03:21 Kitap okamagy näme üçin halamzok?!. | |
KITAP OKAMAGY NÄME ÜÇIN HALAMZOK?!.
Söhbetdeşlik
"Kitap okan gullar manydan dokdur..." Magtymguly Pyragy • Kitap okamak zyýanlymy? Dogrudanam, näme üçin kitap okamagy halamzok? Kitaplaryñ bize bagyş edýän özboluşly dünýäsi bilen näme üçin gyzyklanamzok? Ýa biz şonuñ ýaly derejede başagaýmy, kitaba berer ýaly şeýle wagtymyz ýokmuka? Bolar-bolgusyz zatlara wagt tapýarkak, näme üçin kitap diýlende gaşymyzy bürüşdirip geçip gidiberýäs? Ýurt derejesinde alanymyzda, kitap okamak boýunça birnäçe agyryly meselelerimiz bar. Munuñ birnäçe sebäpleri bar, aşakda bu boýunça gysgaça durup geçmäge çalyşalyñ. Magtymguly Pyragy diýlende bilmeýän türkmen ýokdur. Emma biziñ aramyzda Magtymguly atamyzyñ goşgular kitabyny eline alyp görmedik näçe adam barka? Jelaleddin Meñburny barada gep gozgalsa oña milli buýsanjymyzdygyny aýdyp hemmämiz ör turup hor bilen öwünmäni diýseñ halaýarys. Emma bu şöhratly türkmen serkerdesi barada ýazylan kitaplardan haýsam bolsa birini okan näçe adam barka? Käwagt Arçabil şaýolunyñ ugrundaky Milli kitaphana barýañ welin, kitap okamaga gelýän adamlaryñ şeýle azdygyny görüp haýpyñ gelýär. Emma edil kitaphananyñ golaýyndan geçip gideniñde, kiçijik "ABM" diskotekasyna gelýän ýaşlary görýäñ welin, ýagdaý düýbünden başgaça. Dünýä döwletleri boýunça alanda biziñ ýurdumyz kitap okamakda gaty yzda barýan bolmaly. Geçirilen barlaglaryñ netijesi ýylda ortaça alanyñda bir ýaponyñ 25, bir şweýsariýalynyñ 10, bir fransuzyñ 7, Türkiýede bolsa alty adamyñ bir kitap okaýandygyny görkezýär. Biz-ä dogrusy, bu barlaglaryñ netijesindenem we görüp ýören zatlarymyzdan çen tutubam, biziñ Türkmenistanymyzda hatda 16 adamyñ hem ýylda bir kitaby doly okaýan däldir diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Näme üçin mekdeplerde çagalary kitap okamaga werziş etdirmek üçin ýörite sapaklar geçilenok? Dogrusy, kitaphanalara baranymda, kitap okamaga gelýän ýaşlarymyzy görmän begenmänem duramzok, olary görenimizde edil ýakyn hossarymyzy gören ýaly bolýas. Nämedir bir bahana tapyp? onuñ bilen öz okaýan kitabyñ ýa-da onuñ okaýan kitaby barada söhbet alşasyñ gelýär. Her näme-de bolsa, kitaphanalara gelýän ýaşlar biziñ isleýän derejämizde däl. Eýsem näme üçin beýlekä? Geliñ munuñ käbir syrlarynyñ ýumagyny çöşlemäge çalyşalyñ... • Okamak endigi maşgaladan başlaýar! Okamak endiginiñ maşgalada başlanýandygy inkär edip bolmajak hakykatdyr. Günde ortaça alty sagat telewizora tomaşa eden ene-ata eline kitap alanok we şonuñ üçinem çagalaryna bu boýunça görelde görkezip bilmez. Netijede şeýle ene-atalar çagalaryna hernäçe kitap okamalydygyny aýtsa-da, munuñ hiç hili peýdasy bolmaz. Edil suwa buşugan ýalydyr! Biz çagalara dil ujundan däl-de öz bolşumyz we hereketlerimiz bilen görelde bolmalydyrys. Olara halkymyzyñ milli we ruhy baýlyklaryny, dogry we nädogry zatlary öwretmelidiris. Ulalyp barýan çaga, hususanam belli-belli ýaşlarda öñi-yzy gutarmaýan soraglar berýär. Siz ene-ata hökmünde bu sowallara jogap bermäge hiç hili ýaltanmañ, ýa-da başdansowma jogap bermäñ. Çaganyñ añy boş we ak kagyz ýalydyr. Goý, bu ak kagyz siziñ berjek kanagatlanarly we dogry jogaplaryñyzdan dolsun. Bir çaga kakasyndan şeýle sorapdyr: – Kaka, hemme soragyma jogap berdiñ. Munça zady nädip bilýäñ? Kakasy şeýle jogap beripdir: – Bu zatlary kitaplardan öwrendim. Senem biljek bolsañ kitap okamaly! Bu göwnejaý jogap çagaña zor-zulum bilen "Kitap oka!" diýeniñden has ýerlikli bolsa gerek. Käte çagalaryñyzy alyp söwda dynç alyş merkezlerine gideniñizde, olary kitaphanalara hem aýlamagy ýatdan çykarmañ. Ýa-da eger özüñiz kitaphana gatnaýan biri bolsañyz, oguljygyñyzy ýa-da jigiñizi alyp baryñ. Okalga zalynda bir çüñkde kofejagaz ýa-da çaýjagaz içip kitap okap oturmagyñ nähili lezzeti bar... Elbetde, duýup başarana! Goý, çagalaryñyz hem bu lezzetiñ howasyndan dem alsyn. Siz ol ýerde çagajyga haýsydyr bir kitaby okamagy maslahat bermäñ, goý ol islan kitabyny alsyn. Ynanaýyñ, siziñ oka diýen kitabynyzdan onuñ öz alan kitaby has köp ünsüni çekýändir. • Kitap okamaga bolan höwesi mekdeplerde döretmeli! Biz okaýarkak hem kitap okamak boýunça höweslendiriş çärelerini geçirip duran ýokdy. Emma adamlar näme-de bolsa edil häzirki ýaly kitapdan daş däldi. Rus dili sapagyna girsek, arkamyzdaky diwarda rus edebiýatynyñ, türkmen dili sapagyna girsek türkmen edebiýatynyñ görnükli wekilleriniñ, biologiýa sapagyna girsek okuw otagynda her dürli jandarlaryñ ýasama şekli, hatda adamyñ skletine çenli bardy. Ylla özümizi ylym-bilimiñ bir bölegidir öýderdik. Bir aýagymyzam kitaphanadady. Agşamlaryna mugallymlar öýlere aýlanardylar, okuwçysy sapaklaryna taýýarlanýarmy, taýýarlananokmy - bilmek üçin! Mugallymymyzyñ gapyny kakýandygyny bilsek derrew okuw kitaplaryny öñümizde dagadyşdyryp, kitap okaýansyrap oturardyk. Häzir seredip görýän, mugallymlar diñe okuw sapagynda mugallym. Başga wagt okuwçysynyñ özüni alyp barşy, ykbaly, onuñ zehini hiç hili gyzyklandyranok. Mugallym okuwçynyñ nirde näme işläp ýörendigini bilmekden geçen, tersine okuwçy mugallymyñ nirde näme işläp ýörendigini aýdýar. Bu örän gynandyryjy ýagdaý. Mekdepde hem okuw sapaklaryny zorlukly görnüşde okatmaga çalyşmak, yzagalak okuwçylary gorky astynda saklajak bolmak bidereklikdir. Çaganyñ halamajak kitabyny zor bilen okatjak bolup durmaly däl. Men pedagog däl, emma beýtmek çagany kitapdan sowaşdyrar diýip düşünýärin. • Bilesigelijiligimiziñ pesligi we bahanaçyllyk keseli Çagaly gürrüñi bir gapdala goýup, söhbetimizi uly ýaşlylara gönükdireliñ. Gynansak-da, biz özümiziñ şeýle biparhdygymyzy we bilesigelijiligimiziñ pesdigini, hroniki bahanaçyllyk keselimiziñ bardygyny boýun almalydyrys. Bu diñe kitap okamak babatda däl, islendik babatda-da şeýle. “Kitap okamok, agşam işden ýadap öýe gelýärin, çagalara gyk-bagyna güýmenen bolýan, soñam agşamlyk iýip-içip telewizora seredip durkam uklap galýaryn. Kitap okamaga wagt barmy näme?”. Bu sözleri aýdýan adamlara şeýle jogap bermek isleýärin: "Uklamankañ bary-ýogy onja sahypa hem okap bileñokmy? Şonuñ ýaly derejede wagtyñ ýokmy?” Ynanaýyñ, bu adamyñ öz-özüne berýän toslama tesellisinden başga hiç zat däl. Adam islendik zada wagt aýryp bilýär. Kitap okamakçy bolsak, bahanaçyllyk keselinden saplanmagymyz gerek. Geliñ indi bolsa kitap okamagyñ zerurdygyny we kitap okamagyñ bize nämeleri berjekdigini bilmäge çalyşalyñ. • Medeniýetli adam bolmak üçin hökman kitap okamaly! Medeniýetli, añ-düşünjeli islendik bir tanşyñyz bilen eden söhbetiñizi göz öñüne getiriñ, söhbetdeşligiñ nähili geçendigini hem duýman galarsyñyz. Şeýle adamlar bilen ýöne gürleşesiñiz geler durar. Medeniýetli bolmak añsatdyr öýtmäñ. Bu derejä gelmek üçin ençeme küti-küti kitaplaryñ gatyny açmak gerek. Gynansakda, diñe teleýaýlymlara tomaşa etmek, ýa bolmasa dürli internet saýtlaryndan edinýän maglumatlarymyz bizi hiç haçan medeniýetli adamlaryñ derejesine göterip bilmez. • Söz baýlygymyzyñ artmagy Okamaýan bir adamyñ gündelik söz gory 200 töweregi söz diýilýär. Ýagny şeýle adam 200 söz bilen gününi geçirip bilýär we mundan hiç hili birahat bolanok. Käbir kişä üns berip görüñ, gürläp durka söz tapman aljyraýar, sakawlaýar ýa bolmasa sözünin yzyny gümp-sampa urýar, ýa-da birmeñzeş sözleri zol tekrarlap durandyr. Söz baýlygymyzy artdyrmak üçin hökmany suratda kitap okamak gerekdir. Ýogsam bolmasa biz iki sözümiziñ birinde, "türkmen dili garyp dil" diýen bolup ne gözel baý öwüşginli dilimizi göýdükleşdirip barýarys. Türkmen dili garyp dil däl, biziñ öz dilimiz garyp. • Başga adamlaryñ we başga ykballaryñ bardygyna göz ýetirmek Kitap okamagyñ, hususanam roman okamagyñ iñ gowy taraplarynyñ biri başga ykballaryñ bardygyna göz ýetirmekdir. Bu dünýäde adamlar nämeleri başdan geçirýär, nähili gaýgy-gussalary bar, nähili söýýärler diýen sowallaryñ hemmesine jogaby kitaplardan tapyp bilersiñiz. Megerem bizi başga adamlaryñ ykballary gyzyklandyrmaýandygy üçin kitap okaýan däldiris?!. Ýogsam bolmasa türkmen halky şeýle biparham-a bolmaly däl. Biz goñşy-golamyñ öýünde nämeleriñ bolup geçýändigi, haýsydyr bir bagşynyñ şahsy durmuşy barada gyzyklanyp gybat kakmaga gaty ökde. Emma kitap okamaly bolanda duran ýerimiz. • Kitap okamagy halamzok! Gepiñ keltesi, biz kitap okamagy halamzok. Kitabyñ bize näme peşgeş berýändiginden habarymyzam ýok. Kitap okamaga ertirlik edinmek, işe gitmek, awtoulag sürmek ýaly gündelik hajatlar hökmünde garamaýarkak, heniz kitap okamagyñ adama berýän lezzetini duýmaýarkak, bu barada näçe janymyzy ýakyp söhbet etsegem peýdasy ýok. Eger bu aýdylanlaryñ hötdesinden gelen we bu lezzeti alyp bilen adam ömrüniñ ahyryna çenli kitapdan daşlaşmaz. • Günde on sahypa okañ! Ýokarda hem aýdyşym ýaly, wagtyñyz şeýle az bolsa, şeýle ýetişiksiz günde bolsañyz, iñ bolmanda ýatmanka eliñize kitap alyñ we günde on sahypa okañ. Günde on sahypa diýmek, bir aýda 300 sahypa diýmekdir, bu bolsa bir aýda bir kitaby okap gutarmagy añladýar. Ýylda bolsa 12 kitap bolýar. Synanşyp göräýiñ, bu diñe siziñ öz peýdañyza bolar. • Sizi irizdirjek kitaplary okamañ! "Kim küýkini söýer, kim gaýkyny diýen bir söz bar. Her kim bir tema bilen gyzyklanýar. "Men hökman kitap okaýmaly!" diýip, sizi hiç hili gyzyklandyrmajak, ünsüñizi çekmejek kitaby okajak bolup arrygyñyzy gynap oturmañ. Beýtmek size gaýtam kitaplardan uzaklaşmagyñyza sebäp bolup biler. Haýsydyr bir kitaby halap okap başlasañyz, ony nähili okap gutarandygynyzy özüñiz hem duýman galarsyñyz. • Telewizora sarp edýän wagtyñyzy azaltjak boluñ! Kabel sistemasyna geçilýär diýip, ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniñ işgärleriniñ antennalary aýryp gideni bäri, bir ýyla golaý wagt geçdi. Men şunça wagtlap habarlardan başga wagtda telewizory açybam göremok diýen ýaly. Ynanaýyñ, şeýle bir boş wagtyñ bolýan ekeni! Bu boş wagty isleseñ kitap oka, isleseñ başga aladañ bilen bol, ýa jan saglygyñy berkitmek üçin sportuñ haýsydyr bir görnüşine gatna... Wagtyñy nämä sarp edesiñ gelse, öz eliñde, öz ygtyýaryñda. Bu yzy gutarmaýan bolar-bolgusyz türk, hindi, rus seriallarynyñ bize berjek peýdasy ýok, şuña ynanaýyñ. Wajyp bir meseläniñ ara alnyp maslahatlaşylýan, düşünjäñi giñeldýän telegepleşikleri muña goşamok. Emma bizde ortaça alanda bir günüñ 24 sagadynyñ 6-7 sagady telewizora tomaşa etmeklige gidýär. Pikir edip görüñ, Siz bu biderek geçen 6-7 sagadyñyzda gör nähili peýdaly işleri edip bilerdiñiz... • "Oka!” diýlen emri ýatdan çykarmañ! Dünýewi, demokratik, üstesine hem aglaba bölegi musulman bolan bir ýurtda ýaşaýarys. "Gurhanyñ" ilkinji aýatynyñ "Oka!" bolandygyny köpümiz bilýän bolsak gerek. "Nämäni okamaly?" diýýän bolsañyz, bu söz arkaly üç zadyñ göz öñünde tutulandygyny aýtmak mümkin: - "Gurhany" oka! - Özüñi oka! - Älemi oka! Bize gelen şeýle emir barka, näme üçin ony ýerine ýetiremzok? Bu sowaly her kişiniñ çyn ýürekden özüne bermegi gerek. Munça kemçiklerimizi sanap geçdim. Ýeri gelende adamlaryñ geçen ýyllara garanda kitaba juda azam bolsa üns berip başlandygyny hem bellemän geçmek bolmaz. Kitap dükanlaryna baranymda gelýän adamlary görsem gözüm dokunýar, ýa-da satyjydan soran kitabymyn satylyp gutarylandygyny bilsem biygtyýar kalbyma şatlyk dolýar. Bu biziñ ýagty gelejegimize bolan umydymyzy güýçlendirýär. Söhbetimizi söýgi bilen jemlemäge çalyşalyñ. Adam okap-okap belli bir derejä ýetensoñ, şol wagtdan başlap bilim ony ýeten derejesinden söýgä tarap beýgeldip başlaýar. Edil Möwlana Jelaleddin Rumynyñ ylymy bir gapdala taşlap Şemsini gözläp başlaýşy ýaly... Makalamyzy gaty uzaldyp oturman, Fizulynyñ aýdan şeýle sözüni mysal getirip sözümizi jemläliñ: “Söýgümişin bu dünýäde ne bolsa, Ylym bolsa diñe kylu-kal eken”. Taýýarlan: Has TÜRKMEN. # ertir.com-yñ arhiwinden. | |
|