Bir gezek bir galany goraýan nökerleriň birnäçesi serhoş bolup, bozgaklyk edipdirler. Öz ornunda sak durmagyň deregine olaryň kimsi uklap galypdyr, kimsi galadan çykyp, tokaýa siňip gidipdir, kimsi şäheriň köçesinde aýdyma zowladyp gezipdir. Hatda näme edýänini bilmän, urşup-söwüşip şäher ilatyna azar berenleri hem bolupdyr.
Ertesi olary ýygnap şäheriň emeldarynyň huzuryna getiripdirler.
Halk emeldaryň bet niýetli adamlary agyr jezalandyrjakdygyna ynanýardy. Onuň geljek kararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Emeldar agraslyk bilen olaryň näme üçin beýle serhoş bolandyklaryny sorapdyr. Olar özara jedelleşip, şerap içmek boýunça ýaryşandyklaryny aýdypdyrlar. Onda emeldar ajy ýylgyryp:
- Berekella! Onda bu ýaryşda siziň hemmäňiz üstün çykypsyňyz. Sebäbi düýn azda-kände serisag bolup, öz ornunda duranyňyz ýok. Mazaly şonda duşmanyň howp salmany gowy zat.
Soň emeldar günäkärleriň hersiniň boýnundan polat zynjyr bilen bir ýumruk ýaly gurşun “medal” asdyryp, boşadyp goýberipdir. “Medallaryň” ýüzüne “Arakhor” diýlen ýazgy bar eken. Özi-de bir ýylyň dowamynda şol medallary aýyrmaga synanşyk edilmegini agyr jeza gorkusy bilen berk gadagan edipdir. Soňra emeldar geňeşdarlaryna ýüzlenip şeýle diýipdir:
- Elbetde, men ol akmaklary dardan asdyryp hem bilerdim. Ýöne hut şeýle “sylag” olar üçin jezanyň ýagşysy bolar. Goý, olar etmişlerine ökünip toba gelsinler. Ol beýlekilere-de sapak bolar. Indiki ýylyň “çempiony” bolmaga hiç kim höwes etmese gerek.