09:28 Jynsy lukmançylyk -2 | |
Ikinji bap
Medisina
Bu bap inek (taşşak) barada bolup, ozal agzalyp geçilşi ýaly gan ýumurtgalarda döle ýatgynyň içinde ete-süňke öwrülip çaga döreýär. Şeýle-de bolsa diňe aýaldan önýän ýumurtgadan hamyle bolunýandygyny şu çaka çenli görülmedi. Erkegiň döli ýatga baranda çaga galmagynyň alamaty; Aýalyň ýumurgasy bilen erkegiň döli bir wagtda dökülip ýatgyň içine girýändigini we ýatgynyň hem döli bir ýerine ýerleşdirýändigini aýal duýýar. Ondan soň ýatgyň agzy ýumulyp döl ýokaryk çekilip ýelmeşýär. Eger meýli oýanyp gatnaşykda bolunsa hem ujyt ýatga girmez. Käbir erkekler bolsa ýatgy göyä ujydyň kellesini sorýan ýaly bolýar diýýar. Eflatun lukman "Ýatgy ujydy özüne çekişi ýäly, döli hem özine çekip alyp galýar” diyipdir. Hamylalyk döwründe aýalyň aýbaşy gany kesilip arassalanýar. Emma ýatgy şondan soň hem hamylalygy üçin döli kabul etmäge dowam edýär. Şol dölden hem örän seýrek çaga bolmagy ahmal. Muňa garamazdan bular ýaly döl ýatga guýulyp dolar. Emma döli ejiz we şepbigi az bolany üçin tyz düşýär. Aýalyň ýumurtgasy erkegiň dölinden has ejiz we suk bolýar. Emma iki jynsyň döli biri–birine garyşan wagty düzümindäki ýetmeýän maddalar dolýar. Bedeni gyzgynly adamlar jynsy gatnaşyga hyjuwly bolýar we olaryň köpülenç perzendi oglan bolýar. Gasygyna we goltugyna uýat gyllary az bolup jynsy islegleri hem gowşak bolýar. Olar ýaly adamlaryň köpülenç çagalary gyz bolýar. Endamy çygly adamlaryň gyllary inçe bolýar. Endamy gurak adamlaryň döli hem az bolup goýy bolýar. Eger inegi (taşşagy) gyzgyn we gurak bolan adamlaryň döli köp bolany üçin ýygy–ýygydan öz-özünden akýar (ihtilam bolýarlar). Emma inegi (taşşagy) gyzgyn we çygly bolanlaryň, bedeni gylly bolup, döli hem kän bolýar we jynsy islegi hem güýçli bolýar. Ýöne olar ýaly adamlara jynsy gatnaşykda bolmaklyk zyýanlydyr. Inegi (taşşagy) sowuk we gurak bolanlaryň gasyk gyllary az bolup jynsy islegi gowşak bolýar. Olar gatnaşykda bolanlarynda giç boşap, nesilleri az bolýar eger bolsa-da gyz bolýar. Umuman bu aýdylanlar ýumurtgalaryň birinde ýa-da ikiside hem bolup biler. Mälim bolşuna görä erkek kişiniň inegi (taşşagy) orta ýylylykda gyzgyn we dygly bolsa jynsy meýli örän güýçli bolýar. Her beden hem kadadan çykyp gurak, sowuk, çygly bolup jynsy güýji gowşak bolup biler. Emma inegi (taşşagy) daş ýaly gatap şähweti ejiz bolsa, ýagny ozal jynsy gatnaşygy güçli bolup, soňra gowşasa şonda gowşaklyk sendenmi ýa köp gatnaşykda bolanyňdanmy ýa – da jynsy gatnaşygy birnäçe wagtlap terk edilendenmi ony dölüne seredilip biliner. Eger döl az bolsa onda döl ýetmezçiligindendir. Eger-de döl ýeterlikli bolsa, onda ejizlik gyzgynlygyň azlygyndadyr. Eger gyzgynlygyň azlygyndan döl goýrak bolsa gowşaklyk hem şol zerarlydyr ýagny gurylygyndadyr. Eger-de inçe bolsa onda suwly (döli köp) bolandandyr. Bu agzalan netijeler derňelenden soňra, şoňa görä derman ýasalyp, gerekli iýmitdir, içgiler we dermanlar peýdalanylýar. Mälim bolşuna görä, jynsy islegiň ejiz bolmagynyň sebäbi, dölüň ýa – da gyzgynlygyň azlygyndadyr. Jynsy güýji artdyrýan serişdeler hem iki dürli bolýar. Birinjisi ; döli artdyrýan dermanlar. Olardan döl ýetmezçiliginden ejir çekýänler bu dermanlardan peýdalanýarlar. Ikinjisi döle gyzgynlyk berýän serişdeler ; Ýanbaşyň gyzgynlygy ýetersiň bolsa aşakda gürrüňi etjek dermanlardan peýdalanylýar. Mälim bolşy ýaly, şähwet güýjini gowşadyp, döli azaldýan dermanlar hem bar. Olaryň biri döli guradýan, beýlekisi sowadýan zatlardyr. Mysal üçin aşa – köp sowuk zatlary iýip-içmek we sowuk daşyň üstünde oturmak muňa sebäp bolup bilýär. Umuman jynsy gatnaşyga höwesjeň bolanlar bular ýaly hatarly zatlardan uzak durmalydyrlar. Käbirleriniň jynsy gatnaşykda ejizliginiň sebäbi, eliniň ysgynsyzlygyndan we siňir damarlarynyň gowşaklygyndandyr. Emma eliň ysgynsyzlygy eneden dogulaly şeýle bolýar. Bu kesele „Aniýýen” diýip atlandyrylýar. Ol ysmazlyk soň hem bolup bilýär. Mysal üçin siňir damarlaryň işlemezligi ujydy ýaramsyz edip bilýär. Bu kesele „Suýeti endam” diýip atlandyrýarlar. Käbirleriň elleri „Susty endam” bolmagynyň sebäbi ýüregiň küýsän owadan zenanlar bilen jynsy gatnaşykda bolmagyndandyr. Şeýle – de bolsa her adamynyň ýüreginiň küýseýän gözel zenany bardyr. „Erbaby tejribe” (tejribeli adadmlaryň) aýtmagyna görä, ozal hiç göwnüne getirmedik aýalyň bilen jynsy gatnaşykda bolunsa, öňden ony arzuw etmändigi üçin kanagatlanylmaz. Şol sebäpden, owadan zenana ikimiziň ýyldyzlarymyz gabat gelmändir diýerler. Şeýle–de bolsa, olar üçin kyn gününde kimi ýürekden söýseler şol hem owadandyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |