14:16 Magşara minut galanda… / hekaýa | |
MAGŞARA MINUT GALANDA...
Hekaýalar
…Durşy bilen agyz, diş, tüý bolup duran, dört ganatly, mähnet göwresi oda beslenen Ysrafyl, golundaky äpet suruny görkezdi-de, süňňüňi lerzana getirýän pyşyrdy bilen gorkunç pyşyrdady: -Ýene-de bir minudyňyz galdy, onsoň burmasy altyn tuç borumy (söweş surnaýy) çalyp başlaýan!... Ol, şagga der basyp oýandy. Bada-badam mukarrabunlaryň biriniň hakykatdanam gözüne görnendigine, kyýamat-ahyra birje minudyň galandygyna jany-teni bilen ynandy. Beýnisi şeýlebir çalt işläp başlady welin, eger walla, çalreňk, hamyrpisint goýultmagynyň daşyny mäkäm süňkden kelleçanak gysyp saklamaýan dagy bolsady, iki-baka at salýan pikirleriniň tizliginden ýaňa onuň beýnisinden gopup zyňylýan syçrantgylar, çar tarapa seçilibem gitjekdiler. Näme etmeli?! Bary-ýogy altmyş sekunt galdy. Ojagaz sekuntlarda-da, bar eliňden geljek zat, otuz gezeg-ä dem alyp ýetişýäň, şonça saparam, adamyň hemişe pula mätäç bolşuna çalymdaş kisloroda nebisjeň öýkeniňi dolduran kömürturşy gazy köpelen howany yzyna üfläp ýetişýärsiň… Ol, bir sekuntda şu pikirleri aňynda aýlady-da, hasyr-husur turakga, ilki bilen ýygnap-ýygşyranjasy gizlengi sandygyna topuldy. Bolanja puluny, aýalynyň köne-küşülje altyn-kümüş şaý-seplerini gysymyna gysdy-da, daşaryk ylgamaga çemelendi. “Pul, nirede bolanda pul bolar-da. Ahyrzaman-a beýle-de dursun welin, öleniňden soňam şonuň gerek ýeri ba bolmaly…” diýen pikirem, kellesinde aýlanmaga ýetişdi. Birdenem, beýleräkde güberilip ýatan aýaly, ondan aňyrrakdaky çagalary gözüne ildi. Depesinden gaýnag suw eňterilene döndi. Ýeri, bularsyz dünýäň doly tylla bolanda näme?! Pul näme-aý, munuň ýalaky ýerde! Ol, uklaşyp ýatan çagalaryna garşy okduryljak boldy. Güýji ýets-ä olaryň ählisini süýräp beýleki edibem bolsa, daşaryk çykaryp, magşar gününden halas etmek üçin… Güýji ýetmese-de… Iň bolmanda, birjigini bir gutaryp-gorap bilse… Yzyndan nyşan galary ýaly… Olaryň içinden ýüregine has ýakyn körpejesini… Eý Hudaý, nätdiň meni?! Ol halys aljyrap, kelebiniň ujuny ýitirdi. Naýynjar hamsygyp, aşak çökdi. Saçyny penjeledi. Beýdip, bagrymdan önenleri özüme artyk-gymmatlygyna görä seçip-saýlap durar derejä elteniňden, şularyň barysy bilen bilelikde, duýdansyz magşara sezewar eden bolsaň müň paý gowy boljakdy ahyry… Birdenem, öz içinde oturan kimdir doňýürek biri: -Tijen, lellimiň biri nalajedeýin diýsäni! Otuz sekundyň galdy!-diýäge-de, bat bilen syrtyna depip goýberen ýaly boldy. Ol laňňa galdy-da, misli, öz-özüne töwella edýän dek: “Perzent bilde diýipdirler, şunça ýyl ýaşaşan başdaşym galsa, ýene-de çagalarym bolar!” diýip hümürdedi-de, dünýeden bihabar myrlap ýatan hatynyna ýapyşjak boldy. Şol pille-de çagalykda bileje önüp-ösen doganjyklary hakydasyna geldi. Kalbyny dolduran eýmenç gorkudanmy ýa-da ýere sokup gelýän utançdanmy ýaňa göwnüne bolmasa saçlary agaryp barýana dönen ol, dem salymda aýalyny ýatdan çykardy-da, penjiräniň erňeginde ýatan eltelefonyna garşy ümzügini atdy. Ýene-de sähel pursatdan asmandan depelerine injek towkynyň ot-ýalnyna özi, bala-çagalary, başdaşy bilen ýanyp kül bolsa-da, iň bolmanda mähribanlaryna duýduryp ýetişmek üçin… Emma… Birhili umytsyz, lapykeç tukatlyk bilen aňynda emele gelen täze pikir, onuň aýagyna duşak urana dönderdi. Ýeri, olara duýdurdyň, dostlaryňy, ilen-çalanlaryňy, oba-garany, galan ähli adamlary näme etjek?! Onsoňam duýduryp ýetişeniňde-de, ondan gaçyp-gizlenip syparyňyz ýaly, näme, kyýamat-magşar tomus gününiň öýlänçisimi?! Hä?! Häý, beýnisini gurçuk iýen mahluk diýsäni! Hakyň Perişdes-ä muňa: “magşara çen, otuz demiň galdy” diýip habar berýär. Bi işigaýdanam, ilki bilen-ä puly bilen heleýine, soňam eltelefonyna ýapyşýar… Külli adamzat bilen bilelikde öz başyndan inip gelýän howpuň gutulgysyzlygy, ähli aýdyňlygy hem ýowuzlygy bilen aňyna ýetende, ol bende doňňara-daşa öwrüldi galaýdy. Kim bilýär, belki şeýle halda, Lut şähriniň kesek heýkeline öwrülip, ahyrzamany garşy alsa-da alardy. Hern-ä, onuň içinde oturan şol doňýürek biriniň beýnisi islendik ýagdaýda-da gaty saz işleýän bolara çemeli. Ol ýene-de bir gezek: “iki sekundyň galdy” diýip, kompýuteriň sesine meňzeş sowuklaç, biperwaý äheňde aýtdy-da, onuň süňňüni titredip goýberdi. Ol, misli: “wäh” diýlen dek, ziňkildäp gitdi-de, özüne geldi. Töweregine ýaltaklaman, beýleki etmän, henizem süýji ukuda ýatan körpesi bilen başdaşynyň arasyna geçdi. Arkan ýatdy. Hatynyna-ha gysmyljyrady. Perzendinem biynjalyk edäýmänjik, assaja özüne gysdy… Soňky minudyň soňky sekundynda, äwmän-alňasaman, parahatlyk bilen gözlerini ýumdy… Näme üçindir, özem düşünmän sowally oýlandy... Dünýäni näme halas eder?!... Sähelçe-de säginmänem, içinden özüne jogap berdi… Kim bilýär... Şol pille-de nämedir bir zatdan gozgalaň tapyp, oýandy. Sermisal halda, özüniň entegem oýadygyna ýa-da ukudadygyna akyl ýetirip bilmän gözüni ýumjukladyp ýatyşyna-da, nirededir bir, hol alyslarda ýaňlanýan söweş surnaýynyň pessaý zoguldysyny eşitdi… …Göktürkmen kaganynyň saýlama alplary – hasgurtlary, zemin döräp, bu ýagty jahanda öň görlüp-eşidilmedik garpyşyga çagyrýan jeň borusynyň ýaňlaryna çalymdaş owazy… | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |