18:21 Kerim Myradow | |
«SARPALY LEGION»
Taryhy şahslar
Ildeşimiz Kerim Myradow – 1918-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda doglupdyr. 1968-nji ýylda maşgalasy bilen hormatly Prezidentimiziň atalarynyň obasy bolan Yzganda göçüp gelipdir, şol obada agronom bolup işläpdir. 1991-nji ýylda Aşgabada göçüp gelip, şol ýylda hem dünýeden ötüpdir. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni diýlip yglan edildi. Bu Perman «Watanymyzyň goragynyň iň belent hem mertebeli borçdugy biziň üçin ebedi hakykatdyr» diýip nygtaýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen Watan goragçylarynyň sarpasynyň belent tutulýandygynyň anyk subutnamasydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda türkmen gerçekleri Watan goragyndaky söweşlerde edermenligiň belent nusgasyny görkezipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde edermenlik görkezen harby serkerdelerimiz, taryhy şahslarymyz baradaky maglumatlary aýratyn nygtap-nygtap beýan edipdir. Bu eserdäki: «1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda görkezen edermenligi üçin türkmenistanly esgerleriň onlarçasy «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldular. Ozalky Soýuza giren respublikalaryň arasynda ilatyň sanyna görä, gahrymanlaryň sany hasaba alnanda, Türkmenistanyň öňdäki orny eýeländigini bellemek hem ýakymlydyr» diýlen setirleri okan türkmenistanly her bir okyjynyň kalby çäksiz buýsanja gaplanýar. Şu makalamyzda biz hormatly Prezidentimiziň ýokarky aýdan sözlerinden ruhlanmak bilen, merdanalygy, gaýduwsyzlygy bilen adyny dünýä taryhyna ýazan serkerde ildeşimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda edermenlik görkezip, ýokary derejeli sylaga mynasyp görlüşi dogrusynda söz açmakçy... Ol ildeşimiz Kerim Myradow – 1918-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda doglupdyr. 1968-nji ýylda maşgalasy bilen Yzganda göçüp gelipdir, şol obada agronom bolup hem işläpdir. 1991-nji ýylda Aşgabatda ýaşap, ol ýerde dünýeden ötüpdir. Kerim Myradow edenli, gujurly, özdiýenli, tutanýerli, mert adam bolupdyr. Ol goşun gullugyna gideninde, Kawkaza düşüpdir. Harby gulluk borjuny berjaý edip ýören wagty 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen şol ýerde serkerde bolup harby gullugyny dowam edýär. Onuň söweş ýoly Kawkazdan başlanypdyr, Berlinde bolsa tamamlanypdyr. Ol Kawkazdaky we beýleki ýerlerdäki edermenlik bilen gatnaşan söweşlerinde kebzesinden, soňra aýagyndan ýaralanypdyr. Söweşlerde adatdan daşary edermenlik görkezen harby gullukçylara berilýän bu orden kapitan Kerim Myradowa hut ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan hormat bilen gowşurylypdyr. Bu sylagyň özeni altyn çaýylan we syrçaly emal çalnan bürünçden edilendir. Bu ordeniň gymmaty gymmat bahaly metaldan edilenliginde däl-de, ussat harby ýolbaşçylygy we hakyky söweşjeň edermenligi görkezenligindedir. Dünýä harbylarynda derejesi diýseň belent hasaplanýan ordenler bar. Şolaryň biri ABŞ-nyň harbylarynyň «Hormatly Legion» (ýa-da «Sarpaly Legion» – «Legion of Merit») ordenidir. Bu sylagyň taslamasyny ABŞ-nyň Kongressi 1942-nji ýylyň 20-nji iýulynda tassyklapdyr. Bu täze sylag döredileninde onuň bilen ABŞ-nyň we Filippin arkalaşygynyň harby gullukçylaryny, şonuň ýaly-da 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýaran bolan ýurtlaryň harby gullukçylaryny sylaglamak göz öňünde tutulypdyr. 1942-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Prezident Franklin Ruzwelt, onuň hut ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan gowşurylmalydygy baradaky sylag düzgünnamasyny tassyklapdyr. 1943-nji ýylda bolsa ABŞ-nyň harby gullukçylaryny sylaglamak ygtyýarlygy Goranmak ministrligine-de berlipdir. Amerikanyň harbylary tarapyndan bu sylaga mynasyp görlen, harby ussatlygy we söweşjeňlik ukyby halkara derejede ykrar edilen görnükli harby gullukçylaryň hatarynda Ýeňiş baýramçylygynyň paradynda meşhur ahalteke bedewi bilen geçen marşal G.K.Žukowyň, marşal R.Ý.Malinowskiniň, marşal K.K.Rokossowskiniň, marşal A.M.Wasilewskiniň (SSSR), patyşa Mihaeliň (Rumyniýa), general Şarl de Goluň (Fransiýa), feldmarşal Bernard Montgomeriniň (Beýik Britaniýa) bardygyny göz öňünde tutsaň, ildeşimiz Kerim Taganowiç Myradowyň heniz kiçi serkerdeligiň harby adynda – kapitan wagtynda şeýle belent sylaga mynasyp görülmegi diýseň buýsandyryjydyr. Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň halkara derejede ykrar edilmegi, halkymyzyň merdanalyk häsiýetiniň has gadymdan gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. «Ata Watany goramak mukaddes borçdur. Ilini-ýurduny gorajak goç ýigitleri – mertleri terbiýeläp ýetişdirmek parz işdir», «...gahrymançylyk, mertlik türkmen halkynyň edermen ata-babalarymyzdan gözbaş alýan iň asylly, iň ajaýyp häsiýetleriniň biridir» diýip nygtaýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz çykyşlarynda halkymyzyň halkara derejede ykrar edilen merdana gerçeklerine buýsanmaga haklydygymyzy adalatly belleýär. Olaryň merdanalygynyň dowam bolmagy üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Kerim Myradowa berlen «Sarpaly legion» ordeniniň sylag şahadatnamasynyň ýazgylarynda şeýle setirler bar: 102d Motoatyjy Diwiziýanyň Dolandyryş Merkezi Hormatly Legionyň Şahadatnamasy Kapitan Kerim Taganowiç Myradow, SSSR-iň goşunynyň Suworowyň nyşanyny göterýän Ýelnensk-Warşawadaky 76-njy Gyzyl Baýdakly Motoatyjy diwiziýasy, 1944-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-inden 1945-nji ýylyň maý aýynyň 8-ine çenli aralykdaky eden aýratyn hyzmatlaryndaky görkezen magtalmaga mynasyp hereketleri üçin. Oder derýasynyň günbatarynda edilen hüjümde Kapitan MYRADOWYŇ batalýony Writzen töweregindäki goranyşda duşmanlara gönükdirilen hüjümiň başyny çekdi. Olaryň saplaryny üstünlik bilen böwsüp geçdi, ol şeýle ussatlyk bilen ýigitlerini öňe sürüp, duşmany hem adam sany, hem-de maddy taýdan agyr ýitgilere sezewar etdi. Yzysüre, Berliniň gabawynda ol duşmanlaryň täzeden toparlanmagynyň öňüni aldy we olary kiçi toparlar bilen ýeňip, harby tejribäniň ussatlygyny görkezdi. Oňa tabşyrylan ähli tabşyryklaryň kemsiz ýerine ýetirilmeginiň netijesinde duşman görnetin ýeňlişe sezewar boldy. 102d Motoatyjy diwiziýanyñ Dolandyryş merkezi. Diwiziýanyñ serkerdesi, General-maýor FRANK A.KEATING. Kakajan BAÝRAMOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri. "MILLI GOŞUN" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |