22:05 Jelaleddin / poema | |
JELALEDDIN
Poemalar
• Ýagşy günlerdäki ýatlama Watanym — Garaşsyz, Döwlet — berkarar. Howalasy belent ýaşyl Baýdagyň. Ajaýyp döwrüme aýdyň erte bar, Owazy ýakymly aýdym aýdanyň. Şat heňleriň aşygy men ölemen, Olar ýüregimde oýarýar yşgy. Ýöne bu günleriň nyrhy tölenen — Ençe asyr gezdi il egni gysby. Ady älem baglan Oguz pederiň raýatlary rahatlykda gülende duşmanlar bilmändi näme ederin, şöhraty, abraýy galdy belende. Nusaý, Gürgenç, Maru-şahu jahanda, beýik geçmişi bar beýik türkmeniň. Bular boş söz bolmaly däl dahanda, Kim isleýär çüwen bagtyň ürkmegin! Wagtam akyp durdy öz akymyna, döwlet abadandy, il imisala, Bir gün gulluk edip öz akylyna, Ýurdy paýhynlady bir bimysala. «Ýeňilmesiz ýagy bolup galmasyn, Maňa ölüm ýegdir ar, gyjalatdan, Türkmenleriň Tugy belent galgasyn!» Diýip, atlanypdy är Jelaleddin. Hyruç Aladaňdan. Gupbasy ýok minara bir menzilden göze ildi seleňläp. Ýetilmesi agyr boldy şol ara, ýöne-möne bolmaly däl, bolan zat. Ýüregim bir erbet alamat syzdy, geldim: Ýurt talangy, ýürek elendi. Adam iki pursat delalatsyzdyr: doglanda, hem jan karkara gelende. Ölüm diňe ejizleri ýok edýär, Beýigi galdyrýar bir gez belende. Şu wagt welin, gan öýüpdir hyrçyma, ýurt goýnunda mawy tüsse elenýä. Taparyn men dünýäň aňry burçundan, öldirin. Ýa maslyk bolup dolanýan. Ölümdenem beter ýazyk meň üçin: agyr günde ýöwselligi atamyň. Ýowuz söweşerin soňky deme çen, aşagyndan çykmak üçin hatanyň. Eşege çalymdaş atlary bilen, arduryja sypaýmazlar. Ýeterin. Özüniň iň ýowuz matlaby bilen, aňsat ýeňiş gazanypdyr, it ogly. Düşünip bilemok: ol ýowuz ýürek ýumruk ýaly göwrä neneň sygypdyr? Ýöne, häzir ýersiz pelsepä derek, hökman atlanmaly, ýörüň, ýigitler!!! • Ýolda Bu pursatda däl men tagtyň yşgynda, biarlykda ýaşamakdan ýadadym. Atamyň didaryn gördüm (guş gonmaz köşgünde däl), dertli halda, adada. Ýüregim gyýylýar: doganlarymyň derejesinden pes geldi üşügi. Ýogsa, olar düşbi bolanlygynda, gurnap ýörmezdiler dildüwüşigi. Ýok, bu halda biz ýeňişe ýetmeris. Şowsuz bor söweşi meýdanlaryňam. Çünki, duşman juda mekir, betnebis. Olar bu ýagdaýdan peýdalanarlar. ...Gazna goşun toplamaga barýaryn. Şu bagt öz ýurdumda bolanlygynda... ...Itleň agzy gurdy görse birigýär. So-oň, şeýle bolupdyr doganlarym-da. «Men-menligi» ýeňşi bilen sepleşip, Şöhratyndan gapylypdyr gözleri... Allaň penasynda, toplap köp goşun, Ar alýançam netimden el üzmerin. Meniň ýüregimiň dilinen ýeri: nämüçin, Çingizden asgyn perişdäm?! Baýlyga imrinip, inilerimiň Tagta dalaş etmekligi geň iş däl. Düşünýän: şa nesli bolmajagyna, Iru-giç tagt hyýalyna münmese. Olar düşünenok soňlanjagyna ömürlerniň, her kim ornun bilmese. • Çaknyşyk Baýlyga baglansa gara bagyrlar, Halkyň täleýinde uzak gyşlar gar. Häzir welin, bolunmaly habardar, Juda ýowuz, diýseň mekir duşman bar. Gelýär ol söweşe, örän janygyp, Gurdurasy gelýär beýik dabara. Döwi rüstem gelse, alar janymy ýa-da Hudaýynyň ýanna barar ol. Derýa oklanmagyn soranda enem Onuň mertligine doldy damagym. Eger, söweş bolsa islegiň seniň, Berk dur, Çingiz! Men mynasyp bararyn. ...Bu ýumjuk göz Çingizmikä?! Şeýledir. Gara başym onuň ünsün çekmişdir. Söweş boldy. Boldy söweş şeýle bir... Gylyç — gylja, dide — didä çaknyşdy. Hökman birden-biriň Güni ýaşmaly. Ol — Tulu han eken, eziz perzendi. Ogluna ejesin derýa taşladan, ornuna bir dogmasyny bermezmi?! ...Tulu hanyň kädisini serdim men, Perişde görmedik gerdenlerinden. ...Oglumyň ýüregin ite berdiler. Heder etmediler merdemligimden. Ähli leşgermi etdiler ýegsan, Bu meň günäm. Ýöne, ony geç, Allam! Ýerine salmaly ar köp, wah, ýogsam, Çigit ýaly gorkdym ýokdur ajaldan. • Söweşden soňky ýatlama Kem däldir, herniçik, umytda bolan, Bu heňňamda beterinden saklasyn. Bu söweş Çingiziň ýadynda galar! Goý, galsyn — oglunyň birin kakladym. Şujagaz üstünlik maňa ýeteni Dynç alaýyn, daga ýaýrady geçim. Daglar ýaly berklik gerek ekeni, Ähli samsyk zada çydamak üçin: Ýalňyşmaklyk — jenaýat däl, ýalňyşdym, Sebäbi, atamdyr doganlarym-da. Olaň göwni diýip, aňsat barlyşdym, Horezmi elime alanlygymda... Atam maňa köp görüpdi Gürgenji, gaharym gelse-de, erk edipdim men. Doganlaryma bolmaýyn diýp ýigrenji, Gürgenji ap-aňsat terk edipdim men. Syçan herekete gelýär äsgermän, Hemişe pişigiň öýde ýok wagty. Ilki Çingiz gylawlandy ýas görmän, Gelginine bolup, çüwüpdir bagty. ...Ajy ýatlamalar, düşýär has çökder, Iň gowy haklaşyk — unudylmakdyr. Bolýa, besdir... indi maňa özgertmez, Boýasy taryha siňen ýalňyşlyk. Şu wagt welin goşun gerek gözýetmez. Gezip bolmaz ahyr diýip: «Ýalňyşdym». • Ant Yzda namys, arman, köýen ar... hem-de Gürgenç atly tozdurylan Watan bar. Öwrülmek şertini galdyran öňde Çingiz diýlen juda ýowuz tatar bar. Oň ýüregi atyň kellesi ýaly, agyr-agyr söweşlerde synalan. Ýöne, hökman bolar bellisi häli, enesini bakdyraryn dula men. • Şum habar Köp şöhrat getirdi ýeňişler maňa, Çingiziň elinde galdy ulusy. Uly umyt bilen barýardym daňa, yzyma düşürip ili-ulusy. Boldy ýeňişlerem, ýeňilişlerem, ýöne, dyza çökmedim men ejizläp. Doganlarym bilen oňuşmasamam, mert ýigitler gezdi meni ezizläp. Döşlerini gerip, okdan gorady, Çünki, olar maňa ynanýardylar. Ynamlaryň bolsa, bardy soragy, Ýöne, hany, indi ynam galdymy? Edermen esgerleň biri ýanyma, buşlap geldi — Çingiz hanyň ölenin. «Güm bol!» diýdim. Tas galypdym ganyna. Ol nireden bilsin asyl dilegim: Gönezlik edinip niçe pidany, Kalbyma nur çaýýan umyt solupdyr. Arzuwym, armanym, namysym, arym, mynasyp duşmanym — Çingiz ölüpdir! Peýkamyma nyşan boldy düýşlerde, goşa didesiniň gyýma çyzygy. Bu çalt günler indi asla süýşmez hiç, hemem söweşleriň bolmaz gyzygy. • Mynajat Düşünemok, Biribarym, neçüýn meni gynanyňa! Näme üçin aldyň arym, alman meniň imanymy?! Sen ony maňa bermediň, öldürdiň öz ajalyna. Kim düşüner, bu ömrümiň manysynyň gaçanyna?! Serkerdä şöhrat getirýän, olaryň duşmanlarydyr. Çingiz şöhrata mynasyp, ol meni puşmanda goýdy. Ýürek dar görýär gursagy, gelip dur ony ýyrtasy. Özümi niçe örtedim, aňtap oňaýly pursady. Düşünmez, düşünmeseler, düşündirmek bor hyllalla. Bimaksat ömür — peseler. Gowsy, bu jany al, Alla! Barybir, men esremerin döwüşleriň pursadynda. Namysy hem ary köýen Bu hyjuwsyz gursagymda sanjy bar. Gan bar garakda. Aýyllyp başlady essim. Soň: «Jelaleddin gara atly ýaşapdyr» diýilse, besdir. • Bimaksatlygyň ejiri Menem az günä etmedim, ýetmek üçin maksadyma. Garşy çykany kakladym, eýgertmez ol ýogsa diýip. Bir günde aldym şährini, boýnegmezek Gürjüleriň. Uzaga çeken gahrymyň ýazmak üçin burjusyny. Çingiz diýlen ýuwdarhanyň, dolamak üçin öňünden, Ähli paýhynlanym indi agyr etmişe öwrüler. Günäsine gark bolýanam, deňze seredeňde kändir. Bulaşdy öýdýän ykbalym. Belki, meňkem ýakynlandyr. • Aýdylmaga gurbat ýetmedik jümle Çingiz — meniň bolupdy baş maksadym, öwrülipdim Hakdan içen aşyga. Tümüň göwsün ýaryp, aýalym däl-de, aladaňdan şo girerdi düýşlere. Çünki, ony ýeke pursat dilimden, ýüregimden düşürmedim birjigem. Sawçylara berilmedik peri deý, yşkynda uzak ýol söldüm daljygyp. Birdenem, ol sumat bolda älemden garaşmandym, menem birden lagşadym. Söweşde ýeňişe bil baglanmaýar, gursagyňda gaýnamasa maksadyň. Häzir men hiç zada galamok haýran, hanjara-da — gursagyma sanjylan. Tylla gaşly eýer, altyn sap gylyç, zer geçirlip sünnälenen ganjyga patlap düşdi goşhaltanyň düýbüne. Eşidäýse kimi öldürendigni, ertir hökman onuň ini düýrüger, bildirmejek bolup kim ekenini. • Seda Sary sähranyň ýüzüni duman örtende, örtenme. Bilýän, ol uzak düşlemez, eziz ýaýlaň gerdeninde! Peýwagtyna hiňlenende, keýpi juda kök padyman. Ýadyňa düşmezem, şonda, gyş munda bolany duman. Şoň üçin giň tut göwnüňi, her zadyňam öz wagty bar. Bir zat diňledýä böwrüňi: hany bu ömre ygtybar?! Bir gün il bagta beslener, tireler döner maşgala. Eşidilmez ýagy seslerem hem kalby gyýmaz başga zat. Ile baş gerek edenli, soň ykbal jylaw süýremez. Ruhundan şehit pederleň, erkinlik güllär, mizemez!!! 4-7.12.1997 ý. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |