12:24 Müsürli aýal-gyzlar köçelere döküldi welin, azatlyk gutulgysyz boldy | |
MÜSÜRLI AÝAL-GYZLAR KÖÇELERE DÖKÜLDI WELIN, AZATLYK GUTULGYZ BOLDY
Taryhy makalalar
Müsürli aýal-gyzlar meýdanlara döküldi we iñlis goşunlaryna garşy şondan öñ hiç bir musulman jemgyýetiniñ milt edip bilmedik batyrgaýlygyny görkezdi. 1919-njy ýylyñ rewolýusiýasynda aýal-gyzlar. Müsür Kawalaly Mämmedaly paşanyñ döwründe Osmanlydan bölündi. Mämmedaly paşa Müsürde häkimiýetini gurandan soñ döwleti dolandyryp biljek býurokrat tapmady. Şonuñ üçinem hökümet apparatynyñ barsyny diýen ýaly Osmanlyda doglan we ýetişen gaýrymüslimlere (musulman däl halklara) ynandy. Bulardan iñ bellisi-de Müsürde iki gezek premýer-ministrlik eden Nubar paşady. Nubar paşa Onuñ 1882-1885-nji ýyllardaky premýer-ministrlik döwri Müsüriñ taryhynyñ iñ masgaraçylykly ýyllarydy. Ýurt dolulygyna diýen ýaly iñlis koloniýasyna öwrüldi. Iñlislere ilteşikli jinnek ýaly zada sähelçe bildirilen nägilelige ölüm jezasyna çenli berlen kanunlar Nubar paşanyñ döwründe çykaryldy. Topalañlar we içerki gapma-garşylyklar bilen geçen birnäçe ýylyñ yzyndan 1914-nji ýyl müsürliler üçin öwrülişik sepgidi boldy. • Jahan urşy kolonial ýurtlara amatly pursat döretdi 1914-nji ýylda başlan Uly jahan urşy hususanam Ýakyn Gündogardaky kolonial ýurtlara taryhy taýdan amatly pursatlary döretdi. Bu ýurtlaryñ başyny-da Müsür çekýärdi. Birnäçe ýyllap Fransiýanyñ despotik režiminiñ astynda ezilen müsürliler, aýratynam Nubar paşanyñ döwründe Angliýanyñ ýapjasyna öwrülipdi. Iñlisler urşuñ başynda garaşsyzlyk wadasyny berip, san-sajaksyz ýaş müsürlileri esasanam Osmanly döwletine garşy uruşdyrmak üçin ýaraglandyrdy. Ýene birnäçe ýylyñ dowamynda Italiýada, Belgiýada, Fransiýada, Gresiýada söweşip ýören müsürli arap esgerleriniñ sany ýüz müñlerden aşýardy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, iñlisleriñ Müsürde halky iriziji şekilli agalygy we agyr salgytlar arkaly ýurdy gysajyna almagy intelligensiýanyñ arasynda düýpli nägilelikleri döretdi. 1918-nji ýylda uruşlar galapyn gutarañkyrlanam bolsa, müsürli ýaşlaryñ goşundan boşadylmazlygy we salgytlaryñ barha agyrlaşmagy ýurtda nägileligiñ ýetjek derejesine ýetmegine sebäp boldy. 1919-njy ýylda ABŞ-nyñ Prezidenti Wilsonyñ jar eden prinsipleri müsürli ýaşlary herekete getirdi. • Baş-başdaklyk wagtynda öñe çykan gahryman: Sad Zaglul Wilson konsepsiýalary mälim edenden soñ müsürli intelligensiýa guramaçylykly oppozisiýany ele aldy. Hiç hili syýasy status bolmadyk Sad Zaglul Angliýanyñ Müsürdäki Ýokary Komissarlygyny tankyt topuna tutdy we müsürlileriñ adyndan Pariž Ýaraşyk konferensiýasyna gatnaşmagy talap etdi. Sad Zaglul Iñlisler bolsa müsürli progressiwler bilen ylalaşyga gelmegiñ ýerine ähli talaplary güýç ulanmak arkaly basyp ýatyrmagy saýlady. Edil osmanly progressiwleriniñ hak-hukuk üçin aýaga galan wagtynda Malta sürgün edilişleri ýaly Sad Zaglul-da şobada tussag astyn alnyl, Malta adasyna sürgüne ugradyldy.. Iñlisleriñ bu bolşy halkyñ gahar-gazabyny ýetjek derejesine ýetirdi. Bir demde ýüz müñlerçe müsürli köçelere döküldi, Sad Zaglul müsürlileriñ milli gahrymanyna öwrüldi. Halk köçä çykanda Müsüre jogapkär iñlis generaly Reginald Wingate ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegiñ deregine halky oka tutmagy buýurdy. Häzir ady Tahrir diýip tanalýan Ismailiýe meýdany az salymda azatlyklaryny talap edip çykan müsürli ýaşlaryñ ganyna boýaldy. Bu gandöküşlik müsürlileri gorkuzmakdan zyýat, tolgunşyklaryñ Isgenderiýe, Ferrum, Tanta şäherlerine-de ýaýramagyna sebäp boldy. Kairdäki gandöküşlikleriñ janly şaýatlarynyñ biri-de Nobel baýragynyñ eýesi ýazyjy Nejip Mahfuzdy. Nejip Mahfuz Mahfuz heniz ýedi ýaşyndaka bu aýylganç sahnalary gözi bilen görenden soñ sara keseline uçrapdy we ömrüniñ ahyryna çenli bu tramwadan gutulyp bilmändi. • Müsürli erkekleri aýallar meýdanlara çykardy Birnäçe arap döwletinde bolşy ýaly halk basybalyjylara garşy bisyýasat (аполитичность) çemeleşme ýöredýärdi we basybalyjylaryñ degnaña degiji agalygyna garşy sazlaşyjly syýasy garşylyk görkezýärdi. Tä müsürli aýal-gyzlar erkekleriñ milt edip bilmedigine ýürek edip aýaga galan wagtyna çenli. Müsürli aýal-gyzlar meýdanlara döküldi we iñlis goşunlaryna garşy şondan öñ hiç bir musulman jemgyýetiniñ milt edip bilmedik batyrgaýlygyny görkezdi. Aýallar çagalaryny uruş meýdanlarynda ölüme süren we ärlerini tussag eden basybalyjylara garşy Britaniýada öndürilen ýapynjalaryny çykaryp zyñyp, protest bildirdiler. Rewolýusiýanyñ esasy öñbaşçylaryndan "Hizbü'l Watani" partiýasynyñ lideri Muhammet Ferit 1919-njy ýylda bolup geçen tolgunşygy ýatlamalarynda şeýle gürrüñ berýär: "Beýle hereket hasapda ýokdy. Müsürlileriñ görkezen raýdaşlygy we jebisligi hiç kimsäniñ ýatsa-tursa oýuna getirip biljek zady däldi. Hususanam aýal-gyzlaryñ mitinglere gatnaşmagy, kipty poplarynyñ Ezherde musulman ulamalar bilen görüşmegi, Şeýh Muhammet Bahitiñem hut özüniñ kypty patriarchy bilen duşuşmagy, halkyñ bir jebisleşmesi mynasybetli Ýarymaýyñ öñündäki ýyldyzyñ ýerine haçyñ goýlan täze baýdak bilen öñe çykylmagy hakykatdanam garaşylan zatlar däldi." Bu protestlerde aýallar iñlis matalaryndan tikilen ýapynjalary ýapynmajakdyklaryny görkezmegi - iñlislere "koloniýañyz boljak däldiris" signalyny bermek bilen birlikde, müsürli erkeklere-de "gaýratyñyz, ar-namysyñyz bolsa çykyñ indi sizem orta" diýdikleridi. Rejinald Uingeýt Az wagtyñ dowamynda öñ hiç hili syýasy oppozisiýa taýdan tejribesi bolmadyk müsür halky meýdanlary doldurypdy. General Rejinald Uingeýtiñ Müsürdäki bolýan wakalaryñ hötdesinden gelip bilmeýändigini gijem bolsa duýan London sebitdäki gapma-garşylyklary gözegçilik astyna almak üçin uruş gahrymany General Allenbini ugratdy. General Allenbi gelen badyna iki möhüm görkezmäni berdi: Maltada göz astynda saklanýan Sad Zaglul ýaly birnäçe müsürli aktiwistleri boşatdy we tegelek stoluñ başynda müsürlileriñ talaplaryny diñlemegi makul bildi. Zaglul gahrymanlar kimin Kaire dolandy we Pariž konferensiýasy müsürlileriñ wekili hökmünde gatnaşdy, emma iñlisler konferensiýany manipulirledi we Zaglul göz öñünde tutan maksadyna ýetip bilmedi. Halkyñ ikilenç meýdanlara dökülmeginden gorkan iñlisler Sad Zagluly ýene tussag astyna aldy we Gibraltara sürgüne ýollady. General Allenbi Tersine, bu tussag edilme Sad Zaglulyñ meşhurlygyny hasam artdyrdy we protester tolkun-tolkun ýaýyldy. Iñlisleriñ öñünde diñe iki ýol galypdy: ýa-ha Müsürde uly gyrgynçylyga başlamalydy, ýa-da müsürlileriñ azatlyk talaplaryny kanagatlandyrmalydy. 1922-nji ýylyñ 28-nji fewralynda Müsürde gyýtaklaýynam bolsa azatlyk gazanyldy. Azatlyk ugrundaky bolan bu wakalar müsürlileriñ milli hakydasynyñ binýadynyñ tutulmagynda öwrülişik sepgidi boldy. Müsür halky ýüzlerçe ýyldan soñ bölekleýijem bolsa, ilkinji gezek öz-özüni dolandyrmaga hukuk gazanypdy. Bu tejribe az wagtyñ dowamynda doly garaşsyzlyga barýan ýoluñ gapylaryny ardyna çenli açyp, Müsüriñ garaşsyz döwlet hökmünde gysga wagtda Ýakyn Gündogaryñ iñ güýçli döwletine öwrülmegine şert döredipdi. • Tahrir meýdany Müsürlileriñ milli hakydasyny kemala getirmekdäki iñ esasy öwrülişik sepgidi 1919-njy ýylda Tahrirde ýüze çykan uly gandöküşlikdi. Hidiw Ysmaýyl paşanyñ adyny göterýän Ismailiýe ploşadynyñ ady ýüzlerçe müsürliniñ wepat bolmagyndan soñ azatlyk manysyny berýän Tahrir sözi bilen çalşyryldy. "Arap bahary" döwründe-de bu meýdanyñ göterýän simwoliki manysy köp derejede 1919-njy ýyla üns bererlikli ýüzlenmeleri özünde saklaýardy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com 20.09.2021 ý. © The Independentturkis | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |