19:44 Malazgirtiñ üç atlysy. Aksungur | |
MALAZGIRTIÑ ÜÇ ATLYSY. AKSUNGUR
Türkiýäniñ belli çagalar we ýetginjekler ýazyjysy Ahmet Ýylmaz Boýunaganyñ öndümli döredijilik ussahanasyndan çykan meşhur eserleriñ biri hem "Malazgirtiñ üç atlysy. Aksungur" romanydyr. Eserde seljuk türkmen goşuny çaltlyk bilen Anadola tarap ýüzüni öwürýär, ýüze çykan ýagdaýdan biynjalyk bolan şer güýçler hem elini gowşuryp boş oturaýanoklar. Seljuk soltany Alp Arslany öldürmegi meýilleşdirýän Hasan Sabbah soltanyñ ýakyn adamlaryndan bolan Aksunguryñ gyz jigisini zamuna alyp gaçýar. Ol Aksungurdan eger gyz jigisiniñ boşadylmagyny isleýän bolsa, munuñ deregine Alp Arslany öldürmegi talap edýär. Bu gorkunç teklipden ýaña telbä dönen Aksungur hem-ä doganynyñ, hemem Soltan Alp Arslanyñ janyny halas edip bilermikä?.. Eserde, ynha, okyjyny aldym-berdime salýan şular ýaly dartgynly sýužet işlenýär. Eserde şanly Malazgirt ýeñşiniñ aldym-berdimli hekaýatyny okap barýarkañyz, hakyky gahrymançylyga we mizemez dostluga şaýat bolarsyñyz. Kitabyñ ilkinji çap bolan wagty: 01.04.2005 ý. Neşir edilen sany: 23 gezek. Sahypa sany: 208. Romanyñ dili: türkçe. Awtory: Ahmet Ýylmaz Boýunaga. ISBN: 978-975-7544-53-1 Neşirýat "Genç Timaş". | |
|
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |