10:39 Mahmyt işan | |
MAHMYT IŞAN Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde zyýarat edilýän birnäçe ýerler bar. Goçgar ata, Çopan ata, Azym işan, Ymam Kasym, Ugurly baba, Şyh Alow, Mahmyt işan ýaly öwlüýäler şol zyýarat edilýän ýerleriñ diñe birnäçesidir. Makalamyzyñ şu sanynda paýtagtymyzyñ Köşi obasynyñ ilersinde hemişe diýen ýaly mähellesi egsik bolmadyk "Mahmyt işan" gonamçylygynyñ gonambaşysy Mahmyt işan barada durup geçeliñ. ■ Mahmyt Işan kim bolupdyr ? Baryp Nurberdi hanyñ döwründe kese ýerli basybalyjylaryñ türkmen iliniñ üstüne leşger çekjekdigi barada şum habar ýaýraýar. Goñşy türkmen tireleriniñ kethudalaryndan kömek soralýar. Kömek soralanlaryñ arasynda Daşoguz welaýatynyñ Görogly (öñki Tagta) etrabynda ýaşaýan Mahmyt işan hem bar eken. Mahmyt işan 7.000 atly merdana ýomut ýigitlerini jemläp Nurberdi hana kömege gaýdýar. 1858-nji ýylda Nurberdi hanyñ 10.000 atlysy bilen birigen daşoguzly ýigitler Monjuklydepede (Garrygala etraby) duşmanyñ goşunyny derbi-dagyn edýär. ■ Mahmyt Işanyñ keramatlaryndan Bäherdende sylagly adamlaryñ biri öten-geçenlerine sadaka berenmişin. Şol sadaka Mahmyt işan we Ak işan hem gelipdir. Sadaka güni öýle sagat ikiniñ ýary töweregi Ak işan Mahmyt işana: "Mahmyt, öýle namazy ýakynlaşdy, namaz okaýsak nädýär?" diýýär. Mahmyt işanam oña: "Onda men täret alaýyn" diýýär. Şol wagt Ak işanyñ täreti bar eken. Ol gapdaldan geçip barýan suwly ýabyñ üstünde namazlygyny ýazyp namaz okaýar we onuñ namazlygy öl bolmaýar. Muny gören Mahmyt işan öý boýy ýokaryk göge galýar-da, namaz okaýar we soñra ýere düşýär. Şonda Ak işan Mahmyt işana ýüzlenip: "Sizem-ä ýetişen ekeniñiz, bilimi nirede aldyñyz?" diýipdir. Mahmyt işan oña ilki Hywa, soñra Buhara medresesinde okandygyny aýdýar. ■ Bellik: Mahmyt işanyñ çowlugy Nurgeldi Myradowyñ maglumatlaryndan peýdalanyp taýýarlanyldy. © Atageldi GANDYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |