10:23 Kawala-Bugra jübüti | |
KAWALA-BUGRA JÜBÜTI
Publisistika
Türkiýede kim Sorosçy? Ideologik köküni bilmezden bu sowala jogap tapmak kyn. Şonuñ üçinem birini tanamak gerek: Fridrih fon Haýek (1899-1992)… Hernäçe ykdysatçy hökmünde tanalsa-da, Ikinji jahan urşundan soñ möwjän sosialist akyma garşy durýan syýasy tarapy bilen öñe saýlandy. 1944-nji ýylda ýazan "Gulçulygyñ ýoly" kitaby bilen meşhurlyk gazandy. Arkasynda 1947-nji ýylda gurlan - liberalizmi täzeden programmirlän Mont Pelerin jemgyýeti (MPS) bardy. Bazary mukaddesleşdiren Hayek nämäni öñe sürdi: – Ž.Ž.Russo (we onuñ dowam etdirijisi Atatürk) ýaly halk häkimiýetini öñe sürýänleriñ şahsy azatlyga howp salýandygyny; - Howply, ownuk, aldawçy hasaplan jemgyýetiniñ güýçden gaçmagyny; – Sosial adalatyñ, ýalñyşdyryjy-romantiki salgymdygyny; - Bazary çäklendirýän ulus döwletleriñ we syýasatyñ “tagtdan” düşürilmegini öñe sürdi. Azatlyk nikabyna duwlanyp oppozisiýanyñ sesini kesýän, diñe öz bähbitlerini ideallaşdyrýan Haýege 1974-nji ýylda Nobel baýragy berildi! Çepçi partiýalaryñ güýçli ýurtlarynda harby döwlet agdarlyşygynyñ bolan Çilidir Argentinadan soñ Angliýada, ABŞ-da (arkasyny harby agdarlyşyga dirän Özal bilen Türkiýede) Haýegiñ tezisleri durmuşa geçirildi. Bazary "hudaý" hasaplaýan "Haýegiñ müritleri" dünýäniñ çar künjüne ýaýyldy. • DÖWRÜNIÑ KITABY Wagt hakykaty hökmany suratda orta çykarýar: Professor Aýdyn Ýalçynyñ MRU-nyñ (CIA) guran NED-i tarapyndan fondlanandygyny delilleri bilen ýüze çykdy. Fred Haýnes, Ruzi Nazar, Paul Henze, Graham Fuller ýaly MRU-nyñ jansyzlary bilen gatnaşygynyñ bardygynam bilmeýän ýok. Gepi uzaldyp durjak däl: Türk okyjysy Haýegiñ “Gulçulygyñ ýoly” kitaby bilen 1948-nji ýylda tanyşdy. Kitap şol wagt dosent bolan Aýdyn Ýalçynyñ ýolbaşçylygynda fakultetde assistentlik edýän Turhan Feýziogly tarapyndan terjime edildi. Kitabyñ sekiz bölümi "Siyasal Bilgiler Okulu" žurnalynda çap edildi. Ýogsa-da, Aýdyn Ýalçyn nämüçin kitabyñ terjime edilmegini isledi? Şol döwür: - Iki super güýç bolan ABŞ-nyñ ýolbaşçylygyndaky Günbatar blogy, SSSR-iñ ýolbaşçylygyndaky Gündogar blogynyñ arasynda 1947-nji ýyldan bäri "Sowuk uruş" dowam edýärdi. - Türkiýe IMF-ä goşuldy. - ABŞ Türkiýä (we Gresiýa) sowet “basyşyndan” halas bolmagy üçin 400 million dollar berdi. - MRU guruldy. Uzatmaýyn… Haýek kitabynyñ sözbaşysynda şeýle ýazdy: “Bu syýasy kitapdyr.” Neoliberalizm ykdysadyýetiñ düşünjesi däl, syýasy pikirdir. Ýazgymyñ başyndaky sowalymy ýatdan çykaramok: • ERDOGAN TANANOK Haýegiñ “Gulçulygyñ ýoly” kitaby çap edilenine birküç aý geçenden soñ Karl Polani-de 1944-nji ýylda "Uly öwrülme" kitabyny çap etdirdi. Polani bazara däl-de, adama üns berýär: - Erkin bazar ullakan ýalandyr. - Bazary ýeke başyna goýberseñ hiç zat bolmaz. Ýagny, Polani Haýegiñ tezislerine garşydy... Emma onuñ kitaby bilen kiçeñräk intellektual topardan başga gyzyklanan bolmady. Polanä ABŞ-na girmäge-de rugsat berilmedi. Hawa: “Gulçulygyñ ýoly” bilen “Uly öwrülme” biri-birine düýpgöter gapma-garşy gelýärdi. Eýsem Polaniniñ "Uly öwrülme" kitaby haçan türkçä geçirildi. Kyrk iki ýyldan soñ neoliberalizmiñ üns merkezinde bolan 1986-njy ýylda... A kitaby kim terjime etdi - Osman Kawalanyñ aýaly professor Aýşe Bugra… A kitaby haýsy neşirýat çykardy - Osman Kawalanyñ eýelik edýän "İletişim" neşirýaty. A Polani hakda nutuk bilen çykyş etmegi üçin (meselem, Wena - maý 2019-njy ýyldaky ýaly) dünýäniñ çar künjündäki seminarlara-panellere kim çagyrylýar - professor Bugra… Geleliñ jan alyjy sowala: Haýegiñ-neoliberalizmiñ dünýädäki iñ görnükli wekillerinden biri häzir kim - Jorj Soros! Erdoganyñ “Şu Osman Kawala diýilýän bu ýurtda Sorosyñ ylla ofisi bolan, wekili bolan kişiniñ aýaly-da ýene şoñ ýaly Bosfor uniwersitetinde şol prowokatorlaryñ arasynda ýer alan aýaldyr…” sözünüñ hakykat bilen badaşýan ýeri barmy? Erdogan ne Haýegi bilýär, ne Polanini. Erdogan ne Osman Kawalany, ne-de professor Aýşe Bugrany tanaýar. Erdogan professor Bugranyñ (Osman Sawaşkan bilen bilelikde ýazan) soñky “Türkiýede täze kapitalizm” kitabyndan habarlymyka? Näbileýin-dä. Habary bolsa 2014-nji ýylda çap edilen bu kitapda "Gülen torunyñ jemgyýetiñ dürli gatlaklarynda döreden gorkusy" we onuñ “döwet edaralaryndaky gözegçiligi" hakda ýazanlaryny bilerdi… Şu gün… Osman Kawalanyñ Siliwri türmesine dykylan gününden bäri 1500 gün geçdi! Samyrdamalara-manysyz şübhä esaslanýan dört ýyldan gowrak dowam eden tussaglyk… Haýp. Haýek beýlede dursun, Karl Polaniniñ, Karl Marksyñ üstünde erkin pikir alşalyñ. Her garşylyklaýyn pikiri bir bahana toslap gadagan edip, türmä dykyp bilmersiñiz. Ýurduñ düşünje gözýetimini garaltmañ… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |