11:05 "Mekdebiñ öñünde elinde güli..." | |
"MEKDEBIŇ ÖŇÜNDE ELINDE GÜLI..."
Goşgular
Mekdebiñ öñünde elinde güli, Garşylaýar tanamaýan ogluny. Mundan ýedi ýyl öñ, ýazypdy ykbal, Ýazdy, oña bendiligi, tümligi. Görkezdi ajysyn, öñkiden beter, Agyr degdi oña enäñ ölümi. Yzyny saklajak ýaş gelin bolsa, Özgä beripdi, mährin, gujagyn. Gelni taşlap gitdi zürýadyn alyp, Çalyşypdy, mähir berjek ojagyn. Wagt bolsa geçip dur, sekundyn sanap, Şeýdip, tümlikde ýedi ýyl ýaşady. Geleninde garşy aldy, boş öýi, Ýaş akmadyk gözlerine ýaş doldy. Mährini küýsedi, görmek isledi, Bagryna basasy geldi perzendin. Ol. Mekdebiñ gapysynda garaşdy, Görmek üçin tanamaýan zürýadyn. Garaşýar, sowgatly, elinde güli, Garşlylaýar, tanamaýan ogluny... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |