03:32 Kakama | |
KAKAMA
Goşgular
![]() Perzentleri üçin mydam janserek, Öýümiziñ täji, tugusyñ, kakam! Dünýäde ýagşylar köp bolsa gerek, Ýöne sen hemmeden gowusyñ, kakam! Mähir berip, gujagyñda göterdiñ, Arkalañda ýyldyza yol ýetirdim. Käte söýüp, saçlarymy sypalap, Çagalykdan arzuwlarma ýetirdiñ. Saýrak guşly, gül-gunçaly bagym sen, Azaşanda dogry ýola atarýan. Söýenenim, belent başly bagym sen, Gama batsam, gamly göwnüm göterýän. Ömür geçip barýar, ýyllar dolanmaz, Gaýdasym gelmeýär hiç gujagyñdan. Aýlanaýyn bize söýgüsi siñen, Bagtdan doly mähirli ojagyñdan. Mähriñi çalyşman älem-jahana, Bahasy ýok deñsiz-taýsyz kyblam sen. Saçlaryma ak girse-de çaga deý, Kalby täze mährem eziz balañ men. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |