10:12 Gapan / hekaýa | |
GAPAN
Hekaýalar
Mergen aga gara öýüň gapdalynda şahalaryny çar ýana ýaýyp oturan şatuduň aşagyndaky sekide ullakan aw gapanynyň çaň-tozanyny arassalap otyrdy. Derwezeden giren myhmany gören goja: — Seniň oba geleniň-ä dek düýn oglanlar aýtdylar. «Bir ýerden çykar öz-ä» diýip oturyşymdy — diýip, mylaýym ýylgyrdy. — Sag-salamat gezip ýörmüň, inim! Hany, geç bakaly. Myhman sekiniň bir gyrasynda ornaşdy. Mergen aga bir bölek mata bilen elini süpürdi-de, gapany bir gyra süýşürdi. Myhman gapany synlap oturyşyna: — Mergen aga, näme, awa täzeden başlaýsam diýýäňmi? — diýip, degişmä saldy. Ýaşuly ýylgyrdy-da: — Haý, ini batyr, aw indi menden gutulan bolsa gerek. Sen ony şu köne gapanlardan çen tutup aýdansyň — diýdi. Şondan soň gürrüň gapana syrykdy. — Ýöne bu gapanyň geçmiş taryhyny yzarlajak bolsak, onda ikimiz obaň çygryndan daşary çykmaly bolarys — diýip, Mergen aga bir pursat sözüne dyngy berdi. Ol üsti basyrylyp goýlan çäýnegiň üstüni açdy-da, myhmana garşy süýşürdi. — Hany, goçagym, uzyn söhbet ýoluna düşmänkäk, bokurdaklary bir ölläli. Sen horjunyňa köne bir gürrüňi ýa-da rowaýaty atman, aňsat-aňsat mundan turmarsyň. Seniň şu edähediňi halamanam duramok. Goja awçydan birsellem ses çykmady. Ol, üstünden ýyllar geçip giden haýsydyr bir gürrüňi ýadyna saljak bolýan ýaly, esli salym dymyp oturdy. — Ol wagtlar obamyzyň çopanlary çekene mallary Mahmal depäniň töweregindäki giň sährada bakýardylar. Bir gün awdan öýe dolanyp gelsem, çekene çopany Kiçaman aga çolugy Hajy uzyn bilen daşarda ýüzlerini sallaşyp durlar. Olaryň habaryny alsam, Kiçaman çopan: «Dagdan möjek pisint bir gara reňk nägehan inipdir. Indi ençe wagt bäri ondan ýaňa mallara gün ýokdur. Biz-ä walla bez bolduk. Özem daňyň ümüş-tamşynda ýerden çykan ýaly peýda bolýar-da, göz açyp-ýumasy salymyň içinde sürini parçalap ötägidýär» diýip, janyndan syzdyryp gürrüň berdi. «Daňdanyň alagaraňkysynda çala görüp galdym, kiçiräk bir taýharça bar ol» diýip, çoluk onuň gürrüňiniň üstüni ýetirdi. «Gorkana goşa görner» bolaýmasyn-ow, ýigitler» diýenimde dagy, gaty erbet boldular. «Ol nägehandan itleriňem döwi pes gelýän ýaly. Onuň geläýjek ýoluna ululy-kiçili gapanam gurup gördük. Düşmesine düşýär ol gapana, ýöne birki günden soň guran gapanlarymyz hol dagyň aşaky bosagasyndan tapylýar. Nädip sypyp gidýär, Alla bilsin. Guran gapanymyz ejiz gelýärmi, nämemi. Sizde Ýusup awçydan galan ullakan bir gapan bar diýdiler, nägehanyň ýolunda şony gurup görsek, niçik bolarka?» diýip, ýüzlerini sallaşyp durlar. Onsoň gapany egnime atagada, elime-de ýaragymy alyp, düşdüm çopanlaryň yzyna. Dag etegini syryp, mallaryň otlaýan öri meýdanlaryna çenli aýlanyp yz çaldym. Çolpyma ilen zat bolmady. Çak bilen onuň dagdan aşak inäýjek ýerinde uly gapany gurmaly diýen netijä geldim. Gapany gurdum, üstünem, yns-jyns aňmaz ýaly, mäkäm örtdüm. Iki-üç gün gapany garawullap gezdim. Netije ýok. Ýogsa garbanar ýaly bir bölek lukma-da goýdum. Töweregindenem geçmändir. «Bir emmasy bolmasa, guýruk munda neýlesin» diýen bolmaly-da. — Onuň yzyny çalyp bolmadymy, Mergen aga? — diýip, myhman gyzyklandy. — Wah, içiňi ýakýan ýerem şo-da. Dag eteginde tilki, şagal ýaly selpäp ýören haýwan köp, kesgitli bir yzy alyp bolmady. Üçünji gün agşamara aldyrany bar ýaly Kiçaman çopan gapydan girdi. Demi demine ýetenok. «Eýgilikmi, how» diýip, zöwwe ýerimden galanymy duýman galypdyryn. Ol haşlap durşuna: «Mergen aga, gapan ýerinde ýok, bir nägehan-a süýräp gidipdir. Itlerem ýok» diýdi. Men ynjaldym. Itleriň gapana düşen jandaryň yzy bilen gidendigini çak etdim. Daň saz beriberende goşa baranymda, Kiçaman çopan öňümden çykdy. «Mergen aga, itler-ä gije goşa geldiler. Ýöne olaryň endamyna bir serediň. Çalmaryň gapdalynda garysyna ýassanyp ýatan dört sany iti synlanymdan, olaryň şol gapana düşen nägehan bilen gazaply garpyşyga girendigini aňdym. Biz itleriň yzyny tersine alyp, baýyrlyklaryň arasy bilen esli ýol geçdik. Birdenem gurap, ýanyny ýere beren arçanyň düýbünde, oňa ykjam çolaşan zynjyrdan sypjak bolup, çar ýana urnup, gatap galan äpet möjege gözümiz düşdi. Gapanyň arany gury arçanyň düýbüne gowy ilişen eken. Şol ýerde-de itler onuň yzyndan ýetip garpyşan bolsa gerek. Gury arçanyň töweregindäki dörüm-dörüm bolan ýerleri görenimden, özüne juda göwni ýeten bu ýyrtyjynyň itler bilen arasynda gazaply darkaşyň bolandygyna göz ýetirdim. Ýüzüni göge tutup, gatap galan ýyrtyjynyň gözünde: «Wah, aýagym gapanda boldy, hiç sypyp bilmedim, ýogsam-a ol güjüklere per berjekmi men» diýen ahmyr bardy. Bu ýatan läheň arassa möjek däldi. Onuň aýaklary atan-satandan uzyndy, göwre diýseň daýawdy, kellesi adaty möjegiň kellesinden juda uludy. — Bäh, ol möjegiň üýtgeşik bir tohumyndan dagymyka? — diýip, durşy bilen gulaga öwrülip oturan myhman sowal berdi. — «Käbir has iriräk ýyrtyjylaryň ýala gelen möjek ganjygynyň yzyna düşýän wagtlary hem bolaýýarmyşyn» diýip, bir döwürler eşidipdim. Olardan önen güjügiň göwresi öte iri bolansoň, ýetişensoň ordabaşy boljagy düşnükli ýagdaý. Meniň çaklaýşyma görä, şol gezekki sataşanymyz meniň diýýän möjeklerimden bolmaly. Onuň aýagyny gapandan aýyrdym, hamyny Kiçaman çopana berip gaýtdym. Mergen aga ýene-de gapdalynda ýatan gapana elini ýetirdi. — Ynha, bu gapan bilen bagly wakalaryň birin-ä gürrüň berdim. Gürrüňi çaý-nahardan soň dowam etdiräýsek nädýär? — diýip, ýaşuly myhmana ýüzlendi. — Bolar, Mergen aga — diýip, myhman elindäki kagyz-galamyny bir gyrada goýdy. Ol dürli wakalaryň şaýady bolan gapany synlap, şondan soňra-da esli wagtlap pikire çümüp oturdy. Möjek ATAÝEW. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |