09:24 Joralar / hekaýa | |
JORALAR
Hekaýalar
Ýekşenbe günüdi. Giç öýlänler jöwenek gatyşykly ýagyn ýagdy. Ululygy şänik ýaly jöwenekler maşynyň aýnasyna gürsülläp degýärdi-de, soňundanam jöwenegiň degen yzy dessine ýitip gidýärdi. Bu boluş ulagyň yzky oturgyjynda oturan Päkizedir Göwhere açyk-açdyň görünýärdi. Olar şäheriň haýwanat bagynda ýygy-ýygydan bolardylar. Şu günem haýwanat bagyna bakan ýola düşüpdiler. Olar hakyky joralar diýilýänidi. Öň-ä körpeler bakjasyna deňje gatnapdylar, soňam bir mekdebi bile tamamlapdylar. Mekdep bilen hoşlaşan soňlaram olaryň hersi bir hünäri saýlap alypdy. Bu günki gün olaryň ikisi-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydy. Päkize ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Göwher uniwersitetiň daşary ýurt dili bölüminde okaýardy. Ol iňlis dilini suwara bilýärdi. Oňa bu ýerde okamak ýeňildi. Päkizäniň galjaňlygy hem-de iş başarjaňlygy göz öňünde tutulyp onuň okaýan toparyna ýolbaşçy edilip bellenilipdi. Şeýdibem okuwa başlanylypdy. Indi olara okuw aladasy bilen ozalkylary ýaly ýygy-ýygydan görşüp durmaga maý bolmandy. Ýöne durmuşda ähli zat adamyň takdyryna bagly diýilýär. Bu şeýle-de boldy. Ykbal olara ýaňadan gülüp bakdy. Joralaryň bagtyna iki maşgalanyň hem soňky göçüp baran ýeri şäheriň merkezinde bir-birine ýanaşyk gurlan jaýlardan düşdi. Onsoň okuwdan soň olar hemişe diýen ýaly ýene-de bir ýerden örüp başladylar. Asyl olaryň iýenleri aýra gitmezdi. Şeýle bolansoň olaryň daş keşbinde-de, boý-syratynda-da meňzeşlik duýulýardy. “Siz ýöne bir jora bolman, süýtdeş dogan bolaýmaň!” diýýänlerem tapylýardy. Asyl olaryň ata-enelerem saçakly gatnaşykdadylar. Päkizäniň kiçijikliginden guş-gumrudyr haýwanlary gowy görmesi bardy, olary apalap gelşi üýtgeşikdi. Oňa-da kakasy sebäp bolupdy. Ol üç-dört ýyllap yzly-yzyna tomus rugsadynda çagalaryny oba--garry öýlerine alyp barypdy. Obada bolsa at, sygyr, eşekdir düýe näçe diýseň bardy, süri-süri dowarlar-ha oba barýan ýolugrunda-da gabat gelýärdi. Ony günortanlaryna ýatagyna gelýän dowar sagymyna-da alyp barardylar. Gelnejesi goýun-geçini sagan dessine, olam beýleki çagalar ýaly, süýdüň köpürjegini ýalamaga oturardy. Soňam bökjekleşip ýören eýjejik guzudyr owlajyklary kowalap birsalym heziller edinerdi. Olaryň käbirini tutup gujagyna-da alardy, gulajyklaryny, maňlaýny sypalardy. Olaryň näzijek mäleýişleriniň aşygydy. Niredendir bir golaý ýerden itleriň sesi eşidilýärdi. Bir gezegem ol elindäki owlagyny goýberdi-de, itiň üýrýän tarapyna alarylyp seretdi. -- Kaka, bu ýerde itler näme işleýär? Her kim itini howlusynda daňyp saklaýar dälmi?—diýip, çopan oglan bilen gürleşip duran kakasyndan sorady. Onuň bu sowalyna kakasyndan öňürti çopan oglan jogap berdi: --Gyzym, bular goýun itleri, olar adama degenoklar, süriniň daşyny goraýar. Ata-baba çopanyň iň ýakyn kömekçileri. Onsoň gaplaňdyr möjekler, şagaldyr tilkiler, syrtlanlar itiň bar ýerine gelip bilenoklar. --Bu ýerde möjek-şagalam barmy?--diýip, bu gezek uly gyzy Ajaýyp howatyrlandy. -- Ýok, gyzym, indi niçe ýyldyr ýyrtyjy haýwanlara duşamzok, bu golaýda olara duşduk diýýänem ýok. Ýöne öňler welin kän eken. Olardan ýaňa mal-gara, çopandyr çoluga gün ýok eken. Ýöne kirpi, ýylan-içýan, hažžyk,pyşdyl ýaly jandarlar ätlän ýeriňde gabat gelýär, olar şu töwerekde-de kändir. Bimaza edilmese, olaryň hiç haýsam seni çakjak bolup duranoklar, diňe üstlerine howp abananda, özlerini goramak üçin çakýarlar. Çopan oglanyň jogabyndan kanagatlanan Ajaýyp gaýdyp ondan zat soramadylar. Päkize welin zordan saklandy. Çünki ony hemme zat gyzyklandyrýardy. Ol durşy bilen sowaldy. Olaryň üýşüp dowar ýatagyndan çykyp duruşlarydy, ine, şol ýeriň özünde-de Päkizäniň öz maýdalyna mytdyllap barýan uly bir pyşdyla gözi düşdi . --Kaka, şu pyşdyl diýilýänimi?—diýip, oňa golaý bardy. --Hawa, gyzym, ine, şu hakyky pyşdyl. --Ho-ol multfilmdäki eli hasaly, gözleri äýnekli pyşdylmy? --Hawa, hawa, bildiň, edil özi—diýip, kakasy ýylgyrdy. --Hany onuň elinde hasa ýog-a? Äýneginem dakmandyr. Ol däl bolaýmasyn?! Men ony elime alyp bilerinmi? --Ýok, ýok, gyzym. Gerek däl. Ony bu ýerde hiç kim eline alanok. Hatda menem alyp göremok. Bahymrak öýe gaýdalyň. Görerin diýseň agaňlarda öý pişigem bar, alabaý item bar. Ullakan horazdyr towuklaram, ördekdir gazlaram kän. Hatda münüp görerin diýseň eşeklerem bar... Bar zat şondan soň başlandy. Asyl Päkize mekdepden boş mahallarynda haýwanat bagyna äkitmeseler, ata-enesini öz gününe goýmazdy, öýkelärdi.“Şolary görüp durmasam, özümi nämedir bir zadym ýetmeýän ýaly duýýaryn” diýerdi. Onsoň kakasy hem gyzyny öýkeledesi gelmezdi. Wagt tapmadyk ýagdaýynda körpe inisi Nygmatdan haýyş ederdi. Nygmat muny kyn görmezdi, Päkize bilen, onuň tükeniksiz sowallary bilen birçaklar öwrenişip gidipdi. Päkize üçinem kakasy bilen gidenden agasy bilen gidenini müň paý gowy görerdi. Çünki agasy näçe wagtlap eglense-de, ony howlukdyrjak bolup durmazdy. Haýwanat bagynyň içi giňdi, üstesine haýwanlaryň görnüşlerem gün-günden artyp gidip otyrdy. Soň-soňlar-a kakasy hem onuň ugruny tapypdy. “Gyzym, sen şu gün nämeleri göresiň gelýänligini anyk aýt? Men saňa şony hem görkezjek! Bir geleniňde ähli zady görmek mümkin däl” diýip, bu sowaly onuň öňünde keserdip goýardy. Öňler hemmesini göresim gelýär diýýän gyz bolsa: “Kaka, şu gün men diňe ýylanlary göräýjek ýa-da maýmynlary görjek!” diýmeli bolýardy. Onsoň haýsy haýwanyň nirede ýerleşändigine belet kakasy Päkizäni göni şol ýere-de alyp barardy. Öýde-de şeýledi. Jaýlarynyň sekizinji gatdalygyna garamazdan, onuň eýwanda her gün saba bilen özüniň iýmleýän ýabany guşlary bardy. Onsoň penjiräniň öňünde saýraşýan guşlaryň alkyşlaryndan lezzet alýan ýaly duýgyny başyndan geçirýärdi. Bir guşuň welin topugyndan aşagy ýokdy, Päkizäniň ony her görende ýüregi awardy. Oňa aýratyn bakyş-görüş edesi gelýärdi. Haýp, oňa taýynlap goýan dänelerini köplenç gögerçinler iýip gidýärdiler. Onsoň şol maýyp guşa aýratyn bakyş-görüş etmegi enesinden haýyş ederdi. Ol ýaş mahallaram şeýledi, ýüregi ýukady... O mahallar Päkize ýaňy bir on iki-on üç ýaşlaryndaky gyzjagazdy, şondan uly däldi. Onuň beýikli-pesli daglara bürenen jülge bilen egrelip uzaklara giden ýollary ilkinji gezek gelip görşüdi, özüni welin hut şu ýerde doglan çagalar kimin alyp barýardy, dogumlyjady. Dogany Ajaýyp welin onuň tersine, haýwanlary ellemekden-ä geçen, olardan öler ýaly gorkýardy. Şol günem hemmeleriň dynç alýan günüdi. Päkizeler tutuş maşgala bolup şäheriň alkymynda Köpetdagy etekläp oturan jülgä gezelenje çykypdylar. Ruluň başynda kakasy otyrdy. Ýolboýy ataly-gyzyň gürrüňi gyzyşypdy. Asyl ulagdakylardan şol ikisinden başgasy gürlänokdy. --Kaka, biz nirä barýas? --Oturyp, dynç alar ýaly ýere. --Ol heniz daşmy? --Ýok, indi az galdy. Häzir Mälik daýy biziň üçin saýaly ýer saýlabam alandyr. --Mälik daýy şäherde ýaşaýar dälmi? --Hawa, şäherde ýaşaýar. Bu gün säher bilen turup gitdi.”Siz barýançaňyz ertirligiňizi gamyny ederin” diýdi. --Kaka, biziň barjak ýerimizde nämeler bar? Oba barmy? --Obada bar. Ýöne biz oba barmarys. Ondan has uzaklarda, türkmeniň sährasyna seýrana çykýas. --Sähralykda nämeler bar? --Sähralykdamy? O ýerde ähli zat bar. Sähralykda bir tarapyňda şirläpjik akyp ýatan buz ýalyja suwly çeşme bar. Beýleki tarapyňda-da başy göge ýetip oturan gojaman çynarlar ösüp otyr. Baýyrlyklardan bolsa iki-ýana agnap ýören dowar sürülerem görünýär. Olary görüp göwnüň açylýar, süňňüň ýeňleýär,o ýerleri duranja bir jenneti mekan. Çigildemleriň, kömelekleriň gögerýän wagty. Ynha, görersiň, o ýerler saňa-da ýarar, heziller edäýersiňiz. --At-eşegem, sygyram barmy? --Hawa, gyzym, golaýynda at-eşegem, sygyram bar, ynha barsaň görersiň. Soňam otda gaýnan çaýdan içeris, naharam iýeris. Şeýdibem dynç alarys. --Hany, özbaşdak ot ýakmak bolanok diýýädiň-ä! --Dogry aýdýaň gyzym, diýipdim. Ýöne biz ot ýakmaly bolmarys, indi ol ýerde “Jülge” atlandyrylan ýörite garbaryşhana açylypdyr, çaýy şoňa baryp içeris. Bu ýerleriň suwam, howasam bal ýalydyr. --Kaka... --Besdir--diýip, ejesi gatyrganjak boldy.—Beýle-de bir ýürege düşgünç çaga bolar eken-ow, agzyna jaň urlan ýaly. --Keýwany, goý islän zadyny sorasyn, çagadyr-da.”Bilmedigin sorap öwrenen alym, soramagy namys eden özüne zalym” diýip, şahyrlaram ýönelige aýdan däldir-ä. --Çaga-çaga diýip halys depäňe mündürdiň. Munuň deňinde Ajaýyp janam, Ýakymly janam bar. Bular sesini çykarman otyr. Ylla bu olaryň dogany däl ýaly.Dünýä mugallymyň janyna berekella. Alýan hakyň halalyň bolsun. Şular ýaly birki okuwçyň bolsa, başga saňa dert gerek däl. Sorag berip, sorag berip, hakyt aňkaňy aşyrjag-ow. --Dünýä mugallym-a gaýta Päkizäni öwýär. Ony iň zehinli okuwçylarynyň hatarynda görýär—diýip, kakasy gyzynyň tükeniksiz sowallaryna birin-birin, özi-de takyk jogap bermäge çalyşdy. Bilmeýän zadyny “Bilemok” diýýärdi, ýogsam ýüzugra nädogry jogap bilenem başyndan sowup biljekdi, ýöne ol ony etmedi. --Bolýa eje, gepleme diýseň, geplemäýin. Kakamdan ýene-de birje zat sorasam bormy? --Bolar gyzym, sora, munça bolanyna görä, oňa-da jogap berjek bolaryn. --Kaka, biziň häzirki barjak ýerimizde pyşdyl barmy? --Pyşdyl!—Öňden gaharlanyp duran ejesi çasly seslendi. --Maňa pyşdyl gerek, eje. --Pyşdyl nämäňe gerek boldy? -- Men ony öýe äkitjek. --Ýagşam bir iş etjek ekeniň. Asyl bir kemimiz öýde pyşdyl saklamakdy. Onam getirseň tüýs bolaýjak. --Köne goňşymyz Baharlar öýlerinde towşandyr kirpi-de saklaýar. --Iller saklaýar diýip senem onsoň öýe haýwanlary daşaberjek-dä! Akwarumda balyk saklajak diýdiň, pişijek, güjüjek bolaýsa diýdiň, oňa garşy bolmadyk. Pyşdyl diýeniň bolmaz.Oňa men ýol bermen. --Kaka, eje, pyşdyl diýýäniň hapadyr-a. Onam bir öýe getirip bormy?—Bu gezek ogly Ýakymly ara goşuldy.—Muňa gulak asmaň. --Päkize, sen dälirediňmi, gyz. Seniň hiç bir zatdan gorkyň ýokmy?—diýip, gürrüňleri boýdan-başa diňläp gelýän dogany Ajaýyp gürrüňe goşuldy.—Sen näme üçin özüňden ulyny diňläňok. --Pyşdyl gorkuly jandar däl. Onsoňam men onuň ullakanynyny däl-de, çagajygynyň gürrüňini edýän. Ony her günde tämizlärin, ýatmazdan öň boşnuna halkajyk daňyp. howlymyzda gezdirerin, wagtly-wagtynda iýdirerin-içirerin. Onuň men iýýän zatlarynam öwrendim. Näme bar bu ýerde? Ýanjagazymda ýatyraryn. --Eý, toba, kakasy, eşidýäňmi gyzyň aýdyp oturan zatlaryny ýa-da senem gyzyň tarapyny çalýaňmy? --Gaharlanma keýwany, gyzym Päkize öý haýwanlarynam, çöl haýwanlarynam aşa gowy görýär. Men oňa şu gün pyşdylly ýeri görkezerin, ol şol ýerde oýnap keýpden çyksyn. Öýe äkitmegine welin menem garşy. Islese, men ony bu ýere tiz-tiz getirin... Olar pyşdyl gözläp uzaklara gitdiler. Ahyry pyşdyllaň bolýan ýeriniň üstünden bardylar. Kakasy: --Gyzym, ynha seň diýýän pyşdyllaň. Hanha, näçe diýseň bar. Ulusam bar, kiçisem. Ýadaýançaň synla, oýna. Ýöne ätiýaçly bol, ol her niçigem bolsa, ýabanydyr, dişläýmegi ahmal. Şondan soň kakasy otlukly ýere gyşardy-da, birsalym goltugyndan çykaran kagyzlaryna güýmendi. Päkizäniň bu ýerde gezmeleşip ýören ululy-kiçili pyşdyllary görüp, gökdäki dilegi ýerde gowşupdy. Pyşdylyň çagasyny eline alyp, onuň keşde çekilen ýaly üstündäki çanagyny sypady, soňam ony ene pyşdyldan uzagrak ýere goýberip, onuň ýörişini synlamaga durdy. Pyşdyljyk Päkize elini ýetirere mähetdel boýnuny ýygyryp, çanagynyň astynda bukulýardy. Soňam töweregiň imi-salalykdygyny duýan soň, hawa diňe şondan soň, ýene-de kellesini daşyna çykaryp, kem-kemden yza ädim ogurlaýardy... Olar şol gezekki wakany ýatlap, käte-käteler şu günlerem gürrüňini edýärler. Hiç kes Päkizäniň torbasyna pyşdyly salyp geler öýdüp pikir etmändi. Ýöne ony gören ejesi dessine gyzynyň gyk-bakyna-da garaman, şo günüň ertesi ony daşaryk atypdy. Päkize ejesinden öýkeläp gezdi. Ol heniz pyşdyljyk bilen öwrenişmändi, oňa at dakybam ýetişmändi, pyşdyljygyň halyna gyýyldy. Giçlik bu barada kakasyna janygyp gürrüň berdi: --Pyşdyljygym nirä gider? Onuň ýat ýerlerde güni-haly neneň bor? Kaka, ejem ullakan ýalňyş goýberdi, şeýle gerek?! Ýalňyşdy gerek? Ol meni hiç diňlemedi. --Gyzym, sen köşeş. Men häzir ejeň bilen özüm gürleşerinem, düşünişerinem—diýip, ol daşky otaga çykyp gitdi. Birsalymdam hem ol Päkizäniň ýanyna dolanyp geldi. -- Gyzym gaýgy edere zat ýok. Ejeň pyşdyly ýöne daşary atmandyr eken. Ony Mälik daýa berip goýberipdir. Ol hem elinje seniň alyp gaýdan ýeriňe eltip goýberjegine söz beripdir. Biz indiki ýekşenbede ýene-de baryp gaýdan ýerlerimize gezelenje gideris. Sen ony ol ýerde öz gözüň bilen görersiň. Görseň, tanarsyň gerek? --Hawa, kaka, tanaryn! Olam meni tanarmykan diýýän. --Boldy gürleşdik. Päkize diňe şondan soň ynjalypdy. Haýp, ondan bäri telim ýekşenbe geçipdi. Arman kakasynyň iş-aladalar bilen hemişekileri ýaly üýşüp dem-dynç almaga eli degmändi... Joralar haýwanat bagyna gelip ulagdan düşende, ýagyş diňipdi. Ylla bulutlar el bilen syrylan ýaly, asmandan Gün yşyklap durdy. Olaryň ilki gelip synlany hem äpet haýwan žiraf boldy. Žiraf öz bilen boýdaş bolup duran agajyň şahasyndaky ýapraklary iýýärdi. Göwher onuň her bir hereketini synlap durşuna: --Päkize, sen bilýärmiň, žirafyň üç şahy bolýar, ikisi kellesinde, birem maňlaýynda. Ol kellesini agajyň şahasynda goýubam, dik duran ýerinde uklap bilýär diýýärler. Özüniňem alty metr boýy bar—diýip, Göwher žiraf barada bilýänini gürrüň berýärdi. Nämüçindir Päkize jorasynyň gürrüňine goşulyberenokdy. Birhaýukdan soň Göwher gaňrylyp yzyna seretse, oňa ýanaşyk duran Päkize däl-de, gujagy çagaly aýal eken. Ol töwerege seretdi, ýöne Päkizä gözi düşmedi. Birneme gyssanjak ýaly etse-de, arkaýynlyga salyp adamlaryň arasyndan jorasyny gözledi. Adyny tutup gygyrmaga welin,ejap etdi. Oňa elinden telefon aýlady. Trupkadan zenan maşgalanyň sesi geldi: ”Müşderiniň telefony öçürilendir ýa-da ol aragatnaşyk desgasynyň hyzmat ediş çäginden daşdadyr”. Ony şagga der basdy. Göwher ynjalmady.”Göz bilen gaşyň arasynda nirä ýitirim bolduka? Adam iňňe däl-ä ýitere. Ýogsa-da, ol meni ýalňyz taşlap, meniň bilen oýun etjek bolýarmyka?”. Haýwanat bagynyň aňyrsy-bärisi görünmeýärdi, bu ýer çagaly-çugaly adamlardan ýaňa mygyl-da-mygyldy. Göwher bir demde ähli ýeri aýlanyp çykmak isledi. Onuň pikiriçe Päkize haýwanat bagynyň içinde bolmalydy. Daşyna çykmagy asla mümkin däldi. Dogrudanam Päkize daşyna çykmandy, çetki gözenekleriň birinde öz hossaryna duşan ýaly ullakan bir pyşdyly synlap, onuň bilen ylla gürleşýän ýaly bolup otyrdy. Muny gören Göwheriň begenjinden ýaňa gözleri ýaşaryp gitdi. --A gyz, sen bäridemidiň? Men welin seni gözläp ýörün. Päkize ylla hiç bir zat bolmadyk ýaly, asyl Göwhere ýagşydan-ýamandan jogabam bermedi. Gaýta: --Bu şol pyşdyl bolmaly—diýip, gülümsiredi. -- Haýsy pyşdyl? --Saňa gürrüňini beren pyşdylym. Seret, seret, hakyt çanagynda akly-garaly tegmillerem bar. --Ol bu ýere nädip düşsün. Bu başga pyşdyl bolaýmasyn?! Sen maňa kiçijik bir pyşdylyň gürrüňini beripdiň-ä! --Hawa, kiçijik pyşdylyň gürrüňini beripdim. Ýöne ol ulalypdyr. Heý-de, üstünden alty-ýedi ýyl geçer-de ol ulalmazmy, gyz? Mälik daýy oba äkitmän, getirip, şu ýerik tabşyran bolsa, kim bilýär?! Joralar şondan soňam pyşdylyň täsin hereketlerini synlap esli durdular. Pyşdyl welin bir duran ýerinde duranokdy, assa-assadan ýöräp, töwerege aýlanýardy. Ine, birdenem ol boýnuny uzadyp, olara bakan seretdi. Göwheriň-ä duýan zady bolmady, ýöne Päkize welin: --Seret gyz, seretsene. Hakyt ol meni tanady. Göwherem edil Päkize ýaly pyşdyla has golaý baryp, onuň gözlerine siňe seretdi. Pyşdylyň gubarlanyp duran gözlerinde ýaş bulduraýardy. Hawa, ony diňe Päkize däl, Göwherem gördi. Şonda-da Göwher muňa o diýen bir ähmiýet bermän, sagadyna seredip gyssandy: --Päkize, wagt birçen bolupdyr-a, gaýdaly. --Bor, jora, gaýdaly diýseň gaýdaly. Indiki gelemde men oňa terje ýorunja-da getirerin. Ýorunja pyşdylyň iň gowy görýän höregi bolmaly. Joralar haýwanat bagyndan çykyp, duralga bakan ýöneldiler. Olaryň ikisi-de bu günki gezelençden hoşaldylar. Hasam Päkize galkyjaklaýardy, bir mahallar aýra düşen pyşdylyna duşanyna, onuň aman-esen ýaşap ýörenine begenýän bolmaly. Megerem, şonuň üçindir, ulaga münülensoňam onuň gözleri yzynda galypdy. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |