23:01 Kepjebaş / hekaýa | |
KEPJEBAŞ
Hekaýalar
Indi ençe ýyldyr Mergen awçy bilen ataly-ogul ýaly, birek-birege öwrenişip gidipdik. Dogrusy, oba barsam awçy gojanyň ýanyna salama barman yzyma gaýdanym ýadyma düşenok. Bu gezek hem şeýle boldy. Goja howlusyndaky sekiniň üstünde ullakan goýun derisini öňüne alyp, ony eýläp oturan ekeni. Goja awçy gadyrly hem mähirli salam laşykdan soňra: — Ynha, şular ýaly ullakan goýun derileriniň bäşalty sanysyny eýläp taýýarlarsyň welin, gyşda içine girip ýatybermeli possun bolar. Gyşyň aňzak sowugam asyl seniň golaýyňa gelmez — diýip ýylgyrdy. Ol bir zat ýadyna düşen ýaly, az salym diňşirgenip oturdyda: — Ýogsa-da sen, inibatyr, kepjebaş hakda heý bir zatlar eşidipmidiň? — diýip, goja meniň ýüzüme çiňerilip seretdi. Garaşylmadyk ýagdaýda berlen sowala äm-säm bolup oturyşyma: —Aý, ýok, Mergen aga, men ýylanlar barada hiç zat aýdyp biljek däl. Ýöne, ynha, teleýaýlymda berilýän «Haýwanat dünýäsi» atly gepleşikde görkezilýän zatlara seredýärin — diýip, men müýnli çaga ýaly, onuň ýüzüne garadym. Maňa beren soragynyň ýumagyny Mergen aganyň özi çöşläp başlady: — Ýylan diýilýän jandaryň gabat gelmeýän ýeri ýokdur. Guma barsaňam bardyr, çöle çyksaňam bardyr, daga dyrmaşsaňam bardyr, hatda suwuň içinde ýaşaýanlaram bar ahbetin. — Mergen aga, onuň özüni görmeg-ä däl, hatda ol hakynda gürrüň edilende hem bedeniň jümşüldäp gidýär ahyry! — diýip, men dillendim. — Ol-a şeýledir. Ýöne, ynha, olaryň häsiýetleri welin bir-birinden başgadyr — diýip, goja awçy sözüni dowam etdi: — Kepjebaş-a bilýänsiň, onuň ýatan ýerine golaýlaberseň, özüniň şu töwereklerde bardygyny ör-boýuna galyp, saňa öňünden duýdurýandyr. Eger şondaxda kakabaşlyk edip, onuň tersine gidäýseň welin, özüňden gör, inim! Soňunyň näme bilen gutarjagyny Alla bilsin, goçagym! Olaryň köpelişem beýleki ýylanlaryňkydan tapawutly. Ol köne, taşlanyp gidilen hinleriň biriniň içine özüniň on-onki sany ýumurtgasyny taşlap gider. Ýöne ýumurtgalaryny welin mydam gorap gezýändir. Ýumurtgadan çykan çaga ýylanlar çar tarapa ýaýrap gidýärler we öz günlerini özleri görmeli bolýarlar. Ynha, bu-da bir tebigatyň olaryň ýaşaýşyna salan synagy, goçagym. Aňyrdan Mergen aganyň dükana giden çopan ogly Babajan tigirli dolanyp geldi-de, goja ýüzlendi: — Kaka, dukana «48lik» çaý gelen ekeni, ynha, saňada iki gutusyny aldym. Dükançy Öwezgeldi aga saňa bir horjun dogaýy salamam gönderdi — diýip, çaý gutularyny Mergen aga uzatdy. — Şon-a oňarypsyň, oglum.Ýogsa-da biz Hojamyrat bilen kepjebaş hakda gürrüň edip otyrdyk. Sen araky maňa gür beren wakaňy Hojamyrada-da aýdyp bersene. Bu, nähilem bolsa, ýazyp-pozup ýören oglan. Belki, ol waka munuň üçin gyzyklydyr. Babajanyň ýüzi bozýaz bolup üýtgäp gitdi. —Aý, kaka, gowusy, şol wakany ýatla malyla. Şondan bäri, nirä gitsem öňüm den kepjebaş ýada zemzen çişip çykaýjak ýaly bolup dur. Men oturan ýerimden: — Mergen aga, o nä waka? — diýip, Babajanyň ýüzüne garadym. Özüniň tötänden şaýat bolup, gözi bilen gören wakasyny täzeden aýdyp bermese ýakasyndan el çekilmejegine göz ýetiren Babajan howlukman gürrüňe başlady: — Şol günem süri öňki endigine görä, daň agarypagarmanka örüp, sonarly meýdana ýaýrap otlamaga durupdy. Tebigatyň eçilen bu gözelligini synlap otyrkam, gapdaldaky depäniň aňyrsyndan goýun itim Akbilegiň nämedir bir zada jabjynyp üýrýän sesi geldi. Ol meni ýanyna çagyrýan ýaly, hasanaklap depäniň üstüne çykdyda, ýene yzyna döndi. Onuň sesi gitdigiçe güýçlenýärdi. — Beh, oňa ne döw çalyp ýörkä? — diýip, depäniň üstüne çykyp, ses gelýän tarapa garadym. Görsem, hol, aşakda bir äpet kepjebaş bilen ullakan zemzen darkaşa giren ekenler. Bular ýaly ýagdaýy birinji gezek görýärdim. Kepjebaş zemzeni çakdygy, ol uzak bolmadyk aralykda biten narpyz we başgada dürli-dümen otlaryň içine özüni atýardy-da, olara sürtenip-agynap, birnäçe wagtdan täzeden söweşe girýärdi. Kepjebaş welin zemzeniň agynan otlarynyň içine girmegzä däl, hatda onuň golaýynada baryp bilmeýärdi. «Ýylanyň ýigreneni narpyz, o-da hininiň agzynda gögerer» diýilýän gep şundan gelip çykan bolsa gerek. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Kepjebaş her gezek zemzeni çakanda ol başy aýlanýan ýaly entirekläp gidýärdi. Bu saparam ol meýdan otlaryndan dalda isleýän ýaly, bar güýjüni jemläp şol tarapa ädimläp ugrady. Ýöne welin narpyzyň arasyna özüni atmak oňa başartmady. Çaknyşyk kepjebaşyň haýryna tamamlandy. Jany çykan zemzeniň üstüne abanyp duran läheňiň göwresi şindem göz öňümden gidenok. Soň seredip otursak, zemzen kepjebaşyň köne hinleriň biriniň içine taşlap giden ýumurtgalarynyň üstünden baran ekeni. Edil şol wagtam kepjebaş ýerden çykan ýaly duýdansyz peýda bolup, ýumurtgalaryny goramak üçin, zemzen bilen garpyşypdyr. Onuň näme bilen gutarandygna size mälim. Soňra zemzeni bir çukur ýerde gömüp gaýtdym. Ine, bar bolan waka. Gürrüňi sessiz diňläp oturan Mergen aga çala ardynjyrady-da: — Men Babajanyň aýdyp oturan wakasynyň dogrudygyna güwä geçip biljek, goçagym. Ömrüni aw yzynda geçiren mäneli Berdi awçy, ýetginjek wagtlary şular ýaly hadysanyň şaýady bolandygy barada bir myhmançylykda maňa şeýle gürrüň beripdi. «Ol wagtlar agam ikimiz obamyzyň mallaryny dagdan inýän sil suwunyň gelip dolýan ýeri bolan giň gury jaryň gapdalyndaky sähralykda bakýardyk. Şol ýyl ýagyş-ýagmyram gowy gelip, meýdan otlary edil gulagyndan çekilen ýaly bolupdy. Dag etegi tutuşlygyna lälezar sähralyga, gyzyl gülälekli meýdana öwrülipdi. Mahmal depäniň üstünde bu gözellige garap otyrkam, taýagatym gapdalda ullakan zemzen bilen arkalary garalyp ugran kepjebaşyň garpyşyp durandygyna gözüm düşdi. Olaryň hiç haýsysam birek-birekden yza teser ýaly däldi. Amatyny tapyp kepjebaş zemzeni çakan pursady, ol haýdanhaý gapdaldaky gür otluga siňip gidýärdi-de, uzak eglenmänem söweş meýdanyna gaýdyp gelýärdi. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Ahyram ýylanyň zäheri üstün çykdy. Haçan-da, läheň ýylan gymyldysyz ýatan zemzeniň läşini taşlap gözden ýitip gidenden soňra, men gorka-gorka, jansyz ýatan zemzeniň ýanyna bardym. Elimdäki çopan taýagym bilen gymyldaman ýatan zemzeni arkanlygyna agdaramda, onuň goltugynyň aşagyndan ýylanyň çakan ýerine we ondan akan ganyň yzlaryna gözüm düşdi. Onuň goltugynyň hamy ýuka bolup, kepjebaş hem şol ýagdaýdan peýdalanýan ekeni. Ýöne az salymyň içinde ýylanyň zäherini ýok edip, zemzeniň güýjüni dikeldip bilýän şol otuň adyny Berdi awçy hem takyk bilmeýän ekeni — diýip, Mergen aga dymdy. — Kakamyň aýtmagyna görä, ýylanlar ýoldaşly bolýarmyş. Adam ýa-da başga bir jandar tarapyndan olaryň biri ýok ediläýse, diri galan taýy hökman onuň aryny alýarmyşyn — diýip, Babajan gürrüňini jemledi. Biz Garagum sährasy hakynda, onuň täsin haýwanat we ösümlik dünýäsi barada söhbet edip kän oturdyk. Möjek ATAÝEW. | |
|
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |