşsalar, ysgynsyzlykdan ellerindäki tüpeňi gaçyrarlar öýtdi. Bu ýagdaý Rahman üçin matala öwrüldi. Nökerler Hydyr bilen Agahanyň gelýänini görüp dikeldiler. Hydyr golaý gelip: ─ Äý, ýigitler ─ diýip gygyrdy. ─ Allanyň haky üçin, bir saparlykça biz onuň günäsini ötäýsek nähili bolar? Kyýas jogap berdi: ─ Bir sapar bolaýşyny? Aýaz neressäni ýatdan çykardyňmy? Aýratynam Nedir oda-köze düşdi. Eňegi saňňyldap, ýüzi dartyldy. Agy köpelen gözüni depesine dikip, hötjetlik bilen dabanyny ýere urdy. Birdenem gaýadan aşak iterilen adamyň heläkçiligi duýan pursatyndaky alaçsyzlygyny ýatladýan eýmenç ses bilen gygyrdy. ─ Biz namart! Masgara! Heleý! Ol tüpeňlenen it ýaly tüwdürilip Hydyra golaý bardy. Hydyr duýduryş bilen: ─ Agahan ikimiz şu pikire geldik! ─ diýdi. ─ Agahana-da arzan düşendir öýtmäň, ha-ha... Alaçsyzlyk belasy Nediri iki bükdi. Onuň öňünde Hydyr dur, onuň Hydyra edip biljek täri ýok. Hydyr oňa, asyl, onuň ýoldaşlarynyň hiç birine-de maslahat salanok. Hydyr olara hökmany suratda bolmaly ýagdaýy habar berýär. Olar aýdylana boýun egmeli. Olar – hiç kim, olary kemsidip bolýar. Nedir tüpeňini zyňyp, gapdaldaky tümmege bagryny berdi. Ähtimal, ol beýleki nökerleriňem şeýderine garaşandyr, emma hiç kim duran ýerinden butnamady. Hydyr töwella bilen: ─ Nedir, tur ýeriňden ─ diýdi. ─ Turman! Turamda etjek zadym näme diý! ─ Ol Rahmana elini uzadyp, gaýtadan tutaşdy ─ Serediň oňa!.. Serediň, walla, samsyklyga salyp, etjegini edip ýör, Agahan, sen bize bir zat aýt: oba dökülýäsmi-ýok? Bellisini et, bolmasa, turman! Turman diýdim, turman! Ol çaga hötjetligi bilen bagryny guma oýkady. Hydyr Agahana çiňerildi, nökerler golaýa geldiler. Olar Agahanyň sözüne garaşdylar. Agahan özüni ýitirmedi. ─ Siz maňa dogry düşüniň, ýigitler. “Agahan öýüni otlatdy. Agahan indi obasyny otladar” diýýän adam ýalňyşýar. Oba dolanan günüm, hawa, edil şol günüň özünde men öýümi dikeldip bilýän. Eger-de obany otlasam, ony dikeltmek maňa aňsat düşmez. Men şol oba bilen Agahan. Men öz obamy otlamak üçin ata çykmadym, men ony şura häkimiýetiniň elinden gaňryp almak üçin ata çykdym. Nedir onuň sözüni böldi: ─ Onda gaňryp al-da! ─ Ajygan ölýän däldir, alňasan ölýändir. ─ Hä-hä-hä... Kyýas elini silkip: ─ Ä-äýý, jähennemä, gitsin-le ─ diýdi-de, duran ýerinden yzyna dönüp gaýtdy. Agylyň gapysynyň açylanyny gören mal kimin, her kim bu ýerden çaltrak ara açsa kem görmedi. Nökerleriň käbiri tüpeňiniň gundagyny süýräp gaýtdy. Meýdanda Rahman bilen Agahan galdy. Rahman ysgyny gaçyp, süňňünde dörän gowşaklyk zerarly, ädim ätse, ýykylarly göründi. Agahan: ─ Olar seň ömrüňe baha kesdiler ─ diýdi. ─ Adam başyna bäş goýun. Rahman “Daýym meň bergidardygymy duýdurýar” diýdi. Bu söwda minnetli aş ýaly oňa ýakymsyzam bolsa, ýaşaýşyň lezzetli duýgusy gaýtadan kalbyna dolanda, geplänini duýman galdy: ─ Daýy, sen bolmadyk bolsaň... Saňa bergidar, borçly men, daýy... Agahan öýke bilen: ─ Şoňa düşünen bolsaňam biri ─ diýdi. ─ Oba-da düşüner, daýy, rast aýtdyň, öz obaňy gyrgyna berip... bolmaz-a... Daýy, men oba gaýdaýyn-la. Bular bilen mäşim bişişmez. Maňa “ýer gaz” diý, “goýun bak” diý, “ýarag göter” diýme, walla, meňki bolanok, daýy. ─ Oba dolanmak saňa hatarly bolmasyn? ─ Indi maňa hatarly zat bolmaz, daýy, şu sapar ölüm sowlup geçdi, indi döwem çalmaz. Rahman çaga sadalygynda süýji ýylgyrdy. ─ Sen şura hökümetiniň adamyny atdyň, hergiz ýadyňda bolsun. ─ Daýy, men ony bilgeşleýin atmadym... Agahan höwessiz güldi. ─ Sadalygyňam çeni ýagşy. ─ Onda Paltagaçana iber. ─ Ýok, seň Paltagaçanda işiň ýok, sen indi oba gidersiň. Rahman daýysynyň çözgüdini eşidip şatlanmady, gaýta birhili, ýakymsyz oňaýsyzlyk duýdy, onuň agzyndan çykjak söze gorky bilen garaşdy. Özüni oba ibermek hakyndaky pikiriň Agahanda şu pursat döremändigine düşündi. Agahan: ─ Agşam gürleşeris ─ diýdi. ─ Özüňe gel, damak edin. Olara arkaýyn oturyp gürleşmek miýesser etmedi. Günortanlar çapdyrylyp gelen nätanyş, gyzyllaryň otrýadynyň gelýändigini, aňyrsy bir sagatdan şu ýerde boljakdyklaryny habar berdi. Agahan Rahmana: ─ Atlary eýerläp, häzir bolup dur ─ diýdi. Iki öý arynyň öýjügine döndi. Garynja ýaly girip-çykýan nökerleriň näme edýändiklerini Rahman aňşyryp bilmedi. Aljyraňňylyk aralaşsa, galmagal turar öýtdi, eger-eger, ýekesindenem ses çykanokdy. Rahman “Gyzlar niredekä?!” diýdi. Olar düýnden bäri edil guýa gaçana döndi. Goňşy öýde bolan bolsalar, gije olara azar bererdiler. Onda-da Rahman olaryň agy sesini eşitmedi ahyry. Bir gulagy şol öýde boldy, Agahanyň sesinden başga ses eşitmese näme! Agahany hiç kim ugratmady, agyr horjuny göterip, ýeke özi geldi. Olar atlylaryň öýden çykaryna garaşman ýola düşdüler. Çaý içim salymdan Agahan atynyň başyny çekdi. ─ Ýegen, sen oba gaýt ─ diýdi. ─ Oba baryp, näme etmeli, daýy? ─ Näme etmelidigini aýdarlar. Şolaryň diýdigi ─ meniň diýdigimdir. ─ Öňi bilen çatmaňy dikelt, heleýiň duluňda dogursyn. Häzirem ýokarky guýa sür. Kyrk goýun sanap öňüňe salarlar, daň atýança Keliň kakyna ýetirersiň. Guýuda agsak adam ýatandyr, şoňa tabşyr-da, “Otuza derek kyrk getirdim” diý ─ Agahan goltugyna elini sokup, bir penje pul çykardy-da, Rahmana uzatdy. ─ Al, gerek bolar. Al, al... ─ Taňryýalkasyn!.. Daýy, meň günämi öt!.. Bir zat soraýsam diýýän, soramasamam-a bolardy weli... ─ Çaltrak sora. ─ Daýy, düýnki görgülileri heläklän-ä däldirler? Agahan gahar bilen egnini silkdi: ─ Heh!.. Seret-le muňa... Bilemok. Kişiň oljasy bilen işim ýok, seňem işiň bolmasyn! Şu taýda gören zatlaryňy, dowzaham bolsa, unutmaly borsuň. ─ Düşündim, düşündim... ─ Düşünen bolsaň, bar, Alla ýaryň bolsun. Garaşyberiň, uzak eglenmen. Olar aýrylyşdylar. Rahmanyň kalbyna ýeňillik aralaşdy. Çölüň ümsümligi ene hüwdüsi ýaly onuň ýadaw bedenine dynç berdi. Şu gije-de sag-aman geçse, ol ertir dogduk obasyna dolanar, Asmanyny görer. “Asman, men sen diýip geldim, sensiz maňa çöl gabyr bolup göründi” diýer. Dowamy bar >> | |
|
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |