01:33 Janserek -5: romanyñ dowamy | |
BÄŞINJI BAP
Romanlar
Rahman on gün düşekde ýatdy. Agyry aýrylyp, ysgyna geldigiçe, on iki süňňi bir göwrä birleşdi. On gün üznüksiz pikir etdi. Käbir zady anyklady, käbir mesele bolsa ony öňküdenem beter gozgalaňa saldy. Kemteresinden, ýeke gezegem Asman onuň düýşüne girmedi. Rahmanyň weli ony göresi gelýärdi, her gün umyt bilen uka gidýärdi. Hamala, olaryň gelejekki takdyry şol düýşe tabyn edilen ýaly umytly garaşma oňa endik boldy. Uky boş geçerdi. Uzakly gije ýiten malyny gözläp, uç tapmadyk çopan kimin, täze güni höwessiz garşylaýardy. Gaharyna: “Aýal maşgala äriniň diýeninden çyksa bolmaz ─ diýip jibrinerdi. ─ Oglumy göwresinde göterip ýör, onsoň Asmanyň gitjek ýeri niremiş?!.” Rahmanyň başga-da düşünmeýän zady bar. Ynha, Agahanyň telim adamy daşyna üýşürip, guýynyň başyny saklap ýatanyna-da düşünenok. Eger maksady Gaýratdan dynmak bolsa, ony bir gijäniň dowamynda edip bilýär. Oturan ýerinden gozganman, Hydyra buýruk berse bolany, ol obany bir ýanyndan gyrgyna bermäge taýýar. “Ýa demrinden, ýa kömründen” diýlişi ýaly, Agahanyň ýaýdanjynyň bir sebäbi bolmaly... ─ Daýy, obadan näme habar? ─ Habar ýokdur, ýegen... Rahman Agahana ynanmady. On bäşinji gün irden Rahman daýysy bilen ýola düşdi. Asyl düýnden bäri Agahanyň aladasy artdy. Süňňüne ýeňillik aralaşdy, mahal-mahal hiňlenip başlady. Entek jahan ýagtylmanka Rahmany turuzdy. Ot ýakyp, çaý demlediler. ─ Atlar iýmini iýýänçä, bizem güýmeneli, ýegen. ─ Bir ýere gitmelimi, daýy? ─ Gitmeli, ýegen, gitmeli. Suw bir ýerde köp ýatsa, sadyr bolýar. Işsizlikden adamyň çüýremegi ähtimal. Şol zerarly-da Hudaý adama iki aýak beripdir. “Gymyldamasaň, çüýrärsiň” diýipdir. Adam Hudaýyň beren iki aýagyna kaýyl bolman, emel edipdir ─ ata çykypdyr. Bu gün bizem ata çykarys, ýegen, ýogsa, bu ýatyşymyza, bedewleri eşekden tapawutlandyryp bilmän, masgara bolaýmaly, ha-ha-ha... Rahman agyr alada galdy. Agahanyň şatlygy kimdir biriniň hesretidir. Bu dünýäniň gurluşynyň täsindigini, edil mizan terezi ýaly. Tereziniň bir tarapynda şatlyk, ikinji tarapynda hesret. Agahan Rahmanyň öňüne iňňeden çykma gyrmyzdon bilen ýüpek guşak, seçelenip duran gara silkme bilen gara ädik oklady. ─ Geýin ─ diýdi. ─ Sowalyňy ýolda berersiň, çaltrak bol. Agahan agzy gözelen haly horjuny atynyň syrtyna bökderdi. Hydyryň atlylaryndan bir adamam daş çykmady. Olary diňe ala köpek ugratdy. ─ Daýy, nirä barýas? ─ Toýa barýas. ─ Kimiň toýuna? ─ Öz toýmuza. Rahman düşünmedi. ─ Paltagaçanamy? ─ Gyssanma, ýegen, görersiň. Biz üýtgeşik toýa barýas! Ogul toýam däl, gyz toýam. Şu göbegimiziň gömlen topragyny görýärmiň?.. Galma menden, sür alaşany dözümliräk... Şu topragyň toýuna! Hydyr gören çölüň toýuna! ─ Agahanyň sesi sandyrady, bir meýdan dymyp gitdi. ─ Köneleriň aýtmadyk sözi galmandyr. “Baş bolmasa, göwre läş” diýen söz bar. Şol sözi türkmenler aýdypdyr! Her öýüň, her tiräň, her taýpaň başy bar. “Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi”. Ýalanmy eýsem? Ili eýesiz goýdular. Guýrugy görkezip: “Ynha, şu seniň başyň bolmaly” diýýärler. Guýruk hemişe porsa ýakyndyr. Rahmanyň pikiriçe, daýysy Gaýraty göz öňünde tutup aýdýardy. Gürrüňiň dowam etdirilmegini islemedi, soňunyň Asmana ýazaryndan ätiýaç etdi, ony başga ýana sowmaga dalaş etdi. ─ Daýy, rugsat bolsa, bir zat sorajak. ─ Aýt. ─ Neme-le, daýy... ynha, şu Hydyr bar-a... şoňa ynanýarmyň? ─ Hydyra?.. Bu neneňsi sowal boldy? ─ Aý, kelläme geldi-de, soraýdym-da... ─ Göniňden gel! Rahman Aýazyň aýdanlaryny gaýtalady, özünden zat goşmady. Agahan ilki garagol çagaň etmişini diňleýän ýaly tomaşa bilen güldi, soňam esli mahal dymyp gitdi. Birdenem: ─ Özüň nädýärsiň, ynanýarmyň? ─ diýdi. ─ Men ony tanamok, daýy. ─ Tanamasaň, tanajak bol! Her hili ýol bilen baýap ýören bar. Uly ýolda adam talap ýöreniňkem bir ýol. Il olara “baý” diýenok, “galtaman” diýýär. ─ Hydyr dagy galtaman dälmi? ─ Bolubersin galtaman, balşewigi talasa bor! ─ Men-ä düşünýän däldirin, daýy. ─ Sen entek uçursyz kän zada düşüneňok. Biziň barjak ýerimizde “Agahan Hydyr bilen geler” diýip oturandyrlar. Men seni alyp barýan, şoňa düşün. Bir adamyň baýamagy üçin ikinji adamyň ölümi hemişe amatlydyr. Ýöne herki zadyň öz pursaty bolmaly. Dünýäde hemme adam haýsydyr bir pursada garaşyp ýaşaýar. Käbir adam şol pursadyň gelenini bilenok, ýa bilse-de, ulanmagy başaranok. Eger Hydyr ökdelän bolsa, bu diýmek, onuň zorlugy. Biz ondan gorkmaly däl, biz ondan seresap bolmaly. Olar durman gitdiler. Wagt günortadan agdy. Atlaryň bireýýäm gylawy ýatdy. Agahanyň gep atmasy galdy. Çölüň bahar pasly başda Rahmanyň gözüne mährem görnenem bolsa, soňabaka öwrenişdi. Otlar geçen ýylky otlary, güller hemişeki gülleri ýatlatdy. Rahmanyň olara nebsi agyrdy. Olar ömürleriniň gysgadygyndan bihabar, asmandaky Güne garap ülpüldeşip otyrlar. Şol Günüň howram bahym bulary guradyp taşlar. Ýylanyň owadan gözüne guwanyp, onuň agzyna düşýän jandarlaram, şu otlara meňzeýär. Olar aldawyň, haýynlygyň gurbany. Emma adamlar muňa “ykbal” diýýärler. Ykbalyň öňünde hemme zat alaçsyz. Adamam şeýle. Ol şu otlaryň ykbalynyň çözgüdini bilse-de, özüniň ertir nämä uçurajagyny bilenok. “Ony diňe Hudaý bilýär” diýýärler, şony bilýänligi üçinem Ol adamdan güýçli bolmaly... Bäş atly olaryň ýoluny kesdi. Atlylar, edil ýeriň teýinden çykan ýaly, duýdansyz peýda boldular. Olaryň baştutany Agahany tanaýan ekeni. Ol ýeke sowal berdi: ─ Ýolda-yzda gara gördüňizmi? ─ Hudaýa şükür, göremzok. ─ Baryberiň. Atlylar galdy. Agahan: ─ Hanalyň ýigitleri ─ diýdi. Olar ýene çaý içim salym gitdiler. Ilki çal tüsse göründi, soňam gaýnatmanyň ýakymly ysy burna degdi. Agahanyň aty gulaklaryny keýerdip kişňedi. Beýik alaňyň eteginde olary ýene sakladylar. Topar atlyň öňüne düşen ýigit salam berdi. Agahan yssy mähir bilen: ─ Saglykmy, ýigitler ─ diýdi. Ýaş ýigidiň aýagynyň aşagyndaky ak at Rahmanyň gözüne çakdan uly göründi. Göwre bilen deňeşdireniňde müjüni ýada salýan kelle, hol, asmanda galgady. Ýigidiň başyndaky ak telpegem ondan pesdedi, töwerekdäki çäge depelerem onuň deňine ýetip bilmedi. Rahman alaşasynyň ýadawlykdan boýnuny sallap duranyny bilse-de, häzir janawer şony özüniň kiçiligine utanyp edýän ýaly göründi. Atyň üstünde oturan ýigit tumşugyny asmana tutdy. Onuň eňegine ýaňy päki degipdir. Ony hem zerurlykdan däl-de, ýigit çykandygyny duýdurmak üçin howlugyp eden ýalydy. Gözünde çaga bilesigelijiligi bardy, entek ýüzüniň eti gatamaga-da ýetişmändir. Ýigidiň sesi tommaýly çykdy: ─ Kim bolarsyňyz? ─ Maňa Agahan diýýärler. ─ Gapdalyňdaky?.. ─ Ýegenim. Ýaş ýigidiň özüne seredişini Rahman halamady, onuň garaýşyndan ýakymsyz şübhe duýdy. Ol Agahanyň sözüne ynanmaýandygyny duýdurmak üçin seredýän ýalydy. Rahman onuň gopbamsylygyny, özüni mazamlaýşyny ýigrendi. Onuň atynam ýigrendi. Ýaş ýigit serenjam berdi: ─ Myrat, ýaşulyny ugrat. Ol henizem Rahmandan gözüni aýyrmandy. Agahan nökeriň yzyna düşdi. Rahmanam ugramakçy boldy. Ýigit: ─ Howlukma ─ diýdi. ─ Häzir senem ugradarlar. Rahmany ugradan nöker guýynyň oýuna günbatardan indi. Adamlaryň gaýda-gaýmalaşygy näme üçindir birden ýara düşen sansyz gurduň müňňüldisini Rahmanyň göz öňüne getirdi. Guýudan ýeňsede, gaýmalaşykdan biraz üzňe dört sany ak öý otyrdy. Agahany şol ýerde atdan düşürdiler, ortaky öýe çenli ugradyp, gapyny açyp berdiler. Ol säginmän girip gitdi. Rahman: “Daýym meni unudaýdy öýdýän” diýip pikir etdi. Öňdäki giň agyldan çörüň ysy aňkap dursa-da, içinde goýun görmedi, aýagy duşalyp kowlan atlary gördi. Agahanyň atynam idip, agyla tarap alyp gaýtdylar. Oýda ýene bäş sany öý bardy. Olary guýynyň taýagatym ýokary ýanynda öňli-artly edip dikipdirler. Açyk gapylar gowagyň agzy ýaly garalyşyp görünýärdi, girip-çykýanlaryň gürlügi garynja hinini ýada salýardy. Gumuň eteginde ýedi goýny birden soýup durlar, ýene iki sany janaweri idirdedip alyp barýarlar. Rahman hatar ojakdaky bugaryp duran gazanlary sanamaga ýetişmedi. Birden yzly-yzyna atlar kişňäp, agylyň içine gozgalaň aralaşdy. Aýagy duşalan atlar böküşip, hamala tomaşadan galyp barýan ýaly, ýylgyn haýatyň aňyrsyndan boýunlaryny süýndürip heläk boldular. Horguryşyp, biri-birine toýnak salyp başladylar. Rahmanyň alaşasy gulagyny keýertdi, gapdaldan barýan nökeriň aty bolsa ilden kem galmajak bolup kişňedi, burnuny parryldadyp, aýlawa goýberiljek bedew kimin towsaklan boldy. Nöker jylawy çekip: ─ Baýtalyň ysyny aldylar weli, Tulpar işan gelýändir ─ diýdi. ─ Tä gidýänçä rahatlyk bolmaz. Ýeri, şuň ýaly märekä at münüp gelende bolanokmy, edil şo baýtal bilen bagry badaşan ýaly. Agylyň aňyrsyndan iki ýabyly tirkeşip çykdy. Öňdäki dor baýtalyň üstünde ak selle bilen ala dona çolanyp oturan adamyň somalyşyp duran eginleri garantgany ýatlatdy. Ol töweregiň galmagalyna, kemteresinden, başynam galdyrmady. Rahman öýe giren dessine, öňünde çaý goýdular. Orta ýazylan dokama saçagyň üstünde üç tegelek nan bilen bir okara saryýag, gapdalda-da tikeç gant bilen şaha nabat çaşyp ýatyrdy. Töwerekde dik oturandan süýnüp ýatan köpdi. Rahman olaryň birinem tanamady. Eger tanyş ýüz gören bolsa, öňi bilen bu toýuň nähili toýdugyny sorajakdy. Beýle geň toýy henize deňiç görmändi. Geleli bäri içde-daşda aýal-gyza gözi düşmedi, hemme ýerde diňe erkekler, özleriniňem hemmesi ýaragly. Hyzmat edip ýörenem, oturanam ýaragyny ýanyndan aýranok. Gapdalyndakylaram şeýle. “Belki, bularam özüm ýaly bihabardyr, biriniň gapdaly bilen gelen adamlardyr” diýip pikir etdi. Gözenegiň öňünde tirsekläp ýatan şykgy ýüzli adam dodaklaryny şapbyldadyp, owurdyndaky süýjini sorýardy. Onuň gözlerindäki ýakymsyz ýitilik solak ýüzüne gelişmeýärdi. Wagtlaýyn keýp bu dünýäniň aladasyny onuň ýadyndan çykaran bolara çemeli, ol: ─ Baýak, Zöhre jan düýşüme giripdir ─ diýip, gürrüňe başlajak boldy. Oturanlar hä bermäň deregine tomaşa bilen güldüler. Ýaňky adam gülkini halamady, ajy ýylgyryp, töweregindäkilere ýekän-ýekän garap çykdy. Ýylgyrman oturan Rahmany görüp sägindi. ─ Ýigit, sen kimlerden bolarsyň? ─ Agahanlardan. ─ Ä-hä... Agahan diýsene... Maňa-da “Şirli han” diýýäler, Zöhre jany görenimem hak. “Jynly oýuň” ilersindäki düzlüge çykdym weli, keteni köýnekli, başy altyn gupbaly bir gyz gelýär!.. Saňa ýalan, maňa çyn, şu ýaňky, tüm garaňky gije gündizlige öwrüldi duruberdi. “Zöhre jan!” diýip gygyrdym. Pakyrjyk maňa tarap gujagyny gerip ylgady weli, şu saňa ýalan, maňa çyn, asmandan elhenç bir zat indi-de, Zöhre jany aldy-da ötägitdi... Ýene gülüşdiler, dilleriniň keýpini gördüler. ─ O görgüli Tahyry gözläp çykandyr. ─ Beý diýme-le, “Jynly oýuň” ilersinde Tahyryň nä köri bar? O pakyrjyk, hakyt, Şirli hany küýsäp çykan bolmaly, şeýle gerek? ─ Çolaja ýerde-hä duşan ekeni. ─ Bi aýallarmy?!. Gör, şo döw asmandan inmedik bolsa, Zöhre-de biwepalyk etjek ekeni. ─ Şirli han, sen şo “Jynly oýy” sypdyrma, Zöhräň hökman geläýmeli, men bi aýallara beletdirin. Şirli kanagat bilen diňledi, soňam: ─ Ýaňsylaň, gülüň ─ diýdi. ─ Ýeriň ýarygyna gülmeli mahalyňyzdyr. O siziň diýýän Zöhräňizi başyma ýapaýynmy, men öz Zöhrämiň derdine ýanýan. Ynha, indi ýigrimi ýyl zaryny çekip ýörün, gelmejeginem bilýän, menden Zöhre ötdi, meni Zöhre başyna ýapsynmy?!. Şonda-da, hälki, ýöne... Ýeri, men akmak kime düşündirjek bolýan diýsene... Ol ahmyr bilen başyny ýaýkap, çaýly käsä eňegini basdy. Gözleriniň ody öçdi. Eli çäýnekli gapydan giren ýigit habaryny bermäge howlukdy: ─ Adamlar, Selim işan geldi, atdan düşüp dur, görerin diýseňiz, çykyň daşary. Dört adam bada-bat gapa topuldy. Şirli gozganmady. ─ Selim işanam özümiz ýaly ynsandyr-da, oň üçin basga düşüp... ýa’k, sizem-ä, walla... ─ diýdi. Daş bosagada duran ýigitleriň biri jogap berdi: ─ Asyl seni göterip atdan düşüräýmezler. ─ Düşürtmenem! Entek meň dyzymyň kuwwaty gaçanok. ─ Hany, “Işan aga Owganda ýaşajyk gyza öýlenenmiş” diýýärler-le? ─ Rastdyr. Meniň eşidişime görä, özem düýn-öňňin şo taýdan gelen bolmaly. ─ Aý, Şirli han, diýseňem, Selim işan entek daýaw. Seret, oň dikgerip durşuny, ýüzi dagy asmana seredýär. ─ Wah, ileriň tirýeginiň güýji güýçmi näme?! Rahmanyň gapdalynda gürrüňe goşulman, ýüňli ganara ýaplanyp oturan, eňegi kelte, burny uzyn adam: ─ Eý, agzaçyk ─ diýip, Şirlä haýbat atdy. ─ Agzyňa ak-da gelse, gara-da gelse, goýberip otyrsyň, utan! Pygamber ýaly adamy özüňe deňeme! Beh, awylygyny atypdyr-da, walla, diýjegini diýip otyr-aý!.. Selim işanyň bäri dolanmasynyň özi ─ gudrat! Selim işan gelen bolsa, ine, görersiňiz, hä diýmän Jüneýit hanam geler. Iňlis ýaňadan baş götermese, tüf ýüzüme! ─ Onuň kelte dodagynyň üstüne abanyp duran gelşiksiz gara murty soň oturdylan ýaly, ýene biraz janygsa, gopup gaýdarly göründi. ─ Selim işanyň kerweni bilen näme gelenini bilýärmiň? Daşardan biri gygyrdy: ─ Ýarag. ─ Gapdalynyň gyzyly bilen! Selim işan ─ Hydyr ata! Başarsak, biz baryp, hut oň dabanyndan ogşamaly! Sen, akmak, dul heleýiň meýlisine gelen ýaly kökläpsiň-de... Gaýdyp, işan aga hakda ýagşydan-ýamandan söz diýseň bara... Ol guşagyny sermeleşdirip, dyňzap duran demini goýberdi. Şirli perwaýsyzlyk bilen: ─ Sen, halypa, gaty çişýäň weli, kimlerden bolarsyň? ─ diýdi. ─ Kimlerden bolamda, saňa näme? ─ Ýok, sen kimlerden, tiräňi aýt! ─ Porsulardan. ─ Onda şu taýda bir porsaman otur. Oturanlar gülüşdi. Rahmanyň gapdalyndaky adam käýindi: ─ Aý, sen-ä adamam däl ekeniň, eşek ekeniň. Taýmaz galtamanyň gelendigini eşidende, Rahmanam daş çykdy, asyl öýüň içinde galan bolmady. Daş-töwerekde märeke köpeldi. Köpüň nazary ýeňsedäki ak öýleriň arzysyny artdyrdy. Rahman şol pursat şeýle zatlary gördi: goýun janaweriň gaňryp damagyny çalan adam awuna penjesini uran bürgüt ýaly bolup oturyşyna, çukura akýan al gana garaman, Taýmaz galtamana seretdi. Aşpezlik edýänleriň elindäki gara susak gazana ýetmän galdy. Odun aýyrýanlaryň paltasy ojar töňňesine batan ýerinde togtady. Guýynyň oýuna çölüň ümsümligi aralaşdy. Muny haýwanlaram duýdy. Atlar Tulpar işanyň baýtalyny unutdylar. Taýmaz galtamanyň pes boýly, ykjam göwresine seredýän adamlaryň kalbynda döreýän pikirleri, aňyrsyna-bärsine göz ýetirip, bir ýere jemlemek, olardan belli bir netije çykarmak mümkin däldi. Birnäçeler mundan öň ony telim sapar görüp, onuň mertligi, gaýduwsyzlygy, rehimsizligi hakda mahabatlandyryp aýdylýan gürrüňleri, şu kiçijik göwräniň gudraty hökmünde kabul etmäge endik edinen adamlardy. Ol adamlar galtamanyň apaň-apaň basyşyny, hemme kişä şübhe bilen seredişini, galyberse-de, ýüzüne aýdylýan ýalynjaň sözleri, hamala, özüne degişli däl ýaly görnüşde kabul edişini onuň belentligi hasap edýärdiler. Olar häzirem şol belentlige guwanç bilen syn etmäge miýesser bolandyklary üçin kime alkyş aýtjaklaryny bilmän durdular. Rahman Taýmaz galtamanyň adyny köp eşidenem bolsa, ony birinji sapar görýärdi. Onuň uçursyz mertligini taryp edýän adamlar, öňi bilen atyň üstüne gonan ala garganyň edil gözünden urşuny aýdardylar. Soňra gyzyllaryň otrýadyny gyrşyna geçerdiler. Ol on dört adamyň läşini münderledip, gapdalyndaky oba baranda-da: “Pylan ýerde birgiden geçi soýup gaýtdyk, üstünde-de teke geçi ýatandyr, ähliňiz gidiň-de, şoňa tomaşa ediň” diýip perman berýär. Adamlar geçä derek soldatlaryň maslygyny görýärler, “teke geçi” diýenem otrýaddaky türkmen ýigidi ekeni. Taýmaz galtamany garşylamak üçin öýden çykan adamlaryň öňünde Hanaly bilen Selim işan durdy. Rahman daýysyny olaryň gapdalynda görerin öýtdi, bolmady. Agahan yzdady. Taýmaz oňa golaý görüşmesini bes edip, gapa tarap ýöneldi. Duranlar bilen ahyryna çenli görüşmegi ol özüne kiçilik bilýärmikä? Onuň baýlardan göwni galan bolmagam ähtimal, sebäbi, il arasyna şeýle bir gürrüň ýaýrapdy: iki süri goýnuny galtamanlara aldyran Berdi baý alaç tapman, Taýmaza ýüz tutýar. Taýmaz: “Iki süriniň bir ýylky girdejisinden geçermiň?” diýýär. Baý razy bolýar. Taýmaz sürini dolap getirýär, baý weli, “şertim şahyma” edýär. Günleriň bir güni Taýmaz Berdi baýyňka gelip, lebzinden däneni üçin ýa onuň özüni, ýa-da ogluny bir oka tabşyryp gitjekdigini aýdýar. Şeýdip, ol Berdi baýy edil obasynyň içinde öldürip gaýdýar. Elbetde, baýlaryň bu wakany unutmajaklary hak, ýöne häzir olaryň bolşy alaçsyzlyga meňzedi. Şirli öýüň törüne geçip barýarka: ─ Işan molla-da gerekse gerekdir weli, häzir türkmen üçin Taýmaz ýaly adamlar köpräk bolaýsa!.. ─ diýdi. Oňa gap dulda çaý gaýtaryp oturan, iki gaşynyň arasyna gylyç ýarasy düşen, daýaw ýigit jogap berdi: ─ Onsuzam galtaman gyt däl, her sazagyň düýbünde biri ýatyr. Şirli hä diýmedi: ─ Wah, inim, iň ýaman ýerem şol-da! Her sazagyň düýbünde ýatman, şolaň bary üýşüp, bir sazagyň düýbünde ýataýsadylar!.. Daş bosagada ädigini süpürip duranyň biri: ─ Türkmen ony etmez ─ diýdi. ─ Etmän geçsin, Ylahym, ahyr etsin! Etmäni üçin oňly günem görenok-da! Görmezem, işalla! Her obaňda iki sany käpire dönen başyna orsuň papagyny geýip, edenini edip ýör. Indi, biz nädýäs: bärden gykuwlap barýas-da, papakla gaharymyzy bigünä garamaýakdan çykarýas. Ol görgüliň ýazygy näme diýsene? Ol kim güýçli bolsa, şoň diýenini edýär. Biz çatmasyny otlap gaýdýas, ol nädýä: özüne pena gözleýär. Onsoň ölseňem, şol iki papaklyň ýanyndan ony aýyrmarsyň, edil ýelimlenen ýalydyr. Şolar näme diýse, ynanar, näme diýse-de, eder. Biz galtaman bolup galybiris. Galtamanam-da! Rahmanyň gapdalyndaky murt ýöne oturyp bilmedi: ─ Sen ─ şuraň iberen içalysy! Şirli kikirdäp güldi-de, gyssanjyna ýassygy tapbatlady, birdenem, neşesi öçen gözlerini agdaryp, murtuň üstüne süründi: ─ Ynha, men şuraň içalysam-da, heý, eliňden geljek zat barmy? ─ Edil maňlaýyňdan otlaryn! ─ Meň ... otlarsyň! Murtly sapançasyna ýapyşdy, şol bada onuň elinden tutdular. Şirli içýakgyç rahatlyk bilen: ─ Beýle ärmämmet bolsaň, bar, gaýratyňy şura hökümetine görkez ─ diýdi. ─ Beýle gylawly ekeniň-le... Hol-ha, heleýler başyndaky topbyny oda atyp ýör, ýaryl, ýarylýan bolsaň!.. Gyzlaň balagyny çykardy, näme öleňok? Gap dulda oturan ýigit gygyrdy: ─ Boldy, haw, Şirli, juda ýürege düşme. ─ Bolýa, bolýa, men lal açdym, geplämok. Şirli ýüküň astyndan sypan ýaly haşlap, göwresini ýassyga oklady. Içerik agyr ümsümlik aralaşdy. Gap dulda oturan ýigit köşeşdiriji äheňde: ─ Bir bakuwda, adamlar, Şirli hanyň aýdýanynyň janam ýok däl ─ diýdi. ─ Ýok, meňki galatdyr, men ─ şuraň içalysy. ─ Otursana, Şirli, beýtme-le. ─ Geplämok-geplämok! ─ Şu günki ýygnanyşyk birek-biregiň ýüzüni görmek üçin-ä çagyrylandyr öýtmäň. Mundan beýläk, ýaňky Şirli hanyň aýdyşy ýaly, bir sazagyň düýbüne ýygnanmasak boljak däl. ─ Men ters aýdýandyryn, şuraň içalysynyň sözi bolmaz! Sözläp oturan ýigit başyny ýaýkady: ─ Beh, häsiýetiň şu bolsa, Şirli han, hiç mahalam Zöhräňe duşmarsyň. ─ Bes et! ─ Şirliň elinden sypan çaýly käse tärime degip çym-pytrak boldy. ─ Siz ölen bendäni gabrynda ýatyrjakmy-ýok?! Onuň ýüzi birden göm-gök boldy-da, ysytma tutýan ýaly süňňi saňňyldady. Elleri gapdalyndaky ýassygy sermeläp tapdy. Gep-gürrüň galdy. Agahan garaňky düşende ugramakçy boldy. Öňden çykalyp, taýýar edilen ýüki Rahmanyň alaşasyna atdylar. Ýüküň gabarasy uly bolmasa-da, agyrdy. Köne ýorgana dolanyp, tanap bilen mazaly saralany üçin, Rahman onuň nämedigini aňşyrmady. Diňe ýaragdyr diýip güman etdi. Agahan ýegenine gep atmady. Ol öz keýpi bilen barýardy. Hiňlenip aýdym aýtdy. Atynyň alakjap barşyna, alaşadan esli ara açanynam duýmady, alaňdan aşanda garasy ýitdi. Agahan oýda garaşyp duran ekeni. ─ Sür gatyrak, ölesi ýok ─ diýip gygyrdy. ─ Daýy, bi ýükümiz näme? ─ Hä, aňşyrmadyňmy? ─ Aý, güman etmänem duramok... ýarag bolaýmasa? ─ Berekella! Onda-da iňlisiň suw ýaly onbiratary! Neneň, ýigitlere göwnüň ýetdimi? ─ Tanaman, bir zat aýtmagam kyn, daýy... Agahan öýkeli äheňde: ─ Aýtmaweri onda ─ diýdi. ─ Hudaýa şükür, ol ýigitler ikimiziň bahamyza mätäç däl. Her ýerde özüni tanatjak ýigitler!.. * * * Guýa gelip, Agahan ýatmady. Gijäniň galan bölegini Hydyr bilen geçirdi. Rahmany çagyrmadylar. Ol agyr ýüküň astynda halys surnugan alaşasyny agylyň bir künjünde baglap, ot-iým berdi, ýanyndan aýrylmady. “Esewan bolmasa, beýleki ýabylar janaweriň öňündäkini alarlar” diýen ätiýaç bilen esli mahal oturdy. Gijäniň çigregini duýanda ýygryldy. Ýygryldygyça, uky basmarlady. Ony süýji ukuda ýatyrka turuzdylar. Ol göwresini kynlyk bilen ýerden galdyrdy. Töwerekde daňdanyň alagaraňkysyny gördi. Alaşasy iýmini iýip bolupdyr, indem bäş ädim gapdalda gymyldysyz durdy. Rahman agyr pallady, üstüne abanyp duran adamyň giderine garaşdy. Gitdigi, çöpüň üstüne ýaňadan kellesini goýjakdy. ─ Tur, how, bejit! Indi sen zerarly adamlar ýoldan galmalymy? Seret-le muň ýatýan ýerini! Rahman söz gaýtarmady, içinden oňa hapa sögdi. Bedenindäki agyrlyk agyra öwrüldi. Bogunlary ýazyp gymyldasa, on iki süňňi pytyraýjak ýaly oňaýsyzlyk duýdy. Agylyň gapysyna ýetip barýan nökeriň aýdyp giden sözlerini hakydasyna getirende aýňaldy, agyryny ýatdan çykardy. Geçen güni ýatlanda, aladasy artdy. Şol alada onuň ýaşaýşa höwesini gaçyrdy. Asmany göz öňüne getirdi, oglunyň boljagyny ýatlady, emma agyr duýgudan halas bolmag-a beýlede dursun, gaýta, köýen arzuwy ahmyr bilen ýatlamaga mejbur ediljek ýaly gorkdy. Olar Gün dogmanka ýola düşdüler. Guýuda diňe Agahan galdy. Ol ugralmazynyň öň ýanynda Rahmany çete çekip: ─ Bu adamlaryň maňa kesekidigini sen gowy bilmeli ─ diýdi. ─ Häzirlikçe Hydyryň gapdaly bilen gidersiň. Bir aýby bar diýmeseň, bular gowy ýigitler: olar Agahanyň ýumşuny bitirmäge barýandyrys öýdýärler, halys şoňa endik edinipdirler. Sen weli, beýle pikir edäýji bolmagyn. Sen Agahanyň ýumşy üçin gidýän dälsiň, külli türkmeniň derdi seň derdiňdir, türkmen üçin ata çykýansyň! ─ Biz nirä gitmeli, daýy? ─ Hakyň ýoly bilen nirä diýilse, gidibermeli bolar. Hakyky awçy ýaly diňe gaplaňy küýsäp ýola düşgün, ýegen. Daýyňlara gezelenje giden ýaly bolmajagy açyk. Garaz, kesekiň ýanynda meň dilimi gysga etmejek bol. Aýazy edişiňe göwnüm ýetipdi. ─ Daýy, men ony mejbur bolamsoň... ─ Ýogsa, peýwagtyna adam öldürip ýören barmy? Mejbur bolunmasa, kim eline tüpeň aljak? Rahman bada-bat daýysy bilen ylalaşdy: dogry-da, durmuş mejbur etmedik bolsa, Rahman tüpeňe derek çopan taýagyny götererdi. Asman bilen aýralygam bolmazdy, garaja öýleriniň içinde tapanjalaryny iýip, ýaşar ýörerdi. Ol daýysy bilen ykbalyny bir hasap etdi, ýöne Agahanyň sowala göni jogap bermän, syr saklamasy ony kemsindirdi. Rahman oba gidilmejegine güwä geçdi. Eger oba gidilýän bolsa, daýysy oňa hökman Asman barada bir zatlar diýerdi. Olar ilki günorta tarapa sürdüler. Gün dogup, adam boýy galanda, jylawy göni gündogara öwürdiler. Olara hiç kim duşmady, sebäbi, biýol gitdiler. Ençeme depeden aşyp, telim düzlügi geçselerem, olaryň topbagy dagamady. Toýnaklaryň astyndan çykýan ses atlaryň dem alşy bilen utgaşyp, güsürdi emele getirdi. Diňe adam sesi eşidilenokdy, tutanýerli dymyşlyk guýudan gaýdylanda başlanypdy. Adamlaryň ähli zady içine salyp, geplemezligi kasam eden ýaly bolup baryşlary, öli göterip barýan mähelläni Rahmanyň göz öňüne getirdi. Gün guşluga galýança olar allowarradan çykdylar. Ekin meýdanyna gaty golaýlaman, ýene çöle tutdurdylar. Rahmanyň alaşasy halys ýadady. Ol ilki Hydyryň gapdaly bilen barýardy, soňabaka topbagyň ortasyna düşdi. Rahman töweregindäki ýüzleri görende hopugdy. Olar rehimsizdi, kesekidi. Dogrudanam, dymyp barýarkalar, olar gorkunç göründi. Dymyşlyk olaryň sypatyna gaýduwsyzlyk berdi. Özara agzalalyk ýitdi, bedeniň kem ýerini eşigiň gizleýşi ýaly, olar ähli nogsanlaryny häzir dymyşlygyň aňyrsynda gizlediler. Rahmanyň alaşasy ädim ogurlap başlady. Janawer boýnuny süýndürip, iki gaýra büdüredi. Her büdüränden soň, sagrysyna gamçy degerinden ätiýaç edýän ýaly, hasyrdap topbagyň yzyndan ýetýärdi. Rahman gyssanmady, gaýta topbagyň arasyndan çykyp, biraz aýňaldy. Onuň yza galanyna bir kişem üns bermedi. Ol düýpgöter galaýanda-da duýmazlar, duýsalaram, duýmazlyga salarlar. Olaryň öz maksady bardyr, şol maksadyň amala aşmagy üçinem amatly pursatyň döränini bilip howlugýandyrlar. Meni bularyň ýany bilen Agahan iberdi, men zorluk bilen dakylan adamdyryn, muňa, belki, olar gowy düşünýändirler? Rahman daýysy bilen özüni haýdap barýan bir topbak atlynyň garşysyna goýdy. Hydyr üç tarapy alaň bilen gurşalan oýa girip atdan düşdi. Atynyň jylawyny gapdalyndaka tutduryp, öňdäki depä dyrmaşdy. Üstüne çykmady, bukudaky awçy ýaly eserdeňlik bilen aňry seretdi. Rahman dabanynyň aşagyndaky şyr takyr meýdany synlady. Ýykylsaň maňlaýyň ýaryljak, özem edil eliň aýasy ýaly tekiz. Käýerde ýagyş suwunyň emele getiren kesmegi Günüň çoguna çydaman, pakga-pakga galyp, sagat bedene düşen ýarany ýada saldy. Rahman agzy ýumrulan ojak gördi, ojagyň öňünde çerkez pürleri çaşyp ýatyrdy. Golaýda ýanaşyk ýakylan iki oduň küli ygaldan soň topraga siňip gatap galypdyr. Rahman bu oýy Hydyr dagynyň mesgenidir öýtdi. Depä galan Günüň ýitelen çogy Rahmanyň ukusyny tutdurdy. Alaňlaryň gerşindäki ülpüldeşýän gök ýylaklar ýumşak düşegi ýada saldy. Ol agyr pallady, erni gulagyna çenli ýirilip gitdi. Hydyr dikeldi, ýöne depäniň üstüne çykman, yzyna gaýtdy. Gelşine-de: ─ Şu taýda garaşýas ─ diýdi. Her kim duran ýerinde atdan düşdi. Kyýas: ─ Garaşanymyz-a gowy weli... ─ diýip, şübhelenýändigini äheňinden duýdurdy. ─ Häli onsoň, geçip giden bolaýsalar?.. ─ Arkaýyn bol... Olary saz-söhbet bilen ugratjakmyşlar, he-he... Ugratsynlar bakaly ─ Hydyr lezzet bilen murtuny sypady. ─ Nedir jan, biz olary neneňsi garşylarys? Nedir höwes bilen sapançasyny depesinde galgatdy. ─ Ine, şuň bilen! ─ Heý, akmak, aýal maşgalaň göwni sapança bilen tapylýanmydyr eýsem? Nedir uzyn eňegini titredip güldi: ─ Hudaýa şükür, beýlekisem taýyn. Rahmany der basdy. Olar hapa ýomaklaryny Rahmana kakdyryp aýdýarlar. Olar çete çykyp, ony güjük ýaly dalamakçy bolýarlar. Şu ýagdaýda-da olaryň girisine aýal düşse, eý Hudaý, bagtygaranyň dat gününe! Olar Rahmana göz görkezmek üçin iki esse beter haramylyk ederler... Näme üçin Rahmanyň ugran ugry betbagtlyk? Bu kimiň hökümi bilen bolýan zat? Hudaýyňmy ýa-da onuň bendesiniň hökümi bilenmi? Hydyr çakgyň çüýi ýaly ýyltyldaýan gözüni Rahmanyň ýüzüne dikdi-de, murtuny gyşardyp, şelaýyn ýylgyrdy: ─ Rahman, beh, dost, senem bar ekeniň-ow, häý-jänä!.. Daýyň bilen gidip, perman getirdiň, indi bi, ýüzüňi asyp durmaň näme? ─ Men ýarag getirdim, permandan meň habarym ýok. ─ He-he... Ýok, halypa jan, siz permanam getirdiňiz. Biler bolsaň, häzir şujagaz ýoldan bir topar aýal-gyz geçmeli. “Başlary topbusyz, götleri balaksyz” diýdiler. Men, hut, daýyň sözüni aýdýan, duz jan ursun! Orsuň okuwyna barýarmyşlar. Biziň wezipämiz ─ topbajygy bilen şojagazlary ele salmak! Wessalam! Permanda şeý diýilýär gerek? ─ Habarym ýok. ─ Onda men seni habardar edýän. Agahanyň saňa ynanmaýşyny diýsene?.. ─ Hydyr ajy ýylgyrdy. ─ Özi bilen maslahata alyp gidýär, ýene syryny saňa aýtman, bize aýdýar. Biz-ä düşýän däldiris şu adamlaryň bolşuna, duz jan ursun!.. Rahman jogap gaýtardy: ─ Hydyr, sen başarsaň, igäňi Agahana sürt! ─ Şeý diý-ä! Mende ige ýok, gylyç bar. Agahanyň adamy bolýan bolsaň, kölegä bukulan bolma! Meň edenimi, halypa, senem edersiň, bökersiňem! Şuraň hülli-hüllüsine serhoş bolan urkaçylar bilen nähili gürleşmelidigini bir sapar görkezeýin saňa, galanyny özüň etmeli bolarsyň! Rahman jogap gaýtarmady. Basgyň astyndan çykan ýaly iki egniniň üstünden dem aldy, ýogyn burnunyň içinde sykylyk çalyndy. Ol ýene bir gara günüň başyna düşenine göz ýetirdi, çykalga gözlärden ejizdigini aňdy. Şonuň üçinem bu ýagdaýy keç ykbalyň taýýarlap goýan jezasy hökmünde kabul etdi. Hydyr serenjam berdi: ─ Kyýas, derrew Akdepä ýet, peýda bolduklary, habaryny ýetirersiň. Baranyňy, gaýdanyňy adam ogly görmesin. ─ Asyl, başaraýjak zadym-da! ─ Öwez, senem depä çyk, gara gördügiň, yşarat edersiň. Galanyňyz bolsa... Goý, gara ýerden seda çyksyn, ýöne sizden çykmasyn. Hydyryň özi ilki bilen takyr ýere gyşardy. Ýene oýuň içini çölüň ümsümligi gaplap aldy. Gün süýr depä galanda, ýeňseden Kyýas çapdyrylyp geldi. ─ Gelýäler ─ diýdi. Ol gelnaljyny ilki gören oba oglanynyň keýpi bilen habaryny ýetirdi. ─ Olaryň ýanna jemi dört atly: üç milisge, birem gaba telpek, tüpeňsiz. Hawa... purgunyň üstünde heleýler. ─ Ol süýjülik bilen dodagyny şapbyldadyp, gözlerini oýnatdy. ─ Purguny sürüp oturan ýaş ýigit, hä diý, jemi bäş erkek. Iki milisge bir menzil öňden gelýä, olary duşumdan geçirdim, yzkylary görübem... öňdäkiler häzir golaý gelen bolmaly. Depäň üstündäki bukulyp ýatan Öwez gymyldamady. Hydyr: ─ Men ojagazlaryň pirimine düşünýän ─ diýip, mekir ýylgyrdy. ─ Howp duýan dessine, öňden gelýän iki milisýe tüpeň atar, yzkylaram gaçma bilen bolar, düşündiňiz gerek, he-he... Nädýäs diýsene, öňdäki ikini geçirýäs. Kyýas, Nedir, ýene kim?.. Äý, sen ─ Hydyr neşe ýüz adama elini uzatdy. ─ Üçiňiz olar bilen gapdallaşyp gidersiňiz. Bärden tüpeň sesi eşidýänçäňiz atmaň, garaşyň. Biý-ä şeýle... Indi biz ýädýäs: diňe milisýäni atmaly, ony özüm bir zat ederin. Ýaragsyza degmäň... Göreli bakaly, biriniň hossary bolmagy ähtimal. Ýöne men atamda, sizem atarsyňyz, üstaşyr atyň. Iki tarapdan ýola gabarys, wessalam! Atlaryň ýanynda Rahman galar. Onýança Öwez depeden yşarat etdi, duranlar dyr-pytrak boldy. Rahman sähel salymdan bagryny çägä oýkap ýatan adamlaryň hataryny gördi. Çaý içim salym agyr ümsümlikde geçdi. Birdenem çöli sarsdyryp tüpeň atyldy, yzy pakyrda ýazdy. Rahmanyň alaşasy duran ýerinden serpilip gapdala düşdi. Beýleki atlar äwmedi. Ýatanlar omadaklaşyp turdular-da, depeden aňry aşdylar. Demirgazyk tarapda atyşyk dowam etdi. Soňra olam galdy. Rahman: “Dyndylar öýdýän” diýip, agyr oýa batdy. Furgony üstündäki goş-golamy bilen ýoluň ortasynda otladylar. Ele düşen adamlary boşan atlara mündürip, dik ilerligine gitdiler. Atlylar sazak jeňňeline urdular. Birden hiç kimiň kellesine gelmedik waka boldy. Aýagy çokaýly, başy köne şempa telpekli adam gahar bilen jylawy dartyp, Hydyryň ýoluny kesdi. ─ Bularyň kethudasy senmi? ─ diýdi. Onuň ýogyn sesinde ynamsyz arkaýynlyk bardy. Hydyr öjükdiriji äheňde jogap gaýtardy: ─ Hawa, ynha menmişim-dä?.. ─ Sen bolsaň, meň arzymy diňle. ─ Aýt, göreli, ýöne çaltrajyk. Nedir gamçysyny galgatdy. ─ O bizi güýmejek bolýa! ─ Goý aýtsyn. Aýagy çokaýly töweregindäkilere üns bermän: ─ Maňa Durdy diýýäler ─ diýdi. ─ Daýhançylyk edýän, ýerim bar, suwum bar. Hudaý meni aýaldan betbagt etdi, ýamana sataşdyrdy... Onuň aşaky eňegi saňňyldap, sesiniň towy gaçdy. Ol özi ýaly bir topar erkegiň öňünde aýaldan zeýrenip duranyna namys eden ýaly: ─ Tüýs amaty, asyl meň garaşyp ýören pursatym-da ─ diýip, aldajy kimin gygyryp ugrady. Onuň süňklek ýüzüniň damarlary bildirip, iňňän tolgunýandygyny aýan etdi. ─ Ine, şu sapar men Hudaýdan razy. “Alla jan, özüň bir göz görkez!” diýip gelýädim. Asyl dilegim bolaýdy, Alla sizi ýollapdyr. Ol ýüzüni aşak salyp, gözlerini gür gaşlarynyň aşagynda gizlänsoň, aýdýan sözüniň çyndygyny, ýalandygyny bilmek kyndy. ─ Sen düşnüklije aýtsana, näme diýjek bolýaň? Ol bu sapar göni Hydyryň ýüzüne garady. ─ Hol oturan meň aýalym, rugsat berseň, şu ýerde öz elim bilen öldürip gitjek. Atlylaryň bary birden eýere ýapyşyp, oturan başy egmeli gelne gyzyklanma bilen garadylar. Kyýas şol bada Hydyryň gulagyna çawuş çakdy: ─ Oňat gelin ekeni, walla, rugsat berme. Hydyr murtuny gyşardyp ýylgyrdy: ─ Sen bir zady aýt-la: öldürjek bolsaň, öň görmediňmi? ─ Herki zadyň öz pillesi bolmaly. ─ Şeý diý-ä! ─ Çekip-çydara gurbat galmady, ahyry şu gün öldürerin diýdim. Heleýiň betini aždarha bilen deňäpdirler, şo dogry. Aýal ilden çykmasyn, derdi başga boljak ekeni. Guwanyp gaýdandyr öýdýäňizmi? Pursat arap geläýdim. Hydyr ýoldaşlaryna garap, tomaşa bilen: ─ Hany, şü nädýärkä, göreliň-le ─ diýdi. ─ Düşüriň, baryny düşüriň. Ýesirleri aýmançanyň ortasynda duruzdylar. Rahman indi olary ýekän-ýekän synlamaga ýetişdi. Üç gyz bilen bir gelin. Olardan iki ädim beýlede-de ýigrimi bäş ýaşlaryndaky ýigit dur. Durdyny olaryň arasyna goşmadylar. Toý lybasyny geýnen üç gyz bilen gelin Rahmana çölüň bahar paslyny, onuň gözelligini, ömrüniň gysgalygyny ýatlatdy. “Olaryň täleýi meňzeş ekeni” diýdi. Bu görgüliler gurduň ordasyna duşdular, indi aňsat sypmazlar. Ykbal ölüm üçin her kime bir ýol taýýarlap goýýar. Ykbal bu pakyrlary it aldan ýaly aldapdyr. Olar “toýa” diýip, toý lybasynda gaýdypdyrlar. Gör-le, olar göni ölüme geldiler. Üç gyz, üçüsem ýaşajyk. Başlaryna gülli öýme daňnyp, saçlaryny goýberipdirler. Keteni köýnek entek eginlerinde ýer etmäge-de ýetişmändir. Biri garaýagyz, biri bugdaý reňk, üçünjisine nähili reňkde diýjegiňem biler ýaly däl. Bir görseň, garaýagyz ýaly, bir görseňem, bugdaý reňk. Garaýagyz gyzyň boýy beýleki iki gyza görä dartgynly, göwresem dolmuş. Köýneginiň öňüne hatar-hatar apbasy düzüpdir, kükregini ýapyp duran gadymy gülýakanyň şöhlesi alkyma düşüp, gara tene täsin ýagtylyk çaýýar. Bugdaý reňk gyzyň dury gözlerinde gorkudan başga görünýän alamat ýok. Tahýasyna berkiden gupbasy Gün nuruna ýalpyldaýar. Üçünji gyzyň başynda gupba-da ýok, köýneginde apbasam. Onuň nogta ýaly gara saçlary bar. Giň maňlaýy, açyk ýüzi ─ sadalygyň şaýady. Megerem, garyp maşgalada önüp-ösen bolsa gerek, elleri gabarçaga öwrenişen ellere meňzeýär. Egmeli gelin aglady, gyzlaram durup bilmedi. Ýeri, olar başga näme etsinler?! Häzir iki gözlerinden başga nämä güýçleri ýetjekmiş?!. Rahman Durdynyň aýalyny öldürjegine ynandy. “Özümem bolsam şeýderdim ─ diýdi. ─ Häzir ýeňil ölümden amatly çykalga ýok” diýip hasap etdi. Gözüň alnynda namysyňy depgileseler, soňky ýaşaljak günleriň manysy diňe bir zada ─ agyr jeza syrygar. Durdynyňam edýän pikiri edil şu hakdadyr diýesi geldi. Sebäp, aýalyny ýigrenip, onuň ölümine heşelle kakýan adamyň dabarasyny onda görmedi, gaýta, ol özüni has beter horlaýardy. Birdenem şübhelendi. “Ýigrenýän bolmagam ähtimal” diýdi. Haýsy kişi öýde oturan aýalynyň ilden çykyp, okuwa gitmegini isleýändir öýdýärsiň?! Nähili bolanda-da, gep häzir namys hakda barýar. Aýalyna nökerleriň açgöz garap duruşlaryny Durdy görýär, şonuň üçin, ýigrense-de, söýse-de, ony ömürlik hesretden gutarjak zat ─ ölüm, diňe ölüm! Eger gelnem şuňa düşünse, onda gymyldaman öler... Rahman howlukdy. Durdy tüpeň sorady, bermediler, ak saply pyçak berdiler. Onuň eli sandyrady. ─ Maňa tüpeň berseňizläň ─ diýdi. ─ Öz elim bilen bir oka tabşyraýyn. ─ Şolam tüpeňden kem däldir, birje gezek jaýdar ur, wessalam! ─ Tüpeň amatly boljak-da, gulagyny gysdyň ─ gutardy. ─ Hä, adam öldürmek kyn ekenimi? ─ Hawa, kyn. Birje ok beriň, başarmasam, size tabşyrýan. Nedir özelendi: ─ Wah, bu bizi it oýnan ýaly oýnap dur-haw!.. Eý, öldür-dä öldürjek bolsaň, ýa sähet isleýäňmi? ─ Ber tüpeňiňi, näme isleýänimi görkezeýin. Durdynyň gözünden syrygýan ýaşy gören Hydyr: ─ Heý-jänä! ─ diýdi. ─ Begenmäň deregine aglap durmuň? Sendenem bir erkek bormy?! Oňly bolsaň, diňe seň heleýiň öýüňi taşlap gaýtmazdy. Bar, garaň görünmesin. Arkaýynja git, aýalyň dolanyp gapyňdan barmaz, söz berýän! Başga-da özüň ýaly bolsa aýt: “Heleýiňizi okuwa iberiň” diý. Bärde özümiz gaýrat ederis. Ugra! Atlylar gülüşdiler, şowhun turuzdylar. Durdy gozganmady, gaýtadan aýgyt bilen pyçagyň sapyny gysymyna gysdy: ─ Size ýetirmän, özüm birýaňalyk ederin... Ol aýalyna tarap ýöneldi, gyzlar gorky bilen yza çekildiler. Gelin gymyldamady, onuň tegelek ýüzüne täsin rahatlyk nury çaýyldy. Ol äriniň ýagdaýyna düşünen ýaly raýdaşlyk bilen: ─ Durdy... ─ diýip pyşyrdady. Onuň sesi bütin dünýäni mähirden doldurdy. Äri aýak çekdi, pyçakly elini galdyrman: ─ Başga alajym ýok ─ diýdi. Onuň sözleri atlylara ýetmedi. ─ Gatyrak gürle, içiňde janyň ýokmy?! Olar bilgeşläne dil bilen däl-de, göreç bilen sözleşdiler. Gelin mundan artyk äriniň horlanmagyny islemedi, ýuka gabaklaryny iki öwre açyp-ýumdy-da, başyny atdy. Ol rugsat berdi, aşaky dodagyny dişläp, urga garaşdy, emma Durdynyň pyçakly eli ýene galmady. Gelin gözüni açanda, kuwwaty gaçan äriniň yraň atyp duranyny gördi. ─ Getir... getir meň özüm... Ol äriniň elindäki pyçaga ýapyşdy. Şol pursat ýeňseden duýdansyz gürpüldi dünýäni sarsdyrdy. Hydyryň atan oky Durdynyň göwresini ýere ýazdy. Ilki gelin, soňam gyzlar aýylganç ses etdiler. Ikinji gürpüldi olaryň sesini tapba ýatyrdy. Gelniň göwresi älemgoşar ýaly aý berip ýere ýetende, gök keteniniň öňüne düzülen apbasy, ýaş ömrüň soňky pellesiniň alamaty hökmünde, şaňňyrdap ses etdi. Az salym erbet ümsümlik boldy. Üç gyz gysylyp, bir göwrä öwrüldi. Olar atlylara seretmediler, gürpüldä garaşdylar. Rahman atanyny gizlejek bolman, gaýta göz edýän ýaly, haýallyk bilen sapançasyny guşagyna gysdyrdy. Hydyr onuň töwereginde çarp urdy. ─ Kim “at” diýdi saňa? Eý, nalajedeýin, kim saňa “at” diýdi? ─ Men saňa hasabat bermeli däl. ─ E-he! Seret-le muňa?! Kyýas başlyklaýyn, galmagal turuzdylar: ─ Muň edeni öňünden gidýär. ─ Ýa biz durarys ýa-da şol! ─ Kişiň heleýine gezek gelende batyr bolaýşyny... Rahman olaryň ýüzüne-de seretmedi, sözlerinem göwnüne almady. “Bir topar aç itdir, üýrer, goýar” diýdi. Iň esasy zat ─ ol Durdynyň başarmadyk, gelniniň bolsa ýetişmedik zadyny etdi. Olar namys bilen öldüler. Rahman: “Meniň günäm ýok” diýdi. Tussag ýigidi idirdedip, has golaý duruzdylar. Hydyr Rahmana ýüzlenip: ─ Hany, bu duranam at, göreli ─ diýdi. ─ Atman. ─ O nämüçin atmarsyň, buýruk berýän. ─ Buýrugyňy başga kişä ber, men ganhor däl. Hydyrdan başlap, nökerleriň bary Rahmanyň jogabyny ýaňsa aldylar, arkan-ýüzin gaýşyp gülüşdiler. Olaryň gülküsinde şatlyk ýokdy, özlerini kemsidýän adama gahar, ýigrenç bardy. Olar gülki bilen Rahmany äsgermeýändiklerini bildirjek bolýardylar, hakykatda weli, olaryň alaçsyzlykdan içleri ot alyp barýardy. Hydyr gaharyny ortada duran ýigitden çykardy. Atyny debisgiläp barşyna, ugrubir onuň papagyny kakyp aldy-da, ýörite üzeňňä galyp zyňyp goýberdi. Papak gaýyp gidişine allowarrada sazagyň üstüne düşdi. Ýigit maňlaýyna inen ýumşak saçyny sypalap: ─ Beh, papak görseňiz bolanok-aý siziňki... Meň papagymdan gorkmaň, kellämden gorkuň ─ diýdi. Ýigit garagolluk bilen ýylgyrdy, gelşikli dodaklarynyň arasyndan hatar dişleri göründi. Dişleri maýda-da bolsa, gyradeňdi, sagatdy. Onuň inçe ýüzünde aýratyn bir gujur bardy. Ýiti gözleri wäşilik bilen oýnaklady. Rahman bu adamyň bolşuna geň galdy. Ol ölüm bilen ýüzbe-ýüz dur. Iki maslygyň entek ýylysam sowanok. Ol bolsa, daýylaryna toýa gelip, nätanyş märekäniň arasyna düşen ýaly ýyrşaran bolýar. ─ Adyňy aýt. ─ Adymy aýtsam, tanarsyň-da, garyndaş çykaýmagymyzam ähtimal. ─ Şeý diý-ä! Mende saňa meňzeş garyndaş bolmaz. ─ Beý diýme, duşmançylyk garyndaşlyga seredibem duranok. Dogan dogan bilen atyşyp ýör, ölşenlerinem gördüm. ─ Olary duşman eden kim? Siz dälmi? ─ Aý, berekella!.. Biziň obada bir pälwan bar, oň häsiýeti şeýle: göreş tutup ýykyldygy, öýüne gelip eşegini urup ugraýar. “Näme beýdýäň?” diýseň, “Eşek günäkär ─ diýýär. ─ Şu haramgatan bolmadyk bolsa, men ýola çykjakmy, öýde ýatjak ahyry” diýýär. Nökerler onuň gep urşuna gyzygyp, ýuwaş-ýuwaşdan golaýladylar. Kyýas: ─ Hydyr diýýän-ä, bujagazyň diljagazyny düýbünden kesäýseň nädýär? ─ diýdi. ─ Goý, gürlesin, keýpden çyksyn. ─ Dilimi kesmänkäňiz, size adymy bir aýdaýyn. Maňa Merdan diýýärler. Basmaçylygyňyz çyn bolsa, meni tanamaly. ─ Häk, seniň bir... tanamanmy?!. ─ Burny oňurgaly, agzy büzülen süzme haltaň agzyna meňzeş nöker haýbat atdy. ─ Hydyr, inim, Allaň haky üçin, muny maňa tabşyr. Beýnisini çägä garyp, talhan etjek. Popuş batyryň başyny iýen haramzada bi. Nökeriň garyljyk sesi ýatan dessine Merdan: ─ Popuş batyr meň iberen sowgadymy aldymy? ─ diýdi. ─ Hydyr, gepletme ony! ─ Azar berme. O nähili sowgat? Eý, aýdyber. ─ Baş üstüne... Popuş batyryň tüýs Popuş batyr mahaly, bir çopandan habar ýollapdyr. “Arrygyny gynap ýörmesin ─ diýipdir. ─ Meni tutjak bolşy, edil tilkiň öz guýrugyny tutjak bolşy ýaly bolar” diýipdir. “Hop ýagşy!” diýdim-de geziberdim. Soň Popuş batyryň haýy gaçanda, menem adam ýolladym, ýöne onuňky ýaly söz ibermedim, güýçden gaçyp, aç ölen tilkiň maslygyny iberäýdim. “Aldymy?” diýip soraýanym şol. Atlylaryň käbiri ýylgyrdy, ýöne ölümiň öň ýanynda bu ýigidiň magtanyp durşy Hydyryň gaharyny getirdi. “Sapançanyň gulagyny gysdygym, ol ömürlik lal açar” diýip pikir etdi. Emma Merdan üçin ölümi jezadyr öýtmedi. Olar duşman güllesiniň öňünde kükrek gerip ölmegi elýetmez batyrlyk hasap edýärler. Ol bu “bagty” çepiksi ýigide köp gördi. Eger ol ömür diläp ýalbaran bolsady, onda başga gep. Onuň ýalbarmajagy belli. Nädip ony ýalbarar ýaly etmeli? Nädip ony gynamaly?.. Hydyryň kellesine täze pikir geldi. Ol Merdana gozgalaňsyz garap: ─ Sen boş, gidiber ─ diýdi. ─ O nähili boş? ─ Boş-da! Popuş batyry ýeňen adama, eger-eger, el batyryp bilmeris. Garyljyk sesli nöker öňe süründi. ─ Hydyr, bi nätdigiň bolýar? Hydyr oňa üns bermedi, Merdan bilen boldy. ─ Eý, kime garaşýaň? Senlik mesele çözüldi. ─ Ýok-la, mundan çözgüt bolmaz. ─ Aý-jänä! Onda teklibiňi aýt. ─ Goýberiň gyzlary, olar bigünä. Olar size garşy tüpeň atanoklar, atjagam däller. Ikisi ýetim, biriniň bolsa garry atasy bar. Eýýäm bäş adam öldi. Menem altynjy bolaýyn, ýöne bu gyzlary goýberiň. Bulara “okuw” diýenem men, alyp gaýdanam men. Ýaňky furgon bilen bir horjun kitap ýandy. Türkmeniň “Göroglysam”, “Zöhre-Tahyram” şoň içindedi. O kitaplar şu ýatan gelniň kakasyndan galypdyr. “Şolary okar ýaly bolsam, maňa başga ylym gerek däl” diýip gaýtdy. “Özüm okaryn, ile-de okap bererin” diýýärdi. Siz bolsa ol pakyry... ─ Merdanyň gaşlary çytylyp, sesi sandyrady. Gyzlar çydaman aglaşdylar. Ol höwessiz ýylgyryp, gyzlara ýüzlendi. ─ Aglamaň, men sizi taşlap gitmen. ─ Merdan gyzlara has ýakynlaşdy. ─ Siz merdana gyzlar, bilýäňizmi, siz uly ýoluň başyny başladyňyz. Hydyr: ─ Heý, takalyňy bes et ─ diýdi. Töwerekdäkiler pursatdan peýdalanyp, närazydyklaryny bildirmäge howlukdylar. Nedir ýene bokurdagyna bat berdi: ─ O bizi güýmäp dur-how, göreňizokmy? Kyýas dodaklaryny şapbyldatdy: ─ Eýjejik zatlary elden gidireris, walla! Burny oňurgaly kükreginiň ýelini bir zarbada goýberdi. ─ Wah, ýekeje ok haky bar! Merdan olara üns bermän, gupbaly gyza garady. ─ Weý, Hatyja, bi aglamaň näme? Gorkup aglaýarmyň? Hiç haçan gorkmagyn, bizden güýçli ýer ýüzünde ýokdur. Köneleň sözi bar: “Güýji bolan birini ýykar, ylmy bolan müňini”. Biz üçin aýdylan söz! Seniň ugur tapyşyňa haýran galdym, Hatyja, “okuw” diýlen zady şeýdip düşündirmeli. Men ýarym sagat gürleýän, sen weli, ýekeje minutda adamlary gürlemez ýaly edipsiň. Utanma, Hatyja, indi menem şeýderin. Edil seň edişiň ýaly, çyrany söndürägeden: “Meni görýäňizmi?” diýerin. “Ýok” diýerler. Çyrany ýakaryn-da: “Indi?..”, “Görýäris” diýerler. “Görýän bolsaňyz, okuwam edil çyra ýalydyr” diýerin. Başga gep gerek däl! Gyzyň ýaşly gözlerine mähirli ýagtylyk çaýyldy, ter ýaňaklarynda gelşikli çukanajyklar peýda boldy. Gözýaşyny ýuwdup, zordan: ─ Merdan... ─ diýdi. ─ Gitme... gitme, Merdan, gorkýas... ─ Gitmen, weý, men gitsem bolmaz-a... hemişe gapdalyňyzda bolaryn! Merdan gyzlaryň gabalan jeren ýaly sazanaklap duruşlaryny görende alaçsyzlygyndan tas aglapdy. Birden ýumruklaryny düwüp, dişlerini gysdy-da, aýgyt bilen Hydyra tarap ýöredi. ─ Şura häkimiýetiniň adyndan talap edýän ─ diýip gygyrdy. ─ Şu gyzlary häziriň özünde boşatmaly! Eger boşatmasaňyz... Hydyr edil onuň kükreginden atdy. Ýigidiň arkan ýatan gymyldysyz göwresine ulumsy arkaýynlyk bilen garady. Nökerleriň hoşallygam, gyzlaryň gorkuly seslerem oňa täsir etmedi. Eger aýagynyň astynda ýatan jesede ok atany bilen ýüreginiň sowajagyny bilse, ok gaýgyrjak däldi. Atmady. Gaýta, atsa, töweregindäkileriň öňünde öliniň mertebesi artar öýtdi. “Ol entegem Hydyryň gözüne gorkunç bolup görünýär-ow” diýmekleri ähtimal. Hydyr käýindi: “Bu nejisler ölenlerinde-de öz häsiýetlerini görkezip ölýärler” diýdi. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |