21:52 Mirseýit Soltangaliýew | |
MIRSEÝIT SOLTANGALIÝEW
Taryhy şahslar
Mirseýit Soltangaliýew, Orta Aziýadaky türki halklary birleşdirip, sosialist we bitewi Türküstan döwletini gurmak islän tatar lideri we ideology, halkara kommunizmiñ işläp düzüjilerinden biridir. Mirseýit Soltangaliýew 1892-nji ýylyñ 13-nji iýulynda Başgyrdystanyñ Elimbetowa diýen ýerinde dogulýar. Mirseýit Soltangaliýewiñ "bolşewizmiñ musulmanlar tarapyndan kabul edilmegi üçin başgaça usullara ýüz urulmalydygy" baradaky garaýyşlary W.I.Leniniñ ünsüni çekdi. Emma Leniniñ aradan çykmagy bilen SSSR-iñ Kommunistik partiýasy Mirseýit Soltangaliýewe duşmançylykly göz bilen garap başlady. Oña degişli köp maglumatlaryñ arhiwlerde gizlenip saklanýandygy üçin halk köpçüliginiñ arasynda tanalyp durlanok. Mirseýit Soltangaliýew Oktýabr rewolýusiýasyny amala aşyran W.I.Lenin, I.W.Stalin, L.Troskiý ýaly esasy dört adamyñ biridi. Başlangyç bilimi kakasyndan alan M.Soltangaliýew Kazandaky Tatar pedagogiki institutyna okuwa girýär we soñra mugallymlyk edýär, Ufanyñ şäher kitaphanasynda işleýär. Dürli gazetlerde işleýär. Şol aralykda Bakuwa giden M.Soltangaliýew Azerbaýjan Milli hereketine goşulýar. 1917-nji ýylda Musulman Kommunist partiýasyna kabul edilýär. Az wagtyñ içinde partiýada sözi geçginli adamlaryñ birine öwrülýär. Russiýada graždanlyk urşy döwründe Gyzyl Goşunyñ hataryndaky türki halklaryñ wekillerini Rus patyşasyna garşy göreşmäge çagyrdy. 1918-nji ýylda Mollanur Wahydowyñ Çehoslawakiýa Legiony tarapyndan öldürilmegi bilen goşunyñ içinde ýeke-täk adam bolup galdy. M.Soltangaliýew goşunyñ içinde musulmanlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmekligi öz üstüne alýardy. Aýratynam Kommunist partiýanyñ esasy adamlarynyñ biri bolmagy we rewolýusiýada möhüm rol oýnamagy başarypdy. 1923-nji ýylda birinji gezek tussag edilende rewolýusiýa eden hyzmatlary üçin tussaglykdan boşadylypdy. Bolşewikleriñ graždanlyk urşundan üstünlik bilen çykmagyndan soñra, aýratynam Leniniñ saglygynyñ ýaramazlaşmagy bilen rus ýolbaşçylaryñ arasynda häkimiýet üçin özara göreş başlandy. I.W.Stalin bu göreşi gazanmagy başardy. I.W.Stalin bu göreşde M.Soltangaliýewi özüniñ esasy bäsdeşi hasap edýärdi. Çünki M.Soltangaliýewiñ Orta Aziýadaky türki halklary yzyna düşürip bilmek we SSSR-den aýry özbaşdak beýik Türküstan döwletini gurmak ähtimallygy bardy. M.Soltangaliýewiñ Staliniñ häkimiýetine garşy çykmagy bilen ikinji bir gozgalañ döremegine getirip bilmek mümkinçiligi bardy. Bu ýagdaý bolsa M.Soltangaliýewiñ antirewolýusioner, buržuaz-milletçi bahanalar bilen aýyplanmagyna sebäp boldy. 1940-njy ýylyñ 28-nji ýanwarynda ýylda repressiýanyñ dowamynda Staliniñ görkezmesi bilen KGB tarapyndan Lefortowo türmesinde atylyp öldürilýär. 1990-njy ýylyñ 30-njy iýunynda SSSR-iñ Ýokary Sudunyñ karary KGB-niñ M.Soltangaliýewe ýöñkän töhmetleriniñ bütinleý galpdygyny we onuñ bigünädigini ykrar etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |