08:55 Jynsy lukmançylyk / sözbaşy | |
JYNSY LUKMANÇYLYK
Sözbaşy REHIMDAR BEYIK BIRIBARYŇ ADY BILEN BAŞLADYM Ähli janly-jandara öz mährini siňdirip ýaradyp, jan eýelerine ýollaryň ýagşysyny we yamanyny öz pygamberleri arkaly beýan eden sejdägähimize ýüz-müň kerem şükürler bolsun. Ondan başga Taňry bolmadyk Beýik Hudaýtagalanyň özüne, perişdelerine, kitaplaryna, pygamberlerine, ahyret gününe, ölmeklige we kyýamat güni haşr meýdanynda täzeden dirilmeklige ynanýaryn. Beýik Taňrydan magfiret diläp, pygamberimiz Muhammede (s.a.w) salaty-salam aydýaryn. Serdarymyzyň ylham çeşmesinden gaýnap joşan eserlerinden biri bolan Ruhnamada adam saglygy barada „Il saglygy-ýurt baýlygy” diýilýär. Şol setirlerden ugur alsak, adamyň saglygyna gözüniň göreji ýaly seretmelidigi aýan bolýar. Saglyk üçin maşgala gurup örňäp gitmegiň hem uly (orny) roly badyr. Bu hakda türkmeniň mukaddes kitabynda „Nika ýaşyna ýeten zenan bilen erkek kişiniň biri-biri bilen ylalaşyp nikalaşmaga hem maşgala gurmaga hukuklary bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir” diýilýär. Erkek adamlar ýaşan döwründe tebigat bilen uýgunlaşyp egin-eşiklerine seretmelidirler. Gyzlar bolsa mähirli ýylgyrşyny kem etmeli däldir. Bu babatda Serdarymyzyň Ruhnamasynda şeýle diýilýär: „Türkmen ýigitleriniň geýýän töý geýimleri ýaz paslynyň reňkine meňzeýar”. Mundan başga-da „Ýylgyryşda ylahy kerem, ylahy gudrat, ylahy güýç bar: Aşyk söýgüli gyzynyň ýalňyz ýylgyryşy üçin janyny bermäge taýyn. Şahyrlar müňlerçe ýyl bäri magşuk gyzyň ýylgarşynyň waspyny edip aňyrsyna çykyp bilenok. Ylahy gudrata diňe ýylgaryş bilen baryp bolýar” diýilýär. Şol sebäpli maşgala agzalary birek-birege güler ýüz bilen ýüzlense adamyň ýürek tary berkäp durmuşa bolan hyjuwy artar. „Typby jynsy” ýagny, „Jynsy lukmançylyk” atly bu kitap hijri 1227-nji ýylda Abdulhamit Haşmet bin Muhammet Salim el Uskudary tarapyndan osmanly türkmen dilinde ýazlypdyr. Päkistan döwletinden getirilen bu eserde maşgala gatnaşygynda ýüze çykaýjak müşgil mowzuklar barada gürrüň berilýär. Şeýle hem olaryň näme sebäpden döreýändigi we nähili öňi alynýandygy babatynda giňişleýin gürrüň berilýär. Kitap iki bölümden ybarat bolup, her bölümde hem otuz bap bar. Emma gynansak-da eseriň asyl nusgasynda birinji bölüminiň dördünji babyndan, tä on sekizinji babyna çenli ýitendigi sebäpli, birinji bölüm doly terjime edilmedi. Birinji bölüm erkeklere degişli bolup, olaryň semizligine-horlugyna, bedenleriniň guraklygyna-çyglygyna we daş görnüşlerine görä jynsy gatnaşykda bolmagynyň düzgünleri we jynsy gatnaşyga bolan islegi artdyryp-peseldyän berhizdir, melhemler we dermanlar beýan edilýär. Ikinji bölüm aýallara degişli bolup, olaryň ýüz keşplerine we bedenleriniň gurluşina görä jynsy meýilleri barada gürrüň berilýär. Aýratyn-da, görk berýän hinalar we ýaglar, semrediji we horladyjy dermandyr melhemler hakynda jikme-jik maglumat berip, olaryň her biriniň düzümindäki ösümlik we jisimler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, jynsy gatnaşykdaky şekilleriň her biriniň nämä peýdalydygy aýdylýar. Ýazyjy bu eserini „Rujugyl şeýh ila sabah fil kuwwete alal bäh” diýip atlandyrypdyr. Kitapda adamlaryň bedenlerine agram salyp ýarawsyzlyga uçramazlygy üçin, jynsy gatnaşygy ýaş müçelerine görä birin-birin durulup geçilýär we birnäçe gyzykly hekaýatlar gürrüň berilýär. Bu kitapda adamyň iň esasy ünsüni çekjek zatlaryň biri hem formasehtikadyr ýagny, dermanlaryň ýasalşydyr. Ýasalan derman we melhemlere hiç hili himiki maddalar goşulman, diňe tebigatda ýetişyän ösümliklerden we gündelik durmuşda ulanylýan serişdelerden peýdalanylýar. Mysal üçin, eger aýalyň göwresinde çaga galmaýan bolsa, onda ony galdyrmaklygy aňsatlaşdyrýan däri-dermanlar peýdalanylýar. (Dermanyň ýasalyş usuly: Behmen çakyry, ak göwen, sakankur zemzeni, sygyryň ödi, galgan, ak burç, ak hardal, bal ýaly serişdeler goşulýar.) Ýazyjy öz kitabyny göşgylar bilen hem bezäpdir. Olaryň biri: Ol dilberi meýil edip, Köňül ony görende. Hup içre hüsn bolar, Sözleşeňde yar bilen. Şahyryň eserlerinden onuň şol döwrüň şahyrlarynyň arasynda uly orun eýeländigine göz ýetirip bolýar. Ýazyjynyň bu kytaby ýazmak üçin sarp eden wagty we görkezen gaýratlylygy ýerine düşüp, şol döwrüň patyşadyr begleri we raýatlariň göwnünden turupdyr. Meniň pikirimçe, eser bu mowzuga degişli şol döwürde ýazylan iň esasy eserleriň biridir. Bu eserden häzirki döwürde-de, peýdalanyp bolar. Önelgesizlik we başga-da birnäçe şol keseller zerarly birentek adam ejir çekýär, ençeme maşgalalar kyn ýagdaýa sezewar bolýarlar. Käbirleri bolsa çagasyzlyk hasratyny çekip, perzendiň didaryna ýüzi düşmekden mahrum galýarlar we kime dadyny aýtjaklaryny bilmeýärler. Lukmanlar bu eseri okap ondan peýdalanyp bu keselden kösenýän adamlara kömek edip bilerler. Beýik Biribaryň ýer ýüzüne iberen iň soňky resuli Muhammet (s.a.w) „Eý ymmatym köpelip örňäň, çünki kyýamat güni men siziň köplügiňiz bilen beýleki ymmatlaryň öňünde buýsanaryn” diýip wesýet edipdir. ▶ TUPBY JYNSY Garaşsyz, ähli zada güýji ýeten we elinde tutan Alla tagalanyň gözel adlary bilen başlap, oňa sena we şükür bolsun. Meniň pikrime görä, beden bilen baglanşykly bäş sany duýgy bar. Olar: Görmek, Eşitmek, Ys almak, Datmak, Ellemekdir. Lukmançylykda bulara bäş duýgy diýip atlandyrylýar. Dünýädäki ähli lezzetler bu duýgylar arkaly amala aşýar. Şeýle–de bolsa, bu bäş duýgy şol bir wagtyň içinde örän seyrek peýda bolýar. Megerem olar ýaly gülendamly näzenin aňsatlyk bilen tapylmaz. Muňa garamazdan tebigaty öwreniji materiýalistleriň käbirleri (dünýä lezzetleriniň köpüsinde bäş duýgydan diňe biri lezzetlidir) diýýärler. Şeýle-de bolsa, ähli duýgylar keýp berýändir. Mysal üçin, söýgilisiniň gözel keşbine seretmekden ýaňa göziniň göreji, inçe ses bilen näzijek gepleýşinden gulak mäzleri, syýa–zülpli ýaryny ysganynda ys alyş agzalary, dakynan lagly–merjenleri al–elwan öwüşgün atyp lezzetli ýarynyň bedenini gujaklanynda ýalaňaç teni aram tapar. Emma bu lezzetleriň has ýakymlysy we jana iň ýaramlysy jynsy gatnaşykdaky lezzetdir. Munuň keýpiniň beýleki keýplerden düpgöter tapawutly bolmagynyň sebäbi; Adamlaryň aglabasy ol keýp bilen meşgullanmaga höwesjeň bolup,¬¬ Adam atadan başlap, tä ahyryýet gününe çenli ýaşajyk nesiller aýşy-eşretde bolmaga höwesjeň bolarlar we müdimlige çenli şeyle dowam eder. Çünki bu mowzukda käbir tebigaty öwreniji materialistler we öňden görüji alymlar makalalar ýazyp, bähbitli taraplaryny beýan edip jynsy gatnaşyga ýykgyn edýän gyz – gelinleri beýan etdiler. Ony okap peýda tapanlaryň köňilleri mes bolup, duýgy-düşünjeleri giňäp, güýçleri-kuwwatlary we şähwetlerine artypdyr. Olaryň biri hem jynsy meýliň oýarýan „Rujugyl Şeýh ile sabah fil küwwete alal bäh” atly kitapdyr. Hususanda bu kytapda ýazylan makalalaryň manysy şol mowzukda toplanan kitaplaryň arasynda esasylaryň biri hasaplanýar. Göz degmek hakynda ýazylan kitaplaryň arasynda aýal we erkek kişileriň ýaradylşyna degişli haýran galdyryjy maglumatlar we ajaýyp hekaýalar bar. Adamlara peýdaly bolmak üçin peýdaly gowy zatlary Türki dilinde sada, dil bilen terjime etmeklik we aýry – aýry düşündirmeklik maňa miýesser boldy. Şol sebäpli ajaýyp proza we şygyrlary birnäçe makalalara goşup çuňňur manyly toply eser döredildi. Şeýle hem, ol patyşa sowgadyna mynasyp bolup, „Terjimeýi merbur” atly kitaby ýazan lukman şahyr Şeýh Muhammet bin Mustafa el Magdidir. Ol lukmançylyk ylymynda başarjaňlygyny görkezip we mätäç ýarawsyzlara kömek bermekde öz ýurdunyň lukmanlarynyň arasynda göreldeli lukman bolupdyr. Ol 821-nji ýylyň ahyrynda aradan çykýar. Şol mynasybetli merhum kätip Çelebi „ Esmai kütüp” atly eserinde bolşy ýaly beýan edip, onuň okyýjysynyň ýokdygyny öwran–öwran belläp geçýär. Ýazyjy kitabyň sözbaşynda şükür we salaty salamyny ýazandan soň, göniden–göni „Dünýä keýpleriniň içinde iň lezzetlisi jynsy gatnaşykdyr” diýýär. Eger-de şeýle bolsa, her asyryň baýlary we barly adamlary dowlet baştutany bolup, olaryň asyl kärleri lukman ýa–da serkerde bolupdir. Olar güýç–kuwwatlarynyň köp bölegini aýal - gyzlara sarp edipdirler. Olaryň her biri güýçleriniň ýetdigiçe howuz gurduryp owadan, aklyňy başyňdan alýan näzenin gyrnaklary ýygnap ençeme pul harçlapdyrlar. Täze keýpleriň döremeginiň sebäbi, keýphon we saz - söhbeti halaýan adamlar owadan aýallar bilen dynç alanlarynda „Jetk” atly saz gyralyň ruhuňa güýç berýän ajaýyp gurallardan biridigini, ony diňläp dözümsiz adamlar göwnüni aldyran ýaryndan ýaňa alada galyp içi-daşy söýgi gurşap alandygyny aýdýarlar. Emma käbirleriniň tebigi tarapdan ejiz bolandygy sepäpli, alýan lezzetleri az wagtlap dowam edýär. Käbirleri bolsa, gartaşandygy sebäbli şähwet güýçleri asgyn bolup, güler ýüzli ýary bilen aýşy–eşretde bolanda gowşakdygy belli bolýar. Käbirleri bolsa, endik edendikleri üçin belli bir wagt jynsy gatnaşygy terk etmekleri olara agyr düşýär. Men jynsy gatnaşyk barada ýazylan kitaplardan mysal üçin Temliniň „Bah”, Hafyzyň „Kitap el Arais”, Ibn Hajyp Nagmaniniň „Kitap el kiýan”, Abdyrrahman Şiraziniň „Kitap el eýzahy”, Ibn Şemsaniniň „Kitab el jamiul lezzaty”, Ibn Burjaniniň „Kitap el menaki fi esnaf el mujamaga” atly eserden we başga-da birnäçe kitapdan peýdalanyp, şähwete degişli däri–dermanlar hakyndaky maglumatlaryň hemmesini jemläp „Kitap el Jemeli kadr” we „Mejmuaýy azymyn nefgy” atly eserleri ýazdym. Şähwet güýçlerine zyýan ýetip jynsy gatnaşykdan mahrum galanlar bu eserden peýdalanyp bilerler. Mälim bolşy ýaly, bu kitap, adamynyň erbet niýetli bolmagynyň ýa–da özine sütem edip derwüş sypatyna girmeginniň tarapdary däl. Eziz okyjylar ol maddy lezzetleriň döremegine sebäp bolup, nesilleriň köpelip örňemegine düýp sebäpkärdir. Bu eserde „Dünýäni esaslandyranlaryň aglabasy soňky nesilerdir” diýilýär. Esasanda pigamberimiz (s.a.w) hadysy şerifleriniň birinde "Tenakehu we tenaselu fe inni ubahy bikum el umeme ýewmel kyýame" ýagny, "Ashabym ymmatymy öýerip çaga ýetişdiriň, sebäbi men kyýamat güni beýleki ymmatlaryň ýanynda siziň bilen buýsanaryn" diýipdir. Bu kitap iki bölümden ybarat. Birinji bölümde erkeklere degişli peýdaly maglumatlar, jynsy meýli artdyrýan däri–dermanlar, berhizdir-melhemler we başga-da birnäçe malumatlar berilýär. Ikinji bölüm aýallar barada bolup, owadanlygyna görk berýän hyna, ýag, şeýle hem horladyjy – semrediji serişdeler we jynsy gataşyklar babatynda maglumat berilýär. Bu eseri „Rujugyl Şeýh ilä Sabah fil Kuwweti alel bäh” diýip atlandyrdym. Güýçden gaçan garrylar hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler. Haçanda bu kitaby garrylar okanlarynda olaryň hem keýpi göterilip, şähwetleri artýandygy mälimdir. Birinji bölüm otuz bapdan ybarat. Birinji bapda ujydyň ýagdaýy we jynsy gatnaşykda ujydyň ýerini ýetirýän işi barada maglumat berilýär. Ikinji bapda inegiň (taşşagyň), jynsy gatnaşykda ýerini ýetirýän işiniň beýany edilýär. Üçünji bapda çakdanaşa jynsy gatnaşykda bolmagyň zyýanlary barada gürüň berilýär. Dördinji bapda çakdan-aşa jynsy gatnaşykda bolunmagy sebäpli, ýüze çykan näsaglyklaryň belli edýän alamatlary beýan edilýär. Bäşinji bapda ýalňyş jynsy gatnaşykda bolmaklygiň öňüni almak üçin gatnaşykdan soň ýerini ýetirmeli işler barada maglumat berilýär. Altynjy bapda jynsy gatnaşygyň peýdasy we ol hakda lukmanlaryň aýdan sözleri gürrüň berilýär. Ýedinji bapda jynsy gatnaşyklar üçin ýaramaz wagtlar we şekiller hakynda aýdylýar. Sekizinji bapda şähwede degişli däri-dermanlary ýasaýanlary öňden tanamaklygyň peýdalydygy beýan edilýär. Dokuzynjy bapda şähwet güýjini artdyrýan birnäçe däri – dermanlar beýan edilýär. Onunjy bapda şähwet güýjini artdyrýan ýaglar babatynda maglumat berilýär. On birinji bapda şähwet güýjini artdyrýan emeli dermanlar nygtalyp geçilýär. On ikinji bapda jynsy islegi güýçlendirmek üçin ujyda çalynýan melhemler aýdylýar. On üçünji bapda şähwet güýçlendirmek üçin ujyde çalynýan „Tala” we „Zamar” atly melhemler hakynda maglumat berilýär. On dördinji bapda şähwet güýjini artdyrýan birnäçe emler gürrüň berilýär. On bäşinji bapda şähwet güýjini artdyrýan şerbetler aýdylýar. On altynjy bapda jynsy meýli artdyrýan owradylan derman-serişdeleri hakynda gürrüň berilýär. On ýedinji bapda şähweti artdyrýan klizmalar beýan edilýär. On sekizinji bapda jynsy küýsegi artdyrýan kyn we agyr usullar beýan edilýär. Ondokuzynjy bapda jynsy islegi artdyrýan melhemler beýan edilýär. Ýigriminji bapda agyry ýüze çykany sebäpli jynsy meýli artdyrýan süýtler beýan edilýär. Ýigrimi birinjinji bapda jynsy islegi artdyrýan ýakymly yslar gürrüň berilýär. Ýigrimi ikinjinji bapda jynsy güýji artdyrýan dürli–dürli ot-çöplerden ýasalýan dermanlar hakynda maglumat berilýär. Ýigrimi üçünji bapda şähweti asgynladýan dermanlar beýan edilýär. Ýigrimi dördinji bapda ujydy uzaldýan we gataldýan däri–dermanlar aýdylýar. Ýigrimi bäşinji bapda jynsy gatnaşykdaky lezzeti artdyrýan dermanlar beýan edilýär. Ýigrimi altynjy bapda göwreli galmaga ýeňillik döredýän dermanlar hakynda gürrüň berilýär. Ýigrimi ýedinji bapda göwreli bolmaklyga garşy ulanylýan dermanlar aýdylýar. Ýigrimi sekizinji bapda jynsy güýji artdyrýan serişdeler hakynda maglumat berilýär. Ýigrimi dokuzynjy bapda jynsy meýle degişli atlar, talsimler, möhürler nygtalyp geçilýär. Otuzynjy bap jynsy gatnaşykda dürli–dürli tebigi islegler bolup olaryň öňüni almakda her adamyň özüne görä keýp alma ukybynyň we hüsiýetiniň bardygy barada maglumat berilýär. Birinji bölüm bu mowzukda ýazylyp gutarylyp. Ikinji bölüm bolsa ýaňy ýazylyp başlandy. Birinji bapda aýallaryň beden agzalary barada gürrüň berilýär. Ikinji bapda şol agzalaryň ýerine ýetirýän işleri beýan edilip aýallar şol agzalary arkaly alýan keýpleriniň gowşaklygy ýa-da güýçlidigi subut edilýär. Üçünji bapda aýallaryň tenlerini gyzardyp, gözelliklerine görk goşan gyzylja çintikler beýan edilýär. Dördinji bapda saçlary ösdürip al-elwan reňkli owadan görkezýän hyna bilen boýamaklyk we endamdan gyllary ütmeklik we bitmezligi üçin ulanylýan dermanlar hakynda gürrüň berilýär. Bäşinji bapda dişleri tämizläp agyzdaky ysy aýyrýan dermanlar gürrüň berilýär. Altynjy bapda semredýän dermanlar hakynda maglumat berilýär. Ýedinji bapda ellere we aýaklara goýulýan hynalar aýdylýar. Sekizinji bapda goltugyň we gasygyň derlemegi netijesinde dörän ysy aýyrýan, beden we egin-eşik arassalaýan däri – dermanlar beýan edilýär. Dokuzyjy bapda buduň bir–birine sürtülip ýara bolýandygy üçin jynsy agza we daş töweregine we içine çalynýan dermanlar hakynda maglumat berilýär. Onynjy bapda aýallaryň jynsy agzalaryna güýç–kuwwat berip ýaramaz islegleri aýyrýan dermanlar hakynda gürrüň berilýär. On birinji bapda aýallaryň jynsy meýlini artdyryp biline kuwwat berýän dermanlar agzalyp geçilýär. Onikinji bapda aýallaryň jynsy agzasyny küýsedip, gatnaşykda beýhuş edýän däri–dermanlar gürrüň berilýär. On üçünji bapda aýallaryň jynsy agzasyny küýsedip, ýyladyp hyjuwlandyrýan dermanlar aýdylýar. On dördinji bapda aýallaryň jynsy agzalaryň isini tämizleýän we jynsy gatnaşykdan doly kanagatlandyrýan däri–dermanlar hakynda habar berilýär. On bäşinji bapda aýallaryň jynsy gatnaşyga bolan höweslerini has–da güýçlendirýän we erkekler garşy erkini ýitirip aýşy–eşretde bolmagy küsedýän dermanlar hakynda nygtalýar. On altynjy bap ýokarda agzalyp geçilen mowzuga degişli bolup, entek kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň gasyklaryna ýörite ýasalýan melhem çalynsa, hiç–haçan tüý çykmaz, ýagny gazyň ýumurtgasy ýaly ak we ýumşak bolýar. On ýedinji bapda, melhemiň aýallaryň gasygyna çalynanda gyllary döküp, asla gyl çykarmaýandygyny beýan edilýär. On sekizinji bapda jynsy gatnaşygyň dürli şekilleri we olaryň atlary şeýle hem söýgülisi bilen oýnaşanda jynsy agzalaryň adyny agzap jynsy islegleri artdyrmak hakynda birnäçe bölümlere aýyryp gürrüň berilýär. On dokuzynjy bapda jynsy isleglere degişli bolyp inegiň (taşşagyň) ýerine ýetirýän işi hakynda beýan edilýär. Ýigriminji bapda hem ýokardaky mowzuga degişli bolup, olar okalanda jynsy meýil oýanyp, has güýçlenýändigi beýan edilýär. Ýigrimi birinji bapda aýallaryň jynsy agzaynyna arka tarapdan birleşmeklik we olaryň her biriniň atlary aýdylýar. Ýigrimi ikinji bapda aýallar jynsy gatnaşykdan iň kän lezzet alýan wagtlary we şol halatdaky hal – ýagdaýy barada beýan edilýär. Ýigrimi üçünji bapda aýallaryň jynsy gatnaşykda bolanda lezzet alanlarynda olaryň daş keşbi beýan edilýär. Ýigrimi dördinji bapda zenanlaryň erkek adama bolan hyjuwlary we, ony artdyrýan derman serişdeleri we täsirleri barada gürrüň berilýär. Ýigrimi bäşinji bapda zenanlaryň söýgülisine bolan meýlini artdyrmak üçin we göwünlerini rahatlanmak barada gürrüň edilýär. Ýigrimi altynjy bapda, jynsy gatnaşykda ýerini ýetirmeli işler we ündöwler agzalyp geçilýär. Ýigrimi ýedinji bapda jübütleriň ikiçäk galan wagtlary gepleşmelerine we her biriniň jynsy meýillerine degişli hekaýalar aýdilýar. Ýigrimi sekizinji bapda tertipli ýagdaýda jynsy gatnaşykda bolýan jübütler wasplandyrylýar. Ýigrimi dokuzynjy bapda aýallaryň ýaşlaryna görä, jynsy gatnaşykda bolmaklary we olaryň wagtlary beýan edilýär. Otuzynjy bapda jynsy gatnaşykda bolmakdan boýun towlap kakabaşlyk edýän jübütleriň islegini oýarýan däri-dermanlar salgy berilýar. Bu ýerde kitabyň alty bölümi tamamlandy, olaryň her biri baplara bölündi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||