06:39 Lal gyza... | |
LAL GYZA...
Goşgular
Gulagyñ eşdenok, gürläp bileñok, Bize tanyş dilde, biziñki ýaly. Diliñe düşünmän adam sürüsi, Señ adyñ yzyna dakdylar "Däli". Däli bolmasam-da, telbe dünýämi, Syrdaş saýyp käte gelýañ ýanyma. Çynyñ bilen gürrüñ berýäñ bir zatlar, Men diliñe düşünýän deý, hamala. Düşündirýäñ hereket hem üm bilen, Ejeñ, daşbagyryñ taşlap gidenin. Kakañ bolsa baka göçüp bimahal, Garry eneñ gözün ýaşlap gidenin. Wah,diliñ bolsady, ýene köp zady, Bilýän,sen janygyp gürrüñ bererdiñ. Başga zat elimden gelmese-de meñ, Saña biraz göwünlig-ä bererdim. Belki,däli dünýäñ o tarapynda, Seni kösän diliñ zybana geler. Meniñ bolsa gorkýan zadym o ýerde, Bu dilim lal açar, amana geler. Gürleşesim geler, has içgin-içgin, Maña tanyş dilde gürläniñ eşde. Ýöne meni goýberermi sakçylar, Günäsizleñ mekanyna, behişde? Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |