18:08 Jelaletdin / Ikinji bölüm: Bürgüt ganatyny gerýär | |
XIV. Bürgüt ganatyny gerýär
Taryhy proza
Öz kiçiräk otrýady bilen Maňgyşlakdan Ürgenje sag-aman gelen Jelaletdin haýal etmän, harby maslahatyň geçýän ýerine ugrady. Ol ýerde gabarylyşyp oturan tekepbir gypjak hanlary nähili uruş etmelidigi barada pikir alyşýardylar. Olaryň arasynda oturan üç dogany ony duşman ýaly garşylady. Jelaletdin Muhammet şanyň ölendigini, özüni külli Horezmiň hökümdary edip bellendigini oturanlara habar berdi. Mongollar bilen mukaddes urşa baş göteren ähli goşuna baştutanlyk eder ýaly kakasynyň öz biline dakan almaz gylyjyny görkezdi. Maslahatda oturanlar oňa diňe bir ynanmazlyk däl, eýsem, açyk duşmançylyk bilen garadylar. – Biz diňe bir mirasdary – Ozlag şany bilýäs. Goşuna baş bolup, mongollar bilen söweşe-de özümiz galdyk. Başga goşunbaşynyň bize garegi ýok. Tizräk şu ýerden garaňy saýla. Eger häkimiýeti ele almaga dalaş etseň, özüňe-de, tarapdarlaryňa-da masgaraçylykly ölüm garaşýar. Jelaletdin ilki sygyryp, yzyndanam güldi-de, şeýle diýdi: – Siziň Beýik Horezmiň täleý kitabyna ýazjak sahypaňyzyň şöhratlymy ýa-da masgaraçylykly boljagyny wagt görkezer! – Ugra, ýok bol şu ýerden! – diýip, gypjak hanlary gylyçlaryny galgadyp, gazap bilen gygyryşdylar. Ýagdaýa göz ýetiren Jelaletdin birçak ýüregine düwen zadyny ýerine ýetirmek üçin paýtagtyň iň uly bazaryna bakan ugrady. Ol ýerde bazar meýdanynyň bütin töwereginde demirçi ussalaryň, misgärleriň, ýarag ýasaýanlaryň hem beýleki hünärmentleriň ussahanalary ýerleşýärdi. Jelaletdin şol hünärmentleriň ýaşulularyndan Berkuş pälwany, Muhammet Polat ussany, Surhad Hekim ekäni hem beýlekileri gördi. Olar şäheri nähili goranynda gowy boljagyny maslahatlaşdylar. Jelaletdiniň gürrüňdeş bolýan adamlary ok geçmeýän sowut, her neneň döwüşlere-de çydaýan berk gylyç, ýeňil galkan hem beýleki ýaraglary ýasamakda öňüne adam geçirmeýän ussalardy. Ähli kärdeşleriniň arasynda olaryň sylag-sarpasy belent tutulýardy. – Bizem bu ýagyň garşysyna näme alaç edip biljegimiz barada ençeme ýola kelle döwdük. Ilki bilen-ä kömek ýa maslahat sorap, gypjak hanlaryňa ýüz tutmaly däl diýen karara geldik. Soltan Humar Teginiň olara bil baglap ne güne uçranyny hemmämiz bilýäs. Beýik Horezmiň iň uly şäherleriniň biri bolan Ürgenjiň gadymy, berk diwarlary mongollary geçirmän saklar diýen ynamymyz bar. Ýöne gypjak hanlary näme etmelidigi, kimi goşunbaşy saýlamalydygy barada jedelleşýänçäler mongol şazadalarynyň üçüsi paýtagtyň daşky dünýäden arasyny üzmek üçin kem-kemden onuň daşyna aýlandy. – Siz näme etdiňiz? – diýip, Jelaletdin sorady. – Biz şäheri böleklere bölüp, hersiniň başynda-da öz adamymyzy goýduk. Ýöne haýynlyk edilmese, uzak wagtlap şäheri mongollara bermän saklap bolar. Biziň aramyzdan haýynlyk eden adam tapylmaz. Ähli ýaraglarymyzy şäheri goraýjylara paýlap, özümiz täzesini ýasamagy dowam etdireris. Suwumyz bar, iýmit alapamyzam kän wagta ýeter. Bizden ýaňa gaty arkaýyn bol, Jelaletdin soltan... Seň özüň duşman bilen nähili göreşsem diýýäň? – Men dagdan aşyp, Guruň, Hyradyň, Gaznanyň, Kandagaryň hem beýleki şäherleriň bize kowumdaş taýpadan bolan hökümdarlary bilen gürleşip, kuwwatly goşunyň başyny jemlemek üçin ýola düşmekçi. Köpden bäri biri-birinden öçli ol taýpalaryň agzyny birikdirmek aňsat düşer öýdemok. Ýöne ýowuz duşmanyň hem meniň başyna deň abanyp, älem-jahanyň lerzan urýan wagty bu agzalalyk samsyklyk dälmi?.. Gürrüň uzaga çekdi. Soň turdular-da, doga okap, gujaklaşdylar, birek-birege işleriniň ugra barmagyny arzuw etdiler. Ondan soňra Jelaletdin özüni Timur Mäligiň baştutanlygynda paýtagtyň eteginde duran otrýadyna bakan ugrady. Jelaletdin şol gije öz otrýady bilen Garagum çölüniň göwsüni dilip, Köpetdagyň eteginde ýerleşen Nusaý galasyna tarap ýola düşdi. Bu uzak hem kyn ýol adamlaram, atlaram näçe diýseň surnukdyrdy. Nusaýda ýedi ýüz atlydan ybarat mongol garnizony bardy. Olar mes atlaryny meýdana goýberip, zatdan bihabar dynç alyşyp oturdylar. Dagyň eteginde bir süri goýun otlap ýerdi. Çäge alaňlarynyň arasynda gizlenen Jelaletdin ýigitlerini çagyryp, maslahat etdi. – Serediň, hanha, mes atlar otlaşyp ýör. Mongollaryň iýmitem kän, ýaraglaram gowy. Bizde welin hiç zat ýok diýen ýaly. Atlarymyzam halys tapdan düşdi. – Biz näme etmeli? – diýip, ýigitler soradylar. – Özümiz-ä gaty ýadaw, mongollaryňam güýji biziňkä iki esse dagy bar. – Damarymyzda gyzgyn ganymyz at salýar. Uzyn hanjarlarymyz hem söweşlerde tygy gemrik-gädik bolan gylyçlarymyz ýanymyzda – diýip, Jelaletdin joşgunly gürledi. – Biz edil at tezegine bukulyp bilýän möjek ýaly, duýdurman mongollaryň alkymyna baryp, derbi-dagyn etmeli. Eger şeýdip bilsek, biz halas bolarys. Bolmasa-da, ajalymyzy boýun alaýmaly. «Töwekgeliň işini taňry oňar» diýipdirler. Mongollar entek bizi gerenok. Şoň üçinem, hüjüme hut häziriň özünde geçmeli... Jelaletdiniň ýigitleri duşmanyň üstüne tomus güni ýagan doly ýaly bolup döküldiler. Aňsat ýeňiş gazanmaga endik eden mongollary bu duýdansyz hem gazaply çozuş aljyratdy. Olar gider ugruny ýitirip, haýsy tarapa gaçsalar-da, gylyçlaryny gazaply işledýän ýigitleriň girisine düşýärdiler. Tar-mar edilen mongollaryň köpüsi gylyçdan geçirildi, birnäçeleri bolsa özlerini kärize oklap jaýalaryny gutardy. Olaryň ähli ýaragy, iýmitleri, atlary Jelaletdiniň ýigitlerine olja boldy. – Biziň bu ýerde ýetse günem artykmaç eglenmege ýagdaýymyz ýok – diýip, Jelaletdin ýigitlerine ýüzlendi. – Duşmanyň şu golaýlarda aýlanyşyp ýören başga-da otrýadlary bolmaly. Atlary, ýaraglary alyň. Häziriň özünde bu ýerden garamyzy saýlaýas. Jelaletdine şöhrat getiren bu söweş musulman goşunlarynyň mongollaryň ýeňilmezdigini puja çykaran ilkinji ýeňişidi. Haýal etmän ýola düşen Jelaletdin dag ýodalary bilen sag-aman Owganystana aşdy. Ol ýerde-de mongollary ýok edip biljek goşun toplamaga girişdi. Nusaýda onuň ýanyna şol şäherde doglan taryhçy alym Muhammet Nesewi goşuldy. Soňra ol Jelaletdiniň ähli ýörişlerine gatnaşyp, soltanyň ömri hem alyp baran uruşlary barada ajaýyp kitap ýazdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |