22:13 Kyrk | |
KYRK
Goşgular
Indiden soñ saz öwrenme netim ýok, Dutarsyzam öz sözümi söýlärin. Yşkyñ jandan ötüp, süññüme ýetdi, Wujudymda bir çorbalyk etim ýok. Men şonda-da wysalyñy peýlärin, Ýogsa sen birmahal dikanlap gözme: "Peýdasyz garaşmak netije bermez. Gel, herimiz ýolumyza gideli, Hyýala aldanyp bihuda gezme" diýseñem, bu ýyllar, Namyrat ýyllar Üstümizden bir müçäni aşyryp Bizi ýene öñki ýerde duşurdy. Hawa, hawa, ýene şol öñki ýerde Duýgy rüstem gelip akly çaşyryp Ýüregmi ýüregñe golaýlaşdyrdy... Diýmek, bulam ýazgytmyşyn... Nädeli... Men nätmekden Hudaý saklasyn diýýän, A sen bolsa galýañ tükenmez derde Ýeri, indi nämä ýaýdanjyraýañ, Ýa geçsin diýýäñmi ýene bir müçe Şo-ol öñki utanjañ, Şol kerjemkerde bolşuñy bes etmän siltenjireýäñ. Ah, gyraw düşüpdir çekgede saça Az galypdyr ýaşyñ kyrk bolaryna. Belki-de, mytdyllap barýan ýyllaryñ Çöwlüminde zybanymy giderip Garaşýansyñ meniñ pyrk bolaryma?!.. | |
|
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||