23:27 Köñülleriñ küýsegi kitap | |
KÖÑÜLLERIÑ KÜÝSEGI KITAP ◆ Gowy ýazýan awtorlaryň eserlerini okap, gowy gürlemegi öwrenýärsiň. ◆ Gowy kitap okamak – bu paýhasly adamlar bilen söhbetdeş bolmak ýaly ýakymlydyr. ◆ Köp kitap okaýan adam köp ömür ýaşaýar, hiç haçan hiç zat okamadyk adam bolsa bir ömür ýaşaýar. ◆ Okamak – aňyň beden maşklary. ◆ Kitaplar pikirleriň gämisidir. Olar wagtyň tolkunlarynda syýahat edip, gymmatly ýükleri nesilden-nesle ýetirýärler. ◆ Okamak – bu öwrenmegiň iň gowy usuly. Beýik adamlaryň pikirine eýermek bolsa, iň peýdaly ylymdyr. ◆ Kitaplar – akylyň çagalary. ◆ Ýagtylyk! Hemişe ýagtylyk! Hemme ýerde ýagtylyk! Hemme kişi şoňa mätäç. Ol bolsa kitapda saklanýandyr. ◆ Kitap – gürlemeýän mugallym. ◆ Kitap – ýalňyz adamyň dosty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |