11:55 Musa Aýbek | |
MUSA AÝBEK
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Musa Aýbek, tanymal özbek şahyry, Stalin baýragynyñ laureaty. (özb.: Muso Toshmuhammad; 1905 — 1968) ■ Terjimehaly: Musa Aýbek baý öwüşginli özbek edebiýatynyñ iñ görnükli wekillerinden hasaplanýar. Ol 1910-njy ýylyñ 10-njy ýanwarynda Daşkent şäherinde işçi maşgalasynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi köne usulda okadýan medresede alýar, soñra okuwyny täze bilim sistemasynda alýar. Kakasy Daşmuhammed Humsan we Ýenibazar gyşlaglarynda bakgalçylyk edip güzeranyny dolapdyr. Özüniñ ýatlamalarynda aýtmagyna görä, onuñ ejesi beden taýdan örän ejizem bolsa, akyl-paýhasly we rehim-şepagatly, mylaýym zenan bolupdyr. Hatda ol öý işleriniñ köplügine garamazdan kitap okamaga-da wagt tapyp durýan ekeni. Musa Aýbek 1930-njy ýylda Orta Aziýa uniwersitetine okuwa giripdir. 1935-nji ýylda okuwyny tamamlap, Döwlet uniwersitetinde ykdysady bilimler fakultetinde syýasy ykdysadyýet dersinden sapak berip başlaýar. Ol 1933-1937-nji ýyllarda Özbegistanyñ Dil we edebiýat institutynda hem ylmy işgär hökmünde iş alyp barypdyr. 1938-1941-nji ýyllarda bolsa Özbegistanyñ ylmy-pedagogiki neşirýatynsa edebi terjimeçi bolup işläpdir. Mundan soñra birnäçe ýyllap Ylymlar akademiýasynyñ bir bölümine we Özbegistanyñ Ýazyjylar birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Musa Aýbek birnäçe ýyllap "Gündogar ýyldyzy" (“Şərq ulduzu”), “Özbek dili we edebiýaty” žurnallarynda hem baş redaktorlyk edýär. Musa Aýbek döredijilik ýoluna goşgy bilen başlaýar. Ol ilkinji goşgusyny 1922-nji ýylda ýazýar we ol goşgy “Ərməğan” ("Sowgat") žurnalynda çap edilýär. Ýazyjynyñ “Zafar we Zöhre”, “Hamza”, “Mukaddes gan”, “Nowaýy” ýaly eserleri özbek edebiýatynyñ iñ kämil nusgalarydyr. "Mukaddes gan" we "Nowaýy" türkmen okyjylaryna hem tanyş bolmaly. Ussat terjimeçi hökmünde Musa Aýbek A.Puşkiniñ “Ýewgeniý Oneginini”, M.Lermontowyñ “Maskaradyny”, “Demonyny”, G.Geýnäniñ “Liriki şygyrlaryny" we başga-da birnäçe eserleri özbek diline terjime edýär. Ol edebiýatşynas alym hökmünde-de ummasyz işleri bitirýär. Onuñ dürli wagtlarda ýazan “Lirika hakynda”, “Abdylla Kadyrynyñ döredijilik ýoly”, “Özbek klassyklary" ýaly birnäçe ylmy eserleri özbek edebiýatynyñ öwrenilişi taýdan diýseñ ähmiýetli işlerdir. Elbetde, Musa Aýbegiñ bitiren işleri gadyr biliji doganlarymyz bolan özbek halky we döwlet tarapyndan mynasyp bahasyny aldy. Ol 1943-nji ýylda döredilen Özbegistanyñ Ylymlar akademiýasyna hemişelik agza saýlandy. 1965-nji ýylda bolsa "Özbegistanyñ halk ýazyjysy" diýen hormatly ada mynasyp boldy. Görnükli ýazyjy üç gezek "Lenin" ordeni, iki gezek "Gyzyl Zähmet" ordeni bilen sylaglanýar. Musa Aýbegiñ “Nowaýy” romany 1946-njy ýylda Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Tanymal ýazyjy 1968-nji ýylda Daşkentde aradan çykýar. Aradan çykandan soñra Özbegistanda onuñ eserleri köpçülikleýin neşir edilip başlanýar we 1975-1982-nji ýyllarda Daşkentde 19 tomdan ybarat eserleri neşir edilýär. ■ Döredijiligi: Musa Aýbek döredijilige goşgy bilen başlady. 20-nji ýyllaryñ başlarynda ilkinji goşgusyny ýazan şahyr gysga wagtyñ içinde "Duygular” (1926), “Köñül nagmalary”(1929) ýaly birnäçe goşgular kitaplary bilen turuwbaşdan özüniñ gelejegine bil baglanýan ussat şahyrlaryñ biri bolup ýetişjekdigini görkezdi. Onuñ döredijilik ýoluna gadam basan ýyllaryñ 20-nji ýyllaryñ iñ gowgaly we gapma-garşylykly ýyllarydy. Şol ýyllarda döreden eserleri bilen Musa Aýbek öz döwrüniñ oñ wajyp meselelerine jogap bermegi başarmak bilen özüni halk şahyry hökmünde görkezmegiñ hötdesinden gelipdir. Musa Aybegiñ 30-njy ýyllardaky döredijiligi tema we ideýa taýdan owalky onýyllykdaky döreden eserlerine meñzese-de, wajyp meseleleriñ kesgitli çözgüdi onuñ bu döwürdäki eserlerini mese-mälim öñe çykarýar."Dneprostoý”, “Özbegistan”, “Gyşlag gyzy-talyp”, “Kolhoz demirçisi” ýaly başga-da birnäçe goşgularynda ýaşan döwrüniñ isleg-arzuwlaryny özüniñ özboluşly poetiki äheñi bilen tapmagy başarypdyr. Beýik Watançylyk urşy Musa Aýbegiñ döredijiliginde esasy orun tutýar. Uruş temasy 40-njy ýyllardan başläp tä ömrüniñ ahyryna çenli onuñ döredijiliginde esasy tema bolup galdy. Musa Aýbek1942-nji ýylda Özbegistanyñ intelligensiýasynyñ uly topary bilen front hataryna tarap rowana bolýarlar. Ol dört aýlap gyzgyn frontda esgerleriñ arasynda bolýar, esgerleriñ nemes faşistlerine garşy gahrymanlarça söweşýän pursatlarynyñ janly şaýady bolýar. Ýazyjynyñ “Gün garalmaz" romany, "Ýalynly iller” goşgular toplumy, "Front boýunça" atly ýöreden gündeligi hut söweş meýdanynda gözi bilen gören wakalaryny beýan edýär. Şonuñ üçin bu agzalan eserleriñ gymmaty juda ýokarydyr. Şahyr söweş pursatlarynda ýazan "Watany söý", "Şeýle günler geler", "Ýeñiş bizinkidir", "Ýigitlere", "Watan hakynda", "Leningrad", "Hoş gal, esger" ýaly birnäçe goşgularynda hut duşuşan esgerleriniñ merdanalyklaryny we gaýduwsyzlyklaryny, watan goragy ugrunda janlaryny orta goýan ärleriñ gahrymançylyklaryny diýseñ ýokary ruhda we kämil derejede ýazmagy başarypdyr. Mysal üçin "Hoş gal, esger" goşgusynda, söweşjeñ esgeriñ gahrymançylygy şeýle suratlandyrylýar: "Hoş gal, eý esger! Bärden alysdyr gülli Özbegistanym. Ýaşajakdyr, ebedilik taryhda, Frontda ýazylan ömür dessanym! Gahrymansyñ, ýaýdanmaçlyk ýok sende, Her gezek gireñde agyr söweşe. Eräp sumat boldy tozan-da, çañ-da, Ölümem gizlendi senden hemişe". Musa Aýbegiñ döredijiliginde poemalaryñ aýratyn orny bardyr. Onuñ döreden poemalary beýleki eserlerinden has köpdür. Onuñ: - “Hamza” (1947), - “Gyzlar” (1948), - “Zafar we Zöhre”(1950), - “Hakykaty sözlänler” (1954), - “Atam” (1957), - “Kuly we Nowaýy", - “Babyr” (1968) ýaly başga-da birnäçe poemalary özbek epiki žanrynyñ kämil eserleri hökmünde tanalýar. Umuman alanda, özbek edebiýaty öwrenijileri Musa Aybegiñ poemalaryny tematika taýdan üç topara bölýärler: I. Taryhy temada ýazylan poemalary: ("Atam”, “Kuly we Nowaýy”, “Babyr” we başgalar...). II. Döwrebap temaly poemalary: (“Gyzlar”, “Hamza” we başgalar...). III. Başga ýurtlaryñ halklarynyñ durmuşyna degişli poemalar: (“Zafar we Zöhre", “Hakykaty sözlänler” , “Zamanyñ ýaralary” we başgalar...) ◆ ◆ ◆ Şu ýerde bir zady belläp geçmek ýerlikli bolar. Türkmen halky Orta Aziýanyñ halklary bilen birnäçe asyrlap bir sebitde dogan ýaly bolup ýaşadylar. Mongol basybalyşlaryndan soñra Çagataýa bölünip berilen ýerler "Çagataý ulusy" diýip atlandyryldy we musulmanlaşan mongollar bilen ýerli türkmen ilatyñ gatyşmagyndan aýratyn özbek halky kemala geldi. Üç özbek hanlygy diýip atlandyrylýan Kokant, Hywa, Buhara hanlyklarynda türkmenler hemişe diýen ýaly esasy rol oýnap geldiler. Taryhda ata-babalarymyzyñ döwlet gurup ýaşan we kese ýerli basybalyjylara garşy jan berip jan alan ýerleriniñ häzirki mirasdüşerleri bolan özbekler hem mongol gatyşyklary bardygyna garamazdan biziñ bilen deñ derejede gadymy oguz kowmudyr. Horezm diýary türkmenleriñ we özbekleriñ garym-gatym bolup ýaşan ata-baba diýarydyr. "Türkmen" diýen sözüñ birnäçe çaklamasynyñ bolşy ýaly, "özbek" sözüniñ hem "özbek-uz beg" ("oguz begi") diýen sözüñ formulirlenmegi netijesinde emele gelen sözdügi barada ynamly maglumatlar bar. Geçmişde dili, dini, taryhy, medeniýeti, sungaty, ykbaly bir bolan özbek kowumdaşlarymyz bilen häzirki döwürde-de doganlyk gatnaşyklarymyzy ýitirmeli däldiris. Her bir pudakda bolşy ýaly edebi hyzmatdaşlyk giñ gerimde gurnalmalydyr. Bu asylly işiñ çäklerinde bolsa Musa Aýbegiñ eserleri, taryhy romanlary ünsden düşürilmän türkmen okyjylaryna doly elýeterli edilmelidir. Biziñ hem milli buýsanjymyz bolan Jelalledin Meñburnyny, Emir Teýmirleñi, Soltan Hüseýin Baýkarany, Alyşir Nowaýyny, Zahyreddin Babyry milli buýsançlary hasaplaýan, şeýle-de özbek pul birliginde Jelaleddin Meñburnynyñ keşbini goýan özbek kowumdaşlarymyz bilen hiç babatda aýra ýerimiz ýok. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |