09:27 Jynsy lukmançylyk -1 | |
BIRINJI BÖLÜM
Medisina
▶ BIRINJI BAP Bu bapda ujydyň ýagdaýy barada söz edilýär. Mälim bolşyna görä, ujydyň bagy süňküň ujunda ýerleşýän ýumşak siňir damarlaryna meňzeş siňir we gan damarlaryndan emele gelendir. Ujyt bagy diýip atlandyrýan agzamyz, gasygyň ýokarsyndaky süňkde ýerleşýär. Daş çykylanda bugarmagy üçin, ol ýeriň içi bugdan dolmaklygy üçin Alla tarapyn boş edip ýaradylypdyr. Ujydyň düýbünde gara gurçuk döräp bilýär. Türk dilinde oňa "Bez” diýip atlandyrýar. Ol ýerde suk döl emele gelip ýumurtgalarda bolýan adaty dölden üýtgeşikdir. Ol suk döliň edýän peýdasy, az-azdan ujyde akyp onuň agyrsyny we awuşatmasyny aýyrýar. Şol sebäpden, köp jynsy gatnaşykda bolanlar ýokarda agzalyp geçilen keselden saplanyp buş çykylanda peşew awyşatmagyna sezewar bolýarlar. Ujydyň adamyň bedeni we saglygy üçin iki sany peýdaly tarapy bar. Birinjisi bagyrda, damarda, böwrekdäki artykmaç sukluklary daşyna çykarýar. Ikinjisi bolsa, döli gönümel ýatga dökýär. Emma dölüň düzüminde haýsy maddalar bardygy hakynda lukmanlar belli bir karara gelmändirler. Käbirleri onuň bokurdakdan, ýürekden, bagyrdan dürli ýollar bilen gaýdyp bokurdakdan duýgy we hereket, ýürekden güýçlendirme, bagyrdan bolsa, titremeler döreýär. Ol akymlara „Juf” diýip atlandyrylýan uly damarda döräp oňurgadan akýan seýrek sukluklardyr. Olara „Döl bir görnüşi” diýip atlandyrylýar. Ýumurtgalar Bagyrdan iýmitlenýär, ýürekden bolsa ruhy güýç alýar. Aslynda haýwanlaryň şol agzalary iýmeklik oňa güýç berýär. Başda gelen suklyk döliň bir görnişi diýip hasaplanyp, döliň ornuny tutýar. Şol ýagdaýdaky adamlar ak zatlara iýmeklige höwesjeň bolýarlar. Eger-de, ýanbaş döliň düzümindäki maddalary köpeldýän bolsa, onuň gyzgynyndan güýç emele gelip döle meňzeş maddany göýä ýakýan ýaly bolar. Ýürekden dörän bug ujydy hereketlendirip, jynsy gatnaşykda bolmaklygy küýseder. Netijede jynsy gatnaşykda bolup, lezzetine maýyl bolunsa-da, bug onyň artygyny ýok etmäniň külkülinde bolar. Bu gürrüňini eden mowzugymyz gülüň üns çekişi ýalydyr. Ymam Bakrat hem şu pikiriň tarapdary bolup, dölüň düzümindäki maddalar adamyň bokurdagyndan önýär. Ýanbaş eger adamyň ujydyny hereketlendirýän bolsady bedendäki ähli agzalar hem hereketlenerdi. Olaryň ählisi desdeň bolup, hereketlendirme akymlary hem mysal üçin süňklerden, siňir we ýönekeý damarlardan, garamtyl iç ýagdan, we şeýle hem agzalardan biri hasaplanýan akly güýçden emele gelýändir. Şeýlelik bilen döl beýinde döräp, gulagyň eňsesindäki iki damardan aşak akýar. Eger-de, ol iki damar kesilen ýagdaynda süňkden akýan suklyk hem kesiler. Ol damarlardan akýan sukluk ilki bilen oňurgadaky ýülüge soň böwreklere ondan soňra ýumurtga gelip ujyt arkaly daşyna çykýar. Ujytda sidik ýolundan başga–da ýol bolup, döl ol ýol akaly daşyna çykýar. Dölüň daşyna akmagy adama keýp berip bedenini rahatladýar. Ýanbaşyň derňewi ýagny jynsy gatnaşykda bolup ýa–da başga usullar bilen döli daşaryk çykarmaklyk bedene keýp we rahatlyk berýär. Birinji ýarawsyzlyk; ýatgy dölden dolup bedene agram salmagy zyýanlydyr. Emma jynsy gatnaşykdan beýleki usullar arkaly boşalanda adamyň bedenine zyýanly keseller dörär. Ýagny bedeniň düzgünini üýtgedýär. Ikinji näsaglyk; keseliň döremegi. Ýagny ýatgynyň agzynyň bitmegi ýa–da çiş emele gelmegidir. Üçünjisi näsaglyk; aýrylma we birleşme ýagny döli akdyrýan ýollaryň kesilmegi we ýarylmagyyr. Mysal üçin, gulagyň eňsesindäki damaryň kesilip kadanyň üýtgedilşi ýaly we her akan suklyk beýnä, ýürege, bagyra, böwrekleriň kadasyny üýtgedýär we bozýar. Muňa garamazdan ol agzalaryň güýjinden ujyda hem güýç gelýän bolmagy ahmal. Olar ýaly bolsa ýanbaşdan, beýinden ujyda duýgy we hereket gelýär. Eger bu duýgylar öz täsirini ýetirmese, ujyt hereketden galar. Ýürekden ujyda inýän gyzgynlygy ujyt gowşak duýýan bolsa, güýji hem asgyn bolýar. Şeýle bolan ýagdaýynda ujydyň ýylylyk derejesi pes bolup ujyt sowuklygyna galýar. Iýmit ýetmezçiligi sebäpli, gözden we bagyrdan ujyda we ýumurtgalara gan az baranlygy sebäpli, şähwet güýçleri ejiz bolýar. Bu agzalan kesellere ýoluganyň ujydynyň kadasy şolbada bozulýar. Käwagt ujyda bir zat sebäp bolup zeper ýetýär. Muňa Ýunanaja „Karsmus” diýip atlandyrilýar. Bu ýarawsyzlykda ujyt hemişe turup durýar, hiç ýatmaýar. Munuň sebäbi bolsa ujydyň damarlarynyň içinde sukluk gatamagy bilen kesel döreýär. Ujytda dörän kesel jynsy gatnaşykdan soň duýgylar arkaly ýüze çykýar. Bular ýaly keselleriň üstünde onçakly işlenilmändigi üçin çäre tapylyp öňüni alynmady. Emma ujydyň kadasy bozulsa ilki bilen derňew işleri geçiriler onuň sebäbi beýindenmi ýa–da oňurgadanmy anyklanyp şoňa görä derman serişdeleri taýýarlanar. Eger kadanyň bozulmagy ýürekden bolsa gyzgynlyk derejesini pese düşürýän ýagny küýsediji serişdeler ýürege em bolýar. Emma bagyr sebäpli kada bozulan bolsa, hem bagyra hem aşgazana lukman kömegi beriler. Sebäbi bagyra aşgazanyň näsaglamagy bilen zeper ýeter. Oňa–da bir em tapmak gerek. Umuman edilen emler tersine ýöräp, bedeni gyzgyn bolsa, sowadyjy däri-dermanlardan peýdalanylar. Eger ujydyň näsaglygy öz–özinden dörese onuň sebäbi sowukdan ýa–da gyzgyndandyr. Eger näsaglyk sowukdan dörän bolsa, ýyljak ýaglar bilen owkalanar. Mysal üçin iýmit ýagy ýagny, aloe ýagy, ördek ýagy, ukrop ýagy, hindi sümmül ýagy bilen owkalanýar. Naharda, kebap we gowrulan iýmitleriň üstüne dalçyndyr, karanpylyň ýapragyny owradyp üstüne sepelenyp iýilýär. Melhemlerden goraýan müşk, şakakil atly meýdan käşiriniň mürebbesi, ekme käşir mürebbesi we muňa meňzeş iýmitlerden peýdalanylýar. Eger ujydyň näsaglygy inekden (taşşakdan) bolsa, mor menewşe ýagy ýa–da beýleki ýaglar bilen owkalanar. Mundan başga-da aýyň we eşegiň süýdi içilýär. Eger gyzgyny beýgelse Hindi heki iýip, berze futunyň limon suwuny sowuklygyna içilýär. Aýwa mürebbesi, miwe şekerinden taýynlanan mürebbe we şeýle hem sowuk iýmitler iýilýär. Eger ujydyň näsaglygy guraklygyndan bolsa orta gyzgynlykdaky hammamda ýuwunmaly we iýilýän ösümlikleriň ýaglaryndan ujyda çalmaly mysal üçin kädi ýagy. Eger näsaglyk çyglylyk sebäpli bolsa, az iýip–içmeli. Belkide nahary az iýilmegi bilen agyz bakleniler. Bu agzalan däri–dermanlar diňe ujydyň näsaglygynda ulanylmalydyr. Eger näsaglyk birnäçe dermanyň şol bir wagtyň özinde ulanylmagyndan ýüze çykan bolsa, onda hyýaryň tohumy (şinesi), gyzyl bägül ýa–da sirke we baldan ýasalan şerbet bilen agyrysy gowşadylar. Eger gakylyk gara reňkli we suk garyşykly tükürügi aýyrýan bolsa, mysal üçin üsgülewik dermany we muňa meňzeş dermanlar garyşyk tüýkürigi çykarýar. Ujydyň hemişe turup durmagy üçin balyň mumýasyny gül ýagy bilen eredilip ýa-da balyň mumýasyny çopantelpegiň ýagy bilen eredip ujyda çalynýar. Dermanyň täsiri aýyrlandan soň nahara şerap we liliýa garyp iýilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |