16:59 Men indi ýazaýyn... | |
Çary ÝEGENMYRADOW
Goşgular
▶ MEN INDI ÝAZAÝYN... "Men ýazaýyn, ýazanlarym az bolar..." Men indi ýazaýyn, ýazmasam bolmaz. Heniz kän ekeni diýmedik sözüm. Bäş günlük dünýedir, galmaýyn gijä, Ýürek egbarlapdyr, galmandyr dözüm. Allañ emri bilen şu gije köñle Ylham indi, şükür alhemdilulla. Hoş sözlerden saýlap, çemen bogaýyn, Ýyly söz hassa-da melhemdir ylla. Biri gamda galsa, erkin ýitirip, Şygyrlarym çeksin onuñ elinden. Hüwdä meñzeş aýdym edip aýtsyn, Bäbeklerni üwrän wagty gelinler. Men indi ýazaýyn, ýazmasam bolmaz, Şygrym hoşwagt etjek bolsa bir kesi. Şygrym nepis bolsun saz ýaly näzik, Ýülmemesin aý-ýyllaryñ tirkeşi. Durnalar geçende bagryny dilip, Maña: "Sag bol, Çary!" diýýäne meñzeş. Dostlar öýe gelse, "küýseýän" diýip, Aýralyk gamyny iýýäne meñzeş. Men indi ýazmasam jahana sygman Indi telim gündiz tapamok karar. Agşamara daş işikde otursam, Aýam meni görüp, egnimden garar. Men indi ýazaýyn, ýazmasam bolmaz, Başga aladany çekeýin gyra. Bilinmez sogabyñ nirden geljegi, Selälige çenli öçmesin çyram. Çyram ýansyn dursun, ýüregim ýaly, Heniz yhlas barka, jan barka tende. Garañky gijede yşyk bardygyny Görer, iñ bolmanda, ötegçi bende. | |
|
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |