16:55 Kowusnama: Dilewarlyk ukybyňy artdyrmak hakynda | |
Ýedinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
DILEWARLYK UKYBYŇY ARTDYRMAK HAKYNDA Oglum, adam diýen adam şirin zyban bolmalydyr, näkes adamlardan dilini saklamalydyr. Oglum, sen dogry sözlegin, kezzap bolmagyn, zeruryýetçilik ýüze çykyp, ýalan sözläýmeli bolanyňda-da, gepiňe ynanylar ýaly, dogruçyllyk babatda meşhurlyk gazangyn. Aýdýan zatlaryň bary çyn bolsun, emma ýalana çalymdaş dogry zat aýdyjy bolmagyn, çünki çyn zada meňzeş ýalan zat, ýalan zada meňzeş çyn zatdan has gowudyr, şol ýalana ynanylar welin, bu çynyňa ynanylmaz. Emir Bus-Suwar Gazy Şapur ibn Fazl ikimiziň başymyza düşen ahwalat seniňem başyňa düşmez ýaly, ynanylmajak dogry sözden gaça durgun. Hekaýat. Oglum, biler bolsaň, emir Bus-Suwar döwründe hajdan gaýdyp gelýän ýylym Genje gazawat dawasyna sowuldym. Çünki men Hindistanda köp gezek gazawata gatnaşyp görüpdim, şeýle gazawat Rumda-da bolaýsa bolmaýamy diýip göwün ýüwürdipdim. Emma Bus-Suwar uly patyşady, diýeni diýen, paýhasly, suhanwer, alym, dindar, ähtiýaçly kişidi, ýagny şalara mahsus bolan gowy sypatlaryň bary onda bardy, juda agrasdy, kelç-külçi halamazdy. Ol meni görüp, maňa hormat baryny etdi, meniň bilen söhbetdeş bolup, dürli zatlary gürrüň berdi, men bolsam onuň gürrüňlerini gulagym kesilen ýaly diňledim, gerek ýerinde jogap berdim. Meniň jogaplaryň onuň göwnünden turan bolara çemeli, ol maňa köp-köp sylag-serpaý etdi, yzyma gaýtmaga rugsat etmedi. Şunça hezzet-hormata mynasyp bolamsoň, menem ýuwaş-ýuwaşdan göwni bire bagladym we telim ýyllap Gençde galdym. Men hemişe onuň mejlislerinde, oturylyşyklarynda boldum, onsoň ol menden her hili zatlar barada, bir wagtlar ýaşap geçen şalaryň taryhy, dünýäniň ýagday barada sorady. Günlerde bir gün gürrüň biziň welaýatymyzyň üstünden düşdi, biz dürli ýurtlardaky geň-taň zatlar barada gürrüň açdyk men: “Gürgeniň golaýynda, dagyň eteginde bir oba bar, şol obadan esli aralykda bolsa bir çeşme akyp ýatyr, obanyň aýal-oglan-uşaklary şol ýere suw almaga barýarlar, olar küýzelerini çeşmäniň suwundan dolduryp, kellelerinde göterip gaýdýarlar. Aýallaryň biri öňden küýzesiz ýöräp gidýär, iki gözüni hem ýoldan aýranok. Ol ýerlerde syzak atly gök gurçuk bolýar. Onsoň, öňden ýöräp barýan aýal şol gurçuga duş geleninde, aýallar basgylamaz ýaly, ony alyp, hol beýläk taşlaýar. Kimde-kim gurçugy basyp öldürse, kellesinde göterip gelýän küýzesindäki suwy şol bada porsaýar, onsoň ol ony döküp, yzyna dolanmaly bolýar, küýzäni ykjam çaýkap, täzeden suwdan doldurmaly bolýar” diýdim. Men bu sözleri diýip diýmänkäm, emir Bus-Suwar ýüz-gözüni turşudyp, başyny ýaýkady, telim günläbem meniň bilen öňküleri ýaly ugry bolmady. Bir gezek Piruzan Deýlem maňa: “Emir senden zeýrenip şeý diýdi: “Pylankes agras adama meňzese-de, näme üçindir maňa çaga gürrüňini berýär. Onuň ýaly adamyň men ýaly adama ýalan sözlemesi nämekä?” diýdi” diýip aýtdy. Men şol pursatda Gençden Gürgene çapar gönderip, şol ýerde şeýle obanyň, şeýle gurçugyň barlygy hakynda kazy, müfti, başlyk, ulema beýleki ynamdar adamlar tarapyndan gol çekilen bir kepilnama alyp gelmegi tabşyrdym. Dört aýyň azabyndan soň men şol kepilnamany alyp, emir Bus-Suwaryň dergähine bardym. Ol ony okap güldi we: “Seniň ýaly adamdan ýalan sözüň çykmajakdygyny, onda-da meniň ýanymda çykmajakdygyny özümem bilýärdim. Ýöne ynandyrmak üçin iki ýüz adamdan kepilnama toplamaly, muňa bolsa dört aý sarp etmeli bolýan dogry zady aýtmak nämä gerekdi?” diýdi. Sen ýene bir zady bilip goýgun, sözlenýän söz dört hili bolýandyr. Olaryň birinjisi: bilinmegem, aýdylmagam gerek däl sözdür; ikinjisi: bilinmegem, aýdylmagam gerek sözdür; üçünjisi: gürrüň berilse bolýan, ýöne bilmeklik hökman däl sözdür; dördünjisi bolsa, bilmeli-de, gürrüň bermeli däl sözdür. Dine şek ýetirýän sözler bilinmelem däldir, aýdylmalam; bilmek hajaty ýok-da, aýdylmaly sözler: Haktagalanyň kitabynda, pygamberleriň hadyslarynda, ylmy kitaplarda, ulamanyň eserlerinde bolan sözlerdir, çünki beýle sözleriň manysy diňe öýkünmekden ybaratdyr, olardaky gapma-garşylyklaryň, jedelleriň we kynçylyklaryň düýp manysyna düşünmän bir zat diýip goýbermek bakyýadan habar bermek we şoňa meňzeş bir zatdyr. Bilmelem, aýtmalam sözler diniň we dünýäniň eşreti bilen bagly sözlerdir, olar iki dünýede-de zerur sözlerdir. Bu sözler aýdyja-da, diňleýjä-de peýdalydyr. Bilmeli ýöne aýdylmaly däl söze şuny mysal getirmek bolar: bir ketde adamyň ýa dostuň seniň ýanyňda bir aýby bar, onuň boşundan ýa işiň gidişinden sen ony şerigata sygmaýan bir zat hasaplaýaň. Bu barada bilýän zatlaryňy aýtsaň, sen şol ketde adamyň gazabyna sezewar bolarsyň, ýa şol dostuňa ýatdan çykmajak ýamanlyk edersiň, ýa garamaýak halkyň başgöterme we tolgunma howpuna duçar bolarsyň. Şonuň üçin, şeýle sözleri bilip goýmaly-da, olary hergiz gürrüň bermeli däldir. Ýöne bu dört görnüşli sözüň iň gowusy bilmelem, aýtmalam sözlerdir. Bu dört görnüşli sözüň hersiniň ajap hem ýaman – iki tarapy bardyr. Märekäniň öňünde sözleýän sözüňi halkyň göwnünden turar ýaly, mümkin boldugyça, gowy sözlegin, sözläňde zehiniň derejesi görner ýaly sözlegin, çünki beýik hem dana adamlary gep uruşlaryna görä tanaýarlar. Her adam öz sözüniň aldynda durandyr. Emrialmömin Aly şeýle diýipdir: “Her kim öz diliniň aldynda gizlenip ýatandyr”. Bir sözi bir hili aýtsaň, ynsanyň kalby täzelenýär, şol sözi başga hili aýtsaň bolsa, onuň motalasy tutulýar. Hekaýat. Eşidişime görä, bir gezek Karun ar-Reşit bir düýş görüpdir, düýşünde onuň dişleriniň bary paýrap dökülipdir. Ertesi ol ir bilen tagbyrçyny çagyryp: “Bu düýşüň ýorgudy näme bolmaly?” diýip sorapdyr. Tagbyrçam: “Emrialmöminiň ömri uzak bolsun. Seniň kowum-garyndaşlaryň hemmesi senden öň ölüp, ýanyňda hiç kim galmaýar” diýip jogap beripdir. Karun ar-Reşit: “Bu tagbyrça ýüz çybyk uruň, ol beýle agyr habary ýüzüme aýtmaga nädip het etdikä, bütin kowum-garyndaşym menden öň öljek bolsa, meniň kime geregim bar?” diýipdir. Ol başga bir tagbyrçyny çagyryp getirip, oňa gören düýşüni beýan edipdir. Ýorguç: “Emrialmömin gören düýşüniň tagbyry onuň bütin kowum-garyndaşlaryndan artyk ýaşajakdygyny görkezýär” diýipdir. Karun ar-Reşit: “Akyl-paýhasyň salgy berýän zady birdir, tagbyr şol tagbyrdyr, ýöne onuň aýdylyşynda uly tapawut bardyr” diýipdir we şol ýorgutça ýüz tylla bermegi buýrupdyr. Diýmek, sözüň öňüni-soňuny seljermek, diýýän sözüňi iň gowy terzde aýtmak gerek, şeýtseň, sen hem suhanwerligiňi görekezersiň, hemem aýdylana sarpa goýmany, eger aýdýan zadyňdan başyň çykmaýan bolsa, onda seniň totuguşdan näme tapawudyň bar? Totuguşam bir zat diýip bilýär, ýöne ol diýýän zadyna düşünenok. Suhanwer we söz gadyryny bilýän adam diýip, diýen zadyny dana kişidigini mese-mälim aýdyp duran ynsana aýdylýandyr. Eger beýle bolmasa, ol adam däl-de, haýwandyr. Sen sözüň gadyryny bilgin, çünki ol asmandan inendir, ýerinde diýilmeli sözi eglemän diýgin, emma ýersiz ýere gürläp, onuň gadyryny gaçyrmagyn, paýhasa zulum ediji bolmagyn! Näme diýseň dogryňy aýtgyn, manysyz dalaşa baş urmagyn, her bir gepiňi subut etjek bolup azara galmagyn. Bilmedik zatlaryňdan söhbet açmagyn, bilmeýän ylmyňdan çörek gözlemegin, çünki sen şol ylymdan hem, şol münberden hem islän maksadyňa ýetip bilmersiň, sen oňa diňe baş çykarýan ylmyň üsti bilen gowşup bilersiň! Bilmeýän zadyň bilen bolsa aljak galaň ýokdur. Hekaýat. Eşidişime görä, Hysrowyň agalyk süren döwründe Buzurgmehriň ýanyna bir zenan gelip, ondan ony-muny sorapdyr. Şol wagt Buzurgmehriň lapykeç bolup oturan ekeni, şonuň üçin hem ol: “Ýeňňe, men seniň bu soraýan zatlaryňy bilemok” diýipdir. Zenan maşgala: “Bu zatlary bilmeýän bolsaň, biziň hanymyzyň çöregini iýmäň näme?” diýipdir. Buzurgmehr: “Patyşa maňa berýän zadyny bilýän zatlarym üçin berýär, bilmeýän zatlarym üçin berenok. Eger ynanmaýan bolsaň, ýör, patyşanyň özünden soraýaly, ol maňa bilmeýän zadym üçin çörek berýärmikä ýa ýok” diýip jogap beripdir. Edýän işiňde hetden aşmagyn, çenden çykmaklygy zyýanly hasap etgin, herki işde ortarakda bolgun, çünki biziň şerigat sahybymyz: “Işleriň gowusy ortalykdyr” diýip aýdypdyr. Gürläniňde, bir iş edeniňde, alňasamagyn, eger seni haýal-ýagallykda ýa gowuşsyzgynlykda aýyplaýan bolsalar, men muny ýeňilkelleligiň we howul-halatlygyň üçin öwleniňden gowy görerdim. Öz haýryňa ýa şeriňe dahylly bolmadyk syrlary biljek bolup azara galmagyn,özüňden başga hiç kese syryňy aýtmagyn, birden agzyňdan sypdyraýdygyň, ony syr saýmagyn. Sözüň her näçe gowy bolsa-da, ony ýamana ýorup bilerler, çünki adamlaryň köpüsi bir-birlerine betgümandyrlar. Her bir meselede sözüň, işiň, mümkinçiligiň çäginden çykmaly däldir. Diýen zadyň adamlaryň ýüregine jüňk bolsun. Suhanwerligiň arasynda her näçe ygtybarly adam saýylsaň-da, iliň gözünden düşmejek bolsaň, çem gelen zada şaýatlyk etjek bolup ýörmegin. Şaýatlyk etmeli bolaýsaňam, seresap bolgun. Mundan özüňe bähbit aramagyn. Aýdylan her bir sözi dykgat bilen diňlegin, ýöne onuň ugruna gitmäge howlukmagyn, mazaly pikir etgin. Aýdan sözüň üçin puşman etmeli bolmasyn. Çünki ätiýaçlyk paýhaslylygyň alamatydyr. Peýdaňa bolsa-bolmasa, her bir sözi diňlemekden irinmegin, şeýtseň, öňüňde söz gapysy bagly durmaz hem sözüň nepinden mahrum bolmarsyň. Hiç haçan göwünli-göwünsiz gürleşmegin, göwünli-göwünsiz gürleşmek tohumyndan duşmanlyk gögerýän bir zatdyr. Sen her näçe dana bolsaň-da, özüňi nadan saýgyn, şeýtseň, öňüňde bilim gapylary açylar. Sözlenen sözüň aýybyna hem mynasybetine göz ýetirýänçäň, hiç haçan onuň arasyny bölmegin we ony taryplap arşa çykarmagyn. Sözüňi subutnama ýa esaslandyrma üçin eşitmekçi bolunýan halatlardan beýleki halatlarda danalyga şek ýetirip, diňleýjiniň ýüregine düşmezlik üçin, uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşgin. Eger-de nirededir bir ýerde aýdýan zatlaryňy delillendirmeli ýa subut etmeli bolsa, onda töweregiňdäkilerden janyňy sag-aman gutarmak üçin olaryň ugruna sürüp geplegin. Sen suhanwer hem bolsaň, muny mazamlap ýörmegin, ýogsam bir ýerde sözüň ortasynda sakynyp, ile ryswa bolarsyň. Az bilip, köp gepleýän bolandan, köp bilip, az gürleýän adam boljak bolgun, sebäbi şeýle diýlip aýdylanam bir söz bar: dymmak salamatlygyň, ýaňramak bolsa akylsyzlygyň nyşanydyr. Köp ýaňraýan adamy, akylly bolsa-da, akylsyz hasap ederler, az gürleýän adamy bolsa, akylsyz bolsa-da, ýaňrap oturmaýanlygy üçin akylly saýarlar. Sen her näçe päk, arassa, takwa bolsaňam, öz-özüňi öwmegin, çünki seniň özüň hakda getirýän delilleriňe hiç kim gulak gabartmaz, seni özüň däl-de il öwsün. Köp bilýänem bolsaň, aýdan sözüň ir zadyň üstünden eltmezligi üçin, diňe zeruryýeti gürlegin, şeýtmeseň, sen hem zenganly alidiň gününe düşersiň Hekaýat. Eşidişime görä, Sahybyň döwründe Zenganda bir goja bolupmyş. Ol goja atly-owazaly ymam Şafeýiň (Alla oňa rehim eýlesin) egindeşleriniň biri ekeni. Zengan soltanynyň (Alynyň neslinden bolan) hem bir alid ogly bar ekeni, olam kanunçy we wagyz-nesihatçy ekeni. Bu ikisi mydama bir-birleriniň aýyplaryny açar ekenler, münbere çykyp, bir-birleriniň üstlerine awularyny pürker ekenler. Günlerde bir gün bu alid hälki gojany “kapyr” atlandyrypdyr. Bu habary gojanyň gulagyna ýetiripdirler. Goja-da şol ýigide “haramzada” diýipdir. Bu habary alide ýetiripdirler. Ýigit dergazap bolup ýerinden galyp, Reý şäherine, Sahybyň ýanyna ugrapdyr, şol gojadan zeýrenip, perýat edipdir we: “Siziň döwrüňiz ýaramaz döwür boldy, indi pygamber nesline hem haramzada diýýärler” diýipdir. Sahybyň goja gahary gelipdir, ol onuň yzyndan çapar gönderip, ony Reýe çagyrypdyr. Sahyp kanunçylar we seýitler bilen oturyp, şikaýata seredipdir we goja: “Eý şyh, sen şafeý (Alla oňa rehim etsin) ymamlaryndan bolarsyň, özüňem alym, bir aýagyň munda bolsa, bir aýagyňam görde seň, heý, onsoň, pygamber nesline “haramzada” diýmek saňa gelişjek işmidir? Diýmesine diýipsiň welin, indi muny subut etmek hem gerekdir, ýogsam men seni şerigatyň kada-kanunyna görä şeýle bir jezalandyraryn welin, adamlar seniň bu günäňi özlerine sapak edinerler we hiç kimse beýle biedeplik, gödeklik etmäge milt etmez” diýipdir. Goja muňa şeýle jogap beripdir: “Sözümiň dogrulygyna getirjek subutnamam şol alidiň özüdir, munuň üçin onuň özünden ynandyryjy subutnama bolup bilmez. Emma, meniň aýtmagyma görä, ol nikaly doglandyr. Öz aýtmagyna görä bolsa haramzadadyr”. Sahyp: “Muny näme bilen subut edip bilersiň?” diýip sorapdyr. Goja: “Onuň enesi bilen atasyna nikany meniň gyýanlygymy Zengan bilýär welin, bu münwere çykyp, maňa kapyr diýip dur. Eger ol bu sözi çyny bilen aýdýan bolsa, onda şol wagt kapyryň gyýan nikasy haram bolmaly, şeýle ýagdaýda onuň öz diýşine görä, ol haramzadadyr; ýok, ol muny kiçi dilden bärde diýen bolsa, onda ol ýalançy kezzapdyr, onda oňa temmi bermek gerekdir” diýipdir. Soňra goja: “Her näme-de bolsa, ol ýa ýalançydyr, ýa-da haramzada. Pygamber nesli bolsa, haramzada bolýan däldir, ondan bu ýany hem ony näme hasaplasaň, şol hasapla, ýöne bu ikisiniň birisiniň şübhesizligi welin köre hasadyr” diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir. Ýigit utanjyna çym-gyzyl bolup, berere jogap tapmandyr. Oýlanman diýen sözi üçin berk temmisini alypdyr. Oglum, suhanwer bolgun welin, boş sözli bolmagyn, boş sözli bolmak diwanalyk ýaly zatdyr. Kim bilen gürleşýän bolsaň, üns berip synlagyn – ol seniň aýdýanlaryň muşdagymy ýa däl. Eger amatly müşderi tapsaň ýaýdanmagyn, sözleriňi satgyn, gördüň müşderi dälmi, ol sözi aýtman, onuň göwnünden turaýjak başga zatlary aýtgyn, şeýtseň, onuň seniň müşderiň bolaýmagam ähtimal. Emma sen adamlaryň ýanynda adam, kişiniň ýanynda-da kişi bolgun, çünki il bir başgadyr, adam bir başgadyr. Gaflat ukusyndan oýanan kişiler adamlar bilen hut şeýle gatnaşykda bolýarlar. Gürrüň bereniňde, başardygyňça gürrüň diňlemekden irinmegin, çünki adamlar gürrüň diňlemek arkaly gür bermek ukybyny öwrenýärler. Munuň subutnamasy: eger çagany enesinden aýryp, ýerzemine salsalar, enesi-de, enekesi-de onuň bilen gürleşmeseler, hajyk-hujuk etmeseler, şeýdibem, ol hiç kimiň sesini eşitmese, onda ol güň bolar, emma wagt geçip, edilýän gürrüňlere gulak salsa, ol kem-kemden gürlemäni öwrener. Başga bir subutnama: eneden ker dogan çaga lal bolar. Görmeýärmiň, lallaryň hemmesi kerdir? Şonuň üçinem, gulak asgyn we ýadyňda saklagyn, hususanam, hökümdarlaryň we alymlaryň dana sözlerini öwrengin. Danalaryň hem patyşalaryň nesihatlaryna gulak asmak akylyň gözüni ýiteldýär diýýärler, çünki akyl gözüniň dermany we sürmesi dana sözlerdir. Şonuň üçin hem, şu aýdanlaryma akylly-başy gulak asyp, olary berjaý etmek gerek. Şeýle gürrüňleriň arasynda ýakymly söz bilen seýrek duş gelýän söhbetleriň käbiri meniň ýadyma düşdi. Ol sözler pars şalarynyň şasy Anuşirwan Adylyň dilinden aýdylyp, men olary bu kitapda seniňem okap görmegiň, ýat tutmagyň, olara eýermegiň üçin mysal getirdim. Ol patyşanyň nesihatlaryna we maslahatlaryna eýermek bize juda wajypdyr, çünki biz şol şalaryň neslindendiris. Biler bolsaň, men gadymy halyflar baradaky habarlarda şunuň ýaly bir zady okadym: halyf Mömin (Alla oňa rehim eýlesin) Anuşirwanyň mazaryna zyýarata gidipmiş. Onuň dähmesine ýeteninde, ol Anuşirwanyň bedeniniň tagtyň üstünde çüýräp, guma öwrülendigini görüpmiş. Onuň tagtynyň ýüzüne dähmäniň diwaryna pählewi dilinde zer bilen birnäçe söz ýazylypmyş. Şol ýazgyny okap, arap diline terjime edipmişler, şol arapça terjime hem araplaryň arasynda meşhurlyk gazanypdyr. Onda ilkinji nobatda şeý diýipmiş: “Başym dikkä, Allanyň barça bendeleri menden haýyr-şepagat görerdiler, meniň gapyma gelip, meniň nygmatymdan eli boş giden adam bolan däldir. Ölüm ýassygynda ýatan ýagdaýymda men şu sözleri diwara ýazdyrmakdan başga çäre tapmadym. Eger irde-giçde bir adam meniň mazaryma zyýarata gelse, şu sözleri okap ýatda saklasyn, goý, ol meniň merhemetimden mahrum bolmasyn, goý, bu nesihatdyr öwütler ol adamyň zähmet azabynyň öwezi bolsun diýdim”. Bu nesihatlar aşakdakylardyr. _______________________________ Bus-Suwar – Şaddadylaryň 8-nji emiri. Piruzan Deýlem – Bus-Suwaryň ýakyn adamy. Karun ar-Reşit – Abbasylaryň bäşinji halyfy. Zenganly alid – Alynyň nesli Sahyp Abul-Kasym ibn Abbat – Eýranyň meşhur edebiýatçylarynyň biri. Şafeý-Abu – Abdyllah Muhammet ibn Idris Şafeý – Şafeýi tärigetiniň düýbüni tutujy. Reý – Tähranyň golaýyndaky bir ýeriň ady Mömin – Halyf Karun ar-Reşidiň ogly Dähme – otparazlarda adam öleninden soň otlap bolmaýan jesetleriň goýulýan açyk meýdany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |