09:22 Kowid-19 ölüm howply kesel däl | |
KOWID-19 ÖLÜM HOWPLY KESEL DÄL
Medisina
Koronawirusyñ (Cov 19) bir özi ölüm sebäbi däl. Ölüm biri-birine sepleşikli sebäpleriñ jeminden soñ orta çykýan zat. Ýeri, onda... Dünýä boýunça koronawirus keselinden aradan çykanlaryñ ölüm statistikalary nädogrumy? Adamlaryñ beýleki faktorlardan garaşsyz ölümleriniñ sebäbi hut kowid-19 bolup bilermi? Ýok!.. Kowid-19-yñ hakykatda näçe ölüme sebäp bolýandygyny anyklamak üçin azyndan geçmişdäki medisina seljerişleriniñ geçirilip-geçirilmändigini bilmek gerek. Muña degişli hiç hili resmi maglumat ýok. Ýagny, kowid-19-yñ alamatlary tapylan, ýöne ýürek ýetmezçiliginden ölen kişiniñ "koronawirusdan ölendigi" mälim edilýär! Meselem... Immunitet goragy doly pese düşen (düşürilen) hroniki näsaglaryñ ölümleri infeksion keselden ölen ýaly görkezilýär. Italiýadan mysal bereýin: Kowid-19 Italiýanyñ baý demirgazyk raýonlarynda birgiden ölümleri döretdi. Eýsem bu raýonda soñky ýyllarda howanyñ barha we barha hapalanmagynyñ täsiri ýokmy? Elbetde, bar. Özem bu ýagdaý her ýyl dürli wiruslardan ortaça 8-10 müñ adamyñ ölümine sebäp bolýar... "Gyzym saña aýdaýyn, gelnim sen düşün" et: Men Italiýadan mysal getireýin, sen ony Stambul diý-de alaý! Diñe howanyñ hapalanmagy däl, industrial önümçilikden başlap, içýän dermanlarymyzyñ täsirlerine çenli onlarça sebäpler organizmimizi ejiz hala düşürýär. Aslynda kowid-19 bize köp zady belli edýär: Adam bedeni nädip goragsyz galdy (aslynda galdyryldy)? Niýetim wirusyñ salýan howplaryny äwmezlige salmak däl. Emma koronawirus maşgalasy bireýýämden bäri dünýäni gezýär we siziñ köpiñiz özüñizem duýmazdan ondan saplanyp gidýärsiñiz. Altmyş alty ýaşly Fatih Terim öýünde keselinden gutulyp barýarka, ätiýajy elden bermän, hassahana ýüz tutdy: özüni karantine aldyrdy we doly sagaldy. Edil şol ýaşdaky professor Jemil Taşçyogly bolsa aradan çykdy. Ikisiniñ arasyndaky tapawut nämede? Saglyk ministri Fahreddin Koja şeýle diýýär: “Dawleniýeden ejir çekýänlerde ölüm derejesi has ýokary!” Bu jümlä soraglar bilen goşant goşaýyn: - Dawleniýeden ejir çekýänlerdemi ýa dawleniýäni pese düşürýän dermanlary ulanýanlardamy? Bu güne çenli dawleniýe dermanlary boýunça käm-kän ylmy barlaglar geçirildi we olaryñ netijeleri häzirem jedelli saglyk problemasy bolmagynda galýar... Dawleniýe dermanynyñ berýän täsiri nähili? Organizmi nähili weýran edýär? Munuñ üstünde näçe dursañ durubermeli soraglar bar. Emma bular barada agzatmaýarlaram... Ministrde şuny soramak gerek, "haýsy dawleniýe keseli"? Çünki, nämäniñ "ejir çekdirýän dawleniýedigi" her geçen garşa-garşa üýtgedilip dur. Her ýyl "has ýokary" kesgitlemesi has az görkezijilere inderildi! Şonuñ üçin täze kesel kategoriýasy orta çykaryldy: Prehipertansiýa! Bu bolsa, täze millionlarça adamyñ psihotrop maddalaryny ulanýanmaga başlandygyny añladýar! Elbetde... Saglygyna çynlakaý howp abanýan adamlar bar, dawleniýe möhüm... Başga bir tarapdan meseläni giñişleýin tutup, sagdyn adamlaryñ soñ "toslanyp tapylan keselleriñ" kategoriýalaryna goşulýandygy-da hakykat! Bulary biri-birine bulaşdyrýan adamlaryñ oýnawajy bolmajak bolmaly. Kesel jarçylarynyñ agitirleýän her wagyzyny ýuwutmak organizmimizi niçiksi hallara salýar, muny olardan hötjetlik bilen soramak lazym... Muny kowid-19 hem "soramaly" diýip dur... Derman öndürýän şereketleriñ medisina ugrundan soñky ýyllarda ýeten iñ uly sepgidi şu boldy: Risk! (Howp) Islendik adamyñ islendik wagt islendik kesele ýolukma howpy bar. Ýeri, onda näme?.. Kesele ýolukmazlyk üçin däri-derman almak hökmany şert! Özem bu risk gurşawy her ýyl öñküsinden has ulaldyldy! Gorky täjirligini edýänlerden biz has ejiz gelýäris, sebäbi biz öñe sürýän pikirimizi delillendirmäge mejbur. Biziñ gulagymyzy "adamyñ ortaça ömri uzady" diýen ýaly toslama statistiki maglumatlar bilen doldurýarlar! Täze ýüze çykyp duran ýa-da dozazy öñküdenem has güýçlendirilip ýaýradylýan birgiden keseller bilen adamyñ ömri nähili uzaýarka? Munuñ üstünde durýan ýok. Häzir sagdyn adam bir barmyka özi?!.. Adam organizmi kesellere garşy goranyp bilmez ýaly derejede ejiz hala düşdi... Ynha, indem... Kowid-19 muña göz ýetirmek üçin durmuşymyza aralaşdy. Ýakynlarsa professor Hasan Şimşek maña makala ugratdy. Ol kowid-19-a "ynkylapçy mikrop" diýen kesgitleme goýupdyr. Ol meseläniñ ykdysady tarapynyñ üstünde durup, bu rubrikany ulanypdyr. Emma bu nukdaýnazar "modern" diýip ýuwutdyrylan medisina düşünjesi üçin şol bir manyny berse gerek! Kowid-19 öz sesini eşitdirmäge çalyşýar: “Sizi men öldüremok, özüñizi özüñiz öldürýärsiñiz; immunitet goragyñyzy güýçlendiriñ!” Hawa, biz ilkinji nobatda kesellemejek bolmaly. Biz şonuñ üçin "goraýjy medisina" diýen düşünjäni öñe sürýäris. Biz ýöne ýere "sagdyn ekin-tikin" diýemzok. Biz ýöne ýere "tebigy önümlerden iýip-içmeli" diýemzok. Biz ýöne ýere "arassa howa, arassa suw" diýemzok. Önümçilik galyndylaryny, dermanlary, sferalaýyn täsirleri sorag astyna almagyñ wagty geldi. Bize ilatyñ sany baradaky kagyz ýüzündäki boş maglumatlar däl-de, beden taýdan näçe ýaşaýandygymyz gyzykly. Meniñ "Ýaşyryn saýlananlar" (“Saklı Seçilmişler”) we "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitaplarym hem hut şu maksat bilen ýazyldy, bu kitapda aýdylanlary hakyky resept hökmünde ulanyp bilersiñiz, elbetde, bu diñe bolýan zatlara akyl ýetirmek isleýänlere peýdaly bolup biler... Soner ÝALÇYN. 03.04.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||