JEÝHUNYÑ KENARYNDA GÜLLÄP ÖSEN ŞÄHER
X asyryň arap syýahatçysy Istahriniň «Döwlet ýollarynyň kitaby» («Kitab Mesalik Al-Memalik») atly meşhur eserinde hem Horezm ülkesiniň meşhur şäheri Köneürgenç barada juda gymmatly maglumatlar berilýär. Bu syýahatçy ady agzalan eserinde şeýle belleýär: «Bu ýerde Horezmiň paýtagtyndan başga-da (ol Horezmiň paýtagty diýip, Köneürgenji göz öňünde tutýar — M. Ö.) Dargan, Hazarasp, Hywa, Huşmisan, Ardahuşmisan, Safardaz, Nuzwar, Kardaranhoş, Kardar ýaly şäherler bar. Bu ülkede ilatyň ekarançylyk alyp barmagy üçin Jeýhundan çeken Gauhore, Karih, Hazarasp, Madra, Wadak ýaly belli kanallary hem bar. Bu ýerde ekerançylyk juda ösen. Bu ýerde iň gür ilatly şäher Ürgenç (Köneürgenç — M. Ö.) hasaplanylýar. Bu ýerde şäheriň töwereginde örän datly bakja ekinleri ekilýär. Ilatyň gurplulyk derejesi örän oňat. Bu ýerde ýerli halk pagtadan we ýüňden egin-eşik geýýärler. Bu şäherden Buhara we Hywa göni gidýän ýol täjirleriň esasy gatnaw ýoludyr. Men bu uly bazarly baý şäherde ençeme günläp boldum. Bu şähere dürli ýerlerden gelen täjirler maňa beýleki şäherlere näçe günlük we näçe farsahlyk ýollaryň barýandygyny jikme-jik düşündirdiler (farsah 6 km. deň uzynlyk ölçegi). Men bu şäherden çykyp, soň Hywa we Buhara tarap gidýän täjirlere goşuldym».
Arap syýahatçysy Istahriniň Köneürgenjiň töwereginde ýerleşen şäherleri, suw kanallaryny atma-ata görkezmegi, şäherleriň arasyndaky ýol ölçeglerini ýazmagy, elbetde, şol döwri öwrenmekde gymmatly maglumatlaryň biri bolup durýar.
Başga bir arap awtory Şemseddin Abu Abdallah Muhammet ibn Ahmet Abu Bekr al-Makdisi X asyryň ikinji ýarymynda yslam ýurtlarynyň ählisine syýahat edipdir. Syýahatçy we taryhçy alym 985-989-njy ýyllarda iki kitapdan ybarat bolan «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüş» («Ahsan At-Takasim Fi Marifat Al-Akalim») atly meşhur eserini ýazýar. Onuň ikinji kitabynda biziň gürrüňini edýän Köneürgenç şäherimiz barada gürrüň edilýär. Ol bu şähere gelende, bu ýerdäki ösüşi, halklaryň däplerini belläpdir: «Bu meşhur şäher köp ilatly. Bu şäherde we onuň etegindäki obalarda ýaşaýyş jaýlarynyň, baglaryň, üzümleriň arasy üzülmeýär. Bu ýerde gök miweler, baglar, ir-iýmiş nygmatlary juda köp. Şäher söwda üçin örän amatly. Onuň ilaty örän giň gözýetimli, düşünjeli we başarnykly. Olar şeýle hem myhmansöýer. Maňa gürrüň bermeklerine görä, ol adamlar söweşlerde batyr, gaýduwsyz we çydamly. Gudratly Alla bu ýeriniň halkyna arzançylyk we bol hasyllylyk beripdir».
Makdisi öz işinde Nişapuryň, Merwiň, Hywanyň, Buharanyň, Sarahsyň, Balhyň söwda-haryt gatnaşyklary bilen bir hatarda Köneürgençde öndürilýän, bu ýerden beýleki şäherlere äkidilýän we getirilýän harytlar barada hem ýazýar. Onuň ýokarda görkezilen işinde şeýle maglumatlar bar: «Bu ýerden gum tilkisiniň, towşanlaryň örän çeýe eýlenen gymmatbahaly derileri, geçiniň, sygryň, düýäniň süýdünden edilen arassa peýnirler, mum, ary ballary, üzüm kişmişi, künji ýagy, balyklar, halylar, ýorganlar, «mulham» matasynyň parçalary, dürli reňkli matalardan tikilen nepis, owadan, berk geýimler, atlaryň bezegleri üçin esbaplar, nepis şaý-sepler, dürli reňkli geýimler, diňe güýçli adamlaryň dartyp bilýän ýaýlary uly isleg bilen satyn alynýar we olary täjirler Termeze, Nişapura, Tusa, arap bazarlaryna, bulgarlara tarap alyp gidýärler. Bu bazarda, aýratyn hem, külallaryň ýasan owadan, dürli görnüşdäki küýzelerini başga hiç bir ülkede görmersiň».
XII asyryň ikinji ýarymynda Beýik Türkmen seljuk döwletinden soň Köneürgenç Türkmen döwletiniň taryhy sahna gelmegi bilen Köneürgenç şäheri sebitiň iň bir ösen ykdysadyýet we medeniýet merkezine öwrülýär.
Bu döwlet soltan Il Arslanyň dolandyran döwründe (1156-1172 ý.) barha rowaçlanýan döwlete öwrülmek bilen, soltan Tekeşiň (1172-1200 ý.) döwründe dünýäniň iň bir kuwwatly döwletleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanyň taryhyny düýpli öwrenen alymlaryň biri akademik W. W. Bartold döwletiň soltanlar Il Arslan we Tekeş döwürlerinde juda kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilendigini ýazypdyr. Soltan Tekeş döwründe döwletiň çägi Ortaýer deňziniň kenarlaryna çenli baryp ýetipdir. Şeýlelikde, bu döwlet musulman Gündogarynyň iň bir kuwwatly döwletine öwrülýär.
Döwletiň paýtagty Köneürgenç şäheri sebitde we dünýäde ykdysady we medeni merkez hökmünde tanalyp başlanýar. Bu döwürde Köneürgenç täjirleri bilen Wolganyň ýokary akymyndaky ýaşaýan halklar, aýratynam, rus täjirleri bilen söwda-haryt gatnaşyklary juda ýygjamlaşypdyr. Köneürgenç şäherinde rus täjirleriniň, Wolga bulgarlarynyň söwda merkezleri, ýörite kerwensaraýlary bolupdyr. Bu barada rus syýahatçylarynyň işlerinde köp maglumatlara duşmak bolýar.
Bu döwürde Köneürgenç juda meşhurlyga eýe bolmak bilen, söwda gatnawynyň esasy merkezleriniň biri bolup çykyş edipdir. Şäher halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, ondan demirgazyk-günbatara Wolga derýasyna we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna, gündogarda Buhara gelip ýetýän ýüpek ýolunyň merkezi şahasyna goşulypdyr. XI-XII asyrlarda Wolga derýasynyň kenarlaryna gidýän ýol has-da uly ähmiýete eýe bolup, Ýewropadan we Russiýadan getirilýän gymmatbahaly harytlar bu şäheriň üsti bilen günorta tarap äkidilipdir.
Döwletiň paýtagty Köneürgenç şäherinde altyn we kümüş pullaryň zikgelenýän ýörite zikgehanalary bolupdyr. Sap altyndan zikgelenen dinarlar sebitiň söwda-haryt gatnaşyklarynda esasy pul hökmünde çykyş edipdir.
Orta asyrlaryň belli taryhçysy Muhammet ibn Najyp Bekran özüniň «Dünýä hakynda kitap» («Jahannama») atly işini döwletiň meşhur soltanlarynyň biri, soltan Tekeşiň ogly Ala-ed-din Muhammet şanyň (1200-1220 ý.ý.) tabşyrygy boýunça ýazypdyr. Onuň bu meşhur kitabynda sebitiň we dünýäniň iň iri söwda we medeni merkezleri bolan şäherler, dünýäniň ilaty, halklaryň däp-dessurlary, iri şäherleriň arasynda gatnaýan kerwenler we kerwen ýollary, şeýle hem geografik maglumatlar bolan derýalar, ummanlar, köller, daglar, düzler barada hem aýdylýar. Şeýle hem bu eserde bu şäheriň täjirleriniň diňe bir sebitiň däl-de, eýsem, Eýranyň, Mongoliýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň söwdasyny hem öz ellerinde saklandyklary baradaky maglumatlar hem berilýär.
Bu eserde Köneürgenjiň dünýäniň iň meşhur şäherleriniň biri bolandygyny we onuň danyşment-alymlaryň, täjirleriň ikinji watany diýlip, hasap edilendigi barada hem aýdylýar. Taryhçy alymlaryň ýazmaklaryna görä, Köneürgençde soltan Tekeşiň we soltan Alaeddin Muhammet şanyň dolandyran döwürlerinde bir ýarym milliondan gowrak adam ýaşapdyr.
Galyberse-de, XIII asyryň 20-nji ýyllarynda Çingiz hanyň Merkezi Aziýa ýörişiniň başlanmagy bilen, bu şäher ilkinji bolup mongollaryň garşysyna hem durmaly bolýar. Bu barada belli rus alymy S. P. Tolstowyň «Köneürgenç şäheri bu zulumyň öňünde duran ilkinji şäherligi bilen hem şöhratlanýar» diýip ýazmagy-da muňa doly güwä geçýär.
Orta asyrlaryň taryhçysy Ata Mälik Jüweýniniň habar bermegine görä, Köneürgenç şäheri mongol basybalyjylarynyň gelmeziniň öňüsyrasynda sebitiň kuwwatly şäherleriniň biri bolmak bilen, bu şähere işlemek üçin arap, pars ýurtlaryndan, astronomiýa, algebra we geomteriýa ylymlaryny öwrenmek üçin, Hytaýdan we Hindistandan alymlaryň ençemesi gelýär ekeni.
Eýranda ilhanylar döwletiniň köşk işgäri we taryhçysy bolup işlän Reşideddin Fazlallah (1247-1318ý.) özüniň «Taryhyň jemi» («Jem-i at-tawarih») atly işinde mongol basybalyşlaryndan öň eýranly täjirleriň Ürgenjiň bazarlaryna iň köp haryt getirýän täjirler bolandygy barada hem durup geçýär.
XIII asyryň 20-nji ýyllarynda italiýaly monah Plano Karpini özüniň ýazgylarynda bu şäheriň mongol basybalyşlaryndan öň örän baý medeniýetli, ykdysady taýdan kuwwatly şäher bolandygy barada aýdýar. Ýerli häkim Gutlug Temir döwründe Köneürgenç şäheri ýene-de galkynyp başlaýar. 1340-njy ýylda bu şähere italiýaly syýahatçy, täjir Balduççi Pegalotti syýahat edýär. Ol özüniň syýahat ýazgysynda bu şäheriň amatly ýerde ýerleşmek bilen, ösýändigini, şäherde eýranly, hytaýly, hindi, arap täjirlerinden başga-da ýewropaly we rus täjirleriniň hem bardygyny belleýär. 1558-nji ýylda Köneürgenç şäherine gelip gören iňlis täjiri we syýahatçysy Antoni Ženkinson şeýle ýazýar: «Men bu şähere gelmezimden öň, bu şäheri beýle uludyr öýdüp, göz öňüne hem getirmändim. Şäheriň bazarlarynda Buharadan, Eýrandan gelen täjirler juda köp. Men rus täjirleriniň hem ýanyna bardym. Olar maňa söwda işlerini alyp barmak üçin bu şäheriň örän amatlydygyny, harytlaryň bolçulygy we gyş wagty juda gurak aýazly howanyň bolýandygyny gürrüň berdiler. Men bu ýerde rus täjirleriniň getiren harytlarynyň hem ençemesini gördüm we olardan özüme geregini satyn aldym».
Türkmenistanyň taryhyny we sungatyny öwreniji belli alym G. A. Pugaçenkowa «Türkmenistanyň sungaty» («Искусство Туркменистана» — M., 1967 ý.) atly işinde bu şäheriň dünýä taryhyndaky orny barada şeýle ýazýar: «Köneürgenç şäheriniň beýleki şöhratlaryny agzamanyňda hem, ol minaralary, metjitleri, ýagny Fahreddin Razynyň, Tekeşiň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň we Soltan Alynyň mawzoleýleri, Gutlug Temiriň minarasy bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girendir. Bu gadymy mekanyň taryhy ýadygärlikleri hemişe dünýä jahankeşdelerini haýrana goýýar»
2005-nji ýylda Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem Gündogaryň dünýä taryhynda esasy orun eýeleýändigini subut edýär.
Hawa, şöhraty dünýä dolan Köneürgenç dünýä jahankeşdelerini hemişe özüne bendi edýär. Bu gadymy mekana barýan islendik adam, bu şäheriň meşhur taryhy barada aýdylan ajaýyp sözleriň şaýady bolup, ony hemişelik hakydasynda saklaýar.
Meretguly ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Taryhy makalalar