20:30 Koronawirus dünýä taryhynda täze döwrüñ başyny başlar | |
KORONAWIRUS DÜNÝÄ TARYHYNDA TÄZE DÖWRÜÑ BAŞYNY BAŞLAR
Publisistika
"Donald Tramp başlyklaýyn "köne biçüwdäki" dünýä liderleriniñ umuman şeýleräk pikir edýändikleri belli: "Koronawirus diýilýän bu ýigrenji melamat nireden gelip çykd-aý? Biz negözel öz aramyzda gyrlyşyp-çapyşyp ýördük!.." Hemmesi aljyraññy halda... Çünki bu duşmana garşy nähili we nädip söweşjeklerini bilenoklar! Adamzadyñ depesinden inen duşman - ýönekeýje bir wirus - kowid-19!.. Ýer togalagynda ýaşaýan başga tüýsli bir jandar! Ýagny, bir tarapdan seredende, bu - jandarlar arasynda bolýan bir uruş... Muña meñzeş hüjümler öñem bolup geçipdir. Çuma keseli, holera ýa-da tif ýaly ýokanç keseller bolmadyk bolsa, megerem, taryh başgarak hilli ýazylardy. Adamzat ylmyñ kömegi bilen bu hüjümleri yza serpikdirip başarandygy üçin "ýakasyny açyp" öwünýär. Öwünmäge hakam bar. Emma bu gezek köne duşman garşymyza başga bir tüýse girip çykdy. Şonuñ üçin adamzat nädip onuñ hötdesinden gelmelidigini bilenok. Howatyrlanýandygynyñ, aljyrañnylyga düşýändiginiñ sebäbi-de şu! Tramp ýalylar bular ýaly howplara garşy "adamzat" jynsynyñ bir agzasy hökmünde garşylyk görkezmegi özlerine kiçilik bilýärler. "Klimat maýlamalary" krizisinde munuñ mysalyna şaýat bolupdyk. Indi ikinjisine-de şaýatlyk edýäris. Emma bular ýaly garaýşyñ nyrhyny juda agyr ödemeli bolarmyka diýip gorkýaryn!.. Pikir edip görüñ: ABŞ-nyñ Prezidenti Tramp Hytaýda ýüze çykan epidemiýadan syýasy we ykdysady peýda gazanmagyñ kül-külüne düşdi, şobada "hytaý wirusy" diýmäge bogny ysdy!.. Takdyryñ oýnuna seretseñizläñ, koronawirus melamaty aýlanyp-dolanyp bumerang ýaly ABŞ-nyñ öz başyndan indi duruberdi. Belki-de, ol ýerde Hytaýdakydan has köp janyñ mekgesine müner, ýykan-ýumranlyk döreder! "Belki-de, koronawirusyñ syýasy pidalarynyñ başyny Trampyñ özi çekmeli bolar!" Her bir uly pajygaly waka özüniñ pidalaryny, ejir çekenleri we gahrymanlaryny döredýär. Koronawirus pandemiýasy-da medisina jemagatynyñ içinden birnäçe gahrymanlary orta çykardy. Uhanda adamzadyñ düýbünden başga hili wirus bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny ilkinji bolup mälim eden doktor Li hem hut şonuñ üçin temmi çäresini alypdy. Doktor Liniñ hakykaty sözländigi belli boldy, emma onuñ özi koronawirusa ýolugyp öldi. Ony jezalandyran býurokratlar birnäçe gün mundan öñ ady medisinanyñ taryhyna altyn harplar bilen ýazylmagyna garaşylýan doktor Liniñ ýagty ýadygärliginiñ we maşgalasynyñ öñünde ötünç soradylar! Belki-de, mundan soñ Liniñ tragiki kyssasy başga meseleler-de hakykatlaryñ aýdylmagyna böwet boljak bolýanlaryñ gulagyna gulakhalka bolup dakylar!.. Koronawirus belasy başymyzdan sowlandan soñ adamzat hiç zat bolmadyk ýaly ýoluna dowam edip bilermi? Ýok, edip bilmez. Başga ýurtlary dolandyrýanlar bilen birlikde, biziñem añymyza çöken sistemany düýbünden sorag astyna almagymyz, seljermegimiz gerek. Bu seljermä başlamanka, ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz boýunça üns berýän zatlarymyza täzeçe göz bilen seretmäge mejburdyrys: Biziñ üçin näme ähmiýetli, näme ähmiýetsiz? Bu Ýer togalagy biziñ nämämiz? Biz bu ýerde nähili ýaşaýyş isleýäris? Biz bu soraglara elimizi ýüregimiziñ üstünde goýup jogap bermäge we adamzat taryhynda täze sahypa açmaga borçludyrys!.." ★★★ Hormatly okyjylarym! Şu ýere çenli okan setirleriñizi ýurdumyzyñ iñ hormatlanýan we iñ zehinli žurnalistlerinden biri bolan dostum professor Haluk Şahinden sitataladym. Çünki onuñ her bir ýazan zadynyñ aşagyna menem golumy çekýärin... Siziñ hemmäñize durmuşdaky barça howplardan, bela-beterlerden saplanan dünýäde ajaýyp gelejek arzuw edýärin. Ugur DÜNDAR. 22.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||