01:51 Keçe | |
KEÇE
Goşgular
Enem her tomusda edende keçe, Goýun ýüñün güne serip goýardy. Çalja, mele, akly-gara ýüñleri, Saýgyç bilen mazalyja saýardy. Soñra boýap gyzyl, sary, ýaşyla, Darakdişde darap,sümek ederdi. Gülli keçäñ nagyşlarna niýetläp, Emaý bilen sarap, ýumak ederdi. "Bissimilla"- diýip, başlansa keçä, Ejem täsin edip oña çeker gül. Dokalan gymyşa salnan keçeni, Ilki geler çekişmäge Çepergül. Biz bilen deñine hemme begener, Şowhunly bolardy şo gün köçämiz. Hem inine hem boýuna "Basylyp", Goluñ güýji bilen "Bişer" keçämiz. Ine şeýdip täze keçeli borduk. ...El halysyn welin aýardy enem. Ony "Zenan" atly mukaddesligiñ, Arzyly parçasy saýardy enem. Olaryñ düşegi keçedi, emma, Gözeldi ahlagy haly mysaly. Şol tämiz ýörelge undulmawersin, Ykbaly keç keçäñ undulşy ýaly. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||