00:21 Kyssamdan öňki gussam | |
KYSSAMDAN ÖÑKI GUSSAM
Ýatlamalar
Men 1986-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda watan gullugyna diýip öýden çykyp, 1988-nji ýylyň 16-njy dekaýrynda şol wagt SSSR-iň Gyzyl goşunynyň düzüminde Polşa Halk Respublikasynda gulluk edip, öýe dolandym. Köp zat üýtgäpdir. Iň esasam, özümden ýedi ýaş uly doganoglan agam Şiriň (Onuň hakyky ady başga, ýöne men adyny üýtgedip aldym, nämeüçin üýtgedenimiň sebäbini aşakda düşündirerin. D.Ý.) durmuşy dagapdyr. Daýaw ýüz-gözünden dogumy bildirip duran agamyň ýüzi salyk, ruhy öçükdi. Agam Şiriň maşgala-durmuşynda bir bulaşyklygyň bardygyny aňýardym. Ýöne onuň durmuşy dagandyr diýen pikirde däldim. Biziň tohumyzda Şir dädem oglanda-gyzda iliknji aýrylyşan hojalyk boldy. Gowusy, men hemme zat düşnükli bolar ýaly watan gullugyndakam agam Şiriň haýyşy boýunça onuň ykbalyna bagyşlap, kyssa ýazanymy gürrüň bereýin. Kyssamy aýdyp başlamazdan öňürti bu kyssanyň döremeginiň sebäplerini okyjylara (diňleýjilere) düşündireýin. 1986-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Polşanyň Swentoşuw şäherinde ýerleşýän Artilleriýa polkuna düşüp, şol ýerde illeňki ýaly iki ýylam däl, iki ýyl iki aý gulluk etdim. Nämeüçin iki aý artyk gulluk etdiň diýsene. Üýtgeşik syr ýok. Biz gulluga alnanymyzda daşary ýurtda gulluk edýänleri alanlarynda-goýberenlerinde (ýazda aprelde, güýzde bolsa oktýabrda gulluga alyp, gullukdanam şol aýlarda boşadýardylar. D.Ý.) ir alyp, ir goýberýärdiler. Emma bir ýyl gulluk etdik welin, daşary ýurtda gulluk edýänlerem giç alnyp, gijem öýe goýberip ugradylar. Bize gezek gelse, mydama şeýle bolaýýar. Esasy gürrüňimden çykmaýyn. Esger bolup, gulluk edip başladym. Täze durmuş, täze ykbal, ýeňil däl. Ýöne watan goraýjy diýen beýik mertebe güýjüňe güýç goşup, kynçylygy ýeňmäge gaýrat berýär eken. Dogan-garyndaşyňdan, dost-ýaryňdan hat gelen günem senden şat adam ýok. Ol hatlaram gullukda sanap geçirýän günleriňde köňlüňe teselli bolýar. Gulluga gaýtmagymyň hoşlaşyk dabarasynda agam Şir: “Inim, hat ýazyşyp duraly, men hat ýazaryn, sen jogap ýazgyn, biperwaýlyk edäýmegin” diýip tabşyrypdy. Şu gün Polşa gelip düşenime göni alty aý-bir ýüz segsen üçülenji gün boldy (1987-nji ýyl 22-nji aprelidi). Öýden çykanymdan hasaplajak bolsaň, ýene ýedi gün goşmaly. Barmak basyp 730 güni geçirmeli (Ol wagt iki aý artyk gulluk etjegimizi asla bilemzokdyk. Öňüňi bilmeýäniňem gowy zat. 1988-nji ýyl fewral 29-dan aýlanansoň 731 gün gulluk etmelidigimize-de gaharymyz gelýärdi). SSSR-de gulluk edenler meniň aýdýanyma düşünýändirler. Gulluga baran ilkinji alty aýyňda seniň kim boljagyň ykbaly çözülýär. Synagam ýeňil däl. Esgerleň iň kiçisi sen. Geçip barýanam başarsa agyz urjak saňa. Esger hökmündäki geljekki ykbalyň ilkinji alty aýda görkezen başarnygyňa bagly. Edil şu gün kambatymyz (batereýamyzyň komandirine-kambat diýýärdik. Batareýa 42-45 esgerden ybarat.) kapitan Gumilýow meniň 7-nji bölümçäň komandiridigimi (Artilleriýada otdeleniýe diýýärdik, türkmençe bölümçe 3 esger bir komandirden -4 adamdan durýar. Batareýa 10-11 bölümçeden ybarat.) aýdyp, Beýik Ýeňiş baýramçylygynda (9-njy maýda) kiçi seržant boljakdygymy yglan etdi. Kambatymyzyň aýdyşy ýaly diýlen güni seržantam boldum. Baý, bu gün menden mesiň öýi ýykylsyn. Göwnüm hoşdy. Alty aýyň horlugy geçdi menden. Bu gün soldatlykda şahsyýet hökmünde ykrar edilen günüm meň. Ejemiň aýdyşy ýaly, inime suw gidendir-dä. Dogan-garyndaş, dost-ýary ýatlap ugradym. Birden Şir agamyň “Hat ýazyşyp duraly” diýeni güpbe ýadyma düşdi. Bu nä geň?! Öz-özüme sowal bilen ýüzlendim. Şir agamdan hat-habar ýok. Saglykmyka?! Ýüregime dowul düşen ýaly bolup, öýe hat ýazyp, ejemden Şir agamyň ýagdaýlaryny, onuň “hat ýazaryn” diýip, nämeüçin maňa hat ýazmaýanlygynyň sebäplerini soradym. Gaty alada galandyryn-da. Salamdan soň, ejemden göni Şir dädem hakynda sorap, bir tagta gysgajyk hat ýazypdyryn. Ejem görgülem aladaçyl adam. Salamyndan soň, şeýle mazmunda igençli hat ýazypdyr: “Oglum, näme boldy saňa. Özüň hakda hiç zat ýazman, Şir dädeňi sorapsyň. Şir dädeň gül ýaly, gelnejeň bilen aralarynda az-kem tow bar. Är-aýalyň sögüşi, ýaz gününiň ýagyşy, balam. Sen olary alada etme. Özüň hakda ýaz. Hatyňy poçtalýon getirenden okap otyrkak, çagyrylan ýaly Şir dädeň geldi. oňa özi hakdaky aladaňy okap berdik. Hezil edip güldi, gülüşdik, gülküden aýyrmasyn, balam. Şir dädeň monça boldy: “Inim arkaýyn bolsun. Uly hat ýazjak” diýdi. Janyň sagmy?! Yzyňyzdan soldat bardymy?! Kösenmän ýörmüň?! Şu zatlary ýaz, Suratyňy iber. Bizem, jigileriňem, Şir dädeňem alada etme. Hemmämiz, eneň-kakaňam goşulýar, salam iberýäs. Gelen hatyňy okap ýylysy gitmänkä, hat ýazdym, häzir Kadyr (Özümden kiçi inim) okuwa barýarka, poçta atyp geçer. Eglenmän jogap ýazgyn. Ejeň Enejan, 06.05.1987 ý. Ejemiň ýazan bu hatyny alyp (bize hat 12-14 günde barýardy, şol möçberde-de öýe ýazan hatym gelýär eken.), Şir dädem hakdaky aladamda biraz ynjaldym. Ejemiň aýdyşy ýaly, alan hatymyň ýylysy gitmänkä, özümiň komandir bolandygym hakynda joşup, ejemiň haýyşy boýunça öýe iki tagta uzyn hat ýazdym. Kiçi seržant çinli eşigim bilen surata düşüp ugratdym. Ejemi arkaýyn etdim. Gullugymam ýola düşdi. Garawula gitsek, komandir garawulyň (komandir leýtinant ýa uly leýtinant-batareýamyzyň iki wzwod komandiriniň biri bolýardy) orunbasary, naharhana narýadda nobatçy komandiriň (naharhanada nobatçy komandir praporşik –starşinamyz bolýardy. Starşina batareýaň arassaçylygyna jogap berýän) orunbasary bolýardym, esgerlere buýruk bermeden başga işim ýokdy. Ýöne şonda-da wagt haýal geçýärdi. Belki, ol meniň harby durmuşy ykbalym edinmändigimden bolsa gerek. Elbetde, bu aýratyn söhbet. Ahyry 28-nji maýda (1987 ý.) irden ştabdan hat getirýän posilniýimiz (Hatlar ştaba, ştabdanam posilný tarapyndan esgerlere gowuşýardy. Her batareýada zerur halatynda eýläk-beýläk habar ugradýan, getirýän, hatda komandirlerem gidip öýünden çagyryp bilýän esger bardy. Şoňa posilniý diýilýärdi. Olara patrullaram zat diýmezdi, olaň polkdan çykmaga rugsat berýän dokumenti bardy) “Ýazkulyýew, saňa küti hat gelipdir, al oka” diýip, şadyýanlyk bilen açylmadyk küti hatly konwerti maňa gowşurdy. Edil çak edişim ýaly bu uly iki taraplaýyn dört tagta-sekiz list hat agam Şirden gelipdir. Şir dädem türkmen mertligini edip, ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, hatynyň başynda hal-ahwal soraşypdyr. Ondan soň agam ýanan söýgüsi, häzirki maşgala durmuşy barada ýangynly uzyn hat ýazyp, soňunam şeýle jemläpdir. (Jemlemesiniň manysyny saklap, sözlerini taraşladym.) Döwletmyrat inim, uzyn hat ýazyp, ýüregiňe-de düşendirin. Ýöne sen bu hatymy bir garyndaşymyza-da, aýratynam, ejeme, Enejan gelnejeme, Nary kakama ( meň ejem-kakam) bildiräýme. Hiç kim bilmeli däl. Enemiň (enem ýüze golaýlap aradan çykdy. Şol wagt 76 ýaşynyň içindedi) aýdyşy ýaly, agzymyz hulp-gulp bolsun, inim. Şu hakda bir ýerden dem çykaýsa, senden gaty görerin. Özem senden haýyşym. Meň ýanan söýgim hakynda kyssa düz. Olam radio-telewizorda aýdylsyn ýa bir gazetde çap edilsin. Ýöne adymyzy üýtgedip algyn. Adymyzy şol durşuna alyp, ile masgara edäýme, inim!! Söýgüden, söýgiň hasratyna çümüp, durmuşdan ýanan agaň haýyşyny bitir. Şol kyssaň göwnüme teselli bolar. Senden anyk jogaba garaşýan. Çykan ýa okalan ýerinem hökman ýazgyn. Biperwaýlyk etme, gyssagyň özüň bilen bolsun. Kyssany maňa ibermänem unudaýma. Şir dädeň, 15.05.1987 ý. Agamdan bu haty alyp, uly alada galdym. Şeýle-de bolsa, ilki bilen agam ynjalsýyn diýip, Şir dädeme başardygymdan göwünlik berip, kyssaly haýyşyny hökman edip ýa bir ýerde çap etdirjegime ýa okatjagyma (metbugatda ýa radio-telewizirda) söz berip, oňa salam haty ýazdym. Agamy ynjaldyrmak üçin göwünlik haty ýazsamam ýazdym welin, yzynda nädip durjak. Aladam öňküdenem artdy. Agaň ynamyny nädip ödejek. Kyssa ýazmagy alada edemokdym. Ýöne gullukdakaň ony nädip çap etdirjek ýa haýsy radio-telewizir kanalynda okatjak. Hiç ýeriň adresini bilemmok. Ejeme ýa täze gullukdan gelen agama pylan gazete iber diýsem ibererdiler. Iberilen gazetiň çap etjegine umydym ulydy. Ýöne hiç kime bildirmeli däl. Agamyň tabşyrygy şeýle. Agaň tabşyrygyndan çykmak, ynamdan gaçmak ahyry, bu meniň alan terbiýäm, asyl adamzadyň kanuny şu. Men ýazmadyk kyssamy okatmak ýa çap etdirmek aladasynda kän oýlanyp kelle döwdüm. Gullukdaş türkmen oglanlardan maslahat soradym. Olar döredijilikden daş oglanlar bolansoň, jogaplaram buirmeňzeşräk, ýöne biperwaý boldy. Döwletmyrat, sen agaňa düşündiir, asla onuň özi düşünsin, sen gullukda ahyry. Kyssany ýaz-da özüne iber, agam barammsoň bir ýerdeý çap etdirin diý. Ýöne bu jogaplardan göwnüm suw içmedi. Ahyry umyt beriji çözgüt tapdym. Birden halypa Juma Ýazmyrat ýadyma düşdi. Onuň şäherdäki öýüni takyk bilmesemem Herrikgalada ýaşaýandygyny bilýärdim. Ol zaman Herrikgala Aşgabat raýonyna degişli oba ýerdi. Onuň Herrikgaladaky-oba adresini anyk bilmesemem, ugruny mälim etseň, oba ýerine iberen salgyma hatymyň barjakdygyna berk ynanýardym. Çözgüt tapan günüm arasynda iňkise gitsemem, uzak gije begenip, daňdana çenli ýatyp bilmedim. Göýä kyssam okalyp, agamyň tabşyrygyny berjaý edene döndüm. Begenjim uzakdan bolsun, synmawersin. Daňdan 4-lere süýji uka gidipdirin, Podýom sesine daňdan altyda oýandym. Ilki halypa Juma Ýazmyrada ýazjak hatymy tasladym. Hatymy owadanlajgam bolmadym. Halypa ýazan hatymyň sözme-söz doly görnüşi. Ynha ol: Ýaşlaryň halypasy Juma kaka salam. Men Döwletmyrat Ýazkuly Polşa Halk Respublikasynda Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirip ýörün. Juma kaka watany gaty berk goraýas, arkaýyn ýatyň, işläň (oýun edýän). Halypa men mus-mus diýip durmaýyn, Size uly haýyş bilen hat ýazýan.. Gaýrat ediň, ýok diýmäň, şu meselede sizden başga kömek etjek ýok maňa. Juma kaka! Size ynam edenim üçin şu haty ýazýan: Meniň doganoglan agam Şir dädem (Juma Ýazmyrada agamyň hakyky adyny ýaýyň içinde görkezdim, ýöne adyny üýtgedip, kyssamda goýan adym bilen okamagyny haýyş etdim) ýanan söýgüsi, şol söýgiň hasratynyň maşgala durmuşyna ýetirýän täsirini giňişleýin beýan edip, maňa içini döküp hat ýazypdyr. Ýanan söýgüsi hakynda kyssa ýazmagymy, ol kyssamam ýa radio-telewizorda okatmagymy ýa-da metbugatda çap etmegimi haýyş edipdir. Ol haýyşam däl, agamyň talaby. Özem kyssamy hiç garyndaşymyza ejeme-kakama, uly gelnejeme ( agamyň ejesi), asla hiç kime bildirmeli däl. Ýöne agama ýazan kyssam okalmaly ýa çap edilmeli. Sözümi uzaldyp oturmaýyn, Juma kaka sizden haraý isleýän, şu kyssamy radioda ýa telewizorda okap ýa bir gazetde çap edip beriň. Çeperçiligini pes görseňiz (Siziň derejäňizden has pesdir), kak-sok edip bilersiňiz. Ýöne meni Şir dädemiň kyssa ýazmak ynamyny ödär ýaly edeweriň, Size hormatymyň çäksizdigini aýdaýyn, öňünden minnetdarlygymy bildirýärin. Juma kaka meni kyn günden halas edip, haýyşymy bolar ýaly bolsa bitiriň. Juma kaka Sizden sabyrsyzlyk bilen hoş habara-jogap hatyna garaşýaryn. Hormat bilen D.Ý. Halypa Juma Ýazmyrada ýazjak hatymy kalbymda taýyn edenimden soňra, takmyn on bäş günden Şir dädemiň ýetginjeklikdäki yşky, soňra ýanan söýgüsi, ol söýgiň agamyň durmuşyna ýetirýän täsiri, agamyň çekýän ahy-nalasyny beýan edip, kyssa taýynladym. Halypa Juma Ýazmyrada ýazan hatymy hem kyssamy bir ýere çugdamlap, 1987-nji ýylyň 20-nji iýunynda halypa iki konwerte bölüp-salyp, oňa hat ugratdym. Herrikgala obasynyň indeksini bir ýerden tapdym. Adresi: Komu diýen ýerinde Aşgabat raýony Herrikgala obasy Juma Ýazmyradow diýip ýazdym. Öz gulluk adresim bolsa ol wagtlar şeýledi: Polewaýa poçta 12255. Ýazkulyýew Döwletmyrat. Kyssamyň adyny “Biz birini söýýäris, ýassykdaş bolýar bir ýat” diýip goýdum. Halypa Juma Ýazmyrada gaty uly ynam edýärdim. Onuň kyssamy okajagyna hem maňa jogap ýazjagyna birjikde şühbelenmeýärdim. Isleýşim ýaly boldy. Halypa Juma Ýazmyrat hatymy alyp, haýyşymy bitirip, kyssamy radioda okapdyr. Juma Ýazmyrat halypa hatym barandan, göni bir aýdan “Inim, kyssaňy radioda okadym” diýip onuň 1987-nji ýylyň 5-nji awgust senesinde ýazan begençli hatyny aldym. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||