19:36 Çopan ýaýlasy / hekaýa | |
ÇOPAN ÝAÝLASY
Hekaýalar
Çakym çak bolsa, 1990-njy ýyllaryň başlarydy. Ýagyşly-ýagmyrly gelen mart aýy ýylyň rysgal-bereketli geljekdiginden habar berýärdi. Türkmen tebigatynyň dagy-deresi, baýry-düzi, sährasy ýaşyl begrese bürenip başlapdy. Garaguma, türkmen düzüne bahar joşup gelende nurana müşk ysyny çar tarapa bolluk bilen seçip gelýärdi. Owadan lybasa geýnip gelen bahar tebigata öz hökümini ýöredip ýördi. Erkin suratkeşdim. Garagumuň tebigy keşbini, onuň täsin özboluşly gözelligini çekmek üçin öri meýdanlara gitmegi ýüregime düwdüm. Dogrusy, tebigatyň döreden gözelligini synlamak, ony kagyz ýüzüne geçirmek höwesi mende ozaldan bardy. Her ýyl tomusky dynç alyşda, sährada çopançylyk edýän agam Berdimyradyň ýanyna gidip, Garagumuň juda üýtgeşik gözelligini synlap doýup bilmeýärdim. Men orta mekdepde okaýan wagtlarym hem surat çekmek bilen içgin gyzyklanýardym. Ýönekeý galam bilen, durmuşyň özümde galdyrýan täsin pursatlaryny başardygymça ak kagyzyň ýüzüne geçirýärdim. Oba mekdebini gutaryp, şol ugur boýunça ýokary okuw mekdebine okuwa girip, ony tamamladym. Özümiň Garaguma gidip, sähranyň keşbini çekmek baradaky göwün islegimi, ýürekde orun alan arzuwlarymy amal etmegiň wagtynyň gelendigi barada oýlanyp oturyşyma, guma aşmagyň ugruna çykdym. Surat çekmek üçin gerekli enjamlarymy toplap ýola düşdüm. Gumy ýassanyp oturan çetki maldarçylyk bilen meşgul bolýan obalaryň birine maňlaýymy diräp, ferma müdiriniň ýanyna baryp, öz matlabymy oňa aýan etdim. Ferma müdiri Begşat aga polady ýumşak, juda alçak adam ekeni. Ol meni dykgat bilen diňledi-de: — Tebigata zyýarat etmekçi diýsene?! Gaty gowy maksadyň bar ekeni. Islegiň sähra çykyp, ol ýeriň täsin keşbini kagyz ýüzüne geçirmek bolsa, işiň bitdi hasap edäý. Sen tüýs wagtynda geldiň. Menem ertir mallaryň üstüne aýlanmaga gitmekçi, bileje ötägideris. Könelerimiz: «Birden iki ýagşy» diýipdirler ahbetin. Ertesi ýola düşdük. Aňňat-aňňat gum depeleriniň arasy bilen daş-töweregi synlap, şol gidip otyrys. Käwagt gum depeleriniň eteginde biten otlaryň arasyndan towşan turup, alaňlaryň arasynda gözden ýitip gidýärdi. Bu ýagdaýlary synlap oturyşyma, kelläme ilki gelen pikirleriň biri Garagum sährasy bilen onuň haýwanat dünýäsiniň arasyndaky emele gelýän sazlaşygyň ajaýyplygy boldy. Barmaly ýerimiz obadan otuz kyrk kilometr dagy daşlykda ýerleşýän ekeni. Ine-de, münüp barýan ulagymyz saklanyp, ondan düşen Begşat perme maňa ýüzlendi: — Hol ýokarky depäň üstündäki çalmara baryber. Ol ýerde Şalyk aga diýip bir ýaşuly çopan bardyr. Ana, seniň görmek we çekmek isleýän läle-reýhan meýdanyňy ol saňa kemini goýman görkezer. Ulagdan düşüp, depäniň ýokarsynda gurnalan çalmara garşy howlukman galyp ugradym. Ine-de, saňa ilkinji päsgelçilik. Garaşylmadyk ýerden peýda bolan nätanyş adamyny gören goýun itleri ala-wagyrdy bolup turdular-da, maňa garşy okdurylyp gaýtdylar. Iň öňlerinden bolsa äpet bir türkmen alabaýy maňa tarap atylyp gelýärdi. Birdenem: — Haýt, gaýdyň yzyňyza — diýip, çalmar tarapdan azmly ses eşidildi. Ol sesi eşiden itler göwünli-göwünsiz yzlaryna döndüler. «Ilkinji gabat gelen howpdan sag-salamat sypdym-ow» diýip, içimi gepledip barşyma, Taňry salamy berip, ýaşuly çopanyň ýanyna baryp aýak çekdim. Meniň üsti-başymy, egnimdäki horjuny we elimdäki iş gurallarymy synlap duran çopan sähra adamsyna mahsus halda ýylgyrdy-da: — Waleýkimessalam, ýagşy ýigit, hoş geldiň! Soňra çalmardan taýak atym gapdaldaky goýun ýatagynyň arka tarapyna garşy dönen itlerine tarap ýüzüni öwürdi-de: — Sen bu janawarlardan göwün-kine etmegin. Bularyň bar etmeli işleri sürini we çopany howpdan-hatardan goramak ahyryn. Olar çopanlaryň iň wepaly ýoldaşy hem syrdaşydyr. Türkmen alabaýlarynyň namysjaňlygyna, hüşgärligine, duýgurlygyna söz ýokdur, ýagşy ýigit. Gel, ilki bilen bir tanyş bolaly, inim. — Meniň adym-a Juma, kärimem surat çekmek. Siz ony meniň egin-eşigimdenem aňan bolsaňyz gerek. Men türkmen halysynyň göllerini ýadyňa salyp oturan täsin owadan sähralary kagyz ýüzüne geçirmek maksady bilen geldim. Çopan meniň elimi mähir bilen gysdy-da: — Maňa Şalyk çopan diýerler. Ýaş çopanlar-a degişmä salyp, Han çopanam diýäýýärler. Olaryň dillerine düşen özüň bolmagyn. Hany, çalmaryň törüne geç bakaly. Nesip edenden ojar oduna gaýnan taňka çaýyny bir içeli. Kak suwy bilen ojar oduna gaýnan çaýyň tagamam başgadyr, myhman. Meniň ýaýdanyp duranymy gören Şalyk aga: — Çekinme-de töre geçiber, inim, hany, geç — diýdi. Men elimdäki goşlarymy çalmaryň bir gyrasynda goýdum-da, Şalyk aganyň görkezen ýerine geçdim. — Adym Juma diýsene, gowy adyň bar ekeni, inim. Kärimem suratkeş diýdiňmi? Men «hawa» diýen terzde baş atdym. — Suratkeş bolsaň, men saňa juda täsin hem owadan ýeri görkezeýin. Sen tüýs wagtynda geldiň. Ol gözellik bahar pasly gutaran dessine gurap ötägitmeli däl ahbetin. Bilýäňmi näme, inim, Juma, meni geň galdyran zatlaryň birem, at gaýtarym ýerdenem azrak meýdany tutup oturan çöketlikde, ertekilerde waspy ýetirilýän gözelligiň şol ýerde döremegi. Onuň garşysynda bolsa dagyň gaýasy ýaly bolup beýik arym otyr. Bu owadan künjekde diňe bir seýrek görünýän sähra gülleriniň bitmegi däl-de, Garagumuň haýwanat dünýäsiniň bezegi bolan keýikleriň hem şol ýerlerde mesgen tutmagy. Ynanaý, inim, men käwagtlar ol ýerik baryp, äpet sazagyň düýbünde bukuda oturyp, keýikleriň ýaşaýşyna syn edýärin. Tebigatyň bu täsin jandarlaryny synlap-synlap, olardan ganyp bilmeýärin. Şemal ters tarapdan öwüsýändiginden bolsa gerek, olar meniň bardygymy duýanoklar. Öňünde duran käsedäki çaýy bilen bokurdagyny arçan Şalyk aga: — Ýogsa-da ýaňky saňa garşy topulyp baran itlerden gorkaýan-a dälsiň-dä, Juma, inim? — diýip, degişme bilen ýylgyrdy. — Şalyk aga, dogrusyny aýtsam-a, gorkmanam durmadym. — Sen olardan heder edip ýörmegin. Ynha, meniň ýanymda biraz bolsaň, olar seniň bilen öwrenişip ötägiderler. Biler bolsaň, inim, türkmen alabaýlarynyň, esasanam, goýun itleriniň haýran galaýmaly bir häsiýetleri bardyr. Olar çopan goşuna geleniň kimdigini, näme maksat bilen gelendigini anyklaman, onuň bilen aňsat-aňsat öwrenişip gidibermezler. Ol bir zatlar ýadyna düşen ýaly, ýerinden turdy-da çalmaryň çetinde ýatan haltany alyp, uzak bolmadyk ýerdäki it ýalaklarynyň içine çörek böleklerini oklaşdyrdy-da, itlerine garap: — Gaýtmaz, Akbilek Goýunçy, Ýekemen, hany, bärik geliň! — diýip, olary öz ýanyna çagyrdy. Çopanyň sesini eşiden köpekler hasanaklaşyp geldiler-de, özleri üçin taýýarlanan hörekden iýmäge durdular. Üç itiň ýalagy bir tabakda bolsa-da, uly köpegiň ýalagy özbaşynady. Onuň sebäbini Şalyk agadan soranymda, ol: — Gaýtmaz itleriň serkerdesi, şonuň üçinem onuň ýalagam beýleki itleriňkiden aýratyn bolmalydyr. Onsoňam ýene bir zady bilip goýgun, Juma, inim, onuň özi doýmazdan beýleki itleriň hiç birem onuň ýalagynyň töweregine barmaga hetdi ýokdur — diýip jogap berdi. Men bu çopan bilen ysnyşyp ötägitdim. Onuň bilen ojar oduna gaýnan gara taňkanyň çaýyny orta alyp, bahar pasly hakda, sährada bitýän dermanlyk otlar barada, haýwanlar hakynda köp söhbet etdik. Şalyk aganyň goýun bakýan ýeri diýseň täsin ýer ekeni. Onuň töweregini aňňat-aňňat gum depeleri bilen giň sähralyk gurşap alypdyr. Sähranyň sazakly-selinli depelerini gördügimçe meniň kalbymda ajaýyp görnüşler peýda bolup başlady. Tizden-tiz olaryň suratyny çekmek höwesi meni ganatlandyrýardy. Garaňky ýuwaş-ýuwaşdan daş-töweregi öz gujagyna gysyp başlady. Töweregimizi garaňkylyk gaplap alan hem bolsa, asmandaky Aýyň kümüş nury töwerege ýagtylyk saçyp başlady. Arassa sähra howasy kalbymy göterip, geljekde çekjek suratlarymyň görnüşleri meniň göz öňümde peýda bolup başlady. Az salymdan golaýdaky hem-de alysdaky baýyrlaryň arasyndan bu töwerekde mekan tutan şagaldyr tilkileriň sesleri eşidilip başlady. Olar nämedir bir zatdan heder edýän ýaly gatym-garym çykýan seslerini derrew kesýärdiler. Geň galaýmaly zat, näme üçindir, bu sähralykda itleriň sesleri eşidilmeýärdi. Şol wagt uzaklarda bir ýerlerden uwlaýan möjegiň sesi eşidildi. Oturan ýerimden Şalyk aganyň ýüzüne garadym. Ol meniň garaýşyma düşünen bolsa gerek: — Bu düz möjeginiň sesi. Köpi gören goja awçylaryň aýtmaklaryna görä, olar birehim, şol bir wagtyň özünde-de juda seresaply bolýarmyş. Olar uwlap birek-biregiň halyndan habar tutýan bolmaly. Men Şalyk aga ýüzlendim: — Ýogsa-da, Şalyk aga olar sürä kän azar bermän durýarlarmy bir? Şalyk aga çalarak ýylgyrdy. — Hä, olarmy? — diýip diňşirgendi-de, — Olarsyz bolýarmy näme, inim. Setanda-seýranda gelip durmasalar, çopan itleri işsiz galarlar ahbetin — diýip, ýarysy ýanyp gutaran, galan ýeri ojagyň gyrasynda çala tüsseläp ýatan sazak böleklerini ýanyp duran oduň üstüne garşy süýşürip oturyşyna, sözüni dowam etdi. — Şol gün men sürini örüzip goýberipdim. Kän dargaman, esli salym otlanlaryndan soňra süriniň başyny çekýän erkejiň yzy bilen ýüzlerini ýataga garşy öwürdiler-de gaýdyberdiler. Menem olary saklajagam bolmadym. Garaňky gaty düşmänkä-de, süri ýataga ýygnandy. Şol gün hiç tarapdan ýel öwüsmän gije howa juda petiş boldy. Daňdana golaý irkilen bolsam nätjek. Biri elimden çekýän ýaly tisginip oýanypdyryn. Gözümi açsam, entek daňyň düýbem çyzylmandyr. Ýöne nämedir bir zatdan tebil tapan boýny jaňly erkeç entek parahat ýatmaly sürini aýak üstüne galdyran ekeni. Töwerekdäki sazaklaryň içine ýuwaş-ýuwaşdan ýaýrap ugran süri ýaňy otlamaga durupdyr. Birdenem daňdanyň çygly ýumşak otuna agyz urup, endigan ýaýrap ugran süriniň ýokary başy meniň oturan çalmaryma tarap serpilip gaýtdy. Çak edişime görä, sürä möjek aralaşan bolmaly. Elim taýakly ala-goh turzup, süriniň daşyndan bir gezek aýlanyp çykdym. Aýagyny kakyp ýatan goýna ýa-da tokla gözüm düşmedi. Elim taýakly hasanaklap ýörşüme: «Gaýtmaz, Akbilek, Ýekemen, Goýunçy, siz nirede sümsünişip ýörsiňiz? Ýetiň ahyryn!» diýip, gygyrmaga başladym. Birdenem ala wagyrdy bolup, garşydaky baýyrdan aňyrlygyna aşyp barýan itlere gözüm düşdi. Olary gören badyma agyr pursatda hossar tapynan ýaly bolup, «Gaýtmaz, ýet yzlaryndan, birinem sypdyraýmagyn, haý, berekella! Ýekemen bas!» diýip, gygyrmaga başladym. Özümiň goh-galmagalymy diňe bir öz itlerime dälde, möjeklere hem eşitdirjek bolýardym. Olar meniň galmagalymdan heder edip, sürini taşlap giderler diýip çak edýärdim. Ylgawymy ýazdyrmanam, çalmara gelşime, goşamy elime alyp, itleriň giden tarapyna garşy ylgadym. Emedekläp diýen ýaly garşymdaky baýryň depesine çykanymam şoldy welin, sürä garşy zähresi ýarylan ýaly bolup wägirip gelýän tokla gözüm düşdi. Has aňyrrakda bolsa iki sany çal düz möjekleriniň özlerine garşy ýetip gelýän itler bilen darkaş gurmaga taýýar bolup durandyklaryny gördüm. Iki tarapyň garpyşmagy bilen darkaş başlandy. Urşa giren köpekleriň san taýdan agdykdygyna garamazdan, möjekleriň hatarynda we olaryň hereketlerinde söweş meýdanyny taşlap gitmek meýli duýulmaýardy. Gaýtmaz itimiň üýtgeşijik bir uruş tilsimi bardy. Ol topulyp barşyna, iki art aýagyna galyp, kükregi bilen öňünde duran duşmanynyň kellesine bat bilen urardy-da, ony diň arkanlygyna gaýtarardy, bada-badam onuň bokurdagyndan agyz urup, demini bermänem onuň haýyny alardy. Ol bu uruş tilsimini öz atasy Gaplaňdan alyp galypdy. Şalyk agany diňläp oturyşyma, men gürrüňe goşuldym: — Şalyk aga, siz ýaňy Gaýtmaz ol uruş tilsimini öz atasy Gaplaňdan alyp galypdy diýdiňiz welin, ol kimiň iti bolmaly? Onsoňam siz itiňize näme sebäpden Gaýtmaz diýip at dakdyňyz? Meniň pikirimçä, bu adyň aňyrsynda bir syr-a bar bolsa gerek. — Biziň obamyzda Öweç han diýip bir ýaşuly bardy. Daýawdan uzyn boýly, peşeneli adamdy. Ol diňe bir biziň obamyzda däl-de, tutuş gum eteklerinde hem tanalýan ökde yzçy hasap edilýärdi. Ana, şol Öweç aganyňam Gaplaň atly daýawdan gelen uruşgan bir iti bardy. Biler bolsaň, inim, meniň Gaýtmazym şol Gaplaňyň neslinden bolmaly. Ine, onsoň depäniň üstinde elim goşaly iki baka ylgap ýörşüme, öz itlerime garap, «Haý, berekella, Gaýtmazym bas, sypdyrmagyn, Akbilek aňyrsyndan bol!» diýip, gygyryp goldaw beräýmesem, başga edip bilýän kömegim ýokdy. Elimdäki goşanyň hyzmatyndan peýdalanyp, mäşäni gysaýsamam, okuň olaryň haýsy birine degjegi belli däldi. Bolup duran ýagdaýa garap durşuma, goşamyň nilini çala ýokary galdyryp, mäşäni gysyp goýberdim. Tüpeň sesi çykan badyna möjekler garşydaky alaňdan aňry aşyp, gözden gaýyp boldular. Itler welin şol duran ýerlerinde bir maňa, birem alaňdan aňryk aşan möjekleriň yzlaryndan garap durdular. Ýap-ýaňy möjeklerden aman sypan süri entegem köşeşip bilenokdy. Men esli salymdan soňra itleri öz ýanyma çagyrdym. Öňden gelýän dessura görä, möjek bilen agyzlaşan goýun itlerine hökman guýruk gapdyrmalydy. Ýogsa itleriň dişleri dökülip başlaýardy. Men haýdan-haý guýrugy ýetik goýunlaryň birini soýdum-da, itlere guýruk gapdyrdym. — Bolsa-da, türkmen köpekleriniň gaýduwsyz hereketleri netijesinde sürini başbitin alyp galypsyňyz — diýip, men gürrüňe goşuldym. — «Howul, bela, sowul, bela!» diýleni boldy. Ýitgisiz sag-aman sypdyk. Çopan aganyň başdan geçiren bu wakasyny diňläp oturyşyma, uzaklardan ýol salyp, sähra gülleriniň hoşboý ysyny getirýän şemalyň göze ilmeýän, ýöne juda mylaýymlyk bilen çalýan sazy oglanlykdan kalbymda baky orun alan mukaddes ene hüwdüsini ýadyma salyp, meni meýmiredip başlady. Ara dymyşlyk düşdi. Az salymdan soň çopan aýdyp oturan ahwalatyny dowam etdi. — Türkmen alabaýlarynyň öz eýesine wepalydyklary barada, olaryň her hili kynçylyklara döz gelişleri hakda il içinde köp-köp rowaýatlar bar ahbetin. — Dogry aýdýaňyz, Şalyk aga. Hatda turan gaý-tupan zerarly azaşyp giden tutuş bir sürini ençe günläp ýyrtyjylardan gorap gezen türkmen alabaýlarynyň görkezen mertlikleri, edermenligi hakdaky gürrüňleri eşitmedikler ýok bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eserinde-de edermen alabaý itler barada has gymmatly hem gyzykly maglumatlar jemlenen. Ol meniň aýdýanlarymy makullap: — Örän dogry aýdýaň! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly eseri edermen alabaýlarymyza goýulýan ruhy gymmatlygyň aňrybaş nusgasy — diýip, buýsançly baş atdy. Soňra ol ýantorbasyndan gamyşdan ýasalan dilli çopan tüýdügini çykardy-da, ony pessaýdan çalmaga başlady. Bu meniň üçin täzelikdi. Men saz gutarýança ony demimi alman diýen ýaly diňläp oturdym. Saz gutardy, naşyja tüýdügini eline alyp, oňa nazaryny dikip oturan Şalyk çopan ýene dillendi: — Bu ymgyr sährada şu-da seniň göwnüňe teselli berýär. Eger sen gamgyn halda bolsaň, onuň sazyny diňläp, dünýäni unudýarsyň. Keýpiň çag bolsa welin, aýdyma hiňleneniňi özüňem duýman galýarsyň. Ol ýuwaşjadan aýdyma hiňlenip ugrady: — Ene diýen saçy sary ýar-eý, Saçlary dutaryň tary, boý-eý. Aýdymyň soňky setirleri ýadyna düşmedimi nämemi, çopan başyny çala silkdi-de: — Aý, huşam galmandyr-ow! — diýip, gynanç bilen seslendi: — Ýaşam gidip barýar, Juma jan, onuň ýany bilen huşam. — Entek irräk bolaýmasyn, Şalyk aga. Hiňlenýän aýdymyňa ser salsag-a, gartaşan adamyň aýtjak aýdymlaryna dogry gelmeýär. Ol göwnühoşluk bilen loh-loh edip güldi: — Senem bir zat aýdaýýaň-ow, Juma jan. Bu aýdymlar biziň jahyl ýyllarymyzda aýdylan aýdymlar ahbetin. — Şalyk aga, siz bu uly sürini ýeke özüňiz bakýaňyzmy? Baş çopanyň ýanynda ikinji çopan we onuň çolugam bolmalydyr ahyryn?! — Töweregiňe ýalt-ýult edip oturyşyňdanam seniň şu sorag bilen maňa ýüzlenjegiň-ä bilip otyrdym. Meniň ikinji çopanymam bar, çolugymam. Olaryň ikisem süriň aladasy bilen merkezi guýa gitdiler. Ertir, nesip bolsa, sürini suwa ýakmaly. Mallary suwa ýakmak üçin, ilki bilen howdan we onuň nowasy öňünden suwdan doldurylyp goýulýar. Soňra mallary bölek-bölekden guýa, suwa inderýärsiň. Şeýle ýagdaýda olary sanawdan geçirmegem aňsat bolýar. Ikinji çopanam häzir şol ýerdedir. Çalmardan taýak atymdan gowrak ýerde ýatan süriniň erkejiniň boýnuna dakylan jaňyň sesi gijäniň içinde duýdansyz eşidilip gitdi. Çopanyň oturan ýerinden ýüzüni ýataga garşy öwrenem şoldy welin, itleriň ikisi erkejiň tebil tapan ýerine, ýatagyň arkasyna garşy atylyp gitdiler. Men türkmen alabaý itleriniň örän düşbi bolup, olaryň eýesine diýseň wepalydygy baradaky aýdylýan sözleriň hakykatdygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Söhbediň bir sözünem sypdyrman diňläp oturyşyma, Şalyk aganyň aýdyp oturan wakalarynyň belli-belli ýerlerini kagyza geçirýärdim. Ortada ýanyp duran oduň öçüp ugranyna gözi düşen Şalyk aga, asmana tiňkesini tikdi-de: — Wagtam bir çene baryberipdir, inim. Senem ýoldan ýadap gelensiň. Az-kem gözümiziň awusyny alaly. Söhbediň yzyny bolsa ýene bir gün dowam edäýeris, neneň görýäň? — diýip, meniň ýüzüme garady. Men onuň bilen ylalaşdym. Daňdan az kem ýagyş ýagan ekeni. Ertesi Şalyk aga bilen goýunlary suwa ýakmak üçin guýa bile gitdik. Goýunlaryň bölek-bölekden suwa goýberilişi, olaryň sanalyşy meniň üçin örän gyzyklydy. Men ol ýerden birnäçe pursatlary etýud görnüşinde çekdim. Mallary suwa ýakyp, yzymyza gaýtdyk. Ýöne yzymyza başga ýerler bilen gaýtdyk. Keseburun düzlüginde giň bolmadyk çöketlik bolup, onuň içi el bilen ekilen ýaly dürli reňkli ýaz güllerinden doludy. Içimden bulary kimdir biri ekip gitdimikä diýip pikirlendim. Meniň bolup durşuma seredip duran Şalyk aga: — Muňa tebigatyň gudraty diýerler, inim — diýip, maňa garady. Çöketlikde gögeren güller juda üýtgeşikdi. Ulgam-ulgam gum depeleri, seýregräk ýagdaýda ösüp oturan sazaklar, gandymlar, sähranyň ýakymly, özboluşly asudalygy oňa aýratyn bezeg berýärdi. Tebigatyň döreden bu täsinligini synlap durşuma, meniň kalbymda üýtgeşik bir görnüş peýda boldy. Ony tizden-tiz kagyz ýüzüne geçirmek höwesi maňa ganat berdi. Gülälekleriň, edil şonuň ýaly-da, köz kysmy çigildemleriň çar tarapa bark urýan mahmal ysy hoşuňa gelýärdi. Meniň bu gözellige aňk bolup galanymy gören Şalyk aga: — Şu ýerde az salym dynç alaly. Mallaram aýaklaryny ýazsynlar, bizem adama bir käse çaý içeli. Goş ýazdyryp çaýa otyrdyk. Çopan gürrüňini dowam etdi. — Ynha, inim, Juma, saňa görkezjek lälezarlygym-a şu gözellik bolmaly. Seniň geljegiňi bilýän ýaly, bu owadanlygy men mallardanam gorap gezdim. Dogrusy, bu täsin gözelligi bozmaga dözmedim. Ynha, indem öz eliň, öz ýakaň, sen amatly ýerde ýerleş-de, arkaýyn işläber. Goýnunda bu täsin gözelligi gizläp oturan Keseburun düzlügini synlap durşuma şahyr Bahargül Kerimowanyň şu goşgy setirleri serime dolup gitdi. Çäksiz ýaýlam gözlerimiň garasy, Aýdymym daglaryň jülge-deresi. Älemdäki bar zatlaryň seresi, Eý, dogduk diýarym, eý, türkmen düzüm. Goşlaryny horjunyna salyp duran Şalyk aga maňa garap: — Men mallary ýataga tarap süreýin. Sen bolsa bu ýeriň gözelligini surata geçir — diýdi-de, çopan taýagyny egnine atyp, gapdaldaky depäniň ýüzünde ýaýraw berip ýatan sürä garşy ugrady. Uzynly gün uly höwes bilen işledim. Ýöne Şalyk aganyň başda gür beren wakasy welin meniň ýadymdan gitmeýärdi. Surat çekip, agşamara çalmara dolanyp geldim. Çaý başynda men Şalyk aga çeken suratlarymyň eskizlerini görkezdim. Onuň suratlar baradaky pikirini bilmek meniň üçin gyzyklydy. Çekilen suratlary nazaryndan geçirip oturan ýaşuly ýuwaşja dillendi: — Berekella, inim, juda oňat, kemi ýok. Hatda Akbilek bilen Gaýtmazyňam suratlaryny çekäýipsiň-ow! — Ýogsa-da, Şalyk aga siziň maňa aýdyp beren wakaňyz bilen bagly pursatlary hem çekdim. Hyýalyňda peýda bolýan pikirlerem oslagsyz ýerden öňüňden çykan tanşyň ýaly bir zat bolýan bolsa gerek. Bu sözlere garaşmadyk Şalyk aga: — Ana, saňa gerek bolsa — diýdi-de, gyşaryp ýatan ýerinden tirsegine galyp: — Hany, göreli bakaly—diýip, maňa ýüzlendi. — Şalyk aga, men ony hyýalymda görşüm ýaly edip, başardygymdan kagyz ýüzüne geçirdim. Men çeken suratymy oňa uzadyp durşuma: — Ynha, Şalyk aga, görüň-de, baha beriň! Suratda oýuň içinde iki sany möjegiň itler bilen garpyşyp duran pursady, Gaýtmazyň bolsa döşi bilen möjegiň kellesine urup, onuň bokurdagyndan agyz urup durşy, Şalyk aganyň bolsa depäniň üstünde eli çopan taýakly olary synlap durşy görkezilendi. Ýöne ony entek doly gutaryp ýetişmedim. Meniň galam bilen çeken beýleki suratlaryma göz gezdirip oturan Şalyk aga: — Seniň çeken suratlaryň, inim, meni haýrana goýdy. Ony seniň ýüzüň diýip aýtdygym däl. Dogrusy, men surat bilen gyzyklanyp ýören adamam däl. Biz bir sähraýy çopan. Sen bu gülälekli meýdany, türkmen alabaýyny janly ýaly edip, kagyzyň ýüzüne ýerleşdiräýipsiň ahbetin. Berekella, adamçylykdyr, nesip çekip, bu suratlaryň gutarnykly ýagdaýynam bir görsek. Şonda tutuş adamlar bolup seniň zähmetiňe baha bereris. — Gepleşdik, Şalyk aga! — diýip, oňa elimi uzatdym. Bar ünsüni elindäki suratlara berip oturan Şalyk çopan esli salym dymyp oturandan soň: — Söz ýok, inim, berekella. Kesbiňden kemal tap! — diýip, özi bilen bagly çekilen suraty maňa uzatdy. — Menden size sowgat bolsun, Şalyk aga, özüňizde durubersin... Men işimi tamanlan hem bolsam, bu täsin gözelligi taşlap gidesim gelenokdy. Haýsydyr bir gudratly güýç: «Entek howlukmaweri, saňa çeker ýaly zat öňdedir» diýip gulagyma çawuş çakyp duran ýalydy. Bu ýerde bir hepde bolanymdan soň men yzyma gaýtdym... Seredip otursam, ondan bäri ep-esli ýyllar geçip gidipdir. Bir gün men ençeme ýyllaryň dowamynda çeken işlerimiň sergisini gurnamak üçin sergi zalynda işläp otyrdym. — Juma jan, armaweri, ýetişýärmiň? Kömek gerek bolsa çekinmän aýdaýgyn — diýip, kärdeşim Ahat sergi zalyna geldi. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra: — Ýogsa-da daşarda, «Bize Juma suratçy gerekdi» diýip, iki sany eginleri horjunly ýaşuly adamlar seni sorap durlar. Menem: «Öz-ä şu ýerlerde bolmalydyr, häzir ony taparys» diýip, seniň ýanyňa sowulyşym. Olar çarwa adamlaryna çalym edýärler. Çarwa sözüni eşidenimden daşaryk ylgadym. Daşarda Şalyk aga bilen egni horjunly çoluk ikisi durdular. Biz köne tanyşlar bolup gujaklaşyp görüşdik. Sergi zalynyň ikinji gatynda çärä gelen adamlaryň dynç almaklary üçin niýetlenen ýerde myhmanlar bilen hal-ahwal soraşdyk. Soň men sergi zalynda ýerleşdirilen suratlara aýlanyp gelen Şalyk aga ýüzlendim. — Eger ýadyňyzda galan bolsa, Keseburun düzlüginde, çaý başynda otyrkak, siz maňa: «Wagt gelip, şu suratlaryň gutarnykly ýagdaýynam bir görsek. Şonda tutuş adamlar bolup seniň zähmetiňe baha bereris» diýipdiňiz. Ol sesini çykarman baş atdy hem-de gapdalynda duran horjunynyň gözünden daşy dolangy togalak kagyzy çykardy-da, ony maňa uzatdy: — Seniň sergiňe bir suraty ýörite getirendirin. Şalyk aganyň maňa uzadan zadyny açyp oturyşyma gözüme ýaş dolanynam duýman galdym. Ol türkmen alabaýy Gaýtmaz bilen möjekleriň garpyşyp duran pursatlaryny çekip, Şalyk aga sowgat goýup gaýdan suratymdy. Möjek ATAÝEW. “Garagum” žurnaly, 4/2022 ý. | |
|
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||