15:07 Jynlar hem olaryñ adamzat bilen baglanyşygy hakynda | |
JYNLAR HEM OLARYÑ ADAMZAT BILEN BAGLANYŞYGY HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy “Näler boldy “ diýen şygrynda: Otdan Azazyl ýaraldy, Ýedi gat ýerde jaý aldy, Gulluk eýläp, göge galdy, Ussady-melekler boldy. diýip, şeýtanyň owalbaşda otdan ýaradylyp, Azazyl ady bilen ylym-bilimde beýik derejelere ýetip, melekleriň-perişdeleriň ussady bolandygyny ýazýar. Akyldar Azazylyň tekepbirligi bilen lagnata sezewar bolşuny “Nury-iman eýledi şygrynda şeýle beýan edýär: Katra-katra nurudan jemgy meleklerniň bary, Bir eziz Adam ýaradyp, barçaga han eýledi. Haktagala emr kyldy sejde kyl diýp Adama, Barçadan Adam şerip diýp, Taňry perman eýledi. Ol ki boýun sunmady kim, Taňrynyň permanyna, Saldy towky-lagnaty boýnuga şeýtan eýledi. Pyragynyň düşündirişine görä, Ýaradan owalbaşda daşyna oranan müň bir perdesinden Muhammet pygamberiň nuruny, şol nurdan bolsa Älem-jahany, perişdeler ählini, jynlary ýaradandygyny, soňundan bolsa Adamy ýaradyp, döreden janly barlygyna (perişdelere-jynlara) adamzada sejde etmegi buýurýar. Emma Azazyl tekepbirligi sebäpli ynsana sejde etmekden boýun towlandygy üçin, Allanyň lagnatyna sezewar bolýar. Magtymgulynyň Azazylyň şeýtan bolup, lagnata sezewar bolşy baradaky bu düşündirişi, umuman, yslam alymlarynyň şu mesele boýunça öňe sürýän dünýägaraýşynyň türkmen dilindäki çeper beýanydyr. Magtymgulynyň şygrynda Azazylyň okymyşlykda melekleriň ussady bolup, tekepbirlik edip, lagnata sezewar edilişi barada beýan edilýänem bolsa, Azazylyň-soňra şeýtanyň kim bolandygy barada edil häzir bize elýeter bolan şahyryň şygyrlarynda maglumat berilmändir. Biz bu maglumaty Gurhanyň “Gowak” süresiniň 50-nji aýatyndan tapýarys. Onda şeýle diýilýär: (Pikirimizi has düşnükli beýan etmek üçin, bu aýaty sözme-söz türkmen dilinde ýazmakdan saklanyp, onuň manysynyň jynlara degişli ýerini alýarys. D.Ý.) “Biz perişdelere: “Adama sejde ediň” diýenimizde, iblisden beýlekiler (ähli perişdeler) sežde etdiler. Ol (iblis) jynlardandy. Ol Ýaradanyň emrinden çykdy”. Bu aýatdan belli bolşy ýaly, şeýtan şek-şühbesiz jynlardan ekeni. Onda ol nädip melekleriň ussady bolýar?” diýen sowal orta gelýär. Perişdeler nurdan, jynlar bolsa otdan ýaradylypdyr. Gurhanyň “Hyjr” süresiniň 27-nji aýatynda “Jyny bolsa ynsandan has öň bedeniň öýjüklerinden syzyp geçýän gowrujy otdan ýaratdyk” diýip, habar berilýär, ynsan toprakdan ýaradylypdyr. Owalbaşda perişdeleriň hem jynlaryň adamzatdan öň ýaradylmagy şeýtanyň meleklerdenem sowatly bolandygyny şertlendirýän bolsa gerek. Onsoňam şeýtana-da edil perişdeler ýaly adamzada sežde etmek buýrulypdyr ahyry. Eger şeýtan tekepbirlik etmän, Allanyň emrine boýun bolan bolsady (bu diňe amala aşmajak hyýaly pikir. D.Ý.) onda asly jyn bolan näletlenmedik Azazyla hem perişdeleriňki ýaly, Alla tarapyn bir borç ýüklenerdi. Ýöne ol näletlenen jyndyr. Gurhanyň “Gowak” süresiniň 51-nji aýatynda Ýaradan: “Iblisi we onuň zürýatlaryny Älem-Jahanyň (hemme barlygyň), hatda olaryň özleriniň (iblisiň we onuň zürýatlarynyň) ýaradylşynda hem şaýat tutmadym, men ýoldan azanlary hiç haçan ýardamçy edinmedim” diýip habar berýär. Diýmek, bu aýatdan berlen habara görä, Ýaradanyň adamzady ýaratmazyndan has öň, perişdeler, asly jyndan bolan Iblis hem onuň zürýatlaryda bar ekeni. Asly jyndan bolan şeýtanyň owalbaşda Azazyl bolup, soňra tekepbirlik edip, şeýtan bolşy hakynda mukaddes Gurhanda hiç bir maglumat ýok. Ýokarda beýan eden “Gowak” süresiniň 50-nji aýatynda adamzada sejde etmedik iblisiň jyndygy habar berilýar. Şeýtanyň owalbaşda Azazyl bolup, ussady melekler bolandygy hakynda Hadyslarda (Hadys-Gurhanda beýan edilmedik, ýöne manysy bu mukaddes kitaba ters bolmadyk Allanyň Muhammet pygambere iberen buýruklary-emirleri. D.Ý.) beýan edilýär. Emma yslam alymlarynyň belli bir bölegi anyk delili bolmasa, Hadysy inkär etmeselerem oňa salgylanmakdan saklanýarlar. Şonuň üçin şeýtanyň owalbaşda Azazyl bolup, ussady melekler bolandygyna şühbe bilen garaýan yslam ulamalaram az däl. Dogrudanam, Hadyslar şeýle bir köp welin, olaryň haýsynyň dogry-ýalňyşdygyny edil biziň özümiz kesgitläp biljek däl. Çünki Hadysy derňäp biljek ýörite ylmy almazdan, yslam alymy bolmazdan, Ýaradanyň mukaddes buýruklary-emirleri (Hadyslar hakynda) barada söhbet etmegiň özem hyýaly pikirlenme ýaly bir zat. Hatda yslam sowady bolan alym-ulamalaram Hadyslar hakynda anyk söhbet etmekden saklanypdyrlar. Türkmenleriň yslam ynanjynda mezhepbaşysy bolan Ymam Agzam: “Men Hadyslary derňeýän ýörite ylym (fykyh-hukuk ylmyny) almadym. Ýöne öz alan yslam ylmym, akylym boýunça Hadyslaryň diňe on ýedi sanysynyň dogrudygyny tassyklap, olara kepil geçip biljek. Emma galan Hadyslara kepil geçip bilmesemem, olary inkär etmekden saklanýaryn” diýipdir. Şol sebäpli Magtymgulynyň Azazylyň ussady melekler bolup, soňra tekepbirligi bilen şeýtana öwrülişi hakyndaky şygyrlary bu akyldaryň Azazylyň tekepbirlik edip, şeýtan bolşy barada maglumat berýän Hadtyslara şühbesiz ynandygyny tassyklaýar. Mukaddes Gurhanda Adam Atanyň How ene bilen jennetde mekan tutup, soňra şeýtanyň aldawyna düşüp, gadagan edilen agajyň miwesinden iýýärler. Şeýdibem Adam ata How ene bilen jennetden kowulýar. Ýöne Ýaradan Adam atanyň tobasyny kabul edipdir. Şonuň üçin ýagşy niýetde imanly bolup, halal iş eden adamlar ýalkanar, şeýtan ýolyna uýanlaryň bolsa dowzahy boljakdygy barada Gurhanda delilli aýatlar bar. Umuman, şeýtan näletlenensoň, ol Ýaradandan kyýamat ahyra çenli möhlet sorap, şol döwre çenli adamlaryň şeýtan uly bölegini azdyrjakdygyna kasam edýär. Şeýtan Adam ata bilen How enä gadagan miwäni iýdirende, adamzadyň baky ýaşamagy üçin, diňe nesihat edýändigi barada ýalandan ant içipdir. Şol sebäpli ýalandan ant içmegiň örän hatarlydygy bellenýär. Umuman, Gurhanyň Bakara süresiniň 35-39, Nisa süresiniň 116-120, Engam süresiniň 112-142, Agraf süresiniň 19-27, Hijr süresiniň 27-39-njy aýatlarynda şeýtanyň Adam Atany, How enäni aldap jennetden kowduryşy hem olaryň biri-birine duşman (Alla iman eden ynsan bilen şeýtan ömürlik duşmandyr. D.Ý.) bolup, ýere kowluşy hem ynsanyň ölümli ýaşaýşy boýnuna alyp, pany dünýäde synag ýaşaýşy barada habar berilýär. Gurhanda perişdeleriň, jynlaryň ynsandan has öň ýaradylandygy tekrarlansa-da, olaryň adamzatdan näçe wagt öň ýaradylandygy barada kelam agyz aýdylmaýar. Iblisiň zürýatlary-çagalary barada hem bu mukaddes kitapda habar berilýär. Emmä iblisiň zürýatlarynyň nähili dörändigi hakynda maglumat ýok. Gurhanda umumylaşdyrylyp berlen bu maglumatlaryň açyklamalarynyň beýany belli-belli yslam ulamalarynyň ýazan işlerinde hem käbir Hadyslarda gabat gelýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýtanyň ýaradylyşyny, olaryň köpelişini hem ynsandan näçe wagt öň şeýtanyň ýaradylandygyny “Näler boldy” diýen şygrynda şeýle beýan edýär: Otdan Azazyl ýaraldy, Ýedi gat ýerde jaý aldy, Gulluk eýläp, göge galdy, Ussady-melekler boldy. Kadyryň gudratdyr işi, Ýer myhydyr dagy-daşy, Sagy erkek, soly tişi, Şeýle gudrat döwler boldy. Hak ýaratdy şol pisleri, Segsen gez boldy pesleri, Asmana çykdy sesleri, Elli müň ýyl şowlar boldy. Magtymguly, aşdyň serden, Hiç kimse bilmez bu syrdan, Toprak alnyp ýedi ýerden, Adam Safyulla boldy. Akyldardan mysal getiren birinji bendimizde Azazylyň otdan ýaradylyp, okap-öwrenip, mekany bolan ýedi gat ýerden göge galyp, melekleriň arasynda hem ussat bolandygy bellenýär. Mysal alan ikinji bendimiziň soňunda gelýän “gudrat döwleriň” şeýtanyň zürýatlarydygy aýdylsa maksada laýykdyr. Olaryň sagy erkegi soly bolsa urkaçysy (tişi) zenanydyr. Diýmek, jynlardan bolan şeýtanlara ýaradylan pursadyndan är-aýal bolup ýaşamak, köpelmek emr edilipdir. Üçünji bentde ynsan ýaradylmazyndan elli müň ýyl öň, şol pisleriň-şeýtanyň ýaradylyp, olaryň sesleriniň-gohlarynyň Asmana çykyp, şonça şowlaryň bolandygy öňe sürülýär. Iň soňunda bolsa Adamyň ýedi ýerden toprak alnyp, jana getirilendigi beýan edilýär. Gündogarda beýik alymlaryň halypasy diýen mertebä eýe bolup, IX asyrda ýaşan (Alyşir Nowaýynyň maglumatyna görä, 283-nji hijri, 895-896-njy milady ýylynda aradan çykan) Abdylla Sahl Tustary: “Adamzat döremezinden elli müň ýyl owal, näletlenen şeýtan nesilleri bilen ýaşady” diýip ýazypdyr. Häzirki adamzadyň ýaşap ýören ýedi gat ýeri ynsan döremeziden öň Azazyl jynyň mekany bolup, ol okymyşlygy bilen göge galypdyr. Gündogaryň halypa alymy Abdylla Sahl Tustarynyň jynlar hakyndaky beren maglumatlaryna öz düşündirişimiz esasynda gysgaça ser salalyň: Azazyl ilki ýaradylanda maddy barlyk, edil biziň häzirki ýaşaýşymyz ýaly durmuşda bolup, soňra onuň üznüksiz ylym alyp, kämilleşmegi bilen ol göge galyp, ruhy dünýäde ýaşamaga Ýaradandan ygtyýar alypdyr. Emma onuň adama sežde etmedik men-menligi Taňrynyň gaharyny getirdipdir hem ol näletlenen şeýtana öwrülip, Adam ata doly jan girip, jenneti mekanda ornaşýança elli müň ýyl goh-galmagally (Magtymguly: elli müň ýyl şowlar boldy..) ýaşapdyr. Ýöne ol elli müň ýyl biziň häzirki ölçeg ýyl birligimiz däldir. Aslynda Wagt-hereket tizlikdir. Älem-Jahandaky hereket tizligiň artýan ýerinde wagtyň geçişi üýtgäp tizleşýär. Mysal üçin, Muhammet pygamber Magraja gidende, Byragyň ganaty degip, gapyň agzynda duran suwly kündügi ýykypdyr. Pygamber Magrajdan gelip, suwly kündügi tutup ýetişipdir, ondan suw ýere dökülmändir. Kündügi tutup ýetişmegiň bir sekuntdanam az wagtdygyna hiç kim jedel edip bilmez. Emma Muhammet pygamberiň Magraja giden wagtynyň iki ýyl, hatda ondanam köpdügi aýdylýar. Biziň häzirki wagt birligimiz basyşyň 10,9 ölçegine, ýagtylygyň tizligi bolsa sekuntda 300 müň kilometr tizlige deňdir. Ýer Güniň daşyndan sekintda 30 km tizlik bilen aýlanýar. Mysal üçin, ýokardan däş zyňsaň, bir sekuntda 10,9 metr geçip, şol daş ýere düşýär. Basyşyň üýtgemegi maddy barlygyň agramyna, tizligiň (Ýaşaýan planetaňda basyş, tizlik köpelse agram, wagt ölçegi üýtgeýär. Emma münen tehnikanyň tizligi artany bilen wagt üýtgemez, sebäbi tehikaň tizligi ýeriň basyşynam, aýlanyş tizliginem üýtgedonok. D.Ý.) artmagy bolsa şeksiz wagtyň üýtgemegine-başga ölçeg birlige geçmegine getirýär. Basyşyň üýtgemegi bilen Aýa baran islendik barlygyň agramy ýerdäki agramyndan üç esse ýeňleýär. Ýupitere barylsa bolsa agram ýerdäkiden üç esse artýar.Ýerde 60 kg bolan adam Aýda 20, Ýupiterde bolsa 180 kg bolýar. Şeýlelikde, biziň agram, wagt ölçeg birligimiz basyşyň, tizligiň üýtgemegi bilen başga ölçeg birligini kabul edýär. Şonuň üçin adamzat döremezinden owal şeýtanyň ýaşan elli müň ýyly biziň wagt ölçegimiz bilen däl-de, Allanyň mekanyndaky wagt ölçeg birligi bilen kesgitlenedir. Onuň bir ýylynyň biziň wagt ölçegimizde näçedigini anyk aýdyp, asla çaklabam biljek däl. Emma ol wagt birligiň biziň häzirki wagt ölçegimizden müňlerçe esse (belki, ondanam has köp. Kündügi saklap ýetişilen wagtyň iki ýyl, hatda ondanam köp diýilýändigini ýada salalyň. D.Ý.) çaltdygyny welin, anyk aýdyp biljek Halypa alym Sahl Tustary “Akylymyzyň ýetmeýändigi şol zadyň ýokdugyny aňlatmaýar. Adamzadyň jynlar bilen baglanyşygy her bir ynsanyň dünýä gelen pursadyndan tä soňky demine çenlidir. Dogry ýoldaky adamlaryň dosty Hak ýolundaky jynlar, päliýaman ynsanlar üçin bolsa bozuk şeýtan jynlar dostdur” diýip ýazypdyr. Hiç zada düşünmeýän üç aýlykdanam kiçi bäbejigiň garny dokam bolsa öz-özünden gülüp ýa aglap duranyny görensiňiz. Dini ulamalar muny şeýtanyň oýny hasaplaýarlar. Egerde çagajyk bar öýde Gurhan goýlup, halal hereketler edilse, çaga şeýtan zyýan ýetirip bilmeýär diýen düşünje hökmürowandyr. Muhammet pygamber: “Şeýtan biziň kalbymyzda edil ganymyzyň aýlanyşy ýaly aýlanýar” diýipdir. Şol sebäpli dini ulamalaryň tassyklamagyna görä, arassa, halal ýaşamak kalbyňdan, öýüňden nälet siňen şeýtany gaçyrmagyň iň aňsat usulydyr. Şeýtandan başga jynlar bolupmy?! Gurhanda bu sowalyňam jogaby ýok. Ýöne Gurhanyň “Gowak” süresinde “şeýtan jynlardandyr” diýlip, köplük sanda aýdylýar. Şeýtanyň zürýatlary bolandygy üçinmi ýa başga jyn toparlary bolup, şeýtanyň dürli jyn toparlarynyň bir agzasydygy sebäplini, garaz, “jyn” sözüniň köplük manyda gelmeginiň anyk sebäbi Gurhanda takyklanmandyr. Yslam alymlarynda hem bu mesele boýunça anyk bir netijä gelnen garaýyş ýok. Beýik akyldar Magtymgulynyň “Näler boldy” diýen şygryndaky; Hak ýaratdy şol pisleri, Segsen gez boldy pesleri, Asmana çykdy sesleri, Elli müň ýyl şowlar boldy. diýen bendine esaslansaň, jynlaryň şeýtandan başga-da görnüşleri bolan ýaly görünýär. Akyldar Pyragy jynlaryň bir görnüşini “Şeýle gudrat döwler boldy” diýip beýan edipdir. Şol sebäpli din ulamalarynyň köpüsiniň tassyklaýşy ýaly, jynlar dürli görnüşde (Adamyň ak, garaýagyz, bugdaýreňk ýa ýewropoýid, mongoloýid hem negroýid bolşy ýaly. D.Ý.) ýaradylan bolsa-da, hemme jynlaryň bir jynsdan ýaradylandygy üçin, şeýtan näletlenende bu lagnat beýleki jynlara hem degişli bolupdyr diýmäge doly esas bar. Tä Muhammet pygamberiň döwrüne çenli jynlar päliýaman şeýtanyň daşyna jemlenip, adamy azdyrmak bilen meşgullanypdyrlar. 619-njy ýylda Muhammet pygamber Taýif ülkesiniň adamlaryny yslama çagyryş etmek üçin barýar. Abd Jalaýl Ibn Amryň öýünde düşläp, Muhammet pygamber Taýif ülkesiniň adamlarynyň adyndan öý eýesiniň doganlary Masud hem Habyp bilen gepleşik geçirip başlaýar. Emma mesele çözülmeli wagtynda olar Taýif ülkesiniň adamlarynyň Mekgeliler bilen duşmançylyk islegleriniň ýokdugyny bahanalap, gepleşikden ýüz öwürýärler hem oňa köp ezýet beripdirler. Ahyry Muhammet pygamber Utba hem Şeýba atly sözi geçýän doganlarda penalandan soňra, Taýif adamlary ondan el çekmäge mejbur bolupdyrlar. Alla mynajat edip, kuwwata gelenden soňra, Muhammet pygamber Mekgä ýola rowana bolup, Hahl jülgesine gelip, dem-dynç alypdyr, Gurhan okapdyr. Muhammet pygamber Gurhan okap başlapdyr welin, onuň daşyna jynlaryň uly bölegi gelip, mukaddes Gurhanyň aýatlaryny gulaga öwrülip diňläpdirler. Şol gezek Gurhany diňlän jynlar gaty köpdügi üçin, olar Muhammet pygamberiň daş-töweregini gallap, gaty gyslyşyp oturyp, jynlar bu mukaddes kitaby ýürekden toba edip diňläp, iman edipdirler. Muhammet pygamber şol jynlary görüpdirmi?! Bu sowala Hakyň Resuly takyk jogap bermändir ýa-da ol jogap biziň günlerimize gelip ýetmändir. Emma Muhammet pygamberiň Gurhan diňlän jynlary ruhy taýdan duýandygyna welin, şühbelenmeýäris. Şeýdibem jynlaryň bir topary yslam dinine girip musulman bolupdyrlar. Bu Muhammet pygamber üçinem uly üstünlikdi. Pygamberiň duşmanlary bolan wasanparazlaryň (Wasanparazlyk-butparazlygyň bir görnüşi. Hatda olar her hili zatdan-süýji-kökedenem Alla ýasap, ajygan pursatlary ony iýen wagtlaram bolupdyrlar. D.Ý.) ruhy halypasy bolan şeýtanyň hilegärlik mäkämligi böwsüldi. Jynlaryň uly böleginiň musulman bolşy hem olaryň Gurhany üns bilen diňleýişleri bu mukaddes kitabyň “Jynlar” süresinde jikme jik beýan edilipdir. Yslam alymlarynyň tassyklaýşy ýaly, jynlaryň bir böleginiň musulman bolmagy şeýtanyň päliýamanlyk güýjüni gaty uly derejede gowşadypdyr. Hatda Nahl jülgesinde Muhammet pygamberiň agzyndan jynlaryň uly böleginiň Gurhan diňläp musulman bolmagyny Hakyň Resulynyň işiniň ýeňiş bilen tamamlanjakdygynyň buşlukçysy hasaplaýan yslam alymlary-da az däl. Muhammet pygamberiň Taýifde işi wagtlaýyn şowlamadygam bolsa, ol egsilmez gaýrat bilen Mekgä dolanypdyr. 619-njy ýylda Muhammet pygamberiň söýgüli aýaly-özünden soňky ilkinji musulman adam Hatyja, pygamberiň atasy Abu Talyp aradan çykyp, ýas ýyly diýen ady alypdyr. Munuňam üstesine, Muhammet pygamber Küreýşleriň urugyndan çykarylypdyr. Emma Taýifde işi şowsuz bolsa-da, naufal urugynyň kethudasy al Mukym Muhammet pygamberiň howpsuzlygyny kepillendirenden soňra, ol Mekgä arkaýyn dolanypdyr. Jynlaryň uly böleginiň musulman bolmagy bilen Mekge wasanparazlarynyň agzybirliginiň gowşamagynda baglanyşyk barmy?! Bu sowala jogap bermek üçin yslam taglymatyny gowy bilýän alym bolmaly. Emma şol baglanyşygyň ýokdugyny subut etmek köplere başartmasa gerek. Şeýlelikde, jynlar dünýägaraýşy boýunça iki topar - musulman hem kapyrdyrlar. Emma jynlaryň alamatlary, häsiýetleri boýunça birnäçe topara bölünýändigi barada aýdylýar. Mahlasy, yslam alymlary: “Jynlaryň bir böleginiň musulman bolandygy üçin, indi olara düýpli parh goýmak gerek” diýip ýazýarlar. Halypa alym Abdylla Sahl Tustary: “Musulman jynlar özleriniň Haka wepalydygyny subut etmek üçin, adamzada peýdaly bolan haýyr işleriň dürli görnüşlerini berjaý edýärler, Mysal üçin, olar-jynlar dünýäden öten Haka ýakyn bendeleriň aramgägihini (mazaryny) dürli bela-beterden goramak üçin, müjewürlik edýärler. Olaryň azaşan adamlara ýol görkezýändigi hem bellidir. Adamzat Allanyň iň eziz ýaradan mahlugydygy üçin jynlar adama haýyr edip, Ýaradanyň hoşuna geljek iş etmegi halaýarlar. Mundan beýläk jynlaryň kapyrlaryna şeýtan, musulmanyna bolsa jyn diýip atlanduyrylsa dogry bolar” diýipdir, Bu beýik alymyň bu pikirini goldap, akyldar Magtymguly “Atamyň” şygrynda şeýle ýazýar: Görmesem, söýlemen oý bile çenden, Maksadyna ýeter ýykylan çyndan, Ýarysy melekden, ýarysy jyndan, Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň. Şeýlelikde, Sahl Tustarynyň ideýasyny goldaýan ulamalar üçin şeýtan diýip atlandyrylýan jynlardan beýleki jynlar musulmandyrlar. Sahl Tustarynyň pikiriçe, çöl-beýewanda azaşana ýol görkezýan ýa suw berýän Hydyrmy ýa jyn, muny takyklamak gerek. Jynlar dürli sypata girip adama ýagşylyk edýärmişin. Hydyr bolsa adama ýagşylygy ynsanyň öz sypatynda edýär diýen maglumat bar. Ýaradan perişdeleri, jynlary, ondan soň adamzady ýaradanda, jenneti mekanda ýaşapdyrlar. Adamzat jennneti mekanda ruhy dünýädäki ýaşaýyşda ekeni. Şeýtanyň alyna gidyp, adamzat gadagan edilen miwani iýenden soňra, Adam ata How ene bilen ruhy dünýä ýaşaýyşdan mahrum bolup, maddy dünýä ýaşaýşa eýe bolýar hem zähmeti bilen eklenmäge mejburdyr, haýyr işleri bilen ýalkanyp, asly-jennet mekanyna dolanmaly. Günäli ynsan bolsa näletlenen şeýtana niýetlenen dowzaha barmaly. Şol sebäpli Adam ata How ene ruhy ýaşaýyşdan mahrum bolandyklary üçin, özleriniň uýat ýerleriniň açykdygyna göz ýetirýärler hem ýaprak bilen şol ýerlerini ýapypdyrlar. Jenneti mekanda maddy ýaşaýyşa orun ýokdugy üçin adamzat şeýtan bilen biri-birine duşman edilip, ýere ýollanýar. Emma indi hemme jynlara şeýtan diýip bolmaz. Çünki olaryň içindäki musulman jynlar adamzada hiç bir zyýan etmezmiş. Indi adamzady azdyrjak bolýanlar päliýaman şeýtan jynlardyr. Olardan goranmagyň iň aňsat ýoly niýetiňi haýra baglap ýagşy iş etmek, kalbyňdan ýamanlygy çykarmakdyr. Zynadan, ogurlykdan, haramylykdan daş durmakdyr. Jynlaryň (musulman-kapyr jynlaryň ikisem) her hili sypata girip bilýändigi hakynda aýdylýar. Emma Allany çagyrsaň, dürli sypata giren ýaman niýetli jyn şol bada ýok bolup gidýär diýen maglumat bar. Diýmek, ýagşy niýetde bolsaň, ýaman niýetli, päliýaman şeýtan jynlary dürli sypata girýän görnüşde görmek ortadan aýrylýar. Emma musulman jynlar dürli sypata giräýende hem, olardan adama zyýan ýetmezmiş. Muhammet pygamber: ”Öýde ýa ýakyn ýerleriňizde ýylan görseňiz, hoşamaýlyk bilen ony üç sapar öýden çykarjak boluň ýa howpsuz ýere ugratjak boluň, eger şonda gitmese, öldürseň bolar.” diýipdir. Pygamberiň bu sözüni şeýle teswirläpdirler. Hoşamaýlyk edilende gitmedik ýylan ýa-ha şeýtandyr, ýa-da ynsana zyýan ýetirmek maksadynda bolan awuly ýylandyr. Eger hoşamaýlyk edilende, giden ýylan musulman jyndyr ýa-da ynsana howp ýetirmek islegi bolmadyk ýylandyr. Ikinji ýagdaýda ýylany öldürmek külli günä hasaplanypdyr. Jynlar ruhy dünýäde ýaşaýan bolsa gerek. Jynlaryň adamzada dürli keşpde görünmegi ynsan üçin sapak alynmaly alamatdyr. Jynlaryň dürli keşbe girmegi olaryň ruhy dünýäden maddy dünýä dolanmagy diýlip duşündirilse dogry bolarmyka diýýärin. NLO-nyň jynlara dahyly barmy?! Bu sowala ylym häzir jogap berip bilenok. Mukaddes kitaplarda Äem-Jahanda adamzat hökmürowan ýaradylan barlyk. Jynlaryň ýaşaýşam ykrar edilýär. Adamzatdan hem jyndan başga akyl bilen ýaşaýan mahlugyň bardygy hiç bir mukaddes kitaplarda aýdylanok. Şonuň üçin NLO-nyň jynlar bilen baglanyşygyny ylym tassyklamasa-da, ony inkärem edenok. Şol sebäpli NLO-nyň jynlar bilen baglanyşygyny ortadan aýryp bolmaz. Ýöne bu diňe çaklamadyr.Ylmyň ösmegi geljekde NLO-nyň nämedigini anyklar. Belki, ol adamlaryň öz döreden ham-hyýallarydyr?! Biz çagakak jynlar-al arwahlar hakynda köp gürrüň edilerdi. Dogrusyny aýtsak, biz 13-14 ýaşymyza çenli jynly gürrüňlerden elheder ederdik. Emma 1980-nji ýyllaryň aýaklaryna ol gürrüňler ýatyşdy, edil häzir jyny gördüm diýýän ýok (men-ä soňky 30 ýylda jyny gördüm diýene duşamok. D.Ý.) diýerlikdir, indi jynly gürrüňe ynanjak az bolsa gerek. Yslam alymlarynyň tassyklamagyna görä, ylmyň-bilimiň ösmegi bilen şeýtanyň adamlara öwredip biljek zatlarynyň azdygy üçin, olaryň adamlaryň gözüne dürli keşbe girip görünmek islegleri asla ýokmuşyn. Şu döwre çenli şeýtan ähli ýamanlyklaryny ýaýyp, äşgär edendigi üçin, indi olaryň adamzada öwredip biljek zadynyň ýokdugy öňe sürülýär. Päliýaman adamlaryň bet işde ussatlygy şeýtandanam ozupdyr diýýärler. Şonuň üçin halkymyzda “şeýtana sapak beren” diýen düşünje bar. Ýöne adamzadyň abadan geljeginiň hatyrasyna, niýetini haýra baglap, ýagşy işler etjekdiklerine berk ynanýarys. • Sözsoňy: Jynlar hem olaryň adamzat bilen baglanyşygy hakyndaky şu makalamda şol mesele boýunça mukaddes Gurhanda, yslam alymlarynyň işlerinde, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserlerinde öňe sürlen pikirleri beýan etdik. Bu meselä ynanyp-ynanmazlyk her bir adamyň öz ynanjyna baglydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |