10:08 Lagnaty maşgala | |
LAGNATY MAŞGALA
Medisina
Birnäçe gün bäri añymda bir sorag bar. Men gowsy ony siziñ bilen paýlaşaýyn... Hawa, ýadansyñyz... Hawa, bizaram bolansyñyz... Dillerden düşmeýän “Korona (COV 19)” sözüni eşitmekden ýadansyñyz!! Emma. Soragymyñ aşagyndan çykyp bilmedim… Mesele şu: Her “Koronawirus” sözüni agzaýan adam hökman şu sözü-de agzamaga mejbur bolýar: “mutasiýa!” Mutasiýa diýmek näme? Mutasiýa - üýtgeşme, keşpden-keşbe girme diýmek. Ýagny wirusyñ ewolýusiýasyndan gürrüñ gidýär. Wiruslar mikroorganizmlerden has beter genetiki üýtgeşmelere açyk bolýar. Bir wirusyñ mutasiýa geçirmegi öñ görülmedik zat däl, hatda ebola ýaly birnäçe wiruslar-da yzygiderli mutasiýa geçirip durýar. Bular janly organizmlerde çaltlyk bilen köpelip, az wagtyñ içinde millionlarça, hatda milliardlarça wirusyñ täze tapgyryny öndürip bilýär. Wiruslaryñ käbirleri genlerde-genomda düýpli üýtgeşmeleri döredenok. Şonuñ üçin bular ýaly wiruslaryñ berjek zyýanynyñ öñüni almak añsat bolýar. Tersune, käbir wiruslar bolsa janly organizmde düýpli nasazlyklara sebäp bolýar, hut şu wiruslara hem derman-däri täsir edip bilenok... Ynha… Ýakyn wagtda yzly-yzyna tanşan Sars, Mers, Korona wiruslary mutasiýa netijesinde orta çykan howply “CoV” maşgalasyndandyr! Kimler-ä "mutasiýany" laboratoriýa şertlerinde adamyñ öz eli bilen döredilen zatdygyny we "biologik ýarag" hökmünde ulanylýandygyna ynanýar! Bu jedelli pikiri häzirlikçe bir gyra süýşüreliñ... Añymdaky soraga geleliñ: ■ Sektoryñ gizleýän syrlary Amerikaly medisina professory Dewra Li Dewis (1946-njy ýylda doglan)… Ýigrimi ýyl mundan öñ 1982-2002-nji ýyllarda meşhur Jon Hawkins adyndaky uniwersitetiniñ Gigiena we halk saglygyny goraýyş bölüminde işledi. Angliýada, Ysraýylda we dünýäniñ başga-da birnäçe ýurdundaky abraýly ýokary okuw jaýlarynda leksiýa berdi. Bill Klintonyñ prezidentlik döwründe Himiki howpsuzlyk we howpy seljerme guramasynyñ başlygy wezipesine bellendi. Dünýäde ilkinji bolup gurlan Tebigat onkologiýasy merkeziniñ esaslandyryjysy we ilkinji direktory boldy. Tebigaty goramak fondunyñam başlygy boldy we ş.m... "Lancet" ýaly abraýly ylmy-populýar žurnallarda 190 makalasy çap edildi. Dünýäniñ tanymal akademiklerinden biri bolandygy üçin ýygy-ýygydan CNN, CBC, FOX, ABC, BBC ýaly teleýaýlymlarda çykyş etmäge çagyrylýar… Onuñ işleýän esasy ugurlarynyñ birem - rak, "Rak keseline garşy söweşiñ gizlin taryhy" diýen kitaby-da bar. Bu kitap Garward ýaly dünýänin iñ abraýly ýokary okuw jaýynda halk saglygyny goraýyş dersinde okuw kitaby hökmünde ulanylýar. "Tebygy gurşaw aldawaçlary we ekologiýanyñ hapalanmagyna garşy söweş" ýaly kitaby-da bar... Rak keseliniñ sebäplerini öwreneninde, ýoly el telefonlary bilen kesişdi. Onuñ türk diline-de terjime edilen "Jübidäki howp" (“Cepteki Tehlike”) kitabynyñ arka sahabynda şeýle sözler bar: - Jübi telefony boýunça radiýasiýa hakykaty… -Sektoryñ muny gizlemek üçin edýän işleri… - Hem-de maşgalañyzy goramagyñ ýollary… Professor Dewisiñ koronawirus bilen näme ilteşigi bar? Aslynda gönüden-göni hiç bir ilteşigi ýok! Ýöne onuñ aýdan şu aşakdaky sözleri añymy bulam-bujar edip taşlady: ■ Trillionlarça esse artyş Professor Dewis şeýle diýýär: “Ýer togalagyndaky ähli ýaşaýyş durmuşymyz millardlarça ýylllap belli bir çäkdäki mikrotolkunyñ ortasynda ewolýusion döwri başdan geçirdi. Bular biziñ bilşimizçe älemiñ döremeginiñ başyny başlan uly kosmiki partlama tarapyndan ýüze çykaryldy. Saýýaramyzyñ dünýä inmeginden 14-15 milliard ýyl öñem mikrotolkunlar bardy. Ýagny mikrotolkunlar älemiñ döreýiş taryhyndan bäri bar. Emma düýnüñ mikrotolkunynyñ mukdary bilen bu günüñ mikrotolkunynyñ mukdary saýýaramyzyñ bütin taryhy boýunça bar bolşundan trillionlarça, trillionlarça esse tapawudy bar…” Geleliñ añymdaky soragyma... Trillionlarça esse artan elektromagnit radiasiýasy nämelere sebäp boldy we bolýar: Adamy önelgesizlik, kemis çaga dogurmak ýaly mutasiýa uçradýarmy? (Uçradýar!) Tebigaty howa, suw hapalanmalaryna ýa-da atmosfera gatlagyny ýyrtma ýaly düýpli ýykan-ýumranlyga getirýärmi? (Getirýär!) Ýeri, onda... Wirusyñ mutasiýasyna täsiri barmy? “Wiruslar üýtgeşmä ugrady” diýenimizde munuñ “daşky täsirlerinden” biri bolan elektromagnit meýdanynyñ görlüp-eşdilmedik derejede artyşy täsirli bolup bilermi? Korona telekommunikasiýa ulgamynyñ barha ösmegi bilen birlikde mutasiýa geçirýän wirusmy? Şeýle ýagdaý bar: Hytaýyñ oýlap tapan 5G tehnologiýasyna çenli Günbatar dünýäsi (1G, 3G, 4G - Ýaponiýañky, 2G - Finlandiýanyñky) dört tapgyr kabelsiz tehnologiýanyñ döredýän goşmaşa täsirlerine sesini çykarmady. Emma… Bir ýyl bäri elektromagnit radiasiýasyndan dörän gorkusyny lenç edip gaýtalamaga başlady. Soñky iki aý bärem şuny gaýtalaýarlar: “Koronawirusyñ sebäbi 5G!” Biziñ Türkiýedäki çepçi syýasatçylarymyzyñ nygtamagt gowy görýän bir sözi bar: “Biz ylymyñ aýdýanlaryna ynanýarys!” Wah, günüñize ýanaýyn, agalyk ediji synplar ibaly ylym goýdumy diýsene... Ylym görgülini olar ellerinde oýnawaç etdiler ahyryn. Lobbileriñ täsirinden halas bolmak gerek... Añymdaky sorag yşaratyny jemläp aýtmaly bolsa: Lagnaty "CoV" maşgalasynyñ soñky döwürde “zannyýaman terroriste” öwrülmeginiñ sebäbi nämede, her tüýsli ynsan faktorymy? Soner ÝALÇYN. 27.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |