JEÝHUNYÑ KENARYNDA GÜLLÄP ÖSEN ŞÄHER
Biziň ata-babalarymyz özleriniň dünýä beren gymmatlyklary bilen umumadamzat mirasyna juda önjeýli goşantlaryny goşupdyrlar. Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmenleriň ady bilen baglanyşykly gadymy siwilizasiýalar häzirki wagtda dünýä taryhynda möhüm orny eýeleýär. Gadymy Jeýtun, Altyndepe, Marguş medeniýetleri adamzat taryhynda gadymy ýaşaýyş ojaklarynyň hatarynda durýarlar.
Türkmen halkynyň şan-şöhrata beslenen baý taryhy hemişe dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň halkymyzyň şanly geçmişiniň şöhratly zamanalary dünýä halklarynyň taryhynda we medeniýetinde uly yz galdyran Beýik Ýüpek ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Belent mertebeli Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän taryhy maglumatlara baý çuňňur mazmunly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitaby gadymy döwürlerden başlap, halklary syýasy, ykdysady we medeni taýdan birleşdirýän ýol bolar Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişini, şu gününi we geljegini öwrenmekde gymmatly taryhy çeşmeleriň biri bolup durýar. Bu kitaby okan islendik adam Beýik Ýüpek ýolunyň biziň milli taryhymyz bilen berk baglanyşyklydygyna ýene-de bir gezek doly göz ýetirip biler.
Türkmenistanyň demirgazyk künjegini eýelän, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzdan geçýän esasy çatryklarynyň biriniň ugrunda ýerleşen, gadymy döwürlerde Horezm, orta asyrlarda bolsa Köneürgenç ady bilen belli bolan bu ülke söwda-ykdysady we medeni taýdan ösen merkezleriň biri bolupdyr. Bu şäheriň meşhurlygy barada döwlet Baştutanymyz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle belleýär:
«Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwdanyň gülläp ösmegi bilen, Amyderýanyň aşak akymyndaky bol hasylly, gür ilatly sebitde ösen şäher medeniýeti kemala gelipdir we ýokary derejede rowaçlanypdyr. Şol sebitiň merkezi Gürgenç şäheri bolupdyr».
Orta asyrlarda bu şähere Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri bilen hytaý, hindi, arap, pars, rus we ýewropaly syýahatçylar gelipdirler. Bu şöhratly şäheri her bir ýurduň syýahatçysy özüçe atlandyrypdyr. Belli аrар syýahatçysy Ýakut al-Hamawy arap syýahatçylarynyň bu şähere Jürjan, ýerli ilatyň bolsa öz şäherlerine Gürgenç diýýändiklerini ýazypdyr.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz özüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu syýahatçynyň Horezme mongol ýörişleriniň öň ýanynda gelip görendigini we onuň «Horezm ýaly gülläp ösýän ýeri dünýäniň hiç bir ýerinde görmedim» diýip aýdan sözlerini aýratyn bellemegi hem munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolýar.
Taryhçy alymlar bu şäheriň taryhy çeşmelerde Gürgenç, Ürgenç, Köneürgenç ýaly dürli atlar bilen berilýändigini belleýärler. Ýöne onuň Köneürgenç ady has meşhurlyk gazanan we taryhy çeşmelerde iň köp duş gelýän at bolmagynda galýar.
Mongol basybalyşlaryndan soň Gürgenç ady Ürgenç görnüşinde ulanylyp başlanypdyr. Sebäbi Çingiz hanyň ýörişleriniň taryhyny ýazan taryhçylar öz maglumatlarynda bu şäheri şeýle atlandyrypdyrlar.
Has gadymy döwürde, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlarda günbatara barýan hytaýly syýahatçylar bu şäherde has köp düşläp geçipdirler. Olar syýahatçylyk bilen bir hatarda, söwda-satuw işlerini hem alyp barypdyrlar.
Biziň eýýamymyzdan öňki I asyryň başlarynda bu şähere gelen hytaý syýahatçylarynyň biriniň ýyl ýazgysynda onuň ady «Ýue-gan şäheri» diýlip berlipdir. Bu hytaýly syýahatçy Ýue-gan şäheriniň (ýagny Köneürgenjiň—M.Ö.) bol suwly derýanyň golaýynda ýerleşendigini, ol ýerlerde ekerançylygyň, senetçiligiň, hünärmentçiligiň uly meşhurlyga eýe bolandygynyň, hünärmenleriň ýasan inçe we nepis önümlerini hytaý, hindi we beýleki ýurtlaryň söwdagärleriniň uly höwes bilen satyn alýandyklaryny ýazypdyr. Onuň ýazmagyna görä, bu şäher sebitde iň uly söwda merkezleriniň biri bolupdyr. Şoňa görä-de, bu şäher hytaýly täjirleriň, syýahatçylaryň iň bir köp gelýän şäherleriniň birine öwrülipdir.
XIV asyryň belli arap taryhçysy we syýahatçysy Al-Umarynyň bellemegine görä, Köneürgenjiň myhmansöýer ilaty bolupdyr. Ol bu barada şeýle belleýär:
«Bu şäheriň ilaty juda myhmansöýer. Şähere gelen çet ülkeli myhmanlar, ilki bilen bu şäheriň ilatynyň myhmansöýerlik däbini aýdýarlar we täjirler şäherde özlerini arkaýyn duýýarlar. Bu şäheriň ýaşaýjylary myhman syýahatçylara we täjirlere öz myhmansöýerliklerini görkezmekde bäsleşýärler. Şähere gelen täjirlerdir, syýahatçylar köp pul harçlap, bu ýerde söwda işlerini alyp barsalar, şäheriň ýerli ilaty myhmanlara öz däplerini, myhman kabul edişlerini görkezmek üçin pul gaýgyrmaýarlar».
Al-Umarynyň ýokarda aýdanlary Köneürgenjiň bu sebitde diňe bir söwdanyň, medeniýetiň esasy şäheri bolmak bilen meşhur bolman, eýsem, myhmansöýerlik däbi bilen hem juda meşhurlyk gazanandygynyň şaýady bolup durýar.
XIV asyryň belli аrар syýahatçysy özüniň 30 ýyllyk syýahaty barada meşhur «Syýahatnama» eserini ýazan Ibn Batutta Amyderýanyň kenarlaryndaky ilatlara syýahat etmek bilen, Köneürgenje hem gelipdir. Ibn Batutta öz syýahat ýoluny ilki ata Watany Tanjadan (Marokkodan) çykyp, Müsüre gelmekden başlapdyr. Arap ýurtlarynyň ençemesinde, Anadolyda bolan bu syýahatçy soňra Köneürgenje gelipdir. Onuň ýokarda agzalan meşhur eserinde Köneürgenç şäheri barada şeýle sözlere duş gelmek bolýar:
«Men uly çöllükden geçenimden soň, Horezmiň Ürgenç şäherine geldim. Bu uly, meşhur, owadan şäherde uly mähelleli bazarlar, giň köçeler bar. Bu köp milletli şäherde ýaşaýyş uly ummany ýada salýar. Men bu şäherde ençeme metjitleri we medreseleri gördüm. Bu şäherdäki emir Gutlug Temiriň gurduran minarasy şäheriň merkezinde ýerleşýär. Onuň golaýynda emiriň aýaly Törebeg hanymyň gurduran metjidi bar. Men şäheriň bazarlaryna, täjirleriň dükanlaryna aýlananymdan soňra, şäheriň hassahanalarynyň birine bardym. Bu hassahanada arap ýurtlaryndan gelen iki lukmana duşdum we gürleşdim. Olar ýerli dili eýýäm suwara öwrenipdirler.
Men bu şäheriň mähelleli bazarynda azaşdym. Meniň ýat ýerli adamdygymy bilen bir ýerli senetkär ýanyma geldi. Onuň bilen zordan düşünişdik. Ol meni bazardan çykardy we barmaly myhmanhanama ugratdy. Men oňa pul hödürledim. Ol almady we çalaja güldi. Diýmek, men bu ýerde myhmana uly hormat goýulýar diýip düşündim».
Arap syýahatçysy Ibn Batutta Jeýhun (Amyderýa) derýasynyň Itil (Wolga) derýasyna meňzeşdigini, gyş aýlarynda derýa doňanda, bu şähere on günüň dowamyndaTermezden arpa we bugdaý getirilýändigini hem ýazýar. Ibn Batutta bu şäherdäki meşhur ýerler Nejmeddin Kubranyň, Zamahşarynyň aramgähleri barada hem maglumat berýär. Ýokarda ady agzalan syýahatçy bu meşhur şäheriň gawunlary we ir-iýmişleri barada hem şeýle ýazýar: «Ne Gündogarda, ne-de Günbatarda şunuň ýaly datly gawuna duş geldim. Ol Buhara we Yspyhan gawunlaryndan hem juda süýji. Ol arap ýurtlarynyň injirinden hem meşhur. Bu ýerde ol datly gawunlary hytaýly we hindi täjirler köp satyn alýarlar. Beýleki şäherleriň täjirleri bolsa bu ülkede ýetişdirilen ir-iýmişleri satyn alýarlar».
X asyryň birinji ýarymynda Bagdat halyfynyň ilçisi hökmünde Merkezi Aziýa syýahat eden arap syýahatçysy Ahmed ibn Abbas ibn Fadlan hem şäherde duz-çörek nesibesi çekip düşläp geçipdir. Gündogary öwreniji belli alym I.Ý.Kraçkowskiý Ibn Fadlanyň Köneürgenje gelen wagtyny 921-922-nji ýyllar diýip görkezýär. Ol özüniň syýahatyny «Ýazgylar» atly işinde doly beýan edýär. Syýahatçy, esasan hem, bu şäheriň dolandyryjy gatlagy, şäherde bar bolar bazarlar, dükanlar, şäheriň etegindäki duralga-galalar (rabatlar) barada gyzykly maglumatlar berýär. Ibn Fadlanyň «Ýazgylarynda» Köneürgenjiň bazarlarynda bu şäherde zikgelenen kümüş pullaryň — dirhemleriň esasy gymmat ölçegi bolup durýandygy, şonuň bilen birlikde, örän seýrek halatda başga ýurtlardan gelen täjirleriň mis pullaryna hem duşmak bolýandygy aýdylýar.
Ibn Fadlan bu eserinde şähere gelende, dünýäniň hiç bir ýerinde görmedik ajaýyp, nepis türkmen halylaryny görmek bagtynyň miýesser edendigini bellemek bilen, ol halylaryň birini satyn alandygyny hem ýazypdyr. Onuň ýokarda ady agzalan eserinden käbir mysallara ýüzlenip göreliň:
«Biz şähere gelip ýetenimizde, howa juda sowuk bolup, derýa hem doňupdyr. Biz bu şäherde birnäçe gün bolup, şäheriň ähli ýerlerine diýen ýaly aýlandyk. Şäheriň bazarlaryna aýlanyp, gitmeli bolanymyzda, ýolbeledimiz bize doňan derýadan geçmäge kömek etdi. Biziň ugrumyz derýadan geçip, Hytaýa tarap gitmekdi. Bu şäherden bolan, sada, hoşgylaw ýolbeledimiz biziň adamlarymyzy we ýüklerimizi doňan derýadan geçirmek üçin, on iki sany düýäniň gerekdigini aýtdy. Biz onuň bilen razylaşdyk. Onuň getiren on iki düýesi bilen biz doňan derýanyň aňry ýüzüne arkaýyn geçip bildik. Ýolbeledimiz bizi derýadan geçirip, bize ak ýol arzuw edip, bizi ugratdy».
(Dowamy bar.)
Meretguly ÖWLÜGÄGULYÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Taryhy makalalar