14:56 Soltanyñ kasamy | |
SOLTANYÑ KASAMY
Taryhy makalalar
● Dünýä taryhynda juda şöhratly ýeňiş hökmünde baha berlen türkmen-seljuklarynyň soltan Alp Arslanyň ýolbaşçylygynda wizantiýalylaryň üstünden gazanan meşhur Malazgirt ýeňşi barada söhbet Orta asyrlaryň taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, soltan Alp Arslanyň jemi toplan goşuny 20 müňden gowrakdyr. Netijede, wizantiýalylar Ermenistan bilen serhetýaka ýer bolan Malazgirt meýdanyna toplanyp başlapdyrlar. Türk taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, bu ýer häzirki Türkiýe bilen Ermenistanyň araçägindäki üç tarapy daglyk bilen gurşalan, günorta tarapy, ýagny Türkiýe tarapy bolsa, kiçiräk baýyrlykly, gök öwsüp oturan ýer bolmaly. Ermeni taryhçylary bu ýeri Mansikert diýip atlandyrýarlar. Sebäbi bu ýerde wizantiýalylaryň Mansikert atly kiçiräk gala — berkitmesi ýerleşýärdi. Soltan Alp Arslan öz ýakyn dosty we ussat serkerde Afşine uruş tilsimini (taktikasyny) düzüp beripdir we çaltlyk bilen Malazgirtde toplanan goşuna türkmenleriň gadymdan gelýän «gurt oýny» we «sähra» tilsimini düşündirmegi tabşyrypdyr. Söweşe ykjam taýýarlanýan wizantiýalylar türkmenleriň hem gelip öz dillerinde, uruş taýýarlyklaryny geçýändiklerini baýryň üstünde çadyryny diken imperator Roman Diogen IV-e habar beripdirler. Örän az salymyň içinde ussat serkerdeler Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg, Artyk beg soltanyň işläp düzen harby tilsimini (taktikasyny) toplanan goşuna düşündiripdirler. Afşin bolsa: «Iň soňky ýerine ýetirmeli işi we nähili söweşmelidigini bolsa, şol gün (söweş güni) soltanymyň özi aýdar...!» diýip, serkerdelere goşunyň içine barmagy tabşyrypdyr. Ine-de, söweş güni, 1071-nji ýylyň 26-njy awgusty gelip ýetipdir. Şol günüň güýz howasy juda çigrek we dumanly bolupdyr. Dagdan gelýän ümür Malazgirt meýdanynyň üstünden ençeme öwrümler edip, nirädir bir ýerlere ýitirim bolýardy. Çigrek güýz şemaly hatara duran türkmen-seljuk esgerleriniň ýüzüne urup geçýärdi. Soltan gelmeziniň öň ýany bütin goşuny birýandan gözden geçiren serkerde Afşin gelip, öz ýerinde durdy. Başyňy aýlaýjy ümürligiň içinden geçip gelen, soltan ak atynda hatar duran goşuna göz aýlady. Afşiniň pikir edişi deýin, bu gün soltanyň özi däl ýalydy, ol bir başga keşbe giren ynsan mysalyndady. Dek düýnüň özünde bu ýerde soltan uly goşun bilen juma namazyna durupdy. Ol şonda mylaýymlyk bilen öňünden gabat gelen esgeriň hal-ýagdaýyny sorapdy. Duşmanyň san taýdan juda köp ýygynyna gözi ýeten soltan ýeňiş tamasyndan el üzüpdi. Şonda-da ol esgerleri ýeňşe ruhlandyrmak hem-de özüniň ejizlänini duýdurmazlyk üçin söze başlady. Ol harby eginbaşynyň üstünden tä bokurdagyna çenli ak mata bilen özüni örtüpdi. Ençeme yklymlary basyp alan we şöhraty älemi baglan soltany onuň ýakyn egindeşleri hem-de ähli goşun bu görnüşde ilkinji sapar görýärdiler. Nogtasyny çeýnäp, ýeri depirjekläp duran ak atynyň nogtasyny çekip, oňa erk edip duran soltan tutuş goşunyň öňünden bir gezek iki baka geçdi hem-de söze başlady: — Mähriban esgerlerim we serkerdelerim! Duşmanyň näderejede güýçlüdigini we köpdügini özüňiz bilýärsiňiz. Elbetde, danalaryň aýdyşy ýaly jeňe giren esger ölüme kaýyl! Meniň esasy aýtjak zadym, bu ýerde iň uly serkerde menem däl, bizans imperatory Roman hem däl! Diňe, gudraty güýçli Beýik Biribar! Şol gudraty güýçli Biribar, kimiňkilik bolsa, ýeňiş hem şol tarapda. Entek boljak söweşe az salym barka Beýik Serkerdäniň — Beýik Allanyň biziň tarapymyzda durmagyny diläliň! Biz bu ýerde gan dökmek maksady bilen urşa gelmedik. Biz diňe adalat üçin, külli musulman ymmatymyzy, ýurdumyzy, halkymyzy duşmana depeletmezlik üçin bu ýere — söweş meýdanyna geldik. Goý, gudraty güýçli Alla bu söweş meýdanynda her kimiň öz päli-niýetine görä, ýeňiş nesip eýlesin! «Soltan, göwnüme bolmasa, özünden çykdy» diýip, Afşin zordan çalaja dillenip ýetişdi. «Ol gazaplandy, men soltany şeýle halda birinji gezek görýärin» diýip, Atsyz beg hem dillendi. «Men indi özümi saklap bilmeýärin, öňümizde duran, ol adaty soltanam däl, hökümdaram däl, ol göýä Ýunusa (Ýunus — gadymy türki dilde deňizleriň tolkunyny böwüsýän delfin) meňzeýär» diýip, Afşin gözlerinden syrykýan ýaşlaryny ýere seretmek bilen gizleýärdi. «Ýok, soltan gazaplananok, ol soňky sözlerini esgerlerine we serkerdelerine wesýet edýär, beýle eýmendiriji sözler hökümdarlaryň soňky sözleridir. Şundan soň duşman ýa eýläk, ýa-da beýläk bolar» diýip, Meňgüjük beg dillendi. «Beglerim, soltany indi görersiňiz, söweş meýdany beýle soltany soňky gezek görse gerek» diýip, Artyk beg hem dillendi. Ýene-de goşunyň orta gürpüne gelen soltan sözüni dowam etdi: — Meni geň görmäň, beglerim! Men bu jeňde ölsem, gubura taýýar bolarym ýaly, özümi kepene büredim. Goý, gudraty güýçli Biribar, bizi ölsek, şehit, diri galsak, gazy eýlesin! Soňky aýtjak zadym, bu ýerde gorkynyň peýdasy ýokdur. Meşhur serkerde Sary Hojany bu ülkelerde tanamaýan ýokdur. Men ýaňy 16-17 ýaşlarymdakam özi bilen awa-şikara äkidýän Sary Hoja: «Gorky duýgusy esgerde we serkerde-de bolmaly däldir. Duşmanyň peşe bolsa-da, ony pil saýgyn, hiç wagt öňüňdäki duşmany äsgermezlik etmegin! Diňe batyrlyk we ruhubelentlik ýeňşiň girewidir!» diýip, berk sargyt edipdi. Men hem beglerim, şol sargydy size ýetirýärin. Biziň garyndaşymyz we ymmatdaşymyz halyf El-Kaim bolsa, bütin musulman ymmatynyň metjitlerinden biziň ýeňiş gazanmagymyz üçin doga-dilegler etjekdigini, biziň şanymyza hutbalar okajakdygyny habar berdi. Şol hoş habary hem size ýetirýärin, beglerim! Indi bu söweş meýdanynda biz üçin iki zat — ruhubelentlik we gaýduwsyzlyk galdy. Şony pugta berjaý ediň, beglerim! Bütin goşun tolgunýardy, ejizräk, ýuka ýürek esgerler bolsa, gözlerinden akýan ýaşlary saklajak hem bolmaýardy. Esgerlere gözüni aýlaýan soltanyň gözüne hem gazapdan ýaňa gan öýüpdi. Çünki soltan we esgerler juda gazaply söweş bilen ýüzbe-ýüzdi. — Serediň, beglerim, men ok-ýaýymy taşlap, bir elime gylyç, beýleki elime hem gürzümi alýaryn! Siz hem şeýdiň. Gylyç bilen gürzini bile işlediň! Ýaýçylar bukuda dursunlar. Goý, duşman bu gün türkmenleriň gürzüsiniň gudratyny görsünler. Demre bürenen duşmandan siz, beglerim, çalasynsyňyz! Beýik Serkerde — gudraty güýçli Hak Allam, bizi goldap, bize ýeňiş nesip eýle! Edil soltanyň öňünde duran Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg we Abulkasym Saltyk beg dagy indi tolgunmakdan ýaňa göz ýaşlaryny soltandan gizlejek hem bolmaýardylar. Diňe Artyk beg gözlerini gyrpman, soltana dikanlap seredýärdi. Nogtasyny çeýnäp, burnundan we agzyndan ak köpük syçradýan, bir ýerde durman, hereket edip duran ak gyratyň üstündäki soltan ertekilerdäki, hyýaly gahrymana meňzeýärdi. Az salym geçmänkä, duşman tarapdan söweş surnaýynyň sesi ýaňlandy. soltan Alp Arslanyň gazaply we tolgundyryjy sözleri bütin goşuny gaplap aldy: — Aýdanlarymy pugta ýatda saklaň, beglerim! Eý, gudraty güýçli Biribar, ýokdan bar eden Jelil, ynsy-jynsy ýaradan, Älemleriň hökümdary Hak Ýaradan, Ýa Allam, bizi goldawer, biz hiç wagt senden umydymyzy üzýän däldiris, Hak Allam!» Türkmen-seljuklary tarapyndan hem indi esgerleriň sesinden ýaňa Malazgirt meýdany lerzana geldi: «Soltanymyzy öz penaňda aman sakla, eý Allam! Biz soltanymyzsyz näme ederis, Hak Allam! Soltana şöhrat we şan bolsun! Soltanymyza ýeňiş nesip eýle, Hak Allam! Soltanym, siz biziň howandarymyz we biziň bu ýerdäki dem alýan howamyzsyňyz! Siz biziň ähli zady böwsüp bilýän Ýunusymyzsyňyz! Soltanymyza şöhrat, soltanymyza şan!....» Dünýäni lerzana getirýän söweş jeňi başlandy. Esgerleriň aglabasy bir eli gürzüli, bir eli gylyçly duşman ýygynyna girip giden soltany görüp galdylar. Soltanyň polatdan guýlan, ýalawa çalym edýän gylyjynyň ýalpyldysy köplenç esgerleriň gözüne ilýärdi. Soltanyň gapdalynda barýan baş serkerde Afşiniň sesi häli-şindi eşidilip durdy. Söweşiň ähli tilsimlerini we gidişini Afşin beg her pursatda esgerlere aýdýardy. Meşhur Malazgirt söweşiniň gidişi barada rus taryhçysy H.A.Skabalanowiç, wizantiýaly taryhçy K. Koen, Attaliat dagy jikme-jik ýazypdyrlar. Soltan Alp Arslanyň işläp düzen tilsimi (taktikasy) boýunça esasy goşun duşmanyň goşunynyň içinden çaltlyk bilen geçip, ony dik ikä bölüpdir. Ikä bölünen duşman goşunyna soň birleşmek başartmandyr. Her gapdalda bukuda duran türkmen-seljuklary duşmanyň aljyran we dargan goşunyny doly gabapdyrlar. Wizantiýalylaryň baş serkerdesi hasaplanýan Andronik Dukanyň goşunlary nähili söweş tilsimlerini ulansa-da, gabawdan çykyp bilmändir. Serkerdäniň özi gizlinlik bilen gaçmagy başarypdyr. Imperator Roman Diogen IV bolsa, öz janpenalary bilen bilelikde erjellik bilen söweşipdir. Söweşiň ahyrky pursady imperatoryň ussat serkerdeligine gözi ýeten soltan Alp Arslan esgerlerine ony öldürmän diri ele salmagy tabşyrypdyr. Imperator halys ýadap, diri ele salnypdyr. Baş serkerde Andronik Dukanyň gaçanyny bilen esgerler ruhy taýdan egbarlapdyrlar we olara diňe boýun bolmakdan başga alaç galmandyr. Elbetde, duşmany çaltlyk bilen aljyraňňylyga salyp, ony ruhdan düşürip, ýeňiş gazanmak türkmenleriň gadymy söweş tilsimleriniň biridir. Edil çölüň eýesi hasaplanýan gurduň aw tilsimini göz öňüne getirip görüň. Islendik süriniň üstünden gelen gurt, hemmeleri, gör, nähili başagaý edýär. Diňe hemme zat paýhynlanan soň, onuň yzyny görüp galýarlar. Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ene gurt» atly powestinde ýazyşy ýaly, gurduň inen ýerini ne köpekler, ne-de awçylar biler. Ony tutmak, onuň öwezini dolmak beýle-de dursun, diňe adamlarda aldajy-algyr gurt barada ýatlamalar galýar... Söweş tamamlanan badyna diri ele düşen Roman Diogen IV bilen soltanyň özara gürrüňdeşligi bolup geçipdir. Soltan Alp Arslan onuň ussat serkerdedigini aýdypdyr. Soltanyň: «Eger-de men seniň eliňe diri ýesir düşenimde, näme ederdiň» diýen soragyna imperator hiç-hili çekinmän: «Öldürerdim» diýip jogap beripdir. Paýhasly soltan bolsa: «Men seni öldürmäýin, sen ýurduňa gaýt, geçirimlilik we ynsanperwerlik türkmenleriň ganybir häsiýetleriniň biridir» diýipdir. Netijede, ýeňlen imperator bir million dinar (gyzyl pul) möçberinde paç tölemeli edilipdir we Wizantiýanyň gündogar ýerleri, Ermenistan, Siriýa türkmen-seljuklaryň mülkleri diýlip yglan edilipdir. Roman Diogen IV bolsa, öz ýurduna gaýdyp baranda, onuň çykdajylarynyň öwezini dolmagyny talap edipdirler we onuň gözüne gurşun guýup öldüripdirler. Soltan Alp Arslana indi Ýakyn Gündogara geçmäge we yslam dünýäsini haçparazlaryň abanýan howpundan goramaga ýol açylypdyr. Ol şonuň üçin Wizantiýanyň eýelenen gündogar bölegini söweşde tapawutlanan serkerdelerine mülk ýerleri hökmünde paýlap beripdir we ol mülk ýerleriň hemişelik türkmenleriň eýeçiligi bolmagy barada perman çykarypdyr. Meşhur serkerde Meňgüjük beg (Malazgirt söweşinden soň gazy lakamy berlipdir) Anadolynyň Erzinjan, Kemah, Diwrigi we Gündogar Garahysar diýen ýerlerini eýeläpdir we ol ýerde öz begligini döredipdir. Atsyz ibn Uwak bolsa, Kudusa (Iýerusalime) çenli baryp ýetipdir we onuň töwereklerini eýeläpdir. Soňra ol 1076-njy ýylda birnäçe gezek Siriýanyň paýtagty Damasky eýelemek üçin ýörişler geçirýär. 1076-njy ýylda Damasky hem eýeleýär. Kudusyň (Iýerusalimiň) we Damaskyň töwereklerinde onuň ady bilen bagly ençeme beglikler bolupdyr. Danyşment beg bolsa, Siwasda öz begligini, Abulkasym Saltyk beg hem Erzurum, Baýburt, Tarjan, Minjingert, Ispir, Olty ýaly ýerlerde öz begliklerini, Kurly beg Palestinada öz begligini esaslandyrypdyr. Gaýduwsyz serkerde Sadr beg hem Diýarbekirde mülk ýerleri edinipdir we ol ýerlerde öz begligini esaslandyrypdyr. Artyk beg Gündogar Anadolynyň Mardin, Silwan diýen ýerlerini öz mülkine öwrüp, ol ýerlerde öz begligini döredipdir. Soltan Alp Arslanyň ýörite permany bilen döredilen, ýokarda ady agzalan serkerdeleriň Gündogar Anadolydaky beglikleri iki sany taryhy wezipäni ýerine ýetiripdir. Birinjisi, Ýewropadan gelýän haçparazlaryň ilkinji ýörişleriniň öňlerine böwet bolupdyr. Ikinjisi, bolsa, Günbatara we Anadoly ýerlerine mundan beýläk türkmenleriň köpçülikleýin göçmekleriniň başyny başlapdyr. Soltan Mälik şa 1076-njy ýylda öz doganoglany Süleýmany Anadoly türkmen-seljuk döwletiniň soltany edip belläpdir. Soltanyň bu göçümi Alp Arslan döwründäki eýelenen türkmen mülklerini bitewüleşdirmekden we olary bir döwletiň düzümine salmakdan ybarat bolupdyr. Soltan Mälik şanyň döwründe Günbatara, ýagny Anadoly ülkesine türkmenleriň gelmekleriniň ikinji döwri bolupdyr. XIII asyryň başlarynda Merkezi Aziýa mongol çozuşlarynyň başlanmagy bilen, Horasandan türkmenler köpçülikleýin ýagdaýda Anadoly ülkesinde öňden ornaşan watandaşlarynyň ýanyna göçüp gelip başlapdyrlar. Şol döwür türkmenleriň aglabasy meşhur soltan Jelaleddiniň baştutanlygynda Anadoly ülkesine göçüp gelipdirler. Soltan Jelaleddiniň bu ülkä gelmeginiň esasy sebäbi hem bu ýerdäki öňden gelen türkmenlerden mongol basybalyjylaryna garşy göreşmek üçin goşun kömegini almakdan ybarat bolupdyr. Ýeri gelende bellemeli ýagdaýlaryň biri hem, soltan Jelaletdiniň goşuny bilen meşhur serkerde Ärtogrul Gazy hem Merwden bu ülkä öz adamlary bilen bilelikde gelipdir. Bu göçüş bolsa, türkmenleriň bu ajaýyp ülkä üçünji taryhy göçüş döwri bolup hasaba alnypdyr. Elbetde, bu ýagdaýlary beýan etmek özbaşyna bir uly taryhy kyssadyr. Anadoly ülkesine ilkinji gadam basmak bagty miýesser eden, soltan Alp Arslanyň ýakyn egindeşleri we serkerdeleri Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagyny bu ülkäniň ajaýyp tebigaty, üç tarapy deňiz bilen gurşalan bu ýurduň gözelligi özüne bendi edipdi. Galyberse-de, bu ajaýyp ülkäniň demirgazygyny gadymy Kawkaz, günbataryny Ýewropa, gündogaryny gadymy pars, günortasyny bolsa elýetmez arap medeniýeti baglaýardy. Ýokarda ady agzalan serkerdeler bu ajaýyp ülkede soltan tarapyndan berlen mülk ýerlerde öz begliklerini döredip, ol beglikleri dolandyrmak işleri bilen meşguldylar. Malazgirt söweşinden soň, şöhraty we abraýy arşa galan soltan Alp Arslan Amyderýadan geçip, Mawerennahr ýerlerini (Amyderýa bilen Syrderýa aralygy arap dilinde Mawerannahr, ýagny derýa aralyk diýmekligi aňladýar) dolandyrmak işlerine başlaýar. Taryhçylaryň ýazmaklaryna görä, 1072-nji ýylyň güýzüniň ahyrlarynda soltan Alp Arslan gadymy Horezmiň Biruny obasynyň golaýynda bir näkesiň hanjarynyň pidasy bolýar. Ol agyr ýaraly ýagdaýda gyşa çenli Merwde köşkde bejerilse-de, hiç-hili däri-derman peýda etmeýär. Hanjardan tene geçen awy bütin göwräni zäherleýär. Soltanyň Anadolydaky meşhur egindeşleri bu ajy habary eşidip, çaltlyk bilen Merwe gelýärler. Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg öz soltanyny görmäge howlukýardylar. Agyr haldaky soltanyň ýanyna baş tebip onuň çagalyk dosty Afşine gelmäge rugsat berýär. Afşin, her näme-de bolsa, baş tebibe bir-iki agyz özi bilen gürleşer ýaly etmegi ýürekden haýyş edýär. Däri-dermanyň güýjüne soltan zordan ysgyna gelýär. Taryhçy Mustafa Nejati Sepetçioglunyň bellemegine görä, örän gysga wagtlyk, soltan bilen onuň söwer dostunyň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär. Soltan: «Anadoly ülkesinden näme üçin geldiňiz?!» diýýär. Afşin soltanyň babyr bileklerini öpüp şeýle diýýär: «Soltanym, hemme zatdan beter, bize siz gymmatly. Allajan, size ömür bersin, soltanym...» Soltan agyr halda bolsa-da, serkerde Afşini sözüni soňlamaga goýmady. Ol çalaja pyşyrdy bilen: «Malazgirt jeňini özüň bilýäň, Afşin! Ol ülke bize, gör, nähili, gymmat düşdi. Beýik, Gudraty Güýçli Biribar ol ajaýyp ülkäni bize peşgeş berdi. Beýik Biribar bolsa, diňe öz söýen bendelerine şeýle ajaýyp ülkäni peşgeş berýändir. Malazgirt jeňinde Beýik Allam biziň dilegimizi eşitdi we bizlik boldyAfşin!» Afşin bolsa, gürlemek beýle-de dursun, diňe soltana seredip, ýarym-ýaş aglaýardy, diňe baş atmak bilen oňýardy. Soltan sözüni dowam etdi: «Haýal etmän yzyňyza gidiň. Bizanslara (wizantiýalylara) we haçparazlara indiden beýläk ol ülkede orun bolmaly däldir. Ol ýerleri indi diňe türkmenleriň mülki bolup, musulman ymmatyny goraýan ülkä öwrülmelidir. Meniň permanymy gaýtadan oka, Afşin! Allatagala ýene-de bir kişini soltanlyga göterer, ýöne ol beýle ajaýyp ülkäni hemme bendesine peşgeş berýän däldir. Beýleki serkerdelere-de aýt, soltanlaryny hemişe ýanynda ýaly duýsunlar. Haýal etmän dolanyň we Allanyň beren ülkelerine eýelik ediň....» Tebip soltanyň çadyryndan Afşini çykardy, soltanyň haly egbarlapdy. Soltanyň sözi ol serkerdeler üçin permandy. Olar çaltlyk bilen Merwden ugradylar. Merwden Sarahsa gelen serkerdeler az-kem dynç alyp, uzak ýola şaýlanmak üçin, haýsy ýoldan gitmelidigini maslahatlaşdylar. Uzak Merw menzili yzda galypdy. Afşiniň uzak ýola we özüniň müdimilik galjak uzak menziline ugramazlarynyň öň ýanyndaky sözleri beýlekileri hem ejizletdi: «Eý, ata Watanym Merw, dabanym gatan Garagumum, hoş galyň! Indi biziň gaýdyp, bu topraklara dolanmaýandygymyz üçin, bagyşla, eý, gadymy Merw! Sen Anadolyda hem ýüreklerde ýaşarsyň, eý, heňňamlaryň köp külpetini gören Merw! Beglerim! Soňky gezek ata Watanymyzyň ýollaryna garalyň. Biz bu ýerde köp eglensek, bizi ejizlik basmarlar. Ejizlesegem, soltanymyzyň ol beýik wesýetlerini kim ýerine ýetirer?!» diýip, ol galan sözleri aýdyp bilmän, damagy dolmakdan ýaňa, çaltlyk bilen atyna mündi. Afşin «ugraýas» diýen manyda serkerdelerine baş atdy. Olaryň hemmesi örän kynlyk bilen soňky gezek Merwe gidýän ýola juda tolgunmak bilen garadylar. Ine, şeýdip meşhur soltanyň çagalyk dostlary we egindeşleri beýik wesýeti ýerine ýetirmek üçin Anadola ugradylar. Olar tiz wagtdan gadymy pars ülkesiniň bir çetinden girdiler. Afşiniň maslahaty bilen olar gadymy Eýranda hem kän eglenmän, ol ülkäniň üstünden aşyp, çaltlyk bilen Anadola girdiler. Indi soltan Alp Arslanyň meşhur serkerdeleri üçin başga döwür başlady. Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagy ýolda Afşine: «Sen örän bagtly ynsan, Afşin! Soňky pursatda hem sen soltanymyzy gördüň. Biz üçin mundan beýläk soltanymyz düýşümize girse-de, ykbaldan müňde bir razy. Goý, soltanym bizden razy bolsun! Biz ömrümiziň galan bölegini ata Watandan alysda bolan Anadolyda bolup, soltanyň beýik wesýetlerine wepaly bolarys. Soltanymyzyň Malazgirtdäki sözleri bize hemişe ganat berer» diýip, öz-özlerini köşeşdiripdirler. Soltanyň ýakyn egindeşleri Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagy ikinji watanlary Anadola baryp, köp wagt geçmänkä, 1072-nji ýylyň gyşynyň başlarynda soltan Alp Arslanyň bu panyny terk edendigi hem-de onuň ogly Mälik şanyň soltanlyk tagtyna geçendigi baradaky habary alypdyrlar. Olar özleriniň beýik serkedesi Alp Arslana o dünýäde tükeniksiz iman diläp, hersi öz begliginde ömürleriniň ahyrlaryna çenli soltanyň pentlerini ýerine ýetiripdirler. Anadoly ülkesinde ilkinji ýurt tutunan serkerdeler Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagy soltanyň ol pentlerini soňky göçüp gelen türkmen nesillerine hem galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, meşhur soltan Alp Arslanyň öňden görüjiliginiň netijesinde bu ajaýyp ülke hem türkmen ýurduna öwrülipdir. 948 ýyl mundan ozal bolup geçen Malazgirt söweşi meşhur soltan Alp Arslana şan-şöhrat getiripdir. Bu söweşiň taryhy ähmiýeti barada juda köp taryhçylar belläp geçipdirler. Belli türk taryhçysy we ýazyjysy Mustafa Nejati Sepetçioglunyň on iki kitapdan ybarat romanlar tapgyrynyň ýedi bölümi soltan Alp Arslana, onuň Malazgirt meýdanyndaky taryhy ýeňşine hem-de onuň meşhur serkerdeleri Afşin, Meňgüjük beg, Atsyz ibn Uwak, Sadr beg, Kurly beg, Danyşment beg, Abulkasym Saltyk beg we Artyk beg dagynyň durmuşyna bagyşlanypdyr. 1949-njy we 1970-nji ýylda çapdan çykan «Harby ensiklopediýa» («Военная энциклопедия») atly kitapda meşhur türkmen soltany we serkerdesi Alp Arslana hem uly orun berlipdir. Halkymyzyň şöhratly taryhynda, gör, ýene-de näçe beýik şahsyýetler bar. Olar barada hem geljekde ylmy işler ýazylyp, halkymyza ýetiriler. Meretguly ÖWLÜÝÄGULYÝEW, Agajan ATAÝEW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |