08:25 Nusaýly depe / hekaýa | |
NUSAÝLY DEPE
Hekaýalar
Obamyzyň at ýatagy Gulmyrat agalaryň mellekleriniň aýagujunda ýerleşýärdi. Şykgy palçykdan adam boýundan sähelçe beýigräk edilip galdyrylan bu ýatakda obamyzyň guwanjy bolan iki sany ahalteke bedewi Uly gara hem-de Kiçi gara saklanýardy. Olary Gulmyrat aga seýisleýärdi hem-de her ýyl etrabymyzda tutulýan Hasyl toýunda at çapyşygyna çykarýardy. Uly gara bedewiň maňlaýynda keşdelenip çekilen ýaly ýarym Aý görnüşde owadan ak sekili bardy. Onuň iki öň aýagynyň tirseginden bir garyş aşakdan başlanyp toýnagyna çenli ak tüý tutup, şonuň ýaly owadanlyk onuň yzky sag aýagynda hem bardy. Ol tebigy gözellik bu bedewe üýtgeşik bir ýaraşyk berýärdi. Goja seýis hemişe diýen ýaly bedewleriň ýanyndady. Obamyzda goja seýsiň abraýy, hormaty uludy. Etrabymyz boýunça Hasyl toýy geçirilende Gulmyrat aga bu toýa gelen beýleki bedewler bilen bir hatarda, özüniň seýislän bedewlerini hem at çapyşyga goşardy. Olary Gulmyrat aganyň uly ogly Akmyrat çapardy. Ol kelteden hortap ýetginjekdi. Bedewlerimiziň ikisi hem obamyzyň janköýerlerini ýüzügara etmeýärdi. Ýaşlygymdan bedewlere bolan höwesim, guwanjym çäksizdi. Okuwdan sypyndygym, Gulmyrat aganyň athanasyna garşy eňerdim. Endamlary ýalpyldap duran bedewleriň ulugyz deýin eda bilen ýörişlerini, kähalatlarda bolsa, çarpaýa galyşlaryny synlamaga, olara guwanmaga gelýän obamyzyň ýaşululary bilen bir hatarda, deň-duşlar bolup, bizem olaryň gapdalragynda bir gyrada oturyp, bedewleriň edýän owadan hereketlerini synlardyk. Men oglan hyýalymda Uly gara bedewe atlanyp, ok ýaly atylyp gaýdýardym-da, ilkinji bolubam pellehanadan geçip gidýärdim. Bu arzuw-isleglerim, hat-da gije düýşüme-de girýärdi. Her hepdäniň ýekşenbe günleri bolsa Gulmyrat aganyň ýanyna gelip, atlara ot-iým berşerdim, olary gezekli-gezegine gezdirerdim. Ondan soňra, ýaňyrak orlup getirilen ýorunjany atlaryň öňüne seçelendirip dökerdim, gapdaly bilen olara arassa käşiriň, arpa bilen towuk ýumurtgasynyň garylyp berilmegine bolsa geň galyp, hiç düşünip bilmeýärdim. Soramaga bolsa ýaşuly seýisden utanýardym. — Şonam bileňokmy, köşek?! — diýip, geňirgenäýjek ýalydy. Gün yzyndan gün geçip, aý yzyndan aý aýlanyp, ýyllar geçýärdi. «Wagta salym ýok» diýleni-dä. Orta mekdebi tamamlap, öz halan hünärimiň eýesi bolmak üçin Aşgabada okuwa gitdim. Her ýyl okuw ýylynyň ahyrynda berilýän dynç alyşda bolsa oba howlugýardym. Bir gün-ýarym gün mellegimizde güýmenip, ertesi obamyzyň atýatagyna garşy ylgardym. Has dogrusy, dynç alşymyň köp bölegini goja seýsiň, bedewleriň ýanynda geçirerdim. Bu ýyl hem şeýle boldy. Oba baran günümiň ertesi Gulmyrat agalara gitdim. Men baramda goja seýis mellekde oturdylan üzümdir erik agaçlarynyň arasynda olara serenjam berip ýören ekeni. Taňry salamyny berdim, birek-birek bilen hal-ahwal soraşdyk. Goja seýis argyn görünýärdi. Ol ony näçe gizlejek bolsa-da, wagt öz diýenini edýär ekeni. Göwnüme bolmasa, gojanyň dolmuş göwresi çeki- len ýaly bolup, gözleri aladaly-ünjüli görünýärdi. Serime dana Pyragynyň «Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar» diýen setirleri geldi. Gulmyrat aga bilen tirkeşip öýe girdik. Daşardaky ojakda oturdylan taňka lasyrdap gaýnansoň, ony demläp getirdiler. Orta düşen dymyşlygy aradan aýyrmak üçin hem-de indi ençe ýyldyr meni gyzyklandyryp gelýän bir sowaly goja seýse berdim: — Gulmyrat aga, obamyzdan o diýen bir uzak bolmadyk ýerde Nusaýly ýa-da «Nusaý depe» diýen kiçiräk bir depe bardy. Dogrusy, ýetginjek ýyllarym o depäni özümem görüpdim. Men göremde o diýilýän depe juda pesdi. Ýel-ýagmyryň täsiri bilen ýere siňip gidipdir, depäniň daş-töweregini bolsa ekinzarlyk alypdyr. Meni gyzyklandyrýan zat, şol depäniň özi däl-de onuň ady. Nusaý galasy nirede, bu Nusaýly depe nirde? Ol depä näme üçin Nusaýly depe diýip at goýuldyka? Gulmyrat aga, bu ýerde bir syr-a bolaýmaly? Goja: «O seniň nämäňe derkar boldy?» diýen terzde meniň ýüzüme seretdi. Käsesine guýlup goýlan çaýdan birki gezek owurtlan goja gapdalynda ýatan ýassygy dyzynyň aşagynda goýdy-da, —Nusaýly depäniňem özboluşly bir rowaýaty bar. Has dogrusy, ol rowaýatam däl-de, bolup geçen waka. Seniň ol zatlary bilmeýän bolmagyň hem mümkin. Ol depe seniň garry ataň Abyl seýsiň seýislän «Nusaýly» atly bedewi bilen baglanyşykly. Men ol gojany jahyl wagtlarym telim sapar görüpdim. Bedewler hakda söz açylsa, hiç bir kese gezek bermän gürläbilýärdi. Seniň «Nusaýly depe» gürrüňiňi maňa Abyl seýsiň ortanjy ogly Gara seýis gürrüň beripdi. Abyl seýsiň kakasy Garataý aga ömrüni ahalteke bedewlerine bagyş edipdir. Garataý aga dagy etekläp oturan Gorjow obasynda önüp-ösen bolsa-da, ömrüniň köp bölegini gadymy Nusaý galasyny ýassanyp oturan Bagyr obasynda ýaşa- ýan hemdemi Begşer begiň bedewlerine seredip, olara seýisçilik edip geçiripdir. Günlerde bir gün Tejen ilinde bugdaýyň bol bitendigini eşiden Garataý aga ol ýurda göçmegi ýüregine düwýär. Nesibe çekýändir-dä. Ol Begşer bege öz matlabyny aýan edýär. Gepiň keltesi, Begşer begi yran Garataý aga tutuş maşgalasy bilen uzak ýola ugramakçy bolup durka, Begşer beg mele bedewiň jylawyndan tutup, onuň ýanyna gelýär-de: — Seýis halypa, uzak ýyllar duz-emek bolduk. Dana kişiler: «Dostuňy saklama, nepden galmasyn» diýipdirler. Gitseň, ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak. Adamçylykdyr, heran-haçan bu ýerlere dolanmak meýliň dörese, şu howlynyň derwezesi seniň üçin açykdyr. Ynha, şu Nusaýly bedewem menden sowgat hökmünde kabul et, onuň aňyrsy Nusaý bedewlerinden gaýdýandyr — diýip, mele bedewiň jylawyny Garataý aganyň eline tutdurypdyr. Garataý aga neberesi bilen Tejeniň guma ýakyn obalarynyň birine göçüp gelip, gündogarlygyna garşy akyp ýatan uly ýabyň boýunda mekan tutupdyrlar. Häzirki «Abylyň bagy» diýip at alan sol gür baglyk siziň köne ýurduňyzyň ýeri bolmaly. Günleriň birinde aňňat-aňňat gum depelerini ýassanyp oturan Owlakly ýaýlasynda ýaşaýan Poşşuk baý atly bir barjamly kişi ogluny öýerip, uly toý tutýar. Oňa belli pälwanlar, mergenler, şonuň ýaly-da, at-owazasy ile dolan bagşy-sazandalar çagyrylypdyr. Şonuň ýaly-da, gapysynda bedew saklaýan adamlaryň her birine aýratyn çakylyk ýollanypdyr. Şol çakylyk Garataý aga-da gelipdir. Ol özüniň seýisläp ýören Nusaýyny ýaryşa goşup, onuň güýjüni barlap görmegi ýüregine düwýär. Öz obalaryndan uzagrakda ýerleşýän Owlaklynyň oýuna üç gün öňünden gitmeli diýen netijä gelýär. — Goý, Nusaýly ol ýerler bilen tanyşsyn, öwrenişsin, gum depelerini, alaňlary görsün, ýaryşa baran beýleki bedewler bilen ýüzbe-ýüz bolsun, sonar ýerlerde öz peýwagtyna gezip otlasyn.Ýogsa gökden inen ýaly bolup dursa, onuň ýadyna ýaryşam düşmez, beýlekem. Sähel zada ürker ýa tezer — diýen niýet bilen Garataý aga Nusaýlyny çapdyrmak üçin ýany bilen inisiniň ogly Atany hem alyp ýola düşýärler. Ir ertirden ýola çykan atlylar, gaty garaňka galman Owlakly oýuň çetinde oturan bir öýe myhman bolýarlar. Ertesi daňdan bolsa, Garataý aga Atany ata mündürip. — Köpräk gezdir, özem çägelige äkit, goý, aýagy agram görsün — diýip, çapyksuwara berk tabşyrýar. Şol toýda bedewler ýaşlary boýunça topara bölünip çapylypdyr.Toý uludan tutulyp, eminiň ak ýaglygy aşak ýatan badyna Nusaýly özi bilen ýaryşa goýberilen bedewleri tozana garyp pellehana ilkinji bolup gelip, baýyň goýan uly baýragyny alypdyr. Ol özüniň owadanlygy, ýyndamlygy bilen toýa gelen adamlary haýrana goýupdyr. Bu toýa gelen atşynaslar, çapyksuwarlar Garataý aganyň ýanyna gelip ony gutlapdyrlar. Atlaryň ýaryşy tamamlanýar. Şol wagt yzyna gaýtjak bolup duran Garataý aganyň ýanyna, toý eýesi Poşşuk baý bilen onuň ýakyn garyndaşy, şu toýa gelen Hoşgeldi baý ikisi gelipdirler. — «Bir gören tanyş, iki gören garyndaş» diýipdirler — diýip, Hoşgeldi baý söze başlapdyr. — Seýis halypa, baýragyň gutly bolsun! Bedewiňi gözden-dilden Allanyň özi gorasyn, üýtgeşik bedew ekeni. Inim Poşşugy sylap toýa gelipsiňiz,Taňryýalkasyn! — Hawwa hawwa — diýip, toý eýesi hem öz hoşallygyny bildirip, Garataý agany ýola salypdyrlar. Şondan soň ol töwereklerde tutulýan uly toýlara gatnaşýan Nusaýlynyň dabarasy dag aşýar. Barjamly adamlar tutýan toýlaryna Nusaýlyny aýratyn çagyryp başlaýarlar. Sebäp diýlende, bu bedew toýda diňe bir baş baýragyň eýesi bolman, oňa aýratyn bir owadanlyk, bezeg beripdir. Adamlar pälwanlaryň tutýan göreşlerine üýşüp-üýşüp tomaşa etmäge gelişleri ýaly, Nusaýlynyň özboluşly owadanlygyny synlamaga hem topar tutup gelipdirler. Garataý aga garrap tapdan düşenden soň, Nusaýlyny seýislemek onuň uly ogly Abyl seýsiň boýnuna düşýär. Şeýle günleriň birinde köneden tanyş Hoşgeldi baýdan toýa çakylyk gelipdir. Ol özüniň nowbahar ogly Gurtjany öýli-işikli edýän ekeni. Ol toýda hem belli bedewler bilen at çapyşygyna gatnaşypdyrlar. Ezber çapyksuwarlyga ýetişen Atanyň bedewiň üstünde eýere ýelimlenen ýaly bolup oturyşyna, gerek ýerinde bedewe ussatlyk bilen erk edişine atşynaslaryň göwni ýetipdir. At çapyşyk başlanypdyr. Bedewler emin ýaglygyny ýatyran badyna ýer sarsdyryp, ok ýaly atylyp, pellehana tarap gaýdypdyr. Orta gürpden gelýän Nusaýly agyzdyrygyny çeýnäp öňe dyzapdyr. Onuň üstünde oturan çapyksuwar bolsa jylawy berk tutup ony öňe goýbermändir. At janawar: «Seniň edýäniň näme, goýber meni öz erkime, seret, olar bizi guma garyp pellehana ýetip barýarlar ahyryn» diýýän ýaly, bar güýji bilen öňe dyzapdyr. Ençeme ýaryşlary gören çapyksuwar bolsa: «Biraz salym sabyr et, Nusaýlym, entek irräk» diýip, onuň jylawyny çekip saklapdyr. Bedewler göni ýola düşenlerinde, bar güýji bilen öňe dyzaýan Nusaýlyny mundan artyk saklap bolmajagyna göz ýetiren Ata bedewiň jylawyny sypdyryp goýberipdir. Atylan ok ýaly pellehana garşy gaýdan Nusaýly, hälki özüni tozana garyp gaýdan bedewleri ýeke-ýekeden yzda goýup, pellehanadan geçip gidipdir. Atdan böküp düşen inisini gujaklan Abyl seýis: «Berekella, inim, senden tamam şeýledi» diýipdir. Gulmyrat aga aýdyp oturan gürrüňiniň yzyny ýadyna saljak bolýan ýaly, az salym dymyp oturandan soň, sözüni dowam etdi: — Ata-babalarymyz «At garrasa, höwre goý» diýipdirler. Wagtyň geçmegi bilen Nusaýly hem garrap uly ýaryşlardan galypdyr. Günleriň bir güni alaşasyny säpjedip gelen Hoşgeldi baý bilen Abyl seýis ikisi maslahaty biçip, bir karara gelipdirler. Hoşgeldi baý Nusaýlydan taý alyp galmak üçin Nusaýlyny alyp gidip, öz gylýal sürüsiniň içine goýberipdir. — Ömürlik zat ýok diýleni-dä. Abyl seýis bir gün adaty endigine görä, ir bilen atýataga baranda dem-düýtsüz gatap galan Nusaýlynyň üstünden barypdyr. Küren obanyň göz guwanjy bolan Nusaýlynyň ölümi olary gussa batyrypdyr. Obanyň erkek göbeklisi Abyl seýsiň gapysyna ýygnanypdyr. Goňşy obada ýaşaýan demir ussasy Annageldi aganyň ullakan demir tigirli arabasyny getirip, Nusaýlyny tutuş oba bolup depin edipdirler. Oňa it-guş degäýmeginden howatyr edibem, bu ýerik ýygnanan oba adamlary eginleri bilen töwerekden gum daşap, Nusaýlynyň üstüne depe galdyrypdyrlar. Nusaýlynyň depin edilen ýerine oba adamlary «Nusaýly depe» diýip at beripdirler. Ana, seniň gyzyklanyp soran depäňem şol depe bolmaly, han ogul — diýip, Gulmyrat aga gürrüňini jemledi. — Gulmyrat aga, garrap ugran döwürleri Nusaýlyny höwre goýan bolsalar, onuň yzy ýitmeli däl. Ondan nesil galan bolsa gerek?! Goja seýsiň begençli bir zat aýtjakdygyny onuň ýüzünde peýda bolan şatlyk alamatlaryndan hem aňmak kyn däldi: — Nusaýlydan iki sany taý alnypdyr. Men ol bedewleri özüm gördüm. Aýaklarynyň uzynlygy, başyny belent tutup gulaklaryny keýerdip töwerege ýaň salyp kişňeýşi Nusaýlyny ýadyňa salyp durdy. Olaryň bir-ä Abyl seýsiň uly ogly Abja keliň gapysynda, beýlekisem Ata çapyksuwaryň işiginde ýaňy-ýaňylaram kişňär durardy. Möjek ATAÝEW. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |