12:38 Lebapdan başlanan aýdymlar | |
LEBAPDAN BAŞLANAN AÝDYMLAR
Edebi makalalar
Her adamyň özboluşly ömür beýanynyň, terjimehalynyň bolşy ýaly, her halkyň, her döwrüň edebiýatynyň hem öz terjimehaly bar. Şol garaýyş bilen seredeniňde, türkmen sowet edebiýatynyň ummasyz baý hem çylşyrymly terjimehaly bar. Onuň her bir döwrüni egninde göterip duran perzentleri bar. Uruşdan soňky döwürde edebiýata gelip, şu güne çenli ýadawsyz zähmet çekip, şol terjimehaly her taraplaýyn baýlaşdyryp gelýänleriň biri hem Allaberdi Haýydowdyr. Indi kyrk ýyldan gowrak döwür içinde edebiýat älemine hyzmat edip gelýän bu halypa barada aýdara zat juda köp. Onuň döredijilik tärlerini gürrüň bermek, barlag-derňew etmek üçin kitaplar ýazmaly. Onuň galamdaşlary, il-gün, okyjylary bilen gatnaşyklary hakda gürrüň bermek üçin hem makalalar tapgyryny ýazmaly. Elbetde, bu zatlaryň hem öz wagty, öz pursaty bardyr. Ýöne Allaberdi Haýydow düşünjeli, sowatly derňew bilen öwrenilmeli şahyrdyr. Allaberdi Haýydowyň şygyr dünýäsine aralaşanda, köp duýgyny başdan geçirýärsiň. Okyjyny aýratyn maýyl edýän alamat bolsa onuň poeziýasynyň durmuşa höwesli, näzik hem mylaýym owazynyň millilige ýugrulan sypatlarydyr. Ondan «Altysy ýazdandyr, altysy gyşdan» diýilýän topragyň ähli döwrüniň ýakymly ysyny alyp, tagamyny datmak bolýar. Önmeýän zat barmy munuň bagryndan, Aýlanaýyn aýazyndan, howrundan, Ülkämdäki obalaryň baryndan, Sapalydyr, meger, Mekanym meniň. Şahyryň jan-dilden wasp edip, mähir berýän Mekanynyň simwoliki manysy bar. Ol ilki bilen-ä onuň dogduk mekanydyr, onsoňam güneşli türkmen topragydyr. Şahyryň şahandaz liriki gahrymanynyň bu topraga bolan söýgüsi onuň ähli şahyrana döredijiliginiň mazmunyny düzýär diýsegem ýalňyş bolmaz. Şahyr şol goşgularda mähriban topragynyň gözel keşbini, näzi-nygmatlaryny taryp edip, türkmen okyjysyna düşündireni bilenem çäklenmän, onuň artykmaçlyklaryny älem-jahana ýaýmak isleýär. Çar tarapa çakylyk iberýär: «Nirdesiň Türkmenistan diýip, göni geliber!» Şahyryň çakylygy hemişe gyzgyn seslenme tapdy. Öz topragyna guwanýan, onuň geçmiş taryhyna belet, şu günki durmuşyna şaýat bolan senetkär ol hakda pikiri- ii çeper aňlatmalar bilen eýläp, şeýle sözleýär: Epgegiň oduna ýanmadyk bägül, Gyşyň aňzagynda doňmadyk bägül. Ýaza ýetip ýaňy gunçalan bägül, Ynha, näme meniň Türkmenistanym! Indi näçe ýyllardyr «Bägül mekanynyň aladalary bilen dem alýan, ähli pursatda onuň ody bilen girip, küli bilen çykýan» okumyş şahyr edebi jemgyýetçilikde doly ykrar edilmegi gazandy. Mundan altmyş ýyl ozal «arpa bişip, bugdaý tümmül bolanda» bereketli Lebap topragynyň Mekan obasynda jahana gelen gujurlyja bäbek (Men şeýle göz öňüne getirýän. B.U.) mekdep partasyndan şygyrýet meýdanyna gelen, uniwersitetde – student wagtynda ilkinji kitabyny okyjylara gowşuran (1952ý.) hem şol mahallar SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine kabul edilen –Allaberdi Haýydowyň edebi biografiýasy tutuş sowet edebiýatynyň biografiýasyna utgaşyp gitse-de, onuň poeziýasy her bir meselede öz aýratynlygyny saklap gelýär. Aslyýetinde, aýratynlyk diýmek nämekä? Elbetde, bu uly ylmy söhbetleriň predmeti. Ýöne şertlirägem bolsa, A.Haýydow hakda birnäçe pikirleri aýdyp bolarmyka diýýärin. Onuň goşgy setirlerini çuňňur oý-pikirli, sowatly-dogruçyl, anyk obrazly pikirler) bilen beýan etmegi esasy aýratynlyklarynyň biri bolsa gerek. Onuň goşgularyny okan mahalyň, sada, ýönkeý, okumyş, köpi gören adam bilen söhbet eden ýaly bolýarsyň. Onuň liriki gahrymanyny diňläniňde, sapagyny örän gowy bilýän, pikirini pessaý, mylaýym ses bilen düşündirip bilýän mugallymy diňlän ýaly bol ýarsyň. Şahyryň «Durmuş welin hezil zat» kitabyny okanymda men köp wagtlap şol duýgulary başdan geçirdim. Edil tebigagyň bolşy dek bolşum, Hemme zady berjaý etmeli her gün. Ine, şonda mydam dik bolar başym, Ine, şonda her gün bolaryn gurgun. «Durmuşyň ritmi» Başaryp bolsa, näsini aýdýaň, ynanmazlyg-a mümkin däl. Kä halatlarda köp ýazan adama mahabatly, öwgüli sözleri köp aýdýarlar. Munuň dogry aýdylýan wagtlaram bar, nädogry wagtlaram. Köp ýazmak ussatlygam, beýikligem däl. A.Haýydow barada näme aýtmak bolar? Onuň hem kitaplary, poemalary az däl. Özi-de poeziýasy «Ýigitlik çagy» kitabyndan bäri dilden düşmän gelýär. Biziň ony tanaýşymyza görä, özüniň häsiýetine, durmuşy duýşuna görä, ol ussadam, beýigem boljak bolanok. Ýöne onuň şygyr sungatynyň ökde senetkärdigini biz çekinmän aýtmalydyrys. Ol islendik temadan, materialdan goşgy ýasap bilýär. Munuň özi öz sungatyňa eýelik edip bilmekdir. Göni otuz ýaşly şahyr «Säher şemaly» goşgusynda, eýýäm küti-küti goşgular kitaplarynyň, poemalaryň eýesi wagty, geljekki goşgularynyň hem aladasyny edýärdi. Bu inçe senet hakda jogapkärçilikli pikirlenmekdi. Säher oýanýaryn menem guşlar dek, Göwün telwas edýär göýä batbörek. Ile gözel-gözel goşgular gerek, Tapyşsyn sözüni säher şemaly! Ylhamdar arassa säher şemalyndan dem alyp, döredijilige başlaýan şahyryň kitaplaryndan şol zeýilli dury pikirli goşgularyň onlarçasyny okap bolýar. Şol tebigy gözellige uýmak, ondan ylham almak goşgudan-goşga öwrüm berýär. Arylaryň güllerden şire ýygnaýşy ýaly, ol hem tebigatdan gözellik ýygnaýar. Şeýdip, şahyr türkmen topragynyň bütin gözelligini diýen ýaly eserlerine siňdirýär. Allaberdi Haýydowyň hiç kimiňkä meňzemeýän peýzaž lirikasy, megerem, onuň tebigata juda ýakynlygyndandyr. Onuň liriki gahrymany, bir görse, awçylar bilen söhbetdeş, bir seretseň, çopan goşlarynyň myhmany. Käte balykçylaryň arasynda. Ynha, birdenem dag jülgelerinde, ýaýylyp ýatan ekin meýdanlarynda tebigaty synlaýar, onuň goragçysy bolup çykyş edýär. Onuň bu tema degişli goşgulary adyny tutup sanardan has köpräk. Şahyryň şol dünýäsine aralaşmak üçin, onuň ýaňy-ýakynlarda neşir edilen «Söýgi alamatlary» atly uly göwrümli goşgular kitabyny okamagam ýeterlik bolsa gerek. Allaberdi Haýydowyň baý döredijiligine göz aýlasaň, onuň syýasy publisistik mazmunly onlarça liriki goşgularynyň okyjylaryň söýgüli eserlerine öwrülendigini aňmak kyn däl. «Lenin hakda ýazmadygy şahyr hasap etmeýärin» ýaly setirleri aforizme öwrülip gitdi. Bu mukaddes temadan döreden ençeme goşgulary türkmen Leninnamasynyň uly goşandy boldy. Şahyryň halklarymyzyň mäkäm birlige öwrülen doganlyk-dostlugy hakda ýazan onlarça goşgulary, «Täjigistan», «Maňgyşlak aýdymy» poemalary hem onuň döredijilik üstünligidir. Aýratyn hem öz köpmilletli respublikamyz hakdaky pikirleri kanuny guwanç duýgusyny döredýär. Halklaryň dostlugy baş baýlyk boldy geçen zamanlarda hem bu zamanda. Meniň bu sözümiň dogrudygyna göz ýetirip bolýar Türkmenistanda. Allaberdi Haýydowyň setirlerinde özgeleriňkä meňzemeýän nepis hem näzik söýgi lirikasy bar. Bu temada ýazylan goşgular onuň poeziýasynyň uly bölegini düzýär. Şeýle goşgularyň şahyrlaryň ilkinji kitaplarynda bolmagy tebigy zat. A.Haýydowyň liriki gahrymanynyň ýigitlik söýgüsi gitdikçe goýalyp, durmuş meseleleri bilen kebşirlenip, ýaşaýşyň edil özüne öwrülýär. Onuň gahrymany üçin ýeňleslik, kelpezlik, suwjuklyk ýatdyr. Bu şahyryň öz tebigaty bilen baglanyşyklydyr. Şahyr ýigit çaglarynda şertliräk hem bolsa şeýle düşünjeli pikirleri aýdypdy. Nur dökülsin iki gara gözünden, Gaharlansa, gaharlansyn hezilden. Kem durmasyn işde hiç bir gözelden, –Ine, şeýle gyza aşyk bolaryn. Bu onuň hemişelik idealy boldy. Ol hemişe ýaşaýşa ukyply, durmuşda öz ornuny tapyp biljek, durnukly hem wepaly söýgini wagyz etdi hem wasp etdi. Onuň şeýle mazmunly goşgularynyň ençemesi aýdyma öwrüldi: «Aşyk men», «Lebabyň gözeli», «Şadyýan gyz», «Ýollar ýatyr aramyzda» we beýlekiler. Ýeri gelende, şahyr A.Haýydowyň aýdyma öwrülen hem aýdym üçin ýazan goşgularynyň hem bu ugurda ýörite işleýänleriňkiden az däldigini bellemek gerek. Ýokary hilliligi hem aktuallygy üçin bolsa, ol aýdymlar dilden düşenok. Allaberdi Haýydow türkmen edebiýatynyň poema žanryna hem ep-esli goşant goşdy, Onuň geçmiş türkmen taryhynyň ençeme sahypalaryny janlandyrýan «Aba serdar» poemasy, beýik Magtymgulynyň birinji ýubileýi döwründe ýazan «Şahyr» poemasy okyjylary geçmiş taryhymyza ýüzlendirdi. Şahyr «Pöwrize poemasynda» hem «Partizan poemasy» atly poemalarynda graždanlyk urşy, sowet häkimiýeti ugrunda göreşler hakda özboluşly gürrüň berdi. Şahyr «Göwher», «Salgym», «Erteki we onuň döreýşi», «Aşgabat poemasy», .«Pagta poemasy», «Çagalyk ýyllarynyň açyşlary» kimin eserlerinde döwrüň, durmuşyň dürli derwaýys meselelerine ýüzlenýär. Elbetde, bu eserler özleri dogrusynda düýpli, ýörite derňewlere garaşýar. Halypa şahyr çagalar edebiýatynda-da önjeýli işledi. Çagalara ençeme şahyrana kitaplary sowgat etdi. Bu ugurda eden işleri üçin ol respublikamyzyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Allaberdi Haýydow prozaçy hökmünde-de okyjylara, edebiýat älemine bellidir. Ol bu žanrda-da tebigata, janly dünýä söýgi hem hossarlyk pikirlerini yzygider, ynandyryjy aýtmaga çalyşýar. Ýazyjynyň «Günüň uklaýan ýerinde», «Million ädim», «Meniň öýüm sähra» ýaly kitaplary, olara giren dürli göwrümli eserler onuň bu ugruň janköýeridigine kepildir. A.Haýydowyň «Kowlan eşek» eseri barada-da köp gürrüň etmek bolar. Ýiti sýužetli bu eser özüniň hemme taraplaýyn aktuallygy bilen ençeme dile terjime edildi. Ýazyjy «Düýnki adamlar», «Hökümdaryň kowulmagy» sosial-taryhy romanlarynda halkymyzyň taryhy geçmişinden gyzykly gürrüňler berýär. A.Haýydow terjimeçi şahyr hökmünde-de az iş etmedi. Ol dürli döwürlerde belli rus şahyrlaryA.S.Puşkinden, S.Ýeseninden, A.Blokdan, W.Lugowskoýdan, ukrain şahyrasy L.Ukrainkadan, şeýle hem Musa Jelilden, N.Hikmetden, Abaý Kunanbaýewdan we beýleki doganlyk halklaryň şahyrlaryndan onlarça goşgulary terjime etdi. A.Haýydow kino sungatyna hem öz goşandyny goşdy. Onuň eserleri esasynda «Serdar», «Altynyň öwüşgini», «Ýartygulak», «Çöldäki iki adam» ýaly telefilmler surata düşürildi. Allaberdi Haýydow alym-şahyr. Ol ençeme edebi-tankydy makalalar ýazdy. Soňky ýyllaryň liriki poeziýasynda halklaryň dostlugy temasy hakda monografiýa ýazyp, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe boldy. Hawa, görşümiz ýaly, uly edebi-döredijilik ýoluny geçen şahyr Allaberdi Haýydow biziň edebiýatymyzyň ösüşine düýpli goşant goşup, öz adyny edebiýat taryhyna ymykly ýazdy. Ol haýsy žanrda nähili eser döretse-de, onuň şahyranalygy öňe saýlanýar. Allaberdi Haýydow şygyrýetiň hemişelik wekilidir. Humarbaz däl özüm, ýöne durmuşda ýüz oýun oýnadym men – Allaberdi – diýip, özüniň ýazyşy ýaly, ähli «oýunlaryny» edebiýat älemine hyzmat etdiren halypanyň geljekde-de uly zehinli eserler bilen okyjylaryny begendirjekdigineynam bildirip, oňa egsilmezmek üstünlikler arzuw edäýmek galýar. 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |