00:53 Lilit rowaýaty. Aýal şeýtanmy ýa-da feministka? | |
LILIT ROWAÝATY. AÝAL ŞEÝTANMY ÝA-DA FEMINISTKA?
Dünýä taryhynda ilkinji şeýtanpisint zenan ýa-da ilkinji feministka kim bolduka? Aslynda bu, käbir çeşmelerde geçýän Lilit sözüne siziñ nähili düşündiriş berjegiñize bagly. Feminizm - gysgaça aýdanymyzda jynsy kemsitmä garşy çykýan we aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryny goramagy maksat edinen bütindünýä garaýşa berilen at. Ýagny, gönüden-göni Lilit hekaýatynyñ başlanýan ýeri. Belkäm, arañyzda henize çenli Lilit barada eşdenler ýokduram. Emma ol käbir çeşmelerde (şumer, wawilon, pers mifologiýasynda, ibrany ýazuw ýadygärliklerinde, "Gilgameş" eposynda, hatda "Töwratda" gönüden-göni agzalmasa-da, ýewreý dininiñ gadymy ýazuw ýadygärligi "Talmutda" tüm garañky gijelere, ýerasty durmuşa hökmüni ýöredýän ýaramaz niýetli urkaçy ruh) Adam Atanyñ How eneden öñki aýaly hökmünde agzalýar. Dünýä belli suratkeş we heýkeltaraş Mikalenjelo Watikandaky Sikstina kapellasynyñ üçegine çeken "Ilkinji günä we behiştden kowluş" kompozisiýasynda Liliti-de suratlandyrypdyr. Adam Atanyñ we How enäniñ ilkinji günäni edýän pursaty şekillendirilen suratda agaja oranan ýylan sypatynda suratlandyrylan aýal bar. Ýylan ýa-da şeýtany jandar hökmünde düşündirilen suratdaky ýylanyñ Lilitdigi bellidir. Rowaýata görä ilkibaşda Adam Ata bilen deñ derejedäki ynsan eken. Hudaý Liliti-de edil Adam Ata deýin toprakdan we palçykdan ýaradypdyr. Lilit şol sebäpli özüni elmydama Adam Ata bilen deñ derejeli hasap edipdir, adamsyna ytagat etmek islemändir. Ahyrsoñy ol behiştden gaçyp gaýdýar we Gulzum deñzinde ýaşaýan şeýtanlaryñ ýanyna barýar, şol ýerde-de Iblis bilen "gezmäge" başlaýar. Lilit Iblisden her gün ýüz sany çaga dogrupdyr, şeýle-de onuñ dogran "çagalarynyñ" jyn, şeýtan we wampirdigi rowaýat edilýär. Lilit gaçyp gidensoñ jennetde ýeke özi galan Adam Ata höwür bolsun diýip Hudaýtagala How enäni ýaradypdyr. Ýöne bu gezek ikisiniñ deñ derejede bolmazlygy üçin How enäni Adamyñ gapyrga süñkünden ýaradypdyr. Adam Ata Liliti şobada ýatdan çykarypdyr. Muny eşden Lilit gabanjañlykdan dälilik hetdine gelipdir. Ol ar al almak üçin oýnaşy Iblisiñ sypatynda jennete girýär we How enäni aldap, oña iýmesi gadagan edilen almany iýdirýär. Gadagan edilen almany iýendikleri zerarly Adam Atanyñ we How enäniñ başy şol wagtdan başlap ölümli bolýar hem ikisi-de jennetden kowulýarlar. Emma Lilit gadagan edilen almany iýmändigi üçin baky diri bolup galýar we onuñ nesilleri Adam Ata bilen How enäniñ neslinden önen çagalara musallat bolup inýär. Hudaý Liliti pälinden gaýtarmak üçin üç sanu perişde ugradýar. Perişdeler oña eger yza dolanmasa her gün bir çagasynyñ öldüriljekdigini aýdýarlar. Şeýdop töwella-tagsyry diñlemegem islemedik Lilitiñ günde bir çagasy öldürilipdir. Lilit bolsa munuñ öwezine Adam Ata bilen How enäniñ neslinden önen ýaşajyk bäbekleri öldürmäge başlaýar. Onuñ ýañy dünýä inen erkek çagany sekiz, gyz çagany ýigrimi günüñ içinde öldürýändigi aýdylýar (belki-de ol feminist bolandygy üçin gyzjagazlara ýaşamak üçin has köpräk wagt berýändir?). Lilitiñ bäbejikleri öldürme gylygy gadymy türki mifologiýasyna hem aralaşypdyr. Albassy ýa-da Al heleý (Aýjyn) ady bilen tanalan şeýtandan goranmak üçin göwreli aýalyñ ýanynda Gurhanyñ goýulmagy ýa bolmasa gyzyl matanyñ dañylmagy şol ynanç bilen baglanyşyklydyr. Başga bir ynanja görä bolsa Lilit gijelerine erkekleriñ (esasanam sallahlaryñ) düýşlerine girip, olara erotiki (jynsy gatnaşykly) düýşleri görkezýär we erkekleriñ spermalaryny (dölüni) ogurlaýar, ýagny, uklap ýatan erkegi "şeýtany" bolar ýaly edýär. Soñ ol ogurlan spermalaryndan şeýtandyr jyn çagalaryny ýasaýarmyş. Ýogsa-da, siziñ pikiriñizçe Lilit boýun sunmadygy üçin jezalandyrylan etmişli kişimi, ýa-da hak-hukugyny talap edýän feministkamy? Ýa bolmasa ar almagyñ hatyrasyna bigünä çagajyklary öldürýän urkaçy şeýtanmy?.. (Jogabyny aşakda teswirlerde paýlaşyp ýa-da awtoryñ elektron poçtasyna ugradyp bilersiñiz) Merwe AÝANOGLY. merveayanoglu_@hotmail.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |